484 Myswak ulanmagyň gowy taraplary. Myswak ulanmagyň peýdasy. Sünnet etdirmek, myswak ulanmak, gowy ysly zatlary sepinmek, nika gyýdyrmak pygamberleriň sünnetlerindendir

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 484 Myswak ulanmagyň gowy taraplary. Myswak ulanmagyň peýdasy. Sünnet etdirmek, myswak ulanmak, gowy ysly zatlary sepinmek, nika gyýdyrmak pygamberleriň sünnetlerindendir

   عَنْ أَبِى هُرَيْرَةَ رَضِىَ اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: قَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (لَوْلاَ أَنْ أَشُقَّ عَلَى أُمَّتِي ، أَوْ عَلَى النَّاسِ ، لأَمَرْتُهُمْ بِالسِّوَاكَ مَعَ كُلِّ صَلاَةٍ ).

 

Ebu Hüreýre (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly(s.a.w): «Ymmatyma ýa-da (başga bir rowaýata görä) adamlara muşakgat bolmak gorkusy bolmasady, olara her gezek namaz okajak bolanlarynda myswak ulanmagy emr ederdim»diýdi»1.

 

1Tirmizi hem öz kitabynda şu hadysy-şeribi Ebu Hüreýräniň adyndan beýan edip, ondan başga-da ony gürrüň beren on ýedi sahabanyň adyny sanap geçýär. Şonuň ýaly-da, ol bu hadysyň Zeýt ibn Halyt Jüheýniniň adyndan beýan edilen nusgasyndaky: «Ýassy namazyny-da gijäniň üçden biri geçýänçä yza çekerdim» goşmaçasy bilen beýan edeninden soň (340-njy hadysa seret), Zeýt ibn Halydyň (r.a) bäş wagtyna namaz okamak üçin metjide, hat ýazýan galamyny bir gulagynyň,myswagyny-dabeýleki gulagynyň arkasyna gysdyryp gelendigini we namaza durmazdan öňürti dişlerini arassalap, myswagyny ýene ýygşyrandygyny beýan edýär. Şonuň ýaly-da, Buhary bu hadysy «Oraza kitabynda» («Kitäbül-Sawm») ýene Ebu Hüreýräniň adyndan, ýöne: «Her täret alanlarynda myswaklanmagyolara emr ederdim»sözleri bilen rowaýat edişi ýaly, ony Ibn Huzaýma, Hakim, Ahmet ibn Hanbal dagy hem şonuň ýaly görnüşde beýan edipdirler. Şapygylar bu iki rowaýatyň ikisine görä-de amal edip, parz we nepil namazlaryndan we juma namazyndan öň myswak bilen dişlerini arassalaýyşlary ýaly, her gezek täret alanlarynda-da, beýleki hadyslara-da bakybrak,agyzdaky ysyň aýrylmagy zerur bolan her hili ýagdaýda-da myswak ulanýarlar. Hanefileriň esasy köplügi bolsa myswak ulanmagy namaz okamak üçin alynýan tärete mahsus hasaplaýarlar. Şonuň ýaly-da, Ebu Hanifeden gelip ýeten bir söze görä, myswak diniň sünnetlerinden bolany üçin,hemme ýagdaýlarda ulanylmalydyr. Hanefiler namaza başlamagyň öň ýanynda ulanylan myswagyň dişleri ganadyp, täreti bozup biljekdigini göz öňünde tutup, bu sünneti täret almagyň başlangyjynda ýerine ýetirmegi zerur hasaplaýarlar.

Bu hadysy-şerif myswak ulanmagyň mendup bolup, parz däldigine delildir. Sebäbi,Ymam Şapygynyň aýdyşy ýaly,eger ol parz bolsady, onda muşakgat bolsa-da, bolmasa-da emr edilerdi. Hususanhem, onuň yzygiderli terk edilendigine degişli hadyslarhem bar. şonuň üçinhem alymlaryň köpüsi onuň parz däldigi bilen ylalaşýarlar. Şonuň ýaly-da, Yshak ibn Rahuýabilen Dawut Zahyry ikisi onuň wajypdygyny aýdyp, Ibn Majäniň kitabynda Ebu Umamanyň (r.a) adyndan we «Müsnedi-Ahmet» kitabynda Apbas ibn Abdylmuttalybyň (r.a) adyndan beýan edilen: «Myswaklanyň,sebäbi myswak agzyň tämiz bolmagyna we Rebbimiz Tagalawe Tekaddes Hezretleriniň razy bolmagyna sebäpdir»hadysyny delil tutunýarlar. Yshaga görä, myswagyterk eden adamyň namazy batyl hasaplanar. Dawuda görä bolsa, myswak ulanmak parz bolsa-da, namazyň şerti däldigi üçin,ony terk edeniň namazy batyl bolmaz.

