533 Istiskanyň şerigata uýgundygy hakda. Istiskanyň edebi. Istiska namazy. Istiska hutbasy

Başy » ISTISKA (ÝAGMYR DILEME) NAMAZY KITABY » 533 Istiskanyň şerigata uýgundygy hakda. Istiskanyň edebi. Istiska namazy. Istiska hutbasy

عَنْ عَبْدِ الله بْنِ زَيدٍ رَضِي الله عَنْهُ قالَ: خَرَجَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يسْتَسْقِي وَحَوَّلَ رِدَاءَهُ.

   وَفي رِوَايةٍ عَنْهُ: وَصَلَّى رَكْعَتَينِ.

 

Abdullah ibn Zeýt (ibn Asym ibn Kagp Ensary)1 (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) istiska2etmek üçin namazgähe çykdy3we mübärek köýnegini tahwil etdi»4.

         Ýene Abdullah ibn Zeýdiň (r.a) adyndan beýan edilen başga bir rowaýatda: «Iki rekagat namaz hem okatdy» diýlipdir5.

 

1 Bu Abdullah ibn Zeýt 126-njy hadysy gürrüň beren we azan hadysynda ady geçen Abdullah ibn Zeýt ibn Abdyrebbih (358-nji hadysyň düşündirişine seret) däldir.

Buhary: «Ibn Uýaýna munuň düýşüne azanyň sözleri giren adamdygyny çak edýändigini aýdanhem bolsa, bu diňe bir çaklamadyr. Sebäbi ol adam Abdullah ibn Zeýt ibn Asym Mäzeni Ensarydyr (r.a) diýýär.

2Arap dilindäki «sükýä» sözi suwarmak diýmegi aňladýar. Şol sözden ýasalan «istiska» sözi-de göni manysynda bir zady suwarmak isleginde bolunmagyny aňladyp, bu ýerde bol we bereketli ýagyş ýagdyrmagyny älemleri Ryzklandyryjy Allahü tagaladan dilemek manysyny berýär.. Oňa «ýagmyr dogasy» hem diýilýär. Zerurlyk ýüze çykan zamanlarda Allahü tagaladan şular ýaly dileg etmäge şerigat rugsat berýär.

Imanly kişiiniň köňlüne mydama Allah bilen bolmak ýaraşýar. Bir musulman bu dünýelik, o dünýelikähli isleglerini, zerurlyklaryny gönüden-göni Ýaradana arz eder. Ol islendik adamyň özi ýaly ejiz we pahyrdygyny, kimde we nirede gudrat görse, onuň Allahyň bagyş eden gudratydygyny biler. Şol sebäpli-de bu dünýäde we adamlar bilen gatnaşyklarynda, işeňňirlikden ýüz öwürmezlik şerti bilen, gazanan üstünlikleriniňhem, uçran şowsuzlyklarynyňhem Allah tarapyndygyna kaýyl bolup, niýeti amala aşsa, Haka şükür eder, amala aşmasa-da, iň güýçli guluňhem hakykatda ejizdigine düşünip, öz ýagdaýyndan razy bolup, sabyr eder. Gepiň gysgasy, imanly kişi öz hajatyny diňe Allahdan dilär. Doganyň özi we hajatyňy Allahdan dilemek ybadatdyr. Eýsem, Allahü tagala öz Kitaby-Keriminde:وَقَالَ رَبُّكُمُ ادْعُونِي أَسْتَجِبْ لَكُمْ إِنَّ الَّذِينَ يَسْتَكْبِرُونَ عَنْ عِبَادَتِي سَيَدْخُلُونَ جَهَنَّمَ دَاخِرِينَ  = «We kaale Rabbükümüdguwniýý estejib leküm. Innelleziýne ýestekbiruwne an ybşädetiý se-ýedhuluwne jehenneme dähyryýne» (golaý manysy: «Maňa doga ediň: kabul edeýin. Çünki,maňa ybadat etmän, ulumsyraýanlar soňra zelil we har bolup, jähenneme girerler»(«Gaafir» süresiniň 60-njy aýaty)), şonuň ýaly-da:أَمَّنْ يُجِيبُ الْمُضْطَرَّ إِذَا دَعَاهُ وَيَكْشِفُ السُّوءَ وَيَجْعَلُكُمْ خُلَفَاءَ الْأَرْضِ أَءِلَهٌ مَعَ اللَّهِ = «Emmen ýüjiýbül-muztarra izä dagaahü we ýekşifüssüşuwwww-e we ýejgalüküm hulefääää-el-arzy. E-ilähün magallähi» (golaý manysy: «Kyn ýagdaýda galan adam doga-dileg edende, dadyna ýetişen, doga-dilegine jogap beren Ondanbaşga kimdir?»(«Neml» süresiniň 62-nji aýaty)) diýmeýärmi?

