536 Allahyň Resulynyň (s.a.w.), heniz çagaka, Ebu Talyp bilen birlikde istiska dogasyny etmäge çykmagy. Ebu Talybyň meşhur kasydasy

Başy » ISTISKA (ÝAGMYR DILEME) NAMAZY KITABY » 536 Allahyň Resulynyň (s.a.w.), heniz çagaka, Ebu Talyp bilen birlikde istiska dogasyny etmäge çykmagy. Ebu Talybyň meşhur kasydasy

     عَنِ ابْنِ عُمُرَ رَضِي الله عَنْهُمَا قالَ: رُبَّمَا ذَكَرْتُ قَوْلَ الشَّاعِرِ ، وَأَنَا أَنْظُرُ إلَى وَجْهِ رَسُولِ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يسْتَسْقِي ، فَمَا ينْزِلُ حَتَّى يجِيشَ كُلُّ مِيزَابٍ ، وَهُوَ قَوْلُ أَبِي طَالِبٍ:

وَأَبْيَضَ يُسْتَسْقَى الْغَمَامُ بِوَجْهِهِ 

ثِمَالُ الْيَتَامَى عِصْمَةٌ لِلأَرَامِلِ.

 

Abdullah ibn Omar (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w) Medinede münbere çykyp istiska edişini1 we, münberden aşak inip-inmänkä, ähli ýaplaryň dolup-daşyp akyşlaryny görenimde, onuň mübärek ýüzüne baka-baka, şahyryň: «Ýüzi akdyr. Onuň ýüzüniň haky üçin bulutlaryň ýagmyr ýagdyrmagy dilener. Ol ýetimleri doýrujydyr, dullaryň sygynýanydyr» diýen sözlerini (rawy Abdullah ibn Dinar Adawynyň aýtmagyna görä, bu sözler Ebu Talyba degişlidir) kän gezekler ýadyma salandyryn»2.

 

1Allahyň Resulynyň (s.a.w) bu istiskasynyň onuň öz islegine görä edilmän, adamlaryň haýyş etmekleri netijesinde ýüze çykandygy çak edilýär. Mysal üçin, «Delaili Beýhaky» atly kitapda Enes ibn Mäligiň (r.a) adyndan beýan edilen şeýle bir rowaýat bar: «Çarwa araplaryň biri Allahyň Resulynyň (s.a.w) huzuryna gelip gurakçylykdan zeýrenmek bilen: «Ýa Allahyň Resuly, Allahdan ant içýärin: biziň ne iňňildäp biljek düýämiz galdy, ne-de aglap biljek çagamyz» diýip, şeýle manyly şygry okap beripdir: «Sen diýip geldik, ýa Allahyň Resuly! Düşen günümiz-ä şeýle: agyr zähmetden ýaňa ýaş gyzlarymyzyň synalary ganaýar, çagaly eneleriň öz balalaryna seretmäge wagtlary ýok. Ýetginjeklerimiziňhem açlykdan ýaňa elleri aşak sallahyp, agyzlaryndan gowy-erbet hiç bir söz eşitjek gümanyň ýok. Adamyň iýip biläýjek zatlaryndan bu ýyl bizde Ebu Jehiliň garpyzyndan (türşekden) we ýönekeýje bir ilhizden başga zat galmady. Indi senden başga sygynara ýerimiz galmady. Aslynda halkyň sygynjaklary Pygamberler bolman, başga kimler bolup biler?» Bu ýerde ady tutulýan ilhiz bir tagamyň ady bolup, araplaryň örän gurakçylyk, gahatçylyk zamanlarynda düýäniň tüýüni gana ýugrup, mäjum edip, nahar ýerine zadydyr. Ösümlikleriň bir görnüşine-de şeýle at berilýär. Şondan soňraAllahyň Resuly (s.a.w.) derrew ridäýi-şeribini süýräp, ýerinden galkdy we münbere çykyp, Allahü tagala hamdy-sena etdi. Soňra: «Allahümmeskynä gaýsen meri-en, murygan, tabakan, figan, gaýra zaarin, aajilen, gaýra raaisin temle-u bihiz-zarga we tünbitu bihiz-zarga, we tuhýi bihil-arza bagde mewtihä we kezälike tuhrajuwn»ýagny: «Allahym, bize mylaýym we içime ýaramly, bereketli, her tarapy öz içine alýan, peýdaly we zyýan bermeýän, gyssagly we gijä galmaýan, haýwanlaryň emjeklerini süýtden doldurjak, ekinleri gögertjek, topraklary ölenlerinden soňra direltjek bir rehmet ber. Eý, jemagat, bilip goýuň: Allahyň aýdyşy ýaly siz hem gabyrlaryňyzdan şeýdip çykjaksyňyz» diýdi».

