546 Bäş sany gaýyba ynsanyň akyly ýetmez

Başy » ISTISKA (ÝAGMYR DILEME) NAMAZY KITABY » 546 Bäş sany gaýyba ynsanyň akyly ýetmez

     وَعَنْهُ رَضِي الله عَنْهَمَا قَالَ: قَالَ رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (مِفْتَاحُ الْغَيبِ خَمْسُُ لاَ يعْلَمُهَا إلاَّ الله: لاَ يعْلَمُ أَحَدٌ ما يكُونُ في غَدٍ ، وَلا يعْلَمُ أَحَدٌ ما يكُونُ في الأرْحَامِ ، وَلا تَعْلَمُ نَفْسٌ ماذَا تَكْسِبُ غَدًا ، وَمَا تَدْرِي نَفْسٌ بِأَي أَرْضِ تَمُوتُ ، وَمَا يدْرِي أَحَدٌ مَتَى يجِيءُ الْمَطَرُ).

 

Ibn Omar (r.a) şeýle diýipdir1: «Allahyň Resuly (s.a.w): «Gaýybyň bäş sany açary bardyr2. Olary Allahü tagaladan başgasy bilmez. Ertir näme boljagyny Allahdan başga hiç bir kişi bilmez3. Enäniň ýatgysynda nämeleriň bolup geçýändigini Allahdan başga hiç bir kişi bilmez4. Hiç bir kişi ertir haýyrdyr şeriň haýsyny gazanjagyny bilmez5. Şonuň ýaly-da, hiç bir kişi nähili edip öljegini bilmez6. Allahdan başga hiç kişi ýagyşyň haçan ýagjagyny bilmez7»diýdi».

 

1 Bu hadysy-şerif «MüsnediAhmet», «MüsnediBezzar», «SahyhyIbn Hybban» kitaplarynda we Hakimiň «Müstedrek» atly kitabynda ýerleşdirilişi ýaly, «Jebraýylyň hadysy» ady bilen belli bolup, onuň bir nusgasy şu kitapda 47-nji hadys hökmünde Ebu Hüreýräniň (r.a) adyndan hem beýan edilipdi.

2 Gaýybyň açarlary ellerinde bolmany üçin, gaýypdaky zatlary bilmezlik Allahyň gullaryna has bähbitlidir. Gaýyp zatlary bilmek, olaryň ýüze çykjak wagtlaryny belli etmek Allaha mahsusdyr. Gaýypdaky zatlaryň haýsy wagtda (ýagny irmi ýa-da giç) ýüze çykmagynyň hikmeti näme bolsa, şol hikmete laýyklykda ýüze çykmaly wagtlary golaýlaýança,olar mydama Allahyň eradasyna bagly bolup, olary ýüze çykarjak hem ýene Allahü tagalanyň eradasydyr. Allahyň özi bildiräýmese, ony beýik perişdelerhem, gönderilen pygamberlerhem bilip bilmez. Ibn Jerir Tabarynyň beýan etmegine görä, hezreti Äşe (r.a) enemiz Allahyň Resulynyň (s.a.w) aýdan sözlerini şeýle gürrüň beripdir: «Allahdan başga biriniň gaýyby bilip biljekdigini sözleýän kişi ýalan sözleýändir we Allahü tagala uly bir töhmet atýandyr. Sebäbi «Neml» süresinde Allahü tagalanyň özi: قُلْ لَا يَعْلَمُ مَنْ فِي السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ الْغَيْبَ إِلَّا اللَّهُ وَمَا يَشْعُرُونَ أَيَّانَ يُبْعَثُونَ=«Kul lä ýeglemü men fissemäwäti wel-arzyl-gaýbe illellahü» (golaý manysy: «Asmandakylaryň we ýerdäkileriň hiç biri gaýyby bilmez. ony diňe Allah biler» («Neml» süresiniň 65-nji aýatyndan)) diýýär. Ýene Hak Tagala we Tekaddes Hezretleri öz Kitaby-Keriminde: وَعِنْدَهُ مَفَاتِحُ الْغَيْبِ لَا يَعْلَمُهَا إِلَّا هُوَ= «We yndehuw mefätihül-gaýbi lä ýeglemühäää illä hüwe» (golaý manysy: «Gaýybyň açarlary Allahyň ýanyndadyr. Olary Allahdan başga hiç bir kişi bilmez» diýýär».

