485 Myswak ulanmak barada berlen maslahatlaryň köpdügi

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 485 Myswak ulanmak barada berlen maslahatlaryň köpdügi

   عَنْ أَنَسٍ رَضِىَ اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: قَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (أَكْثَرْتُ عَلَيْكُمْ فِي السِّوَاكِ).

 

Enes (ibn Mälik) (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gezek: «Size myswak ulanmalydygy barada köp gezek aýtdym»1 diýdi».

 

1Bu babatdaky emrleriň köp gezek gaýtalanmagy myswak ulanmaklygy höweslendirmek bilen baglanyşykly bolup, bu hadysyň bu ýerde getirilmegi onuň juma güni bilen gönüden-göni baglanyşykly bolany üçindir. Sebäbi mundan öňki hadysda her bir parz we nepil namazlary okalanda myswak ulanmagyň gowy boljakdygy aýdylýar. Namazlaryň arasynda bolsa hut juma namazynda myswak ulanmak hashemzerurdyr. Çünki juma namazyna köp jemagat ýygnanyp, bu jemagata yza bermezlik üçin,gusul täretini almak nähili mustahap bolsa, gusul täretini alanyň bilen aýrylmajak ysdan agzyňy arassalamak hem edil şonuň ýaly mustahapdyr.