535 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) istiska dogalary. Kyýamatyň on alamaty
عَنْ عَبْدِ الله بْنِ مَسْعُودٍ رَضِي الله عَنْهُ: إنَّ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ لَمَّا رَأَى مِنَ النَّاسِ إدْبَارًا ، قالَ: (اللَّهُمَّ سَبْعًا كَسَبْعِ يوسُفَ). فأََخَذَتْهُمْ سَنَةٌ حَصَّتْ كُلَّ شَيءٍ ، حَتَّى أَكَلُوا الْجُلُودَ وَالْمَيتَةَ وَالجِيفَ ، وَينْظُرُ أَحَدُهُمْ إلى السَّمَاءِ فَيرَى الدُّخَانَ مِنَ الجُوعِ ، فَأتَاهُ أَبُو سُفْيانَ فَقَالَ: يا مُحَمَّدُ إنَّكَ تَأْمُرُ بِطَاعَةِ الله وَبِصِلَةِ الرَّحِمِ ، وإنَّ قَوْمَكَ قَدْ هَلَكُوا فَادْعُ الله لَهُمْ ، قـالَ الله تَعَالَى: فَارْتَقِبْ يوْمَ تَأْتِي السَّماءُ بِدُخانٍ مُبِينٍ إلَى قَوْلِهِ: عَائِدُونَ. يوْمَ نَبْطِشُ الْبَطْشَةَ الْكُبْرَى. فَالْبَطْشَةُ يوْمَ بَدْرٍ وَقَدْ مَضَتِ الدُّخَانُ ، وَالْبَطْشَةُ وَاللِّزامُ وَآيةُ الرُّومِ.
Abdullah ibn Mesgut (r.a) şeýle diýipdir1: «Allahyň Resuly (s.a.w.) hijretden ozal2 adamlarda, ýagny kuraýyşdayslam dinine garşy durmak meýliniň bardygyny göreninden soňra3: «Allahym, Ýusup alaýhyssalamyň döwründäki ýedi sany gytçylyk ýyllary ýaly ýedi ýyly bularyň başyndan indir» diýip doga etdi4. Olar şeýle bir gurakçylyk belasyna uçradylar welin, ol bela bar zadyň köküni köwledi (ýagny gury toprakdan başga zat goýmady). Şeýle bir gytçylyk bolup, olar her dürli haýwan derilerini, ölen haýwanlary we porsan maslyklary iýip başlapdylar5. Olardan kimdir biri gök ýüzüne bakanda, açlykdan ýaňa daş-töweregi duman gaplan şekilde görerdi6. Ebu Sufýan (r.a)7 Allahyň Resulynyň (s.a.w) ýanyna geldi-de: «Ýa Muhammet, sen Allaha tagat etmegi we ene-ataňa, dogan-garyndaşlaryňa zyýarat etmegi emr edip ýörsüň. Öz kowumyň bolsa heläk bolup gitdi8. Indi olar üçin bir doga et»9 diýdi. Allah Azze we Jelle Hezretleri10: فَارْتَقِبْ يَوْمَ تَأْتِي السَّمَاءُ بِدُخَانٍ مُبِينٍ يَغْشَى النَّاسَ هَذَا عَذَابٌ أَلِيمٌ رَبَّنَا اكْشِفْ عَنَّا الْعَذَابَ إِنَّا مُؤْمِنُونَ أَنَّى لَهُمُ الذِّكْرَى وَقَدْ جَاءَهُمْ رَسُولٌ مُبِينٌ ثُمَّ تَوَلَّوْا عَنْهُ وَقَالُوا مُعَلَّمٌ مَجْنُونٌ إِنَّا كَاشِفُوا الْعَذَابِ قَلِيلًا إِنَّكُمْ عَائِدُونَ يَوْمَ نَبْطِشُ الْبَطْشَةَ الْكُبْرَى إِنَّا مُنْتَقِمُونَ= «Fertakyb ýewme tätissemääää-ü bi-duhaanin mübiýnin ýegşennäse häzä azäbün eliýmün. Rabbenekşif annel-azäbe innä mü’minuwne. Ennä lehümüzzikraa we kad jääää-ehüm Resuwlün mübiýnün sümme tewellew anhü we kaaluw mugallemün mejnuwnün innä käşifül-azäbi kaliýlen inneküm aaaa-iduwne» (golaý manysy: «Indi sen gögüň ynsanlary gaplap aljak bir duman çykarjak gününe garaş. Bu gam-gussa beriji bir azapdyr. [Ine, şol zaman adamlar]: «Rebbimiz! Bizi azapdan dyndar. Biz hakykatdanam iman getirdik [diýerler].Öwüt almak nire, olar nire? Olaryň ýanyna hakykaty aýdyňlaşdyryjy bir ilçi gelipdi. Soňra ondan ýüz öwürdiler we: «Bu adam gep berlen bir dälidir» diýdiler. Biz sizi azapdan az wagtlyk dyndarjak, emma siz ýene [öňki halyňyza] dolanjaksyňyz. Ýöne biz uly bir ýowuzlyk bilen ýakaňyzdan aljak günümiz kesginlik bilen arymyzy alarys»(«Duhan» süresiniň 10—16-njy aýatlary)) diýdi11. «Uly bir ýowuzlyk bilen ýakaňyzdan aljak günümiz» diýlip bildirilen gün Bedir söweşiniň bolan günüdir12. Diýmek, Duhanhem, Batşa-da, Lizam hem, aýaty-Rum hem bolup geçipdir»13.
