544 Saba ýeliniň Allahyň Resuly (s.a.w.) üçin ýardamçy we ad kowumy üçin azap bolmagy

Başy » ISTISKA (ÝAGMYR DILEME) NAMAZY KITABY » 544 Saba ýeliniň Allahyň Resuly (s.a.w.) üçin ýardamçy we ad kowumy üçin azap bolmagy

     عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِي الله عَنْهُمَا: عَنِ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قالَ: (نُصِرْتُ بِالصَّبَا وَأُهْلِكَتْ عادٌ بِالدَّبُورِ).

 

Abdullah ibn Apbas (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w): «Men saba ýeliniň kömegi bilen1 ýeňiş gazandym, ad kowumy bolsa günbatar ýeli tarapyndan ýok edildi»2 diýdi».

 

1«Saba» gündogardan öwüsýän ýeliň adydyr. Onuň gabat garşysyndan, ýagny günbatardan öwüsýän ýele «debur» diýipdirler. Gündogara tarap seredip duran adamyň çep tarapyndan, ýagny gaýradan öwüsýän ýele «şemäl», ol ýeliň garşysyndan öwüsýän kybla ýeline-de «jenuwb» diýýärler. Saba ýeli gyzgyndan gurak, debur ýeli çyglydan sowuk, jenuwb ýeli çyglydan gyzgyn, şemäl hem gurakdan sowuk bolýar. Müslimiň kitabynda beýan edilen rowaýata görä, jennetiň ýaşaýjylary üçin öwüsjek ýeliň ady şemäldir.

Bu esasy ýelleriň aralaryndan öwüsýän ýellere «nükb» diýýärler. Bu sözüň birlik sany «nekbä’» sözüdir. Käbir alymlaryň pikirine görä, nekbä’ demirgazyk bilen gündogaryň aralygyndan öwüsýän demirgazyk-gündogar ýelidir. Ony nükeýbä’ diýip hem, saabiýe diýip hem atlandyrýanlar köp. Gündogar bilen kyblanyň aralygyndanöwüsýän günorta-gündogar ýeline esasan ezeb, kybla bilen günbataryň aralygynda öwüsýän günorta ýeline heýf, günbatar bilen demirgazygyň aralygyndan öwüsýän gara ýele-de jirbiýä ady berilýär.

2 Ymam Şapygynyň beýan eden bir hadysy-şeribinde: «Men saba ýeliniň kömegi bilen ýeňiş gazandym, ýöne bu ýel bizden ozalkylar babatda azaply bolupdy» diýlipdir. Bu rowaýatdan geçmişde heläk edilen ymmatlaryň ýok bolmagyna saba ýeliniň sebäp bolandygy aňylsa-da, esasy metindäki ygtybarly rowaýata (bu 544-nji hadysdyr) görä, günbatar ýeli bilen heläk edilen ad kowumy bu rowaýatda agzalýan kowumlardan tapawutlandyrylsa gowy bolar.

Allahyň Resulynyň (s.a.w) saba ýeliniň kömegi bilen ýeňiş gazanandygyny aýtmaga Ahzap söweşi bilen baglanyşykly bolan: «Olaryň üstüne güýçli bir ýeli we siziň gözüňize görünmeýän birtopar ylahy goşunlarymyzy gönderdik» («Ahzap» süresiniň 9-njy aýaty) aýaty-kerimesine yşaratdyr. Mälim bolşy ýaly, kuraýyş yslam nuruny söndürmek we musulmanlary tutuşlygyna ýok etmek üçin, Bedir we Uhut söweşlerinden soňra özlerini tertibe salyp, ähli güýç-kuwwatlaryny sarp edip, arap tireleriniň arasyndan on müň esgeri daşlaryna toplapdylar we Medinäniň üstüne ýöriş edipdiler. Musulmanlar olardan şäheriň töwereginde hendek gazyp, şonuň arkasyndan goranyp bilipdiler. Şol döwürde sahabalar gorkuly ýagdaýy başdan geçiripdiler. Mynapyklar dürli-dürli myş-myşlary ýaýradyp, olary ruhdan düşürmäge çalyşýardylar. Şertnama esasynda musulmanlara garaşly bolan ýehudylarhem şolaryň ýeňsesinden duýdansyz hüjüm etmek üçin müşrükler bilen gizlin gepleşikler geçirýärdiler.

Gyşyň sowuk bir günleridi. Şol döwürde bir gije gündogar tarapdan örän sowuk we örän güýçli ýel öwsüp, müşrük goşunlaryny düw-dagyn edip, özlerine gelmez bir hala salypdy. Kuraýyş müşrükleriniň musulmanlaryň üstüne eden iň soňky ýörişi şeýle tamamlanypdy.

Ad kowumynyň heläk bolşy hakda Kurany-Kerimde beýan edilen kyssa bolsa bellidir. Ýöne ad kowumynyň heläk bolmagyna sebäp bolan debur, ýagny günbatar ýeli Hud alaýhyssalama boýun bolmadyklaryň hemmesiniň janyny alsa-da, Medinäniň eteginde müşrük goşunlarynyň dagap gitmegine sebäp bolan saba ýeli bir kişiniňhem ölümine getirmändir. Saba ýeliniň ösmegi Allahyň Resuly üçin uly ýardam bolupdyr. Gorkularyndan yzlaryna garaman gaçyp giden arap müşrükleri bolsa dört-bäş ýyldan soňratopbagy bilen yslam dinine giripdirler. Olaryň heläk edilmezliginiň hikmeti-de şudur.