482 Juma namazy üçin gusul täretiniň alnyşy

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 482 Juma namazy üçin gusul täretiniň alnyşy

      عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِىَ اللَّهُ عَنْهُمَا : أَنَّهُ قِيلَ لَهُ: ذَكَرُوا أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قَالَ: ( اغْتَسِلُوا يَوْمَ الجُمُعَةِ وَاغْسِلُوا رُؤُوسَكُمْ وَإنْ لَمْ تَكُونُوا جُنُباً ، وَأَصِيبُوا مِنَ الطِّيبِ). قَالَ ابْنُ عَبَّاسٍ: أَمَّا الْغُسْلُ فَنَعَمْ ، وَأمَّا الطِّيبُ فَلاَ أَدْرِي.

 

Ibn Apbasdan (r.a): «Allahyň Resulynyň (s.a.w): «Juma güni, jynsy gatnaşykda bolmandygyňyza garamazdan1, gusul täretini alyp, başyňyzy ýuwuň2, bir mukdar gowy ysly zatlary-da sepiniň» diýendigini aýdýarlar. Bu şeýlemi?»diýip sorapdyrlar3. Ibn Apbas jogap berip: «Hawa, gusul barada şeýle diýenini bilýärin, ýöne gowy ysly zatlary sepinmek barada näme diýenini bilemok» diýipdir4.

 

1Juma güni jübütleşenkişiniňgusul täretini almagynyňwajyp bolşy ýaly, jübütleşmedigiň gusul täretini almagy sünnetdir. Eýsem, jübütleşeniň üçin alnan gusul täreti juma gününiň gusul täretiniň ýerini tutarmy? Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä, juma güni jübütleşmekden galan hapadan päklenmek niýeti bilen gusul täretini alan adamyň juma gününiň-de gusul täretini almaga niýet etmegine zerurlyk ýokdur. Şapygy mezhebiniň alymlaryna görä, gusul täretini alaňda ikisi üçinhem birlikde niýet etmeli. Ibn Omaryň, Müjähidiň, Mekhuwlyň, Sufýan Söwriniň, Ewzaýynyň we Ebu Söwriň hem birinji pikire eýerendigi aýdylýar. Ahmet ibn Hanbalyň bu babatda aýdan iki sözi gelip ýetipdir. Bir rowaýata görä, jübütleşmek sebäpli alynýan gusul täretiniň juma gününiň-de gusul täretiniň ýerini tutjakdygyna umyt edýändigi aýdylýar. Şapygy mezhebiniň alymlaryndan Müzeni bilen mäliki mezhebiniň alymlaryndan Eşhebiň hem pikirleri şunuň ýaly bolupdyr. Beýleki rowaýatda-da juma gününiň gusul täretiniň, beýleki gusul täretini almaga-da niýet edilmese, onuň ýerini tutmajakdygy aýdylýar. Ymam Mäligiň pikiri hem şunuň ýalydyr.

2Başyňy ýuwmak gusul täretiniňhem içine girýärkä, gusul täretinden aýratyn bir zat hökmünde ýatlanmagy onuň ähmiýetini has nygtamak üçindir. Bu ýerde diňe gusul täretini almagyň aladasyny edip we juma gününiň gusul täretinde, meselem, saçyň örümlerini çözmäge zerurlyk ýokdugyny bahana etmän, tutuş bedeniň ýuwulmagy emr edilýän bolmagy hem ahmal. Ýa-da bu ýerde gürrüňi edilýän gusul täreti adaty gusul täretini, başyňy ýuwmak hem ony gowy tämizläp, saçyňy darap ýaglamak arkaly sallam-sajak bolup durmaz ýaly etmegi aňladýan bolmaly.

3Ibn Apbasa bu soragy beren adam bu hadysy onuň adyndan beýan eden Tawusdyr. Allahyň Resulynyň (s.a.w) bu emrlerini Tawusa habar bereniňhem Ebu Hüreýredigi çak edilýär.

4Ibn Apbasyň (r.a): «Gowy ysly zatlary sepinmek barada näme diýenini bilemok» diýmegi Ibn Majäniň kitabynda UbaýtIbn Sabakyň ýolundan beýan edilen aşakdaky merfuw hadysa ters gelýär. Bu hadysda şeýle diýilýär: «Bu günüň Allahyň musulmanlar üçin baýram eden günüdigi şübhesizdir. Şeýle bolansoň, her kim juma namazyna gelmekçi bolsa, gusul täretini alsyn. Gowy ysly zady bar bolsa, ondan biraz sepinsin. Birem myswak ulanmagy terk etmäň». Ýöne bu ýoluň rawylar zynjyrynyň bir ülüşini alymlaryň esasy köplüginiň ynanyp barmaýan adamybolan Salyh ibn Ebu Ahdaryň hasyl edýändigi üçin,bu hadys zaif (kemçilikli) hasap edilýär. Zühri-de bu hadysy mürsel hadys hökmünde beýan edipdir.