1 Bu hadysy-şeribi Buhary öz kitabynyň köp ýerinde gaýta-gaýta beýan edipdir. Onuň «Rum» süresiniň tefsirine degişli hadyslaryň arasynda ýerleşdirilen nusgasy Mesruk ibn Ejda Hemedanynyň sözleri bilen başlanyp, onda şeýle diýilýär: «Bir adam Kufe şäheriniň Kinde atlandyrylýan derwezesiniň öňünde rowaýat gürrüň berip: «Kyýamat güni bir duman peýda boljak. Ol mynapyklaryň gulaklaryny dykjak, gözlerini baglajak. Imanly kişi bolsa şol duman sebäpli dümew ýaly bir zada mübtela boljak» diýdi. Biz bu sözlerden gorkduk. Men bolsa Ibn Mesgudyň (r.a) ýanyna gitdim. Baran wagtym ol bir gapdalyna ýassanyp ýatyr eken. Men oňa öz eşiden sözlerimi aýdyp berenimden soň, gaharlanyp ýerinden galdy». Şu ýerde bu rowaýatyň arasyny kesip, onuň Müslimiň kitabyndaky nusgasyna degip geçeliň. Ol nusgada ýene Mesrugyň adyndan beýan edilen rowaýatda şeýle diýilýär: «Abdullah ibn Mesgudyň ýanyna biri gelip: «Şu wagt bir kişi metjitde oturyp, Kurany öz aňlaýyşyna görä tefsir edýär. Ol: فَارْتَقِبْ يَوْمَ تَأْتِي السَّمَاءُ بِدُخَانٍ مُبِينٍ=«Fertakyb ýewme tätissemääää-ü bi-duhaanin mübiýnin» (golaý manysy: «Indi sen gögüň ynsanlary gaplap aljak bir duman çykarjak gününe garaş» («Duhan» süresiniň 10-njy aýaty)) aýaty-kerimesini tefsir edende, kyýamat gününde adamlaryň üstüne bir duman çöküp, bu dumanyňdemlerini tutjakdygyny we şol duman sebäpli olaryň dümew ýaly bir zada uçrajakdyklaryny aýdýar» diýdi.Ondan soňraIbn Mesgut (r.a) aýtdy: «Dumanyň nämedigini men size düşündireýin...» Ýene Buharynyň kitabyndaky rowaýaty dowam edýäris: «Ol (ýagny Ibn Mesgut (r.a)): «Bilen sözlesin, bilmeýänhem: «Allahüaglem!» diýsin. Sebäbi bir adamyň öz bilmeýän zadyna: «Bilmeýärin» diýmegi-de ylymdyr. Allahü tagala öz Pygamberine (s.a.w): «Habybym, olara: «Munuň (ýagny pygamberlik wezipesini ýerine ýetirýändiginiň) öwezine men sizden hiç bir töleg talap etmeýärin. Men öz bolşundan başga hili bolup görünýänlerdenhem däl» diý»diýip emir etdi. Bu aýatyň (ýagny «Duhan» süresiniň 10-njy aýatynyň) inmegine şeýle bir waka sebäp bolupdy. Kuraýyş tiresi yslam dinine girmekden ýüz öwrensoň,Allahyň Resuly(s.a.w): «Allahym, Ýusup alaýhyssalamyň zamanyndaky ýyllar ýaly ýedi sany azaply ýyl bilen ýardam et!» diýip, kuraýyşyň garşysyna betdoga edipdi...» Bu hadysyň yzy edil ýokarda doly beýan edilen 535-nji hadysdaky ýalydyr. Bu iki nusganyň sözleriniň arasynda sähelçe tapawutbar. Diýmek, bu hadysyň düýp manysy Kurany-Kerimdäki duman hakda gürrüň edilýän aýatyň tefsiri bolup, diňe onda Ebu Sufýanyň haýyşyndan söz açylandygy we soňra şol haýyş esasynda istiska edilendigisebäpli «Istiska (ýagmyr dileme) namazy» kitabyna ýörite girizilipdir.
