478 «Juma güni namaza çagyrylanda, derrew Allahy zikir etmek üçin haýdaň we söwdany taşlaň» aýaty-kerimesi bilen juma namazynyň parz edilmegi

Başy » JUMA NAMAZY KITABY » 478 «Juma güni namaza çagyrylanda, derrew Allahy zikir etmek üçin haýdaň we söwdany taşlaň» aýaty-kerimesi bilen juma namazynyň parz edilmegi

    عَنْ أَبِى هُرَيْرَةَ رَضِىَ اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّهُ سَمعَ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَقُولُ:

(نَحْنُ الآخِرُونَ السَّابِقُونَ يَوْمَ الْقِيَامَةِ ، بَيْدَ أَنَّهُمْ أُوتُوا الْكِتَابَ مِنْ قَبْلِنَا ، ثُمَّ هَذَا يَوْمُهُمُ الَّذِى فَرَضَ اللَّهُ عَلَيْهِمْ ، فَاخْتَلَفُـوا فِيهِ فَهَدَانَا اللَّهُ لَهُ ، فَالنَّاسُ لَنَا فِيهِ تَبَعٌ ، الْيَهُودُ غَداً ، وَالنَّصَارَى بَعْـدَ غَدٍ).

 

Ebu Hüreýre (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Biz Ähli-Kitap bilen deňeşdireniňde iň soňky gelenler bolup, kyýamat gününde iň öňde durarys2. Şol sebäpli hem ilki olara, has soňra-da bize kitap berildi-de3, Allahyň olara parz eden gününiň4 şu juma günüdigine garamazdan, olar jedele ýüz urup, başga günlere tagzym etdiler. Bize bolsa ol güne hormat goýmak babatda Allahü tagala dogry ýol görkezdi5. Şondan soňrabu babatda halk bize eýerdi. Ýehudylaryň ybadat günleri ol günüň ertesi, hristianlaryňky-da birigünidir»6diýendigini eşitdim».

 

1«Jum’a» sözi penşenbe we şenbe diýlip atlandyrylýan günleriň aralygyndaky günüň ady bolmak bilen, şol gün hutbadan soňraokalmagy parz bolan iki rekagat namaza-da juma namazy diýilýär. Yslam dini ýüze çykmazyndan ozal hepdäniň günleri başgaça atlandyrylyp, juma gününe ýewmül-aruwbe (aruwbagüni) diýler eken.

Bu mübärek güne haýsy wagtdan başlap juma diýlip başlanandygy barada dürli-dürli pikirler orta atylsa-da, bu adyň yslam dini ýaýranyndan soňradörändigi hakdaky pikir has ynandyryjy görünýär. Ibn Hazm: «Bu at yslam dini bilen baglanyşykly bolup, jahylyýet zamanynda ol güne «aruwbe»diýlipdir. Yslam dini ýüze çykanyndan soň, ol güne «juma»diýip at beripdirler. Çünki şol gün namaz okamak üçin bir ýere jem bolunýar» diýýär.

Ibn Huzaýmanyň-daSelman Parsynyň (r.a) adyndan beýan eden merfuw(sahabadan, tabygyndan ýa-da olardan soňra ýaşap geçenlerden ýazylyp alynsa-da, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hut özünden eşidilendigi subut edilen hadys)rowaýatyna görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gezek bu sahaba ýüzlenip: «Selman, sen juma hakda näme pikir edýärsiň?»diýen soragy beripdir. Selman Parsy: «Allah we Onuň Resuly muny has gowy bilýändir»diýeninden soň, Allahyň Resuly (s.a.w): «Seniň ataň (ýa-da siziň ataňyz) bolan Adam alaýhyssalamyň durky (hylkaty) şol gün jem edildi, ýagny ähli agzalary bir ýerde birleşdirildi»diýipdir. Ibn Apbasyň (r.a) adyndanhem şuňa meňzeş bir rowaýat beýan edilýär. «Sahyhy-Müslim» kitabynda Ebu Hüreýräniň (r.a) adyndan beýan edilen hadysy-şerif hem şolara kybapdaşdyr. Merfuwbolan şol rowaýatda: «Günleriň iň haýyrlysy juma günüdir: Adam alaýhyssalam şol gün ýaradyldy, şol gün jennete girizildi, ýene şol gün jennetden çykaryldy. Şeýle hem kyýamat juma gününden başga bir günde gopjak däldir»diýilse, «Süneni-Ebu Dawut»kitabyndaky rowaýatda: «Adam şol gün ýaradyldy, şol gün jennetden ýere inderildi, şol gün tobasy kabul edildi we şol gün wepat boldy. Kyýamathem şol gün gopar. Adamdan we jyndan başga mahluklaryň hemmesi juma güni daň atanyndan Gün dogýança (kyýamat şu gün gopaýarmyka diýen gorky bilen) diňşirgenýärler. Şeýle hem şol günüň içinde şeýle bir sagat bolup, şol wagtda tötänden namaz okap, Eziz Allahü tagaladan bir hajatyny dilänher bir musulman guluň hajatyny Allahü tagala kanagatlandyradiýlipdir.