Ahmet ibn Hanbalyň mezhebine uýanlardan Ebu Bekr Werrägiň bu babatda aýdan sözleri örän ajaýypdyr. Hapyz ymamlaryň biri bolan Muhammet ibn Hatym Sistäni bir gün Ebu Bekr Werräge: «Maňa şeýle bir zat öwret: ol hem-ä meni Allaha ýakynlaşdyrsyn, hem-deadamlaryň gözüne gowy görkezsin» diýipdir. Ol hem: «Seni Allaha ýakynlaşdyrjak zat hajatyňy Ondan dilemekdir, adamlaryň gözüne seni gowy görkezjek zat bolsa, olardan bir zat hantama bolmagy terk etmekdir» diýip jogap bereninden soň, Ebu Hüreýräniň (r.a) adyndan: «Her kim isleýän zadyny Allahdan dilemese, Allah oňa gazap eder»diýen merfuw hadysy gürrüň beripdir. Soňundanhem: «Allahü tagala özünden bir zatdilemegiňi terk etseň, gazap eder. Betbagt adamogly-da özünden bir zat hantama bolaňdagazap eder» beýdini okapdyr.

Ibn Majäniň «Sünen» atly kitabynda şeýle bir rowaýaty-hasanabar. Biri: «Ýa Allahyň Resuly, maňa şeýle bir amal görkez, ýagny ony ýerine ýetiremde Allah-da, adamlarhemmeni söýsün» diýipdir. Allahyň Resuly-da (s.a.w): «Dünýä göwün bermeseň, Allah seni söýer, adamlaryň elindäkä höwes etmeseň hem, adamlar seni söýer» diýip jogap beripdir.

Ymmatynyň halypasy we bu dünýäniň rehmeti bolan Allahyň Resuly (s.a.w): «Nalyň tasmasy ýaly iň bir ýönekeý zada mätäç bolanyňyzda hem,ony Allahdan diläň»diýip öwredýär.

Allahü tagaladan ýagmyr ýagdyrmagyny dilemegiň üç hili ýoly bar. Birinjisi adamlaryň özbaşdak ýa-da bir ýere üýşüp, doga bilen meşgul bolmaklarydyr. Ýagmyr dilemegiň başga bir ýoly bolsa bäş wagtda okalýan parz namazlaryndan soňrawe nepil namazlaryndan soňraýene özbaşdak ýa-da bir ýere jemlenipmusulmanlar tarapyndan, juma namazynyň hutbasy mahalynda-da, hutba okaýan kişi tarapyndan doga edilmegidir. Ýöne, möhüm bir zat dilenende edilişi ýaly, namazgähde jemagat bilen iki rekagat namaz okap, ymamyň hutbasyny diňlemek we hutbanyň içindäki dogasyna jemagat bolup: «Ämin!» diýmek, käbir müjtehit alymlaryň pikirine görä, has gowudyr. Tüýs ýüregiňden we aňrybaşy pespällik we tabynlyk bilen öz dileginiň Allahü tagala tarapyndan hökman kabul ediljekdiginden umydygär bolup, özüň ýaly bir musulman doganyň üçin, onuň özi ýanyňda däl wagty, haýyr dogasyny etmegiň sogabynyň we peýdasynyň örän uludygy hakda köpsanly hadysy-şerifler bar. Mysal üçin, «SahyhyMüslim» bilen «SüneniTirmizi» atly kitaplarda Ebu Hüreýräniň (r.a) adyndan: «Bir gul günä bolan ýa-da garyndaşlary bilen öýke-kine edişmägesebäp bolup biljekbir zady diläýmese, ýa bolmasa, istigjäl edäýmese, dogasy mydama kanagatlandyrylar»hadysy-şeribi beýan edilipdir. Zebidiniň «Tejridindäki» 2154-nji hadyshem şu hadys bilen manydaşdyr. Müslimiň kitabynda beýan edilişine görä: «Ýa Allahyň Resuly, istigjäl diýýäniň näme bolýar?» diýip sorapdyrlar. Allahyň Resuly-da (s.a.w): «Kimdir biri: «Kän gezekler doga etdim, ýöne Rebbimiň dogamy kabul eden gezegini bilemok» diýse, dogasynyň kanagatlandyrylmagynyň soňa goýulmagy sebäpli doga etmekden irip, ony terk etse, onuň istigjäl etdigi bolar»diýip jogap beripdir. Şonuň ýaly-da, Müslimiň öz kitabynda Ebu Derdanyň (r.a) adyndan beýan eden hadysy-şeribinde: «Musulman bir kişiniň öz din dogany üