542 Ýagmyr ýaganda, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) eden dogasy
عَنْ عَائِشَةَ رَضِي الله عَنْهَا: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ كانَ إذَا رَأَى الْمَطَرَ قالَ: (صَيِّبًا نَافِعًا).
Musulmanlaryň enesi hezreti Äşe (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) ýagmyr ýagýanyny görende: «Allahümme saýýeben näfi’an»1diýip doga ederdi».
1 Käbir rowaýatlarda «Allahümme saýýeben» diýilse, käbirlerinde: «Sabben» diýlipdir. Buharynyň Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan eden tefsirine görä, «saýýeb» sözi ýagmyr diýmegi aňladýar. Şoňa görä, bu doga: «Allahym, bize peýdaly ýagmyr ber!» diýen manyny berer. «Sabb» sözi ýokardan aşaklygyna akytmagy aňladýandygy üçin, bu söz ulanylan dogada: «Allahym, ýagmyry üstümizden peýdaly bolar ýaly edip akyt» diýildigi bolýar. «Saýýeb» sözüniň umuman peýdaly ýagmyry-da, zyýanly ýagmyry-da, ýagny islendik ýagmyry aňladýandygy üçin, bu dogada: «näfi’an», ýagny: «Peýdaly» diýlip, ýörite nygtalmagynyň hikmeti düşnüklidir. Tefsirçi Aýny şunuň bilen baglylykda Ebu Dawudyň, Nesaýynyň we Ibn Majäniň üçüsiniňhem «Sünen» diýlip atlandyrylan kitaplarynda ýerleşdirilen üç sany hadysy beýan edýär. Ol hadyslaryň birinjisinde: «Allahyň Resuly (s.a.w.) gögüň ýüzünde bir buludyň peýda bolanyny gören wagtynda,derrew edip oturan işini taşlardy, ýa-da şol wagt namaz okaýan bolsa, ony gysgajyk edip okap tamamlardy we soňra: «Allahümme inni a’uwzu bike min şerrihä», ýagny: «Allahym, munuň şerinden saňa sygynýaryn» diýerdi. Ýagyş ýagmaga başlaýsa: «Allahümmej’alhü saýýiben, heni-en»diýerdi» diýlipdir.
Nesaýynyň kitabyndaky rowaýatda ýagyş ýagan wagty Allahyň Resulynyň (s.a.w): «Allahümej’alhü saýýiben, nääfi’an», ýagny: «Allahym, muny üstümizden peýdaly bir peşgeş hökmünde akyt» diýendigi aýdylsa, Ibn Majäniň kitabyndaky rowaýatda gögüň ýüzünde islendik bir bulut peýda bolanda,Allahyň Resulynyň (s.a.w) edip oturan işini hem, hatda okap duran namazyny hem taşlap, ol buluda ýüzüni öwrüp: «Allahümme innä na’uwzu bike min şerrimä ersele bihi», ýagny: «Allahym! Munuň ugradylmagynda bir şer bar bolsa, onuň şerinden Saňa sygynýaryn» diýendigi, ýagyş ýagmaga başlasa, iki ýa-da üç gezek: «Allahümme, saýýeben näfi’an»diýendigi, ýagyş ýagmazdan bulut syrylyp gitse, Allahü tagala hamdy-sena edendigi aýdylýar.
Allahyň Resulynyň (s.a.w) öz ymmaty üçin eden bu aladasy süýşüp gelýän buludyň ad kowumynyň üstüne ýagan bulut ýaly, azap buludy bolaýmagynyň mümkindiginden howatyr etmegi bilen baglanyşyklydy. Musulmanlaryň ýok edilmejekdigi, ýagny tutuşlygyna heläk bolmajakdyklary Allahyň wadasy arkaly buşlananhem bolsa, Allah gorkusy bir pursat hem ýadyndan çykmadyk Allahyň Resulynyň (s.a.w) kalby amala aşmagy örän gümana bolan şunuň ýaly howpdanhem gorkusyna titrär durardy.
Bu hadyslardan görnüşine görä, bulutlar ýagyp bolansoňlar,Allahyň Resulynyň (s.a.w) ýüzi açylyp, gorkusy zym-zyýat bolar eken. Diňe onuň bilenhem çäklenmän, gökden inen rehmet bilen teperrük edip, ýagşa ezilmek hem onuň mübärek endikleriniň biridi. Mysal üçin, Müslimiň kitabynda Enesiň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda şeýle diýilýär: «Bir gezek biz Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde ýagyşyň aşagynda galdyk. Allahyň Resuly (s.a.w.) mübärek endamyna ýagyş degsin diýip, yhramyny syrdy. «Ýa Allahyň Resuly, muny näme üçin etdiň?» diýip soradyk. Ol: «Bu Rebb Tagala we Tekaddes Hezretleriniň şu wagt ýaradan bir zadydyr. Şol sebäpli şeýle etdim» diýip jogap berdi».