2 Bu wakanyň Allahyň Resulynyň (s.a.w) hijretinden öň bolup geçendigini bu hadysyň Buharynyň kitabynda başga bir ýoldan beýan edilen nusgasynda Ibn Mesgudyň beren habary-da görkezýär. Ol kuraýyş tiresiniň adamlarynyň bu ýerde gürrüňi edilýän gurakçylyk belasyna duçar bolup, Allahyň Resulynyň (s.a.w) doga etmegi bilen bu bela-beter aradan aýrylanyndan soň, olaryň ýene yslam dinini inkär etmeklerini dowam etdirendikleriniaýdýar. Beýle edendikleri üçin çeken jezalary-da (biraz yzda geljek düşündirişden aňlanyşyna görä) «batşe»bilen «lizam» bolupdy. Kuraýyşyň gahatçylyga düşmegi üçin edilen doganyň esasy sebäbiniň bu tiräniň adamlarynyň yslam dinini ret edip, boýnuýogynlyk etmekleridigi bilen birlikde, onuň gös-göni sebäbiniňhem, 177-nji hadysda beýan edilişi ýaly, Allahyň Resuly (s.a.w.) namaz okap durka, bir düýäniň döl eşenini onuň arkasyna taşlap gülüşmekleridigini hapyz Dimäýti aýdýar.
Bu hadysyň Buharynyň kitabyndaky käbir nusgalarynda: «Kuraýyş yslam dinine girmegini gijikdirdi», ýene bir nusgasynda: «Allahyň Resulyna(s.a.w) ýowuz daradylar», ýene bir nusgasynda-da: «Boýnuýogynlyklary sebäpli Allahyň Resulyna (s.a.w) garşy çykyp, oňa ýowuz daran wagtlary»diýlipdir. Bu jümleleriň hemmesi-de bir manynyaňladýar.
4 Bu hadysyň Buharynyň kitabynda käbir ýollardan beýan edilen nusgalarynda bu jümle biraz başgaçarak görnüşde berlenhem bolsa, hemmesi hem şol bir manyny aňladýar.
5 Ölen haýwan bilen porsan maslygyň arasynda tapawut bardyr. Şerigata görä damagy çalynmadyk, ýagny halallanmadyk haýwanyň eti täze bolsa-da, ony iýmek haram edilendir. Porsan maslyk bolsa halallanman ölüp, porsap galan haýwandyr. Bu hadysyň başga bir nusgasynda: «Mundan soňraAllahyň Resuly (s.a.w.) olaryň garşysyna doga edip, olary şeýle bir gytçylyk ýakalady welin, şol ýyl gaty heläk boldular, öli eti iýip, süňk gemirdiler» diýlipdir.
6 Buharynyň kitabyndaky başga bir rowaýatda has giňişleýin: «Ahyrynda iş şeýle bir derejä baryp ýetdi welin, olaryň islendik biri ýokaryk seredende, açlygyndan ýaňa özi bilen gök ýüzüniň aralygynda duman ýaly bir zat gördi» diýlipdir.
7 Guzjanybilen Beýhakynyň rowaýatlarynda-da bu bölek: «Allahyň Resulynyň (s.a.w) ýanyna Ebu Sufýan bilen Mekgäniň ýaşaýjylarynyň käbirleri gelip: «Ýa Muhammet, sen rehmet hökmünde gönderildiň. Seniň kowumyň bolsa heläk boldy» diýdiler görnüşinde beýan edilip, ondan şeýle haýyş bilen gelen Ebu Sufýanyň ýanynda başga adamlaryňhem bolandygy aňlanylýar. 177-nji hadysda gürrüňi edilen wakadanhem görnüşine görä, Mekgäniň ýaşaýjylary kapyr we boýnuýogyn bolmaklary bilen birlikde,Allahyň Resulynyň (s.a.w) eden dogasynyň hasyl bolmagyndan örän erbet gorkupdyrlar. Sebäbi onuň dogasynyň kabul bolşuna olar kän gezek şaýat bolupdyrlar. Mekgäniň ýaşaýjylarynyň şol döwürdäki ýagdaýy pyrgunyň kowumynyň Kurany-Kerimde: فَلَمَّا جَاءَتْهُمْ آَيَاتُنَا مُبْصِرَةً قَالُوا هَذَا سِحْرٌ مُبِينٌ وَجَحَدُوا بِهَا وَاسْتَيْقَنَتْهَا أَنْفُسُهُمْ ظُلْمًا وَعُلُوًّا فَانْظُرْ كَيْفَ كَانَ عَاقِبَةُ الْمُفْسِدِينَ= «Fe-lemmä jääää-ethüm äýätünä mübsyreten, kaluw häzä sihrün mübiýnün. We jeheduw bihä westeýkanethäää enfüsühüm zulmen we uluwwen. Fenzür keýfe käne aakybetül-müfsidine» «Mugjyzalarymyz olara ap-äşgär bolup görnende: «Ine, bu göz-görtele bir jadydyr» diýdiler. Özleri hem bu mugjyzalaryň hakyky pygamberligiň delilidigine gürrüňsiz ynanýandyklaryna garamazdan,zalymdyklary we ulumsydyklary sebäpli,olary inkär etdiler»(«Neml» süresiniň 13—14-nji aýatlary) diýlip beýan edilen ýagdaýyna örän meňzeşdi. Bularyň hem boýnuýogynlyklary ulumsylyk, göwniýetmezçilik etmekleri bilen baglanyşyklydy.
