479 Juma gününiň mustahaplary

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 479 Juma gününiň mustahaplary

       عَنْ أَبِى سَعِيدٍ الخُدْرِىِّ رَضِىَ اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: أَشْهَدُ عَلَى رَسُولِ اللَّهِ صلى الله عليه وسلم قَالَ: (الْغُسْلُ يَوْمَ الْجُمُعَةِ وَاجِبٌ عَلَى كُلِّ مُحْتَلِمٍ ، وَأَنْ يَسْتَنَّ ، وَأَنْ يَمَسَّ طِيباً إِنْ وَجَدَ).

 

Ebu Sagyt Hudry (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w): «Kämillik ýaşyna ýeten her bir kişä juma güni gusul täretini almak1 we mümkin bolan ýagdaýynda myswakulanmak, şonuň ýaly-da,gowy ysly zatlary sepinmek wajyp hökmündedir»3diýendigine şaýatlyk edýärin».

 

1Bu hadys ýokardaky 475-nji hadysyň bir nusgasy bolup, başga bir ýoldan rowaýat edilipdir. Zebidiniň ony bu ýerde gaýtalamagy bu nusgadaky myswak ulanmak we gowy ysly zatlary sepinmek hakdaky sözleriň öňki hadysalarda bolmazlygy bilen baglanyşyklydyr.

Buharynyň kitabyndaky rowaýatdaonuň rawylarynyň biri bolan Ebu Bekr ibn Münkediriň: «Amr: «Gusul babatda aýdylanda, onuň wajypdygyna menhem şaýatlyk edýärin. Ýöne myswak ulanmagyň we gowy ysly zatlary sepinmegiň wajypdygyny ýa-da wajyp däldigini bir Allah bilýär. Ýöne bu hadys şonuň ýaly görnüşde gelip ýetipdir» diýdi» diýen sözleri hem bar.Bu ýerde ady tutulan Amryň doly adyAmr ibn Süleým Ensarydyr.

Bu gusul täretini almaklyk juma güni bilen däl-de, juma namazyna gidilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ýöne Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a) bu ýerdäki rowaýatyndan gusul täretiniň juma gününiň hormatyna alynmalydygybaradaky many gelip çykýar. Ýöne Buharanyň kitabynda Abdullah ibn Omaryň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) adyndan beýan edilip, Zebidiniň öz «Tejridine» girizmedik bir merfuw hadysynda: «Juma namazyna geleniňizde, gusul täretini alyp gel»diýilmegi,onuň juma namazyna mahsus bir täretdigini görkezýär. Bu rowaýat Müslimiň, Tirmiziniň, Nesaýynyň, Ibn Majäniň kitaplarynda, Ibn Hybbanyň «Sahyh» atly kitabynda, Ebu Awananyň «Müstahrij», Ibn Huzaýmanyň «Sahyh» atly kitaplarynyň hemmesinde şu manyda gelmegi bilen birlikde, Bezzaryň hezreti Äşäniň we Büreýde ibn Husaýbyň (Allah olardan razy bolsun!)atlaryndan, Ibn Majäniňöz kitabyndaIbn Apbasyň (r.a) adyndan, Tabaranynyň Ebu Eýýup Ensarynyň (r.a) adyndan beýan eden rowaýatlary-da şony tassyklaýar. Yzda beýan ediljek 489-njy we 490-njy hadyslardanhemgörnüşine görä, bu täreti almak bedendäki kirleri, ýaglary, ýaramaz yslary aýryp, jemagata yza bermezlik bilen baglanyşyklydyr. Ebu Awana bilen Kasym ibn Esbagyň beýan eden rowaýatlarynda bu emriň sebäbi şu ýerde gürrüňini eden hadyslarymyzdaka meňzeş sözler bilen aňladylýar. Ibn Omaryň (r.a) gürrüň beren rowaýatynda şeýle diýilýär: «Adamlar öz iş-aladalary bilen meşgul bolup, juma namazynyň wagty gelende metjide kirli eşikli gelerdiler. Şol sebäpli Allahyň Resulyna(s.a.w) şikaýat etdiler». Şondan soňraAllahyň Resuly (s.a.w.) juma güni gusul täretiniň wajypdygyny aýdypdyr. Şonuň ýaly-da, Ibn Majäniň kitabynda Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen merfuw rowaýatda: «Munuň, ýagny jumanyň Allahü tagalanyň adamlara bagyş eden bir baýram günüdigi şübhesizdir» diýlip, gusul täretini almak hakdaky emriň başga bir sebäbi hem açylyp görkezilýär. Ibn Majäniň kitabynda Ibn Omaryň (a.r.a) adyndan beýan edilen rowaýatdan bu beýik emri Allahyň Resulynyň (s.a.w) münberde durup, hutba okap durka berendigi mälim bolup, Ibn Hybbanyň, Ebu Awananyň we Ibn Huzaýmanyň beýan eden rowaýatlarynda gusul täretiniň erkeklerewe zenanlara wajypdygynyň aýdylmagyndan, zenanlaryňhem juma namazyna gidip biljekdikleri, Ibn Huzaýmanyň beýan eden rowaýatyndaky: «Erkek bolsun, zenan bolsun, tapawudy ýok, juma namazyna gelmeýäne gusul täretini almak hökman däldir»diýen sözlerden hem juma namazyna gitmeýänleriň juma gününiň täretini almanbiljekdikleri aňlanylýar.