Ilkinji juma namazyny hijretden ozal Medinede ensardan Esgat ibn Zurara (r.a) okadypdyr. Abdy ibn Humeýdiň tefsirinde Ibn Siriniň şeýle diýendigi aýdylýar: «Medinäniň ýaşaýjylary Allahyň Resuly (s.a.w.) Medinä barmazyndan we juma degişli aýat inmezinden ozal hem juma namazyny okar ekenler. Ol güne «juma»adyny berenlerhem şolardyr. Ensarylar: «Ýehudylar ýedi günüňbir gününi ýörite belläp, şol gün hem bir ýere toplanyp ybadat edýärler.Hristianlaryňhemşonuň ýaly bir güni bar. Geliň, bizhem hemmämiz bir ýere jemlenip, Allahy zikir etmek, namaz okamak, Allahyň edenine şükür etmek üçin özümize bir gün belläliň. Olhem, goý, aruwbagüni bolsun» diýdiler. Olarjuma gününe «aruwba»diýýärdiler. Olar Esgadyň daşynda jemlendiler. Esgat hem olara iki rekagat namaz okadyp (ýa-da okatdyryp), wagyz we zikir etmek bilen meşgul boldy. Ensarylar onuň daşynda jemlenen günleriniň adyna «juma»diýip at goýdular. Esgat olar üçin bir goýun öldürdi. Olar azlyk bolanlary üçin,ol goýny,hem ertir, hem-deagşam nahary edindiler. Allahü tagala: يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آَمَنُوا إِذَا نُودِيَ لِلصَّلَاةِ مِنْ يَوْمِ الْجُمُعَةِ فَاسْعَوْا إِلَى ذِكْرِ اللَّهِ وَذَرُوا الْبَيْعَ  = «Ýäää-eýýühelleziýne ämenuwww izä nüwdiýe lissaläti min ýewmil-jümügati fesgaw ilä zikrillähi we zerül-beýga» (golaý manysy: «Juma güni namaza çagyrylanda,derrew Allahy zikir etmek üçin haýdaň we söwdany taşlaň»(«Juma»süresiniň 9-njy aýaty)) aýaty-kerimesini şondan soňrainderdi». Ibn Siriniň bu kyssasyndan ensar Hezretleriniň juma namazyny Allahyň Resulyndan (s.a.w) öňürti okamak ýaly bir aýratynlyk bilen tapawutlandyrylandygy we ol güne «juma»adyny berenleriňhem şolardygy belli bolýar. Ebu Dawut bilen Hakimiň Abdyrahman ibn Kagp ibn Mälik Ensarynyň adyndan beýan eden sözleri-de bu kyssany tassyklaýar. Abdyrahman: «Kakam Kagbyň gözleriniň görmegi haýallanyndan soň, ony men idip gezerdim. Ony juma namazyna alyp gidemde, nirede azan sesini eşitse, Allahdan Esgat ibn Zuraranyň günäsini geçmegini dilärdi. Kakam: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Medinä hijret etmezinden ozal baýaza tiresine degişli bir gara daşlyk ýerde bize ilkinji juma namazyny okadan şoldy» diýerdi» diýipdir. Ibn Huzaýmabu rowaýatyň ygtybarlydygyny aýdýar. Bu rowaýatyň Ibn Yshak tarapyndanbeýan edilen nusgasynda Abdyrahmanyň beren soragyna kakasy Kagbyň: «Ol döwürde kyrk adamdyk» diýip jogap berendigi hakynda aýdylanlar bu ýerdäkiden artykdyr.