Ebu Sufýanyň we ýoldaşlarynyň gytçylykdan ejizläp, şunuň ýaly sözler bilen Allahyň Resulynyň (s.a.w) köňlüni awlamaga gelmekleri bu wakanyň hijretden öň bolup geçendigine şaýatlyk edýär. Sebäbi Ebu Sufýanyň (r.a) Bedir söweşinden öň Medine taraplaryna gelendigi barada hiç hili rowaýat ýok.
8Ebu Sufýanyň: «Seniň kowumyň» diýmegi kuraýyşyň Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen mydama ýakynu-daş garyndaşlykda bolandyklaryna esaslanýar. Ebu Sufýan: وَمَا أَرْسَلْنَاكَ إِلَّا رَحْمَةً لِلْعَالَمِينَ= «We määä erselnäke illä rahmeten lil-aalemiýne» (golaý manysy: «Biz seni diňe älemlere rehmet hökmünde gönderdik» («Enbiýä» süresiniň 107-nji aýaty)) aýaty-kerimesini ýatlatmak bilen: «Äleme rehmet hökmünde gönderilendigiňi aýdyp durkaň,öz garyndaşlaryňa bu rehmetiň nesip etmezligi we olaryň doga sebäpli heläk bolmaklary dogry däldir» diýmek isleýär.
9 Allahyň Resuly (s.a.w.) özüne şeýle haýyş bilen ýüz tutanlaryndan soň, öz duşmanlary üçin doga etdimikä? Ibn Mesgudyň (r.a) bu ýerdäki rowaýatynda ol barada hiç zat aýdylmadyk hem bolsa, Buharynyň kitabyndaky rowaýatlaryň birinde Ebu Sufýanyň: «Ýa Muhammet, mudar tireleri üçin Allahdan ýagmyr dile, sebäbi olar heläk boldular» diýmegine jogap hökmünde Allahyň Resuly (s.a.w): «Men nädip mudar üçin doga edip bilerin? Sen hakykatdanhem ýeňilkelle bir adamsyň» diýip seslense-de, barybir ýagmyr dogasyny edendigi we mudar tireleriniň ýagmyr görendikleri beýan edilýär. Şundan çen tutup, hem istiska edilendigini, hem-deAllahyň Resulynyň (s.a.w) dogasynyň bereketi bilen ol gytçylyk belasynyň aradan aýrylandygyny aýtmak mümkin. Bu rowaýatda Ebu Sufýanyň mudar tireleri üçin araçylyk edendiginiň aýdylmagy, beýleki rowaýatlarda onuň kuraýyş üçin araçylyk edendiginiň habar berilmegine gapma-garşy däldir. Sebäbi kuraýyş hem mudar tireleriniň biridir. Gahatlyk diňe Mekgäniň depesinden inmän, eýsem yslam dinine duşmançylyk etmekde ýakasyny tanadan beýleki mudar tirelerini hem kyn güne salypdy. Müslimiň kitabynda beýan edilen rowaýata görä, Ebu Sufýan: «Ýa Allahyň Resuly, mudary Allahyň bagyşlamagyny diläp ber» diýipdir. Allahyň Resulyny (s.a.w) geň galdyran zat, ine, şu haýyş bolmaly.
Ol: «Yslam dinini inkär etmekde şeýle durnuklylyk görkezýän mudar nädip bu gün bagyşlanmagyny diläp bilýär. Seniň olaryň adyndan muny talap edişiň hakykatdanhem ýeňilkellelikdir» diýmek isläpdir. Allahyň Resuly (s.a.w.) ol zamanlarda mudar tireleriniň iman getirmeklerini umyt etmäni üçin,olaryň garşysyna betdoga edipdi.
