540 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) istiskada tahwili-ridä (ýapynjany çöwre geýmek) etmegi

Başy » ISTISKA (ÝAGMYR DILEME) NAMAZY KITABY » 540 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) istiskada tahwili-ridä (ýapynjany çöwre geýmek) etmegi

     عَنْ عَبْدِ الله بْن زَيدٍ رَضِي الله عَنْه قَالَ: خَرَجَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَسْتَسْقِي ، فَتَوَجَّهَ إِلَى الْقِبْلَةِ يَدْعُو ، وَحَوَّلَ رِدَاءَهُ ، ثُمَّ صَلَّى لَنَارَكْعَتَيْنِ ، جَهَرَ فِيهِمَا بِالْقِرَاءَةِ.

 

Abdullah ibn Zeýt (r.a)1 (r.a) şeýle diýipdir: «Men Allahyň Resulyny (s.a.w.) ýagmyr dogasyny etmek üçin namaz okalýan ýere çykanda synlapdym. Ol doga etmäge başlamak üçin mübärek arkasyny adamlara tarap öwürdi we kybla tarapabakyp durdy. Soňra ridäýi-şeribini tahwil edip (çöwreligine geýip), bize iki rekagat namaz okatdy we rekagatlaryň ikisinde-de kyragatydaşyndan okady».2

 

1 Bu adam (533-nji hadysyň düşündirişinde-de duýdurylyşy ýaly) düýşüne azanyň sözleri giren Ebu ibn Zeýt ibn Abdyrebbihden (r.a) başga biri bolmak bilen, käbirleriniň çaklaýyşlarynyň tersine Abdullah ibn Ýezit Hatmy(r.a) hem däldir. Şonuň üçinhem bu hadysy Abdullah ibn Zeýdiň (r.a) gürrüň berendigine şübhe galmaýar.

2 Bu hadysa degişli maglumatlar 533-nji hadysyň düşündirişlerinde beýan edilipdi.