537 Hezreti Omaryň (r.a.) Apbas ibn Abdylmuttalyby wesile (araçy) edinip, istiska etmegi. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) istiska dogalary

Başy » ISTISKA (ÝAGMYR DILEME) NAMAZY KITABY » 537 Hezreti Omaryň (r.a.) Apbas ibn Abdylmuttalyby wesile (araçy) edinip, istiska etmegi. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) istiska dogalary

 

    عَنْ أَنَسٍ بْنِ مَالِكٍ رَضِي الله عَنْهُ: أَنَّ عُمَرَ بْنَ الْخَطَّابِ رَضِي الله عَنْهُ كَانَ إِذَا قَحَطُوا اسْتَسْقَى بِالْعَبَّاسِ بْنِ عَبْدِ الْمُطَّلِبِ ، فَقَالَ: اللَّهُمَّ إِنَّا كُنَّا نَتَوَسَّلُ إِلَيْكَ بِنَبِيِّنَا فَتَسْقِينَا ، وَإِنَّا نَتَوَسَّلُ إِلَيْكَ بِعَمِّ نَبِيِّنَا فَاسْقِنَا ، قَالَ فَيُسْقَوْنَ. 

 

Enes ibn Mälik (r.a) şeýle diýipdir: «Adamlar gurakçylygawe gytçylyga duçar bolanlarynda,Omar ibn Hattap (r.a) Allahyň Resulynyň (s.a.w) kakasynyň dogany Apbas ibn Abdylmuttalyp bilen birlikde ýagmyr dogasyna çykardy we: «Allahym, biz heniz dirikä Pygamberimizi (s.a.w) araçy edinip1, Saňa dileg salardyk. Senhem bize ýagmyr bagyşlardyň. Häzir bolsa Pygamberimiziň kakasynyň doganyny araçy edinip, Saňa dileg salýarys2: bize ýene ýagmyr bagyşla» diýip doga ederdi».

Rawy Enes (r.a): «Bu dogany edeninden soňraýagmyr ýagdyrylardy»3 diýýär.

 

1 Jöwheriniň beýan etmegine görä, başga bir zada ýakynlaşmaga sebäp bolan zada «wesile», ýagny araçy diýilýär. Hökmi güýçli bir adamyň ýanyna bir işi çözmek maksady bilen gös-göni barmagyň kyndygy üçin, onuň ýakyn adamsynyň ara salnyşy ýaly, Hakyň dergähine ýakynlaşmak üçin salyh (günäsiz) adamlar hem, şerigatyň makullaýan işleri hem wesile edilip bilner.

2 Apbas ibn Abdylmuttalyp (r.a) Allahyň Resulynyň (s.a.w) öwgüli taraplary kän bolan hormatly kakasy Abdullah ibn Abdylmuttalybyň ganybir dogany bolany üçin, şol döwürde Pygamberimize iň ýakyn bolan adamdy. Şunça sahabanyň arasynda hezreti Omaryň (r.a) ony araçy edinmegi hut şu ýagdaý bilen baglanyşyklydy.

Hezreti Omaryň (r.a) bu hereketi möhüm işler ediljek bolnanda haýyrly işleri, dogruçyllygy bilen tanalýan adamlary, hususanam,Pygamberimiziň (s.a.w) ýakyn garyndaşlaryny araçy edinmegiň mustahapdygyny görkezýär. Şeýdip, araçy edinmegiň diňe bir bu ymmata mahsus aýratynlyk däldigi ýehudy alymlarynyň rowaýatlaryndan aňlanylýar. Olaryň aýtmagyna görä, ysraýyl tiresi-de gurakçylyga we gytçylyga sezewar bolanlarynda,öz tabyn bolan pygamberleriniň ýakyn garyndaşlaryny wesile edinip, ýagmyr dogasyna çykar ekenler. Ebu Bekr (r.a) hem dinden çykan tiräniň garşysyna haýsy haçan goşun çykarsa, şol goşuny ugratmak üçin Apbasy-da (r.a) ýanyna alyp, Medinäniň daşyna çykar eken we oňa: «Ýa Apbas, sen ýeňiş gazanmagymyz üçin doga et, menhem: «Ämin» diýeýin. Allahyň Resulyna(s.a.w) ýakynlygyň sebäpli dogaň biderek bolmajakdygyna bil baglaýaryn» diýer eken.