Allahyň Resulyny (s.a.w) mudar tireleriniň özleri üçin istiska etmegini haýyş edip ýüz tutmaklary däl-de, Allahyň öz günälerini geçmegi üçin doga etmeginihaýyş etmekleri geň galdyrypdyr. Şonuň üçinhem ol özüne mahsus rehmet etmek zerurlygyna laýyklykda istiska edipdir. Olaryň haýyşyny kanagatlandyryp, Allahyň Resulynyň (s.a.w) hakykatdan hem istiska edendigi we bu dogasynyň kabul bolandygy Guzjanynyň we Beýhakynyň kitaplarynda beýan edilip, munuň şeýledigine biraz öň ýatlanylyp geçilen hem-de Buharynyň kitabynda şu mesele bilen baglanyşyklykda beýan edilen hadysdaky: «Allahyň Resuly (s.a.w.) doga etdi we olara ýagmyr bagyşlandy. Ýedi gije-gündizläp ymykly ezildiler. Ondan soňraadamlar ýagyşyň köp ýagmagyndan şikaýat etmäge başladylar. Soňra Allahyň Resulynyň (s.a.w): «Ýa Reb! Töwereklerimize ýagdyr, üstümize ýagdyrma!» diýip doga etmegi bilen,onuň mübärek başynyň üstünden bulut syryldy. Töwerekdäki adamlar ýagmyrdan peýdalanmaga başladylar» diýen goşmaça-da şaýatlyk edýär.
Beýhaky «Deläil» atly kitabynda şol bir wakany Kagp ibn Mürräniň ýa-da Mürre ibn Kagp Behziniň (r.a) adyndan beýan edip, onuň rowaýatynda: «Sen hakykatdanhem ýeňilkellesiň. Mudar üçin istiska edeýinmi?»diýilýär. Bu rowaýatdan Kagp ibn Mürräniňhem (r.a) Allahyň Resulynyň (s.a.w) huzuryna gelenleriň biridigi aňlanylýar. Ýöne Allahyň Resulynyň (s.a.w) doga etmäge howlukmaýandygyny göreninden soňraol: «Ýa Allahyň Resuly, Allahdan ýardam dilediň, saňa ýardam berdi. Allah doga etdiň, Ol hem dogaňy kabul etdi» diýip söze başlap, araçy bolmagyny haýyş edipdir we şondan soňraAllahyň Resuly (s.a.w.) mübärek ellerini galdyryp: «Allahümmeskynä gaýsen mugysen meri-en murygan tabakan, aajilen, gaýre raaibin, näfigan gaýra zaarrin», ýagny: «Allahym, bize jan dyndarýan, bereketli, mylaýym we içmäge ýaramly, hemme taraplary öz içine alýan, gyssagly we gijä galmaýan, peýdaly we zyýan bermeýän bir rehmet bagyşla» diýip doga edipdir. Bu doga «SüneniIbn Maje»bilen «MüsnediAhmet» kitaplarynda Kagp ibn Mürräniň (r.a) adyndan beýan edilipdir. Bu rowaýatda-da: «Müşrükleriň islän zatlary berildi. Ýöne köp wagt geçmänkä olar täzeden gelip, ýagmyryň köplüginden şikaýat etdiler we: «Öýler ýykylmaga başlady» diýdiler. Şondan soňraAllahyň Resuly (s.a.w.) mübärek ellerini galdyryp: «Allahümme huwelýenä we lä aleýnä»ýagny: «Daş-töweregimize ýagdyr, üstümize ýagdyrma» diýdi...» diýilýär. Bu rowaýat Allahyň Resulynyň (s.a.w) Guzjanybilen Beýhakynyň, şonuň ýaly-da, Buharynyň kitaplarynda Ibn Mesgudyň (r.a) adyndan beýan edilen hadysda (bu hadys hakda biraz ýokarda gürrüň edilipdi): «Daş-töweregimize ýagdyr, üstümize ýagdyrma» diýip eden dogasyndan söz açylýan bölek hakdaky şübheleriň esassyzdygyny görkezýär. Bu hakda Askalany ýörite durup geçipdir. Ol şübhäniň döremegine-de Ibn Mesgudyň (r.a) gürrüň beren hadysyndaky bu bölegiň Mekge istiskasyna däl-de, Enesiň (r.a) gürrüň beren Medine istiskalarynyň birine degişli bolup, rawylardan Esbat ibn Nasryň ýalňyşyp, iki rowaýaty garyp-gatany sebäpli,bu hadysyň bir bölegine öwrülendigine käbir alymlaryň ynanmaklary sebäp bolupdyr. Tefsirçi Aýny hem şeýle bir ýalňyşlyk goýberilendigi bilen ylalaşanlaryň biridir. Ibn Hajar Askalany bolsa ýagmyryň kesilmegi barada dileg edilmegi bilen baglanyşykly wakanyň birden artyk ýüze çykandygy hakdaky pikiriň tarapyny çalypdyr.