Ibn Omaryň (r.a) gürrüňini edýän istiskasynyň adamlaryň haýyşlary sebäpli ýerine ýetirilendigini Enesiň (r.a) gürrüň beren bu rowaýatynyň ahyrky bölegi has hem aýdyň görkezýär. Sebäbi Enes (r.a) ýokardaky sözlerden soňraşeýle diýýär: «Allahdan ant içýärin: Allahyň Resuly (s.a.w.) doga etmek üçin ýokary göteren ellerini heniz aşak indermänkä, ýagyş ýagmaga başlap, bedre bilen guýlan ýaly boldy. Köp wagt geçmänkä Medinäniň töwereklerinde ýaşaýan adamlar gelip: «Aman, gark bolýarys, gark bolýarys!» diýip, gygyryşmaga başladylar. Allahyň Resuly (s.a.w.) mübärek ellerini ýene bir gezek ýokary galdyryp: «Daş töweregimize ýagdyr, üstümize ýagdyrma» diýip doga etdi. Şol wagt bulutlar Medinäniň üstünden çet gyralarasyryldy. Bu haly gören Allahyň Resuly (s.a.w.) mübärek dişlerini görkezip ýylgyrdy we: «Ebu Talyba berekella! Häzir ol şu ýerde bolsady, bulary öz gözi bilen görerdi. Onuň şygryny bize kim okap berip biler?» diýdi. Şondan soňraAly ibn Ebu Talyp aýak üstüne galyp: «Ýa Allahyň Resuly, ýalňyşmaýan bolsam, ol şeýle bolmaly» diýip, birnäçe beýt şygyr aýtdy. Ol beýtleriň manysy: «Ýüzi akdyr. Onuň ýüzüniň haky üçin bulutlaryň ýagmyr ýagdyrmagy dilener. Ol ýetimleri doýrujydyr, dullaryň sygynýanydyr. Haşym tiresiniň garyplary oňa sygynýar. Haşym tiresi onuň saýasynda nygmata gark bolandyr, bol-bol engamlara eýe bolandyr. Eý kuraýyş, Beýtullahdan (Käbeden) ant içýärin: siz özüňizi aldaýarsyňyz, hem hyýallara göwün berýärsiňiz. Biz bilen, ýagny Muhammediň töwereginde perwana ýaly pyrlanýanlar bilen döwüşmezden we söweşler gurmazdan, ony duýdansyz öldürmek baradaky niýetiňiz amala aşar öýdýärsiňizmi? Hemmämiz onuň töwereginde jan bermän, aýalymyzdyr çagalarymyzy unutdyrjak pidakärlik bilen ony goraman, siziň eliňize beräýer öýdýäňizmi?»

Aly ibn Ebu Talyp (r.a)beýtleri okap bolup: «Şu sözleri göz öňünde tutýarsyňyzmy?» diýipseslendi.Allahyň Resuly(s.a.w): «Hawa» diýdi. Şondan soňrakinäne tiresinden biri ýerinden turup, birnäçe beýt şygyr okady. Ol bentleriň manysy şeýledi: «Allahym, Saňa öwgi bolsun! Allahyň Resulynyň ýüzüniň nurunyň hormatyna bize ýagmyr bagyş edildi. Şükür edýänler hem biziň edişimiz ýaly edip hamd aýdyp, şükür edýändirler. Ol şanly Pygamber Halyga bir gezek doga etdi. Doga edende-de oňa tarap gözlerini dikdi. Arkasyndaky ýapynjasyny alyp taşlamak üçin zerur bolan wagt geçdi ýa geçmedi, birden şarryl-şarryl edip ýagyş ýagyp başlandygyny gördük. Ol ýagmyr tulumlap guýlan ýaly dälmidi? Ine, mudar, Allah seni şeýdip halas etdi. Allahyň Resulynyň doganoglan agasy, gözel ýüzli, dogry sözli, alny açyk Ebu Talybyň diýşi ýaly boldy. Allaha şükür eden kişi öňküsindenhem köp zat gazanar. Allahy inkär eden hem öz başyny bela sokar». Bu sözleri diňlän Allahyň Resuly (s.a.w.) ol adama: «Gözel söz sözlän bir şahyr bar bolsa, seniň sözüň gözeldir» diýipdir.