3 Bu hadysy-şerifde gürrüňi edilýän waka Ammyr-Ramadaady bilen belli bolan uly bir gahatçylykýylynda ýüze çykypdyr. Bu gahatçylykhijriniň on sekizinji ýylynda hajdan dolanyp gelneninden soňrabaşlanyp, dokuz aý dowam edipdir. «Ramada» sözi ýa «ýok etmek» diýen manyny berýän «ramd» sözünden, ýa-da «kül» diýen manyny berýän «ramad» sözünden emele gelendir. Şol ýyl Arabystan ýarymadasyna ýagyş ýagman, adamlarhem, haýwanlarhem aç galypdy. Hezreti Omar (r.a) Medinäniň ýaşaýjylaryny açlykdan gutarmak üçin,töwerekdäki emirlere hat ýazyp, olardan azyk ibermeklerini talap etdi. Siriýäniň emiri Ebu Ubaýdanyň (r.a) ýollan dört müň ýüklük azygy bilen Palestinanyň emiri Amr ibn Asyň Müsürden deňziň üsti bilen ýollan bir gämi ýüki bugdaýy medinelileriň düşen kyn ýagdaýyny biraz ýeňilleşdirdi. Bir tarapdanhem istiska ýaly ruhy wesilelerdenhem ýüz öwrülmän, şu hadysyň metininde aýdylyşy ýaly, Allahyň Resulynyň (s.a.w) kakasynyň doganyny araçy tutunyp, doga edipdirler.