10 Bu waka mynasybetli bu aýaty-kerimeleri okaýan adam (beýleki ýollardan gelip ýeten rowaýatlaryň şaýatlyk etmeklerine görä) Ibn Mesgutdyr, ýagny olar Sufýanyň haýyşyna jogap hökmünde Allahyň Resulynyň (s.a.w) okan aýatlary däldir. Sebäbi Ibn Mesgudyň beren gürrüňinden aňlanyşyna görä, bu aýaty-kerimeleriň diňe başky iki aýatynyň inmegine gahatçylyk hadysasy sebäp bolup, ondan soňky aýatlar has soňra ýüze çykan wakalar sebäpli inipdirler. Şonuň üçinhem bu aýatlary öz inmeklerine sebäp bolan wakalardan öň inen hasaplamak dogry bolmaz.
Ibn Mesgudyň (r.a) Buharynyň kitabynda «Duhan» süresiniň tefsiri bilen baglylykda beýan edilen rowaýatyna görä, bu aýaty-kerime şeýle mana eýe bolýar: «Bu, ýagny dumandan söz açylýan aýat kuraýyşyň Allahyň Resulyna(s.a.w) boýun egmändigi sebäpli,Ýusup alaýhyssalamyň zamanasyndaky gahatlyk ýyllaryna meňzeş gahatlyk ýyllaryna olaryň duçar bolmaklary üçin doga edilen we Pygamberimiziň (s.a.w) bu dogasynyň kabul bolup, müşrükleriň uly kynçylyklara sezewar bolan zamanynda inipdir. Şol döwürde bir adam gök ýüzüne bakanda, açlykdan ýaňa özi bilen gögüň arasynda dumana meňzeş bir zat görerdi. Ine, şol zamanlarda-da Allahü tagala: «Indi sen gögüň ynsanlary gaplap aljak bir duman çykarjak gününe garaş. Bu gam-gussa beriji bir azapdyr» («Duhan» süresiniň 10—11-nji aýatlary) aýaty-kerimeleri inderdi. Bu aýatlarineninden soňramüşrükler Allahyň Resulynyň (s.a.w) ýanyna gelip: «Mudar tireleri üçin Allahdan ýagmyr diläp ber, sebäbi olar heläk boldular» diýdiler. Beýle teklip bilen ýüz tutan adama Allahyň Resuly(s.a.w): «Men nädip mudar üçin doga edip bilerin?» diýse-de, barybir ýagmyr dogasyny edipdir weAllahü tagala olar üçin ýagmyr ýagdyrypdyr. Şondan soňra: رَبَّنَا اكْشِفْ عَنَّا الْعَذَابَ إِنَّا مُؤْمِنُونَ أَنَّى لَهُمُ الذِّكْرَى وَقَدْ جَاءَهُمْ رَسُولٌ مُبِينٌ ثُمَّ تَوَلَّوْا عَنْهُ وَقَالُوا مُعَلَّمٌ مَجْنُونٌ إِنَّا كَاشِفُوا الْعَذَابِ قَلِيلًا إِنَّكُمْ عَائِدُونَ يَوْمَ نَبْطِشُ الْبَطْشَةَ الْكُبْرَى إِنَّا مُنْتَقِمُونَ= «Rabbenekşif annel-azäbe innä mü’minuwne. Ennä lehümüzzikraa we kad jääää-ehüm Resuwlün mübiýnün sümme tewellew anhü we kaaluw mugallemün mejnuwnün innä käşifül-azäbi kaliýlen inneküm aaaa-iduwne» (golaý manysy: «[Ine, şol zaman adamlar]: «Rebbimiz! Bizi azapdan dyndar. Biz hakykatdanam iman getirdik [diýerler].Öwüt almak nire, olar nire? Olaryň ýanyna hakykaty aýdyňlaşdyryjy bir ilçi gelipdi. Soňra ondan ýüz öwürdiler we: «Bu adam gep berlen bir dälidir» diýdiler. Biz sizi azapdan az wagtlyk dyndarjak, emma siz ýene [öňki halyňyza] dolanjaksyňyz. Ýöne biz uly bir ýowuzlyk bilen ýakaňyzdan aljak günümiz kesginlik bilen arymyzy alarys» («Duhan» süresiniň 12-15-nji aýatlary)) aýatlary inipdir. Müşrükler gowy günlere ýetenlerinden soň, edil gahatçylykdan öňki döwürde edişleri ýaly, ýene yslam dinini ret etmäge başlapdyrlar. Şondan soňra hem Allahü tagala: «Ýöne biz uly bir ýowuzlyk bilen ýakaňyzdan aljak günümiz kesginlik bilen arymyzy alarys» («Duhan» süresiniň 16-njy aýaty) aýaty-kerimelerini inderipdir.