2 Bu owazly kasydany Ebu Talyp haşym we muttalyp tireleri bilen birlikde gabawyň içinde galan döwürleri aýdypdyr. Allahyň Resulynyň (s.a.w) pygamberlik dawasyndan el çekmegini gazanjak bolup, onuň özüne, iman getirenlere ýa-da olaryň garyndaşlaryna, ýa bolmasa, wyždanlaryna gulak asyp, oňa tarapdarlyk edenlere jebir etmekden kuraýyşlylar hem çetde durmandylar. Hemme ýagdaýlary göz öňünde tutup edýän ýamanlyklarynyň, adam çekip-çydardan çökder bolan jebir-sütemleriniň mydama puja çykýandygyny görenlerinden soň, olar Allahyň Resulyny (s.a.w) we onuň tarapdarlaryny ejizletmek, ysgyndan düşürmek ýoluny saýlap aldylar. Kuraýyşlylaryň ählisi özaralarynda şertnama baglaşyp, ol şertnamanyň hökümlerini berkitmek üçin Käbäniň içinde goralyp saklanan ähtnama görä, musulmanlar bilen hiç kim görüşmeli däldi, olara garşy jady-tumar edilmelidi, mätäç bolan zatlaryny söwda arkaly edinmeklerine ýol berilmeli däldi. Ebu Talyp haşym we muttalyp tirelerini ýanyna alyp, öz toparynyň oturýan ýerinde daşy gabalgy ýagdaýda galdywe ol ýerde yzygiderli üç ýyllap doganoglan inisi Allahyň Resulyna(s.a.w) hemaýat edip, ýakynlary we garyndaşlary bilen birlikde her hili kynçylyklary we mahrumçylyklary başdan geçirdi. Müşrükleriň baglaşan ähtnamalarynyň öz-özünden bozulyp gitmegi-de hakyky mugjyzadyr. Bu hakda bilmek isleýänler Pygamberimiziň (s.a.w) ömür ýoly beýan edilen kitaplaryň gatyny agtarsynlar.

Ebu Talybyň bir ýüz ona golaý beýtden ybarat bolup, «SiýretiIbn Hyşam» kitabynda togsana golaý beýdi ýerleşdirilen kasydasy, ine, şol döwürde sözlenipdir. Bu kasydada kuraýyşyň abraýly adamlary bilen aralarynda gadymdan bäri dowam edip gelýän ýürekdeşlikden we dostlukdan söz açylyşy ýaly, käte olaryň paýyna düşen ykbalyň beýikligi wasp edilse, käte olara haýbat atylýar, käte nesihat berilse, käte-de olaryň edýän hereketleri ýazgarylýar. Şonuň ýaly-da, bu eserde Allahyň Resulynyň (s.a.w) artykmaç taraplarynyň, öz kowumynyň içinde tutýan ornunyň we ähmiýetiniň gürrüňi edilýär. Ebu Talyp Muhammede (s.a.w) bolan söýgüsiniň çäksizdigini beýan edip, özi we dogan-garyndaşlarynyň hemmesi gyrlaýmasa, ony duşmanlarynyň eline bermejekdigini mälim edýär. Şeýle hem kasydada kuraýyşyň ýolbaşçy adamlarynyň atlary ýekän-ýekän sanalyp, şol döwürde yslam dinine kimler tarapyndan uly duşmançylyk edilendigi äşgär edilýär.

Şu ýerde düşündirilýän hadysdaky beýtden Ebu Talybyň göýä bir Allahyň Resulynyň (s.a.w) eden istiskasynyň şaýady bolandygy ýaly bir many gelip çykýar. Ýöne onuň diňe hijretden soňra we Medinede istiska edendigini tassyklap, bu barada şübhelenenler bar. Mahreme ibn Nöwfeliň (r.a) ejesi Rukaýka binti Ebu Saýfyý Haşymyýanyň adyndan beýan edilen rowaýat bu meseläni aýdyňlaşdyrýar. Bu rowaýatda Allahyň Resulyheniz çaga wagty Abdylmuttalybyň ony ýanyna alyp istiska edendigi we onuň dileginiň kabul bolup, ýagmyr ýaganyndan soň, Abdullah ibn Jüdgan we Harb ibn Ümeýýe ýaly şol döwrüň müşrük ýolbaşçylarynyň Abdylmuttalyby gutlamaga gelendikleri beýan edilýär. Bu rowaýat Tabaranynyň kitabyna-da girizilip, hadysçy alymlaryň käbiri tarapyndan hasanahadys hasap edilipdir. Şonuň ýaly-da, hapyz Ibn Asakyryň Gülhüme ibn Ürfütanyň ýolundan beýan eden bir rowaýatynda ýowuz bir gurakçylyk ýylynda Ebu Talybyň heniz çaga ýaşyndaky Muhammedi (s.a.w) ýanyna alyp, Metjidi-şeribe gelendigi we arkasyny Käbä dirändigini, ýanyndaky çaganyňhem (bu Muhammet alaýhyssalamdyr) Käbäniň örtüginden ýapyşandygy, şonuň yzysüre-de güýçli bir ýagyş ýagandygy aýdylýar. Bu hadyslaryň ikisi-de örän ygtybarly hasap edilýär. Her näme bolanda-da,jahylyýet zamanynda-da Muhammediň (s.a.w) mübärek göwresini araçy edip, ýagmyr dogasynyň edilendiginiň kuraýyş üçin şübhesiz bir zat bolandygy bu rowaýatlardan aňlanylýar. Şonuň üçinhem Ebutalybyň öz şygrynda beýle bir zatdan söz açmagyny geň görüp oturasy iş ýok. Hususanam,mundan öňki hadysda gürrüňi edilen istiskanyň Mekgede bolup geçendigi ygtybarly ýollardan gelip ýeten rowaýatlar arkaly subut edilip, Ebu Talybyňhem hijretden üç ýyl öň ýogalandygy-da nazara alynsa, beýle bir şübhä hiç hili ýer galmaz.