Rowaýatda aýdylyşyna görä, istiska güni hezreti Omar (r.a) Apbasy (r.a) hem ýanyna alyp, Medinäniň ýaşaýjylaryny namazgähe çykarypdyr. Ol Apbasy (r.a) öz ýany bilen münbere çykarypdyr we bileginden tutup, aýak üstüne galdyrypdyr. Özi bolsa gözlerini asmana dikip: «Allahym, biz Pygamberimiziň kakasynyň doganyny wesile edinip, saňa ýakynlaşmak isleýäris. Kitaby-Kerimiňde:وَأَمَّا الْجِدَارُ فَكَانَ لِغُلَامَيْنِ يَتِيمَيْنِ فِي الْمَدِينَةِ وَكَانَ تَحْتَهُ كَنْزٌ لَهُمَا وَكَانَ أَبُوهُمَا صَالِحًا  = «We emmel-jidärü fe-käne li-gulämeýni ýetiýmeýni fil-mediýneti we käne tehtehuw kenzün lehümä we käne ebuwhümä saalihan» (golaý manysy: «Diwar babatda aýdylanda bolsa, ol şäherdäki iki sany ýetim çaganyňkydy we ol diwaryň aşagynda olara degişli bir hazyna bardy. Kakalary bolsa gowy bir kişidi»(«Kehw» süresiniň 82-nji aýaty)) diýdiň. Aýdanyň hakdyr, dogrudyr. Gürrüňlerini eden bu iki ýetimiňikakalarynyň gowudygy sebäpli gorap sakladyň. Öz Pygamberiňi hem kakasynyň dogany sebäpli hoş et. Sebäbi biz ony şepagata wesile edinip, eden günälerimize-de toba edip, Saňa ýakynlaşýarys» diýip doga edeninden soň, şol ýere üýşen adamlara ýüzlenip: فَقُلْتُ اسْتَغْفِرُوا رَبَّكُمْ إِنَّهُ كَانَ غَفَّارًا  يُرْسِلِ السَّمَاءَ عَلَيْكُمْ مِدْرَارًا  وَيُمْدِدْكُمْ بِأَمْوَالٍ وَبَنِينَ وَيَجْعَلْ لَكُمْ جَنَّاتٍ وَيَجْعَلْ لَكُمْ أَنْهَارًا= «Fe-kultüstagfiruw Rebbeküm innehuw käne Gaffaaran. Ýürsilüssemääää-ealeýküm midraran. We ýümdidküm bi-emwälin be beniýne. We ýejgal leküm jennätin we ýejgal leküm enhären»(golaý manysy: «Rebiňizden günäleriňizi bagyşlamagyny diläň, çünki ol günäleri geçmegi örän gowy görýär. Ol üstüňize bol-bol ýagmyr ýagdyrar ýaly, baýlyklaryňyzy we ogullaryňyzyň sanyny köpelder ýaly, size bagy-bossanlary, derýalary yhsan eder ýaly [günäleriňizi bagyşlamagyny diläň!] » («Nuwh» süresiniň 10-12-nji aýatlary)) aýaty-kerimelerini okady. Şol wagt Apbas (r.a) gam-gussaly, gözleri ýaşly halda süýem barmagyny dynman döşüniň üstünde gezdirip, aýak üstünde durdy we: «Allahym, synlaýan, görýän Sensiň. Ne güýçden gaçan jandary şol halynda goýarsyň, ne-de aýagy döwlen düýäniň ugruna seredilmejek bir ýerde heläk bolmagyna ýol berersiň. Allahym, indi çagalar güýçden gaçdy, garrylar iňňä, ýüplügedöndi,şikaýat sesleri asmanlara göterildi. Allahym, Sen bolsa gizlin, hatda iň gizlin bolan zatlary-da bilýärsiň. Şeýlebolsa, Allahym,bu gullaryňyň dadyna ýetiş. Jan dyndarýan howandarlygyň bilen olara ýardam et. Olar Pygamberiňe (s.a.w) bolan ýakynlygym sebäpli maňa ýapyşyp, saňa ýakynlaşmaga çalyşýarlar» diýip doga edýärdi.

Zubaýr Ibn Bekkäriň «KitäbülEnsäbinde» Ibn Omaryň (r.a) adyndan ýerleşdiren bir rowaýatyna görä, hezreti Omar (r.a) şol gün okan hutbasynda: «Ogul öz kakasyna nähili garaýan bolsa, Allahyň Resuly-da (s.a.w) Apbasa şonuň ýaly garaýardy. Şeýle bolsa, eý adamlar, sizhem onuň kakasynyň dogany Apbas babatda Allahyň Resulynyň (s.a.w) göreldesine eýeriň we ony Allaha ýakynlaşmak üçin wesile ediniň» diýipdir. Başga bir rowaýatda aýdylyşyna görä bolsa, Apbas (r.a): «Allahym, hiç bir bela günä edilmezden inderilmez, toba edilmezdenhem aradan aýrylmaz. Ine, Pygamberiňe bolan garyndaşlyk gatnaşygym sebäpli bu adamlar meni wesile edinip, Saňa ýüzlenýärler. Ine, ellerimiz günäler bilen hapalanan ýagdaýynda Saňa tarap ýokary galdyrylandyr. Ýüzlerimizhem toba edip, Saňa tarap bakýandyr. Indi rehim edip, bize ýagmyr ber!» diýip doga edýär. Ibn Apbasyň (r.a) adyndan gürrüň berlen bir hadysda ol öz kakasynyň: «Allahym, sende bulutbardygy şübhesizdir, Sende suw bardygy hem şübhesizdir. Bulutlary gök ýüzüne ýaý, olardan suw çykar, ol suwlary-da depämizden inder. Bu ýagyşlar bilen ösümlikleriň köklerine güýç ber. Azyklaryny bereketlendir we haýwanlaryň emjeklerini çişir. Allahym, dilsiz dowarlarymyz, sygyrlarymyz, düýelerimiz üçin Senden howandarlyk isleýäris. Allahym, bize külpetsiz, maksada laýyk, her tarapy öz içine alýan bir ýagmyr bagyşla. Allahym, biz diňe Saňa, hiç bir şärigi bolmadyga, ýagny diňe Saňa ýalbaryp-ýakarýarys. Allahym, ähli takatsyzlaryň takatsyzlygyny, ýoksullaryň ýoksullygyny, açlaryň açlygyny, çyplaklaryň çyplaklygyny, gorky içinde galanlaryň gorkularyny Saňa arz edýäris. Özüň kömek ber!» diýip doga edendigini aýdýar. Hezreti Apbasyň (r.a) eden dogasy hakdaky bu dürli-dürli rowaýatlaryň arasynda gapma-garşylyk ýokdur. Istiska wagtyndaky ýalbaryş we dileg, elbetde, uzaga çekipdir. Şonuň üçinhem rawylaryň her biri Apbasyň (r.a) dogasynyň bir bölegini ýat belläp, gürrüň beripdir. Bu dogalaryň her biri Pygamberiň beýik neberesine degişli bolan adamlaryň suhangöýedilip ýaradylandygyhakdaky ygtykadyň Apbas (r.a) tarapyndan ýüze çykarylan delilleridir.