            Bu aýaty-kerimedäki «gaýybyň açarlary» söz düzümini «Lukman» süresiniň ahyryndaky: إِنَّ اللَّهَ عِنْدَهُ عِلْمُ السَّاعَةِ= «Ynnellahe yndehuw ylmyssaagati» (golaý manysy: «Kyýamatyň ýüze çykjak wagty hakyndaky bilgi diňe Allahyň ýanyndadyr...» («Lukman» süresiniň 34-nji aýatyndan)) diýlip başlanýan aýaty-kerimäniň düşündirýändigini Allahyň Resulynyň (s.a.w) şu hadysy aýdyň görkezýär. Şonuň üçinhem gürrüňi edilýän şu bäş zady bilmek hiç bir kişiniň tama edip biljek zatlaryndan däldir. Ymam Kurtubynyň aýdyşy ýaly, Pygamberimize (s.a.w) salgylanmazdan,şu bäş zadyň birini bilýändigini aýdan kişi ýalançydyr. Çünki ylmy-gaýyp Allaha mahsusdyr. Gaýyby çak etmek («zanny-gaýyp») babatda aýdylanda bolsa, beýtmekde zyýan ýokdur. Sebäbi çaklamanyň mertebesi nä derejede beýik bolaýanda-da, ylmyň derejesine galyp bilmez.

Allahdan başga kişä mälim bolmaýan gaýyp zatlar çäksiz bolup, «Engam» süresindäki aýatdagürrüňi edilýän giň manydaky ylmy gaýyp Allahdan başgasyna haram edilipdir. «Lukman» süresindäki aýat bilen bu hadysy-şerifde bolsa gaýyp zatlardan diňe gaýybyň açarlary diýlip atlandyrylan bäş zatdan söz açylypdyr. Diýmek, soňky agzalan aýat bilen hadysy-şerif «Engam» süresindäki aýaty düşündirýärler we bu aýatdakyumumylyga bärki şertleýinlikler bilen düşünip bolar. Mysal üçin, «Jyn» süresindäki: عَالِمُ الْغَيْبِ فَلَا يُظْهِرُ عَلَى غَيْبِهِ أَحَدًا  إِلَّا مَنِ ارْتَضَى مِنْ رَسُولٍ فَإِنَّهُ يَسْلُكُ مِنْ بَيْنِ يَدَيْهِ وَمِنْ خَلْفِهِ رَصَدًا= «Aalimül-gaýbi felä ýüzhirü alä gaýbihiýýý ahaden, illä menirtezaa min resuwlin» (golaý manysy: «Allahü tagala gaýyby biliji bolup, adamlardan saýlan pygamberlerinden başga hiç kişini gaýypdan habardar etmez» («Jyn» süresiniň 26-njy aýaty we 27-nji aýatynyň başy)) aýaty-kerimesi-de gaýybyň Allaha mahsusdygy bilen birlikde, Allahü tagalanyň halan bir guluna,mugjyza ýa-da keramat hökmünde,ýabolmasa,wahy ýa-da ylham arkaly käbir gaýyp zatlary bildirýändigini görkezýär. Mysal üçin, Ibn Jerir Tabary bilen Merduýeniň beýan eden rowaýatlaryna görä, Abdullah ibn Mesgut (r.a): «Siziň Pygamberiňize (s.a.w) ylmy-gaýybyň bäşisinden başga her bir zat, ýagny her bir ylym berlendir» diýip, öz aýdanyny düşündirmek üçin: إِنَّ اللَّهَ عِنْدَهُ عِلْمُ السَّاعَةِ= «Ynnellahe yndehuw ylmyssaagati» (golaý manysy: «Kyýamatyň ýüze çykjak wagty hakyndaky bilgi diňe Allahyň ýanyndadyr...» («Lukman» süresiniň 34-nji aýatyndan)) aýaty-kerimesini okap beripdir.

