541 Istiska dogasynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ellerini, goltuklarynyň agy görünýänçä, ýokary galdyrmagy

Başy » ISTISKA (ÝAGMYR DILEME) NAMAZY KITABY » 541 Istiska dogasynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ellerini, goltuklarynyň agy görünýänçä, ýokary galdyrmagy

       عَنْ أَنَس بْنِ مالِكٍ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: كَانَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ لا يرْفَعُ يدَيهِ فِي شَيءٍ مِنْ دُعَائِهِ إلاَّ في الاسْتِسْقَاءِ ، فَإنَّهُ يرْفَعُ حَتَّى يُرَى بَياضُ إبْطَيهِ.

 

Enes ibn Mälik (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) istiska dogasyndan beýleki dogalaryň hiç birinde ellerini ýokary galdyrmazdy1. Istiska dogasynda bolsa,goltuklarynyň agy görünýänçä, mübärek ellerini ýokary galdyrardy».

 

1 Dogada elleriňi ýokary galdyrmak bilen baglanyşykly jikme-jiklikler 505-nji hadysyň düşündirişlerinde beýan edilipdi. Istiskadan başga sebäpler bilen baglylykda-da Allahyň Resulynyň (s.a.w) iki elini ýokary galdyryp, doga edendigi barada Buharynyň we Müslimiň kitaplarynda we «Sahyh», «Sünen» atlandyrylan kitaplarda köpsanly rowaýatlar bar. Mysal üçin, «SüneniEbu Dawut» atly kitapda beýan edilen rowaýata görä, Ibn Apbas (r.a) sual, ýagny adaty doga edilende; istigfaredilende, ýagny Allahdan günäňi geçmegi dilenende we ibtihaledilende, ýagny Allaha ýalbarylananda el bilen edilýän hereketler hakda gürrüň berip: «Sual iki eliňi birlikde uzatmakdyr» diýipdir. Başga bir ýoldan gelen rowaýatda bolsa: «Ibtihal şeýledir» diýlip, şol ýagdaýda iki eliňi, arka taraplary ýüzüň deňine çenli baryp ýetýänçä, ýokary galdyrmalydygy aýdylýar.

Enesiň (r.a) bu hadysda berýän habary ýa onuň elleriňi has ýokary, meselem, ýüzüň ýa-da kelläň deňine çenli galdyrmagyň diňe istiska dogasyna mahsusdygyny düşündirmek isländigi bilen baglanyşyklydyr, ýa bolmasa, ol istiskadan başga wagtda iki elleriň ýokary galdyrylyşyna gabat gelmändir. Ýöne beýleki dogalarda-da (öňhem aýdyp geçişimiz ýaly) Allahyň Resulynyň (s.a.w) mübärek ellerini ýokaryk galdyrandygy bellidir. 505-nji hadysyň düşündirişinde Umara ibn Rüýeýbäniň (r.a) adyndan beýan edilen hadys barada-da şuny aýtmak mümkin.