480 Juma namazy üçin gusul täretini almagyň we juma namazyny okamak üçin metjide ir barmagyň gazandyrýan sogaplary

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 480 Juma namazy üçin gusul täretini almagyň we juma namazyny okamak üçin metjide ir barmagyň gazandyrýan sogaplary

     عَنْ أَبِى هُرَيْرَةَ رَضِىَ اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قَالَ:

(مَنِ اغْتَسَلَ يَوْمَ الجُمُعَةِ غُسْلَ الجَنَابَةِ ثُمَّ رَاحَ ، فَكَأَنَّمَا قَرَّبَ بَدَنَةً ، وَمَنْ رَاحَ فِي السَّاعَةِ الثَّانِيَةِ ، فَكَأَنَّمَا قَرَّبَ بَقَرَةً ، وَمَنْ رَاحَ فِي السَّاعَةِ الثَّالِثَةِ ، فَكَأَنَّمَا قَرَّبَ كَبْشاً أَقْرَنَ ، وَمَنْ رَاحَ فِي السَّاعَةِ الرَّابِعَةِ ، فَكَأَنَّمَا قَرَّبَ دَجَاجَةً وَمَنْ رَاحَ فِى السَّاعَةِ الخَامِسَةِ ، فَكَأَنَّمَا قَرَّبَ بَيْضَةً ، فَإذَا خَرَجَ الإمَامُ حَضَرَتِ الْمَلاَئِكَةُ يَسْتمِعُونَ الذِّكْرَ).

 

  Ebu Hüreýre (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w): «Her kim juma güni, hapadan arassalanmak üçin adatça alynýan gusul täreti ýaly gusul täretini alanyndan soňraky1ilkinji sagatda2 juma namazyna gitse3, bir düýe;ikinji sagatda gitse, bir sygyr;üçünji sagatda gitse, şahlak bir goç;dördünji sagatda gitse, bir towuk;bäşinji sagatda gitse, bir ýumurtga sadaka beren ýaly sogap gazanar4. Ymam hutba okamaga çykanda-da,perişdeler zikri, ýagny hutbany diňlemek üçin mejlisde häzir bolarlar»diýdi»5.

 

1«Hapadan arassalanmak üçin adatça alynýan gusul täreti ýaly gusul täretini alanyndan soňraky» diýilmek bilen, şol tärete meňzeş täret almak göz öňünde tutulyp, ol ini hapa kişi üçin almasy wajyp bolan gusul täreti ýaly, ýagny wajyplykda oňa meňzeýän täret däldir. Şonuň ýaly-da, käbirleri bularyň höküminde-de meňzeşlik tapyp we namaz okamaga gitmekçi bolýan kişiniň juma namazyna arkaýyn, howlukman gidip bilmegi üçin bu ýerde diňe jübütleşilen ýagdaýynda bu namaza gitmezden öň gusul täretini almalydygynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdýarlar. Olar «SüneniErbas» kitabynda Ews ibn Ebu Ewsiň (r.a) adyndan beýan edilen hadys bilen öz pikirlerini delillendirýärler. Bu hadysy-şerifde: «Her kim juma güni aýaly bilen jübütleşip, gusul täretini alsa, soňra metjide gitmek üçin ugrap, hutbanyň başyna ýetişse, pyýada gidip, haýwana münmese, ymama ýakyn oturyp diňlese, hutbanyň soňuna çenli gürrüň etmese ýa-da diňlemekden başga iş bilen meşgul bolmasa, ol namaza barmak üçin äden her bir ädiminiň öwezine bir ýyllap namaz okap, oraza tutanyň gazanan sogaby ýaly sogap gazanar»diýlipdir.

2Bu ýerdäki: «Ilkinji sagatda» diýen söz düzümihadysyň bu nusgasynda bolmasa-da, beýanyň gidişine görä, oňa goşmak gerek boldy. Aslynda bu hadysyň başga bir nusgasynda bu sözler duş hem gelýär.

3Bu ýerdäki «gitse» sözi arapça metindäki «rah» sözüniň terjimesidir. «Rewah» sözi bolsa günortadan soňra gitmegi aňladýar. «Gaduw» diýip hem günortadan öň ýola çykmaga aýdylýar. Şoňa görä-de,bu ýerde gürrüňi edilýän sagatlaryň başlanýan wagtyny günortan hasaplamak dogry bolar. Mysal üçin, ymam Mälik bilen şapygy mezhebiniň alymlaryndan kazy Hüseýin bu ýerdäki sagatlaryň günortadan soňky gysga-gysga ülüşlerden ybaratdygy bilen ylalaşypdyrlar. Ýöne alymlaryň esasy köplügi juma namazyna gidilýän wagtyň günüň başyndan hasaplanylyp gaýdylýandygy bilen ylalaşýarlar. Sözlükçi alymlardan Ezheriniň «rewah» sözüni düşündirişi-de alymlaryň esasy köplüginiň bu pikirine kybap düşüpdir. Gije bilen gündiziň islendik sagadynda bir ýere gitmäge «rewah» diýlip bilner. Bu düşündiriş bu hadysyň manysyny hem tassyklaýar. Sebäbi Allahyň Resuly (s.a.w.) günortan bolan badyna juma namazyna çykmagy endik edinipdi. Şonuň üçinhem bu hadysda gürrüňi edilýän sagatlaryň-dagünortandan öňki döwre degişli boljakdygy düşnüklidir. Günortandan soňra juma namazyna gidenler bu ýerde ýatlanylýan sogapdan paýsyz galarlar. Ibn Jüreýjiň rowaýatynda «rah» sözüniň ýerine «gaduw» sözüniň ulanylmagy-da alymlaryň esasy köplüginiň pikiriniň dogrulygyny tassyklaýar. Mundan başga-da her sagada degişli sogabyň aýry-aýrylykda sanalyp geçilmegi adamlaryň ir namaza ugrap, ilkinji sapa geçmäge ymtylmaklary we juma namazyna garaşyp, nepil namazlar okamak we zikr aýtmak bilen meşgul bolmaklary üçindir.