Ylmy-gaýybyň Allaha mahsus bolmagynyň, onuň bildirmegi bilen, käbir gullarynyň gaýyp zatlaryň käbirinden habardar bolmaklaryna ters gelmeýändigi «Ýusup» süresindäki: قَالَ لَا يَأْتِيكُمَا طَعَامٌ تُرْزَقَانِهِ إِلَّا نَبَّأْتُكُمَا بِتَأْوِيلِهِ قَبْلَ أَنْ يَأْتِيَكُمَا= «Kale lä ýe’tiýkümä tagamün türzakaanihiýý illä nebbe’tükümä  bi-te’wiýlihi kable en ýe’tiýekümä» (golaý manysy: «Siziň iýjek naharyňyz getirilmezden öň onuň ýorumyny habar bereýin...» (37-nji aýatdan) diýen mukaddes sözler arkaly hem tassyklanylýar.

«Jyn» süresindäki aýaty-kerimede diňe Resulyň tapawutlandyrylmagyny delil tutunyp, mugtezile akymynyň wekilleri öwlüýäniň keramatyny inkär etmek isleseler-de, bir Resula tabyn bolan weliniň Allahyň bildirmegi bilen gaýyp işleriň birinden habardar bolmagy-da (özi babatda keramat bolmak bilen birlikde) onuň tabyn bolan Resulynyň mugjyzasydyr. Aralarynda bir tapawut bar bolsa-da, ol tapawut Pygamberiň we Resulyň wahynyň görnüşleriniň biri arkaly gaýypdan bir zat bilýändigi, weliniň bolsa ondan diňe düýş we ylham arkaly habardar bolýandygy hem-de pygamberleriň berýän habarlarynyň öz pygamberlik borçlaryndan gelip çykýandygy bilen baglanyşyklydyr. Öwlüýälere keramat berlip bilinýändigi Merýem alaýhyssalamyň Allah tarapyndan rysklandyrylmagy we Süleýman alaýhyssalamyň weziri Asaf ibn Berhiýäniň şa aýal Bylkysyň tagtyny göz ýumasy wagtyň içinde alyp gelmegi hakdaky aýaty-kerime bilen subut edilişi ýaly, olaryň Allah tarapyn ylhamyň kömegi bilen gaýypdan habardar bolup bilýändikleri-de Buharynyň öz kitabynda Ebu Hüreýräniň (r.a) adyndan beýan eden merfuw hadysyndan belli bolýar. Bu hadysda Allahyň Resuly (s.a.w): «Sizden öňki ymmatlarda pygamber bolmasalarhem habar berlenleriň (muhaddesler), ýagny ylhamlananlaryň bolandygy barada hiç şübhe etmäň. Meniň ymmatymda-da şonuň ýaly biri bar bolsa, ol Omardyr»diýýär. Müslimiň kitabynda hezreti Äşäniň (r.a) adyndan beýan edilen merfuw hadysda-da Pygamberimiz (s.a.w): «Meniň ymmatymda-da şolar ýalylar bar bolsa, Omar ibn Hattabyň şolardan biridigi şübhesizdir» diýmek bilen hezreti Omardan (r.a) başga-da ylhamlanyp biljekleriň bardygyny ýaňzydypdyr.

3 Allahyň Resulynyň (s.a.w) bu sözleri: «Kyýamatyň ýüze çykjak wagty hakyndaky bilgi diňe Allahyň ýanyndadyr...» diýen mukaddes sözlerden has umumy häsiýetlidigi bilen tapawutlanýar. Sebäbi ertir näme boljagyny bilmeýän adam kyýamatyň haçan gopjagyny asla-da bilmez. Kyýamat gününiň, adamyň öljek wagtynyň we hatda öljek ýeriniň Allahyň gullaryndan gizlin saklanmagynyň hikmeti äşgärdir. Bularyň bilinmeginiň Allahyň buýran zatlaryny ýerine ýetirmek we gadagan eden zatlaryndan gaça durmak babatda adamyň öňünde durýan borçlara göwünli-göwünsiz amal edilmegine sebäp bolup biljekdigi üçin, olary äşgär etmek şerigatyň maksatlaryna ters gelerdi. Sebäbi adam haçan we nirede öljegini bilse, haý-höwese berlip, günä işler bilen meşgul bolanyndan soň, ömri ahyrlaberende, toba etmäge başlardy we bu dünýä gelmeginiň esasy maksady bolan kalbyny päklemek, ahlagyny gowulandyrmak ýaly işlere amal etmezden, dünýäsini täzelärdi.