Indi Allahyň Resulynyň (s.a.w) başga rowaýatlar arkaly ymmatyna gowşan istiska dogalarynyň käbirlerini ýatlap geçmegiň wagty geldi.

Tabaranynyň öz kitabynda Ebu Umama Bähiliniň (r.a) adyndan beýan eden hadysyndaky istiska dogasynda üç gezek: «Allahümeskynä» diýleninden soňra: «Allahümmerzüknä semenen we lebenen, we şahmen we lahmen», ýagny: «Allahym, ýagdan, süýtden, semiz etden ryskymyzy ber» diýlip doga edilipdir.

«SüneniBeýhaky» kitabynda Abdullah ibn Jeradyň (r.a) adyndan beýan edilen hadysa görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) istiskada şeýle bir mübärek doga edipdir: «Allahümme gaýsen mugysen, meri-en, tuwessi’u bihi li-ybädike, tu’azziru bihiz-zar’a, we tuhýi bihiz-zer’a», ýagny: «Allahym, Senden gullaryňa giňlik berjek, haýwanlaryň emjeklerini süýtden doldurjak, ekinlere jan berjek jan dyndaryjy, siňňitli bir ýagmyr dileýäris».

Ebu Dawudyň öz kitabynda Abdullah ibn Amr ibn Asyň (r.a) adyndan beýan eden rowaýatyndaky doga şeýledir: «Allahümmesky ybädeke we behäimeke wenşur rehmeteke weahýibeledekel-meýýit»,ýagny: «Allahym, gullaryňy, dilsiz haýwanlaryňy suwa ýak. Rehmetiňi ýaý, ölen topragyňy direlt!».

Ebu Awananyň öz kitabynda Sagt ibn Ebu Wakgasyň (r.a) adyndan beýan eden hadysyna görä, bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) suwsuz bir jülgede goş ýazdyrypdyr. Müşrükler bu ýere musulmanlardan öňürti gelip, suwuň başyny alan ekenler. Mynapyklardan biriniň: «Pygamberligi çyn bolsa, öz kowumy üçin istiska ederdi» diýenini eşiden Pygamberimiz (s.a.w) mübärek ellerini ýokary göterip: «Allahümme jellilnä sahaaben kesiýfen, kanyýfen, zeluwlen, mahluwfen zebrejen, tumtirunu minhu razäzen, katkatan, musahhalan, bi’akan, ýä zäl-jeläl wel-ikra, ýagny: «Allahym, bize her tarapy gaplap aljak goýy, suwly, gök gürrüldisiz we ýyldyrymsyz, yzy dowamly gyzyl öwüsýän bir bulut yhsan et. Goý, ol bulutdan biziň üstümize sepelenip ýagýan, damjalarynyň arasy kesilmejek, bol we artyk bir ýagyş ýagsyn. Ýa beýiklik we hormat eýesi bolan Rebbim!» diýip doga edipdir we heniz mübärek ellerini aşak indermänkä asmany, gögüň ýüzüni bulut tutup, edil Pygamberimiziň (s.a.w) dilän ýagşy ýaly ýagyş ýagypdyr.