Bu sagatlaryň dowamlylygy näçekä? Daň atanyndan günortana çenli bolan wagtyň altydan biriniň her biri bir sagatdyr. Mysal üçin, Nesaýy Allahyň Resulynyň (s.a.w): «Juma güni on iki sagatdyr» diýendigi aýdylýan bir rowaýaty beýan edipdir. Wagtyň hasabyny ýöredýän alymlara görä bolsa,Gün doganyndan soň günortana çenli wagt aralygynyň altydan biri bir sagatdyr. Bu hadysda gürrüňi edilýän sagatlaryň şu iki başlangyçdan (daň atmagyndan we Gün dogmagyndan) gözbaş alýandyklary hakda ymam Şapygynyň aýdan bir sözi rowaýat edilýär. Ýöne Mawardy: «Metjide gitmezden ozal gusul täretini alyp, namaza taýýarlanmaga wagt galar ýaly,ikinji rowaýatyň dogry hasaplanmagy gerek» diýýär. Şapygy mezhebiniň alymlaryndan Rafyly bolsa bu sagatlaryň günüň ýigrimi dörtden biri manysyny berýän sagatlary aňlatman, diňe namaza ir baran kişiniň oňa gijräge galyp baran kişiden näçe derejede köp sogap gazanjakdygyny aňlatmak üçin ulanylandygyny aýdýar.

4Günortandan öňki sagatlaryň altydygyna garamazdan, bu ýerde diňe bäş sagada mahsus sogaplar ýatlanypdyr. Nesaýynyň kitabyndaky bir rowaýatda bolsa,bu ýerde agzalýan towukdyr ýumurtganyň aralygynda bir serçe sadaka bermegiň sogabyny gazandyrýan dereje hem sanalypdyr. Eger bu ýerde unudylan bir dereje ýok bolsa, onda altynjy sagat diýip, ymamyň hutba okamaga çykan sagadyny hasaplamak dogry bolar.

5Müslimiň kitabynda beýan edilen rowaýatda: «Juma gününiň gelmegi bilen metjidiň gapylarynyň her biriniň agzynda birtopar perişdeler durup, girenleri gezekme-gezegine ýazyp alarlar. Ymam münbereçykyp oturanyndan soň, sogaplaryň derejelerini belleýän sahypalaryny, ýagny depderlerini ýapyp, hutba diňlemäge gelerler»diýilse, «MüsnediAhmet» atly kitapda Ebu Sagyt Hudrynyň adyndan beýan edilen rowaýatda: «Azançy azan aýdyp, ymam münbere çykyp oturanyndan soň, sahypalar ýapylar we perişdeler metjidiň içine girip, hutba diňlärler»diýlipdir. Ebu Nugaýmyň «Hymýa» atly kitapda Ibn Omaryň (r.a) adyndan beýan eden rowaýatynda bu perişdeleriň «hyfza» diýlip atlandyrylýan perişdeler däldikleri we ellerindäki bellik edýän sahypalarynyň nurdandygy aýdylýar. «MüsnediAhmet» atly kitapda Ebu Umamanyň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda perişdeleriň metjidiň gapylarynda durup, juma namazyna gelenleri gezekme-gezegine ýazýandyklary habar berleninden soň: «Ýöne hyfzalarözlerine tabşyrylan kişileriň ýanlaryndan aýrylmazlar»diýlipdir. Perişdeleriň düýrleýän (ýapýan)sahypalary juma namazyna howlukmak bilen baglanyşykly sogaplar ýazylýan sahypalardan ybaratdyr. Ýogsam, hutba diňlemek, namaza ýetişmek, zikir, doga etmek, Allahü tagala durkuň bilen tabyn bolmak (huşuw) ýaly ýagdaýlar bilen baglanyşykly sogaplary hyfza perişdeleri soňra hem ýazarlar. Mysal üçin, Ibn Majäniň beýan eden rowaýatynyň soňunda: «Mundan soňra gelen kişi diňe namazyň sogabyny almak üçin gelen adam bolar» diýen goşmaça bar.

Ibn Huzaýmanyň Abdullah ibn Amryň (r.a) adyndan beýan eden rowaýatynda ymam salam bereninden soň, perişdeler öňler metjide ilkinjileriň hatarynda gelýän kişi hökmünde tanaýan kişilerini jemagatyň arasynda görmeseler, olaryň: «Eýsem pylanynybu gün namazdan alyp galan zat nämekä?» diýip soraşanlaryndan soňra: «Allahym! Ol guluň azaşan bolsa, dogry ýola sal, garyp düşen bolsa, baýlyk ber, hassa bolsa, şypa ber» diýip, dogada boljakdyklary aýdylypdyr. Ibn Apbasyň adyndanhem şunuň ýaly manyly, ýöne has jikme-jik bir rowaýat beýan edilýär.

Juma namazyna öňürti barmak jemagatyň paýyna düşen bir wezipedir. Ymamyňbolsa,Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen dört çaryýarlara eýerip, hutba wagtyna çenli metjide gelmegini yza çekmegi sünnetdir.