4 Ýap-ýaňy enäniň ýatgysyna baran tohumlaryň oglanyňmy ýa-da gyzyň, bagtly adamyňmy ýa-da bagtsyz adamyň dogulmagyna sebäp boljaklarynyň, çaganyň häsiýetiniň nähili boljagynyň,tä ol dünýä inýänçä,hiç kime belli bolup bilmejegi nygtalýar.

5 Adam haýyrmy ýa-da şer gazanjagyny, nämelere duçar boljagyny ylmy-ýakynyň (ylahy älem bilen baglanyşykly bilimleri özünde jemleýän we dogrudygy barada şübhe edilmeýän ylym) kömegi bilen kesgitlemekden ejizdir. Sebäbi ýerine ýetirjek işleriniň we duçar boljak ýagdaýlarynyň käbiri öz erk-islegine bagly bolsa, käbiri-de (hatda köpüsi hem) ygtyýarynda bolmadyk daşky ýagdaýlara baglydyr. Onuň näme gazanjagyny bilmeýşi ýaly, garaşmadyk ýerinden öz isleginiň tersine bolan işleri etmegi hem häli-şindi ýüze çykyp durýar. Şol sebäpli hem Allahyň Resuly (s.a.w): «Meniň başyma we siziň başyňyza näme geljegini bilmeýärin» diýmäge mejbur bolupdyr.

6 Rowaýat edilişine görä, bir gezek Ezraýyl alaýhyssalam Süleýman alaýhyssalamyňkyda zyýaratda wagty,şol ýerde oturanlaryň biriniň ýüzüne ýiti-ýiti bakypdyr. Ol adam özüne beýle dykgatly bakýanyň kimdigi bilen gyzyklanyp, onuň Ezraýyl perişdedigini bileninden soň: «Mende kasdy bar ýaly görünýär. Meni Hindistana alyp gideri ýaly ýele buýruk ber» diýip, Süleýman alaýhyssalamdan haýyş edipdir. Onuň haýyşy kanagatlandyrylypdyr. Ezraýyl perişde Süleýman alaýhyssalamyň ýakynyna gelende, hälki adama ýiti-ýiti bakmagynyň sebäbini sorapdyr. Ezraýyl perişde hem: «Ony bu ýerde görüp, men örän geň galdym. Sebäbi bu gün onuň ruhuny Hindistanda almaga borçludym. Ony bolsa siziň zyýaratyňyzda gördüm» diýip jogap beripdir.

7 Aýaty-kerimede bu many: وَيُنَزِّلُ الْغَيْثَ= «We ýünezzilül-gaýsa» (golaý manysy: «Ýagmyry Allah ýagdyrar» («Lukman» süresiniň 34-nji aýatyndan)) diýen mukaddes sözler arkaly aňladylypdyr. Bu sözlerden muny Allahdan başga kişiniň bilip bilmejegi aňylmasa-da, hadysyň Kurany düşündirýändigi üçin ýagyşyň haçan ýagjakdygy baradaky ylmyňhem Allaha mahsusdygynda şübhe ýokdur. Howanyň üýtgeýşine gözegçilik edýän merkezler näçe maglumat toplasalarhem, ýigrimi dört sagatlyk wagt aralygyndaky howanyň ýagdaýy barada berýän habarlary mydama çaklama häsiýetli bolup, olaryň çaklamalary hiç haçanhem bolmalysy ýaly amala aşanok. Howanyň ýüzi garalyp we asmany bulut gaplap alyp: «Häzir, ýa bolmasa, ýene bäş minutdan ýagyş ýagmaga başlap, daş-töwerek suw-sil bolar» diýen gezegiňiz kän bolandyr. Yz ýanyndanhem bir ýeliň peýda bolup, asmandaky bulutlary dyr-pytrak edişiniň we ýarym sagatdan soňragögüň ýüzüniň Gün şöhlesine lowurdap durşunyň şaýady bolansyňyz.