Şonuň ýaly-da, Beýhakynyň, Ebu Nugaým Yspyhanynyň kitaplarynda we Tabaranynyň «MugjemiSagyr» atly kitabynda Ebu Lübäbäniň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýata görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) juma namazlarynyň birinde hutba okanda: «Allahümmes-kynä»(«Allahym, bize ýagmyr ber») diýip doga edipdir. Ebu Lübäbe (r.a) guratmak üçin içine hurma serlip goýlan ambarlaryň suwdan dolup, hurmanyň zaýalanyp biljekdigini aňynda aýlap: «Ýa Allahyň Resuly, hurmalar ambarlardadyr» diýip, onuň istiska etmegine päsgel bermek islese-de, Pygamberimiz (s.a.w): «Allahümmeskynu hattä ýakuwme Ebu Lübäbe urýaneten ýesuddu merbedeh bi izärihi», ýagny: «Allahym, Ebu Lübäbe ýalaňaç halda ýerinden galkyp, hurma serip goýan ambarynyň deşigini öz öňlügi bilen dykmaga mejbur bolýança,bize ýagmyr ber»diýip doga edipdir. Bu dogany eden wagty gögüň ýüzünde hiç hili bulut bolmasa-da, onuň yzýanyndan gögüň ýüzi garalyp, ýagyş ýagmaga başlapdyr we hurmalara zyýan ýeter gorkusy peýda bolup başlanda,ähli ensar Ebu Lübäbäniň daşyny alyp: «Ýa Ebu Lübäbe, sen Allahyň Resulynyň (s.a.w) diýenlerini ýerine ýetirýänçäň,bu ýagmyryň yzy üzülmez» diýipdirler. Ol hem ýalaňaç halda ýerinden galkyp, öňlügi bilen öz ambarynyň deşigini dykypdyr we şondan soňra ýagyş kiparlapdyr.