Şoňa görä-de, alymlaryň esasy köplüginiň pikiri boýunça, juma namazyndan öňürti gusul täretini almak bilen bu emr ýerine ýetirilip, soňra alnan gusul täreti juma gününiň gusul täretiniň ýerine geçmez. Ertir namazyndan soňra gusul täretini almak hem, Ebu Hanife bilen Şapyga görä, sogap gazanmak üçin ýeterlik bolsa-da, bu täretiň juma namazyna golaý wagtda alynmagy has gowudyr. Mälik, Ewzaýy we Leýs Ibn Sagt dagy bolsa ertir namazynyň yz ýanynda alnan gusul täretiniňýeterlik bolman, bu täretiň sogabyny gazanmak üçin,onuň namaza gitjek bolaňda alynmalydygyny aýdýarlar.

Hanefi mezhebiniň alymlaryndan biri bolan Hasan ibn Zyýadyň düşünjesine görä, bu gusul täretiniň juma gününiň sogabyny gazanmak üçin alynýandygy sebäpli, ol agşama çenli hem alnyp biler. Dawut Zahyry-da bu pikiri goldapdyr. «Mebsut» atly kitapda aýdylyşyna görä, ymam Muhammediň pikiri hem şonuň ýaly bolupdyr. «Hydaýa» atly kitapdan ymam Ebu Ýusubyň alymlaryň esasy köplüginiň pikirine goşulandygyny, «Muhit» atly kitapdanhem bu babatda aýdylan ikinji pikire meňzeş pikire eýerendigi belli bolýar.

2Müslimiň öz kitabynda beýan eden bir rowaýatynda: «Tapyp bilen gowy ysly bir zadyny sepinsin», onuň beýan eden başga bir rowaýatynda-da: «Zenanlaramahsus hoş ysly zatlardan bolsa-da sepinsin»diýlipdir. Açyk reňkli zatlary, ýeňiljek ysly atyrlary ulanmak zenanlara mahsus bolup, olary ulanmak erkekler üçin mahsus bolmasa-da, başgasy tapylmadyk ýagdaýynda,atyrlaryň şonuň ýaly görnüşini ulanmagyňemr edilmegideriň ysyny aýyrmak baradaky emriň nähili möhümdigini görkezýär. Gusul täreti bilen birlikde bu hadysda agzalan beýleki iki zada şeýle ähmiýet beripdirler. Ýöne bu ikisi gusul täreti ýaly bolman, olaryň wajyp däldikleri bilen hemmeler ylalaşypdyr.

3«Wajypdyr» diýmegiň ýerine: «Wajyp hökmündedir» diýmek has ýerliklidir. Ymam Mälik onuň wajypdygyna delil bolup hyzmat eden hadysy-şeribiň sözlerine bakybrak juma namazynyň gusul täretiniň wajypdygybilen ylalaşan bolsa-da, fykyhçy alymlaryň köpüsi onuň wajypdygy bilen ylalaşman, onuň wajypdygy hakdaky sözleriň beýle etmäge höweslendirmek üçin aýdylandygyny çaklaýarlar. Sebäbi bu hadysda wajyp däldikleri hakda hemme alymlaryň bir pikirde bolan zatlary, ýagnymyswak ulanmak we gowy ysly zatlary sepinmek gusul täreti bilen bir hatarda goýulýar, ýagny gusul täretine baglanýar. Baglanýan zat bilen oňa baglanyşdyrylýan zatlaryň, ýagny bir hatarda goýulýan zatlaryň bolsa hökümi birdir. Beýle diýmek: «Ol ikisi wajyp bolmadyk ýagdaýynda, gusul täreti hem wajyp däldir» diýmegi aňladar. Ýöne bir rowaýatda Ahmet ibn Hanbalyň we sahabalardan Ebu Hüreýre bilen Ammar ibn Ýasyryň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) onuň wajypdygy bilen ylalaşandyklary aýdylýanhembolsa, ýene Ebu Hüreýre bilen Semura ibnJündebiň, Enesiň, Ebu Sagyt Hudrynyň, Jabyryň, Abdyrahman ibn Semüräniň, Ibn Apbasyň (Allah olardanrazy bolsun!) atlaryndan gürrüň berlen: «Her kim juma güni täret alsa, örän oňat bolar, eger gusul täretini alsa, has gowy bolar» hadysy onuň wajyp däldigini has gowy görkezýär. Ýöne bu hadys mydama zaif (kemçilikli) ýollardan rowaýat edilenhem bolsa, zaif hadysyň gelip ýeten ýollary köp bolsa, ygtybarly hasap edilýär. Tirmizi bu hadysyň hasanadygyny hem aýdanmyş. Ibn Majäniň Ebu Hüreýräniň adyndan beýan eden hadysynda-da: «Her kim täret almaga galkyp, täretini nogsansyz alanyndan soň juma namazyna gelip, ymama ýakyn oturyp, sesini çykarman hutbany diňlese, hem şol juma bilen beýleki jumanyň aralygynda, hem-de onuň daşyndanhem ýene üç günüň dowamynda etjek günäleri (ýagny kiçi günäleri) geçiler. Kimde kim ýerde çagyl daşlarynyň üstünde uzanyp, özüni güýmese, lagw eden adam bolar»diýlip, bu hadysda gusul sözi bolman, diňe täretden söz açylýar.

