539 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) istiskada mübärek ellerini galdyryp, üç gezek: «Allahümme egisnä!» diýendigi hakda
وَعَنْهُ رَضِي الله عَنْهُ: فَرَفَعَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ رَفَعَ يدَيهِ ثُمَّ قالَ: (اللَّهُمَّ أغِثْنَا ، اللَّهُمَّ أغِثْنَا ، اللَّهُمَّ أَغِثْنَا).
Enes ibn Mälik (r.a) şeýle diýipdir1: «Allahyň Resuly (s.a.w) mübärek ellerini ýokary galdyryp:«Allahümme egisnä!Allahümme egisnä!Allahümme egisnä!»1 diýip doga etdi».2
1Bu jümle: «Bize ýagmyr ber» diýen manyny aňladyşy ýaly: «Biziň ýardamymyza ýetiş, ýa Reb!» diýen manyny hem berýär.
2Bu hadys şundan öňki 538-nji hadysyň gaýtalanmasy bolany üçin, bu ýerde onuň diňe Buharynyň kitabynda başga bir ýoldan beýan edilen nusgasyndaky şu bölek, ýagny Allahyň Resulynyň (s.a.w) haýsy sözler bilen doga edendigi habar berilýän bölek Zebidiniň «Tejridine» girizilipdir.