543 Güýçli ýel turmagynyň Allahyň Resulyna (s.a.w.) eden täsiri
عَنْ أَنَسٍ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: كانَتِ الرِّياحُ الشَّدِيدَةُ إذا هَبَّتْ ، عُرِفَ ذَلِكَ في وَجْهِ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ.
Enes (ibn Mälik) (r.a) şeýle diýipdir: «Haýsy haçan güýçli bir ýel öwüsse, şol sebäpli derrew Allahyň Resulynyň (s.a.w) ýüzünde rahatsyzlyk alamaty peýda bolardy»1.
1 Müslimiň kitabynda hezreti Äşäniň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda bolsa: «Ýelli we bulutly howada» diýlip, Allahyň Resulynyň (s.a.w) rehmet ediji we ýuka ýürekli bir adam bolany üçin,öz ymmatyny gaýgy edip başyndan geçirýän gorkusyna diňe bir ýeliň däl,eýsem,gök ýüzünde peýda bolýan buludyňhem sebäp bolandygy aýdyňlaşdyrylýar. Musulmanlaryň enesi onuň şol wagtky ýagdaýyny beýan edip: «Ine, şeýle ýagdaýda ol bir ýerde karar tapman, eýläk-beýläk ýöremäge başlardy we ýagyş ýagyp başlanyndan soň, bu bolşundan aýňalardy» diýýär. Beýle ýagdaýa düşmeginiň sebäbini soranhezreti Äşä-de Pygamberimiz (s.a.w): «Ymmatymyň depesinden bir azabyň inmeginden gorkdum» diýip jogap beripdir. Ýagyş ýagýanyny görüp hem ol: «Bu rehmetdir» diýýär eken. «SüneniEbu Dawut» atly kitapda Ebu Hüreýräniň (r.a) adyndan beýan edilen merfuw rowaýatda: «Ýel Allahyň rehmetidir. Käte rehmet getirer, käte-de azap. Şonuň üçinhem ýel turanyny görüp, oňa sögmäň. Onuň getirip biläýjek haýryny Allahdan diläp, getirip biläýjek şerindenhem Allaha sygynyň»diýlipdir. Bu ýerde Allahyň Resuly (s.a.w): «Ýel Allahyň rehmetidir»diýmek bilen: «Ýel Allahyň bargähinden gopup gelen we haýryň inmegine ýa-da şeriň peýda bolmagyna hyzmat edýän bir mahlukdyr» diýen manyny aňlatmak isläpdir.
Tabaranynyň kitabynda Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýata görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) güýçli ýel öwsende, onuň öwüsýän tarapyna bakyp dyzyna çöker eken-de: «Allahümme inni es-elüke min haýri hääzihi, we haýri mä erselte bihi. We a’uwzu bike min şerrihä, we şerri mä erselte bihi. Allahümmej’alhärehmeten, we lä tej’alhu azäben. Allahümmej’alhä ryýahan, we lä tej’alhä riýhen», ýagny: «Allahym, şu ýeliň güýçlenmegini we haýsy hyzmat üçin gönderilen bolsa, şol hyzmatyň haýryny Senden dileýärin we şerinden hem-de ýerine ýetirmeli hyzmatynyň şerinden Saňa sygynýaryn. Allahym! Muny rehmet kyl-da, azap kylma. Allahym! Şu ýel riýäh bolsun-da, rih bolmasyn» diýip doga eder eken. Bu rowaýatdaky «riýäh» sözi ondaky «rih» sözüniň köplük sanydyr. Şoňa garamazdan, bu ýerde: «Şu ýel riýäh bolsun-da, rih bolmasyn» diýilmeginiň inçe bir tarapy bar. Çünki Kurany-Kerimde birlik sandaky «rih» sözi mydama azap aýatlarynda, köplük sandaky «riýäh» sözi hem mydama Allahyň rehmetinden söz açylýan aýatlardaulanylypdyr.
Gök gümmürdisi we ýyldyrym hem Allahyň berip biljek azabynyň alamatlarydyr. Mysal üçin, geçip giden käbir kowumlaryň Allahy inkär edendikleri we günä işlere baş goşandyklary üçin,ýyldyrym urup heläk bolandyklaryny Kurany-Kerim habar berýär. Gök gümmürdeýän we ýyldyrym çakýan zamanlarynda-da biperwaýlyga ýüz urman, Allahü tagala sygynmagyň musulmançylygyň bir alamaty bolşy ýaly, şol zamanlarda beýik sünnete tabyn bolup, Trimiziniň öz kitabynda Ibn Omaryň (r.a) adyndan beýan eden merfuw rowaýatyndaky şu dogany okamalydyr: «Allahümme lä taktulnä bi-gazabike, we lä tühliknä bi-azäbike, aafinä kable zälike», ýagny: «Allahym! Bizi gazabyň bilen öldürme, azabyň bilenhem heläk etme. Gazabyň we azabyň peýda bolmagyna ýol bermezden, bizi mundan halas et».
Hawa, gögüň ýüzüni bulut tutanyny we ýel öwsenini gören Allahyň Resulynyň (s.a.w) kalby, ine, şeýdip titrärdi. Onuňhem sebäbi ad kowumynyň başyndan inen bela-beteriň öz ymmatynyňhem başyndan inäýmeginden gorkmagy bilen baglanyşyklydy. Mälim bolşy ýaly, ad kowumy ýedi gije we sekiz gündiz yzygiderli öwsen tupanyň we olar tarapyndan gurakçylygyň soňuna çykjak bir nygmat hasap edilen buludyň peýda bolmagy netijesinde heläk bolup, onuň köki kesilipdi.