Ymam Şapygynyň juma gününde alynýan gusul täretiniň mustahapdygy hakynda getirýän delili hem örän ynandyryjydyr. Ol Buharynyň kitabynda Ibn Omaryň (r.a) adyndan beýan edilen hadysy öz sözüniň dogrulygyna delil getirýär. Ibn Omar (r.a) şeýle diýipdir: «Bir gezek Omar ibn Hattap (r.a) juma güni münbere çykyp, hutba okap durka, Allahyň Resulynyň (s.a.w) sahabalaryndan we irki muhajirlerden biri (bu adamyň Osman ibn Affandygy (r.a) hakynda hemme alymlaryň pikiri birmeňzeş) metjide girdi. Omar gijä galandygy üçin ony ýazgarýandygyny bildirip duran gaty sesi bilen: «Bu wagtyň haýsy wagtdygyny bilýäňmi?» diýip sorady. Ol hem: «Iş bilen meşguldym. Öýüme gelip gelmänkäm şobada azan sesini eşidip, diňe bir täret almaga ýetişdim» diýdi. Ondan soň Omar öz ynjysyny has açyk bildirip: «Allahyň Resulynyň (s.a.w) gusul täretini almagy emr edendigini bilip durkaň, diňe täret bilen galmak nä boldugy!» diýdi».

Buharynyň kitabynda Ebu Hüreýräniň (r.a) adyndan beýan edilen has gysga bir rowaýathemşu kyssany tassyklaýar. Hezreti Omaryň (r.a) ýazgaryş äheňli soňky sözleri ymam Mäligiň düşünjesini goldap, juma gününiň gusul täretiniň wajypdygyny tassyklap biljek bolsa-da, ymam Şapygy bu gusul täretiniň öz islegiňe bagly bir sogaply iş bolup, aslynda wajyp däldigini delillendirmek üçin hut şu hadysa salgylanýar. Sebäbi bu emriň onuň wajypdygyny aňladýandygyny isle hezreti Omara, isle hezreti Osmana, isle-de şol metjidi-şerifde ýygnanan sahabalara (Allah olaryň hemmesinden razy bolsun!) mälim bolsady, onda hezreti Omar diňe bir ýazgarmak bilen çäklenmezdi-de: «Derrew yzyňa dolanyp, gusul täretini al!» diýerdi. Hezreti Osmanyň bolsa şol gün juma gününiň gusul täretini almak üçin öýüne dolanandygy barada bir ýoldanhem rowaýat gelip ýetmändir.

Gepiň keltesi, bu hadysy-şerifde emr edilen gusul täreti, myswak ulanmak we gowy ysly zatlary sepinmek – bularyň üçüsi-de bedenden gelýän ýaramaz ys bilen jemagata yza bermezlik hikmetine esaslanyp, bu ýerdäki gusul täretini almak emri beýleki ikisinden has möhüm bir mustahap emrdir. Hatda Ibn Omaryň, Ibn Apbasyň, Ebu Sagyt Hudrynyň, Abdullah ibn Mugaffalyň (Allah olardan razy bolsun!) diňe bular bilen hem çäklenmän, geýjek egin-eşiklerini hoş ysly zatlar bilen tütedendikleri bellidir. TabygyndanMugawyýa ibn Hurradiýen biri müzeýne tiresinden şunuň ýaly eden otuz adamy tanandygyny aýdypdyr.

Eýsem juma gününiň gusul täreti saparda-da mustahapmyka? Abdullah ibn Harysa (r.a), tabygyndan Talk ibn Habyba, Ebu Japar Muhammet Bahyra, Talha ibn Musarryfagörä, saparda-da gusul täretini almalydyr. Ymam Şapygy bilen Ebu Söwriň düşünjeleri boýunça-da bu mustahapdyr. Hatda ymam Şapygy: «Bu gusul täretini (onuň üçin suwy bir dinar berip satyn almaly hem bolsa) saparda-da, oturymly ýerimde wagtymhem terk eden däldirin» diýipdir. Saparda bu gusul täretiniň mustahapdygy bilen ylalaşmaýanlaryň arasynda Abdullah ibn Amr (r.a) bilen tabygyndan Alkamanyň, Eswet ibn Ýezit Nahaýynyň, Yýas ibn Mugawyýanyň, Nafy ibn Jubaýryň, Ibn Mutgymyň we Kasym ibn Muhammediň atlaryny agzaýarlar. Tawus bilen Müjähidiň bu gusul täretiniň mustahapdygy bilen ylalaşandyklary hakynda-da, ylalaşmandyklary hakynda-da rowaýat bar.