Ibn Asakyryň öz kitabynda Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan eden rowaýatyna görä bolsa, Allahyň Resuly (s.a.w.) kellesine gara bir amamageýip, egnindenhem ýaý asyp, Medineden çykyp, birýere barypdyr. Ol ýerde kybla dönüp we tekbir alyp, sahabalaryna iki rekagat namaz okadypdyr. Bu iki rekagatyň birinjisinde «Tekwir» süresini, ikinjisinde-de «Duha» süresini «Fatyha» süresiniň yzyna goşupdyr. Ondan soňra gahatçylygyň bolçulyga öwrülmegine yşarat hökmünde ridäýi-şeribini çöwrüp, Allaha hamdy-sena edeninden soň, mübärek ellerini galdyryp, şeýle doga edipdir: «Allahümme zaahat bilädünä, we agbarat arzunä, we hänet dewäbbünä. Allahümme, münzilül-berekäti min emäkinihä, näşirir-rehmeti min ma’adinihä. Entel-mustagfyr minel-elmäm, fe-nestagfiruke lil-jemmäti min zunuwbinä we netuwbu ileýke min azyými hataýänä. Allahümme ersilis-sem-ealeýnä midraren, wäkifen magzuran min tahti arşike, min haýsüýenfa’unä gaýsen mugyýsen, wädy’an, raay’an, mumry’an, tabakan, aammen, hasaban, tusri’u lenä bihin-nebäti, we tuksiru lenä bihil-berekäti, we tukbimu bihil-haýrat. Allahümme inneke kulte fiý kutäbike: «We ja’alnä minel-äikulle şeý-in haýýun». Allahümme lä haýäte li- şeý-in halkun minel-mä-iillä bil-mä-i. Allahümme we kad kanytan-näs, ew men kanyta minhüm, we sääýe zannyhum we häämet behää imuhüm, we ajjet ajiýjes-süklä ilä ewlädihä, iz hubiset annä kataris-semä’i fe-dakka li zälike azmühä, we zehebe lahmühä, we zääbe şahmühä. Allahümmerham eniýnel-änneti, we haniýnet-taanneti, we men lä ýahmalu ryzkahu gaýreke. Allahümmerhamil-behääimel-haaimeti, wel-en’aamis-sääimeti, wel-atfaalys-saaimeti. Allahümmerhamil-meşäýiher-rukka’, wel atfalir-ruzza’, wel-behä’ imerrutta’. Allahümme zidnä kuwweten ilä kuwwetinä, we lä teruddenä mahruwmiýn. Inneke semi’id-du’aai. Birahmetike ýä erhamarrahyýmiýn!», ýagny: «Allahym, ülkelerimiz boşap galdy. Topragymyz küle döndi. Mallarymyz azaldy. Ýa bereketleri bar ýerlerinden aşak inderen, rehmeti rehmet magdanlaryndan çykaryp, ýaýan Allahym! Kiçi günäleriň geçilmegi hem diňe Senden dilener. Şonuň üçinhem ähli günälerimizi geçmegiňi-de Senden dileýäris, uly günälerimiz üçin Seniň öňüňde toba edýäris. Allahym, bulutlary akgynly, bol-bol damjaly we Ylahy Arşyň aşagyndan bize peýdaly boljak görnüşde bereketlenen halda ugradyp, üstümize ýagdyr. Ýöne ýagjak ýagyş jan dyndarýan, biz üçin kynçylyk döretmeýän, yzly-yzyna ýagyp, egsilmeýän, miwe ýetişdirýän,her bir tarapy gaplap alyp, hemmeler üçin elýeterli, arzançylyk döretjek bir ýagyş bolsun. Ol ýagyşyň arkasyndan otlar tiz gögersinler, biziň üçin bereket köpelsin we haýyrly işler bizi garşy alyp, bizi terk etmesin. Allahym, Sen Kitaby-Kerimiňde:وَجَعَلْنَا مِنَ الْمَاءِ كُلَّ شَيْءٍ حَيٍّ = «We jagalnä minel-määää-i külle şeý-in haýýin» (golaý manysy: «Biz diri bolan her bir zady suwdan ýaratdyk» («Enbiýa» süresiniň 30-njy aýaty)) diýýärsiň. Allahym, suwdan ýaradylanlaryň suwdan başga bir zat bilen ýaşamagy makul däldir. Allahym, köpçülik umytsyzlyga düşdi, has dogrusy, olaryň umytsyzlyga düşenleri umydyny ýitirdiler we şübhelenmäge, ygtykat dawalaryna ýüz urmaga başladylar. Mallary suwsuz galypdyr! Ol mallar,balasyny aldyran ene nähili iňleýän bolsa, şonuň ýaly edip iňleýärler. Çünki,ýagmyr damjalaryny bizden gizlediň-de, şol sebäpli süňkleri inçeldi, etleri gitdi, ýaglary eredi. Allahym, iňleýänleriň iňňildisine, güýçsüzlikden ýaňa sesi çykmaýanlaryň aglamasyna we Senden başga rysklaryny berjek hiç kimsesi bolmadyk biçärelere rehmiň insin! Allahym, suwsuz galan dört aýakly haýwanlara, öri küýseýän mallara, iýmitsiz galan çagalara rehmet et. Allahym, bize bagyşlan güýç-kuwwatyňy artdyr we bizi mahrum etme. Doga-dilegimizi eşidip, rehmetiň bilen olary kabul etjek Sensiň, ýa erhamerrahyýmiýn!»