Eger ensarylar juma namazyny Allahyň Resulynyň (s.a.w) eden bir emri we yşaraty boýunça okamadyk bolaýanlarynda hem, Allahyň Resulynyň (s.a.w) ilkinji juma namazyny hijret wagtynda we Kubadan Medinä barýarka ýolda Ranuwnadiýlen ýerde okamagy ensarylaryň bu hepdelik ybadatlaryny hem-de bu ybadat üçin juma gününi saýlap almaklaryny onuň makullandygyny görkezýär. «Eden bir emri we yşaraty boýunça okamadyk bolaýanlarynda hem» diýilmeginiň öz sebäbi bar. Çünki juma namazynyň Allahyň Resuly (s.a.w.) heniz Mekgedekä parz edilendigi we şol ýerde bu namazy okamaga mümkinçilik tapylmandygy üçin,onuň okalmaly zamanynyň,şeýle etmek mümkin bolýança,yzy çekilendigi hakynda-da örän ygtybarly bir rowaýat gelip ýetipdir.

Hijretden ozal juma namazyna musulmanlary Esgat ibn Zuraranyň (r.a) toplanbolmagy we bu namazy Musgap ibn Umeýriň (r.a) okadan bolmagy hem örän mümkin. Akaba kasam edişliginden soňraMusgap Kuran öwretmek we din hökümlerinden habardar etmek üçin şol kasam edişlige gatnaşan ensarylar bilen birlikde Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan Medinä ugradylypdy. Ewswe hazrej tireleriniň ýolbaşçylary,biri-birlerinden öňe geçmäge ymtylýan ýaly bolup görünmezlik üçin, namazda mydama ony ymam edinerdiler. Şoňa görä-de, juma namazlaryny-da onuň okadan bolmagy ahmal.Mysal üçin, Zühri Allahyň Resuly (s.a.w.) Medinä hijret etmezinden ozal ilkinji juma namazyny okadan adamyň ýokarda ady tutulan Musgapdygyny (r.a) we oňa uýup namaz okanlaryňhem on iki adamdygyny habarberýär.

2Ýehudylara we hristianlara Allahü tagalanyň kitaplary Kurany-Kerim inderilmezinden öň iberilipdi. Şonuň üçin hem biz pygamberleriň ymmatlaryndan dünýä iň soňky gelen ymmatbolýarys. Ähli-Kitap bilen deňeşdireniňde iň soňky gelenler bolmagymyz, ine, şol sebäplidir.Kyýamat gününde iň öňdedurjakdygymyz barada aýdylan söz bolsa,Allahyň bize eçilen bu kereminiň arkasyndanhakyky iman gazanmakda we uly mertebä eýe bolmakda bizden öň ýaşap geçen ymmatlardan öňde boljakdygymyzy aňladýar. Musulmanlarkyýamat gününde beýleki ymmatlardan öňürti haşr meýdanynda, Allahü tagalanyň huzurynda durup, hasap ilki bilen olardansoralarwe jennete-de beýleki ymmatlardan öňürti girerler.Mysal üçin, Müslimiň kitabynda Ebu Hüreýräniň we Huzaýfanyň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) adyndan beýan edilen rowaýatda: «Biz hem-ä dünýä halklarynyň iň soňa galanlarydyrys, hemem kyýamat gününde iň öňe geçip, ähli mahluklardan ozal özümiz hakda höküm çykaryljakynsanlardyrys»diýlipdir. Bir garaýşa görä, hut juma gününiň sogabyny gazananymyz üçin biz kyýamat gününde birinji boljakdyrys. Allahyň kitabyndan gelip çykýan emrleri, gadagançylyklary kabul etmek babatda-da bu ymmatyň artykmaçlygy bar. Muhammet ymmaty: «Eşitdik we boýun egdik» diýdi. Öňki ymmatlar bolsa: «Eşitdik, emma gulak asmarys» diýdiler.