Buharynyň kitabynda «Ýusup», «Rum» we «Saad» süreleri tefsir edilýän rowaýatda Ibn Mesgudyň (r.a) habar beren rowaýatynda gürrüňi edilýän dumanyň, Kufeli hekaýatçynyň aýdyşy ýaly, kyýamatyň nyşanlaryndan däldigine: «Biz sizi azapdan az wagtlyk dyndararys...»(«Duhan» süresiniň 15-nji aýatyndan) diýen kelimeýi-şerifeler delil getirilip: «Kyýamat güni olar azapdan dyndaryljakmykalar? Ahyret azaby başlaryndan inende, olar ondan dynjakmykalar?» diýilýär. Ibn Mesgudyň (r.a) rowaýatynda gürrüňi edilýän dumanyň kyýamat alamatlaryndan däldigi hakdaky bu pikiriň Kurandan delil getirilip subut edilmäge çalşylandygy üçin, ol has ynandyryjy häsiýete eýe bolýar. Sebäbi Allahü tagala Mekgäniň ýaşaýjylarynyň: «Rebbimiz! Bizi azapdan dyndar. Biz hakykatdanhem iman getirdik» diýendiklerini habar berşi ýaly, olara jogap hökmünde-de: «Biz sizi azapdan az wagtlyk dyndararys, emma siz ýene [öňki halyňyza] dolanarsyňyz»diýýär. Eger Ibn Mesgudyň (r.a) rowaýatynda gürrüňi edilýän duman kyýamatyň alamatlarynyň biri bolsady, onda kapyrlaryň: «Rebbimiz! Bizi azapdan dyndar. Biz hakykatdanhem iman getirdik» diýmekleri-de, Allahü tagalanyň olara ýüzlenip: «Biz sizi azapdan az wagtlyk dyndararys, emma siz ýene [öňki halyňyza] dolanarsyňyz»diýmegi-de mümkin bolmazdy.
Şeýle-de bolsa, «SahyhyMüslim» kitabynda Ebu Seryha Huzaýfaibn Esiriň (r.a) adyndan beýan edilen merfuw rowaýatda kyýamat gopmagyndan öňürti on alamatyň ýüze çykjakdygy aýdylyp, onda: «Biz kyýamat hakda gürrüňleşip otyrkak,birden Allahyň Resuly (s.a.w.) ýanymyza çykyp geldi we: «Has öňürti on alamaty görýänçäňiz,üstüňize kyýamat gopmaz»diýdi» diýilýär.
Bu on alamat şulardyr:
1) Duman;
2) Deçjal;
3) Dabbetül-arz (kyýamatyň alamatlarynyň biri hökmünde peýda boljak haýwan);
4) Günüň günbatardan dogmagy;
5) Isa alaýhyssalamyň inmegi;
6) Äjit we Mäjidiňpeýda bolmagy;
7, 8, 9) Biri gündogarda, biri günbatarda, biri-de Arabystan ýarymadasynda bolmak bilen,üç ýerde ýer hopmagy;
10) Adende ýüze çykyp, adamlary magşara, üýşülýän ýere (bu ýeriň Şamdygy aýdylýar) tarap öňüne salyp gitjek bir ot.