Şonuň ýaly-da, Ibn Majäniň kitabyndaky rowaýatyň soňunda:«Bu iki ymamyň ondan habarsyz galan bolaýmaklary mümkindir»diýip çak etmäge mümkinçilik berýän bir goşmaça bolup, ol hem myswak ulanmagyň parzdygyny ret edýär. Bu goşmaçada şeýle diýilýär: «Jebraýyl alaýhyssalam her gezek ýanyma gelende, myswak ulanmagy maslahat berýär. Onuň birdenkä maňa we ymmatyma parz edilmeginden gorkýaryn. Ymmatyma muşakgat bolmagyndan gorkmasam, ony olara parz ederdim. Men myswagy şeýle bir köp ulanýaryn welin, dişlerimiňkökleriniň gowşamagyndan gorkýan».

Myswagyň parzdygy bilen ylalaşmaýanlaryňhem kimi onuňdiniň sünnetidigini, kimi täretiň sünnetidigini, kimi-de namazyň sünnetidigini aýdypdyrlar.

Ebu Hanifeden gelip ýeten birinji söze delil bolup, «Müsnedi-Ahmet» kitabynda we Tirmiziniň kitabynda Ebu Eýýup Ensarynyň (r.a) adyndan beýan edilen: «Dört zat pygamberiň sünnetleriniň hilindendir: sünnet etdirmek, myswak ulanmak, gowy ysly zatlary sepinmek,şeýle-denikagyýdyrmak»hadysy, Tabaranynyň kitabynda Ebu Hüreýräniň (r.a) adyndan beýan edilen: «Täretler dörtdür: murty gysgaltmak, edep ýerlerini taraşlamak, dyrnaklary almak we myswak ulanmak» hadysy we «Sahyhy-Müslim» kitabynda hezreti Äşäniň (r.a) adyndan beýan edilen: «On zat öňki gelip geçen pygamberleriň ir döwürdäki sünnetlerindendir» hadysy hyzmat edýär. Iň soňky hadysda gürrüňi edilýän on zadyň biri myswakdyr.

Myswak hem bedeniň sagdynlygy üçin peýdalydygy, hem-deAllahü tagalanyň razylygyny gazanmaga sebäp bolýandygy üçin, ony ulanmak emr edilipdir. Namaza durmak Allahü tagala Hezretlerine ýakynlaşmak haly bolanysebäpli, ybadatyň hormatyny äşgär etmek üçin arassalyk kämilliginiň-de bolmagy zerurdyr. Mysal üçin, Ahmet ibn Hanbalyň, Hakimiň, Ibn Huzaýmanyň we beýlekileriň tarapyndan hezreti Äşäniň (r.a) adyndan beýan edilen merfuw hadysda: «Myswaklanylyp okalan namaz myswaklanmazdan okalan namazdan ýetmiş esse gowudyr»diýlipdir.

Myswak ulanmak uly bir artykmaçlykdyr. Hatda ymam Ewzaýy onuň täretiň ýarysydygyny hem aýdypdyr. Şonuň üçinhem täret alaňda, namaz okamaga başlaňda, Kuran okamaga başlaňda, ukudan oýanaňda agzyň ysyny aýyrmak üçin ulanylyşy ýaly, gije namazlarynyň her iki rekagatynyň aralygynda-da, baýram namazlarynda, ýagmyr ýagmagyny diläp okalýan, Gün we Aý tutulanda okalýan namazlarda-da, witir namazyndan soňra hem, tagam iýeniňden soňra hem myswak ulanmak mustahap hasap edilýär.

Myswak «erak»diýen agajyň şahasyndan ýasalýar.Bu agaja «myswak agajy» hem diýilýär.Mugaz ibn Jebeliň (r.a) gürrüň beren bir rowaýatyndan zeýtun agajynyň şahasynyňhem myswak hökmünde ulanylmagy sünnetdir.