3Kitap hökmünde ýehudylaraTöwratyň, hristianlara Injiliň, bize-de Kuranyň berlendigi mälimdir.

4Allahü tagala tarapyndan beýleki günlerden tapawutlandyrylan we jemagat bolup ybadat üçin bölünip berlen gün hut juma günümidi? Ýa-da haýsydyr bir günde ybadat etmek üçin üýşmek parz edilip, ol güni saýlap almak öten ymmatlaryň özüne goýlup, olar ýalňyş düşünjelere eýerenleri üçin başga bir güni saýlap alypdyrlarmy? Bu iki çaklamanyň ikisi hem dogry bolup biler. Ýöne tefsirçi Süddiniň beýan eden bir rowaýatyndahut juma gününiň ýehudylara-da parz edilendigi we olaryň Musa alaýhyssalama garşy çykyp, Allahü tagalanyň sebt güni hiç birzady ýaratmandygyny aýdandyklary, şol günüň özlerine ybadat we dynç alyş güni hökmünde berilmegini talap edendikleri we Ýaradan tarapyndan sebt gününiň jeza hökmünde olara parz edilendigihabar berilýär.«Bize çokunara göle ýaly bir mabut ýasap ber» diýýän ymmatdan bu eden işleri geňhem görülmez.

5Bu ýerde gürrüňi edilýän dogry ýoluň iki hili manysy bolup biler. Ýa Allahü tagala şol güni saýlap almagy biziň ygtyýarymyza goýmazdan, juma gününe ünsümizi çekmek arkaly dogry ýol görkezen bolup biler, ýa-da şol güni saýlap almagy, öňki geçen ymmatlar babatda bolşy ýaly, biziňhem ygtyýarymyza goýup, öz ýanymyzdan Allahyň razylygyna laýyk güni saýlap almaga mynasyp bolmagymyzyň arkasyndan dogry ýola gowşan bolup bileris. Bu hadysyň birinji düşündirişindäki Esgat ibn Zuraranyň kyssasy ikinji manyny goldasa-da, Ebu Hüreýräniň we Huzaýfanyň (Allah ikisinden hem razy bolsun!) gürrüň beren rowaýatlarybirinji manyny tassyklaýar. Şol rowaýatda: «Allahü tagala bizden öň gelenlere jumany saýlamak ýoluny görkezmedi. Ýehudylara mahsus gün şenbe, hristianlara mahsus günhem ýekşenbe boldy. Soňra bizi bu dünýä getirdi we juma gününi saýlap almagyň ýoluny bize görkezdi we juma, şenbe, ýekşenbe günlerini ybadat günleri etdi» diýilýär.

Ýehudylar: «Jenaby-Hak mahluklary ýaradyp bolup, şenbe güni dynç aldy. Bizhem şol gün dynç alyp, ybadat we Allaha şükür etmek bilen meşgul bolalyň» diýdiler. Hristianlarhem: «Allahü tagalanyň mahluklary ýaratmaga başlan ilkinji güni bazar günüdir. Şonuň üçinhem hormata mynasyp gün şol gündür» diýdiler. Bize bolsa juma güni nesip etdi. Şol gün atamyz Adam alaýhyssalamyň ýaradylan günüdir. Adamatanyňýaradylmagynyň maksady bolsa Allaha ybadat etmekdir.

6Bu hadysy-şerif juma namazynyň parz edilişini düşündirýär. Juma namazynyň parzdygynaýokarda ýatlanylan aýaty-kerimäniň («Juma» süresiniň 9-njy aýaty) delil bolşy ýaly, mysal getirilen ygtybarly hadyslarhem delildir. Din alymlarynyň hemmesi juma namazynyň parzdygy bilen ylalaşypdyrlar. Şoňa laýyklykda, juma namazynyň parzdygy kitap, sünnet we alymlaryň pikiriniň birligi (ijma) tarapyndan tassyklanypdyr.