Ibn Majäniň kitabynda Enesiň (r.a) adyndan beýan edilen hadysda hem kyýamatyň alamatlarynyň biri hökmünde duman agzalyp geçilýär. Abdyrrezak bilen Ibn Ebu Hatamyň kitaplarynda hezreti Alynyň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda-da heniz duman aýatynyň geçmändigi aýdylyp, Kufedäki hekaýatçynyň edişi ýaly, dumanyň bir many aňladýandygy ýaňzydylýar. Ibn Omar, Ibn Apbas, Ebu Sagyt Hudry, Huzaýfaibn Ýeman we Ebu Mälik Eşgary (Allah olardan razy bolsun!) dagynyň adyndan Tabary tarapyndan beýan edilen rowaýatlary-da nazara alsaň, iki hili dumanyň bardygy hakda netije çykarmak zerurlyga öwrüler. Olaryň biri aýaty-kerimede gürrüňi edilýän duman bolup, ol Ibn Mesgudyň (r.a) gürrüň beren hadysynda geçipdi. Olaryň ikinjisi kyýamatdan ozal peýda boljakdyklary habar berlen on alamatyň birinjisi bolan duman bolup, ol hem aýratyn bir alamatdyr. Ýöne pikirleri bulaşdyrýan bir ýagdaý hem bar. Tabary öz kitabynda on alamaty Huzaýfaibn Ýemanyň (r.a) adyndan beýan edip, bu rowaýat Müslimiň kitabynda Ebu Seryhanyň, ýagny beýleki Huzaýfanyň gürrüň beren rowaýaty ýalydyr. Bu rowaýatda Huzaýfaibn Ýeman: «Ýa Allahyň Resuly, duman nämedir?» diýip soraýar. Allahyň Resuly(s.a.w): «Indi sen gögüň ynsanlary gaplap aljak bir duman çykarjak gününe garaş» aýatyny okanyndan soňra: «Bu duman gündogar bilen günbataryň arasyny doldurar. Ol kyrk gije-gündizläp durar. Mömin bolan kişi bu duman sebäpli dümew ýaly bir zat bilen kesellär. Kapyr bolsa serhoşa öwrüler. Bu duman onuň burnunyň deşiklerinden, gulaklaryndan we syrtyndan çykar. Bütin ýer ýüzi hem içinde ot ýakylan bir otaga döner» diýen jogaby berýär. Müslimiň kitabynda Ebu Seryha Huzaýfanyň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda bolsa bu sowalhem, oňa berlen jogap hem ýok. Soňky rowaýatda Huzaýfalaryň ikisiniň rowaýatlarybir sahabanyň gürrüň beren rowaýatlaryhökmünde birleşdirilipdir. Bu rowaýatda beýan edilýän duman beýleki rowaýatda-da edil şonuň ýaly edilip beýan edilenhem bolsa, bu rowaýatdaky dumanyň «Duhan» süresindäki aýatdabeýan edilen duman bilen bir zat hasap edilmegi,onuň ygtybarlydygyna kest edýär. Mysal üçin, Tabary başga bir sebäbi görkezmek bilenhem bolsa, garaz, bu rowaýatyň kemlidigi barada netije çykarýar. Askalany-da Allahyň Resulynyň (s.a.w) bu beýanyny Ebu Mälik Eşgarynyň Tabaranynyň kitabyndan alnan rowaýatynyň üsti bilen mysal getirip, onuňhem,beýleki hadyslarynyňhem kemlidigini aýdanyndan soň: «Olar kemli bolsalarhem, şunça hadysyň biri-birlerini gaýtalamaklary munuň bir esasynyň bardygyny görkezýär. Huzaýfaibn Ýemanyň hadysynyň gelip ýeten ýoly hem ygtybarly bolsa, onda Ibn Mesgudyň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda gürrüňi edilen kufeli hekaýatçynyň Huzaýfanyň özi bolmagy hem ähtimaldyr» diýýär. Bu ýagdaý,hernäme-de bolsa, dumanyň ikidigi hakdaky nukdaýnazaryň has ynandyryjydygyny görkezýär.
12 Bedir söweşiniň bolan güni Allahü tagalanyň: «Uly bir ýowuzlyk bilen ýakaňyzdan aljak günümiz» diýip habar beren güni, ýagny Batşeýi-Kubra günüdir. Çünki şol gün mekgeli kapyrlar özleriniň san taýdan artykdyklaryna buýsanmak bilen söweşe çykyp, musulmanlary suw içim salymda ýok ederis öýdüp çaklaýan mahallary, örän güýçli ýeňlişe sezewar bolupdyrlar we öz hatarlaryndan ýetmiş adamyny jeň meýdanynda galdyryp, ýetmiş adamyny hem ýesir beripdirler. Bu ýeňliş olaryň bilini büküp, ondan asla aýňalyp bilmediler.
13 Bu ýerde dört aýat agzalypdyr. Ýöne Ibn Mesgudyň(r.a) başga bir rowaýatynda bäş aýatdaaýdylanlaryň bolup geçendigi habar berilýär: Lizam, Rum, Batşe, Kamer, Duhan. Duhan bilen Batşäniň nämedigini biz eýýäm bilýäris. Lizam kuraýyşyň ýolbaşçylarynyň ýetmişisiniň musulmanlaryň eline ýesir düşmegidir. Kamer Aýyň ikä bölünmegidir. Rum hem «Rum» süresiniň başky aýatlaryndarumlularyň eýranlylardan üstün çykjakdyklary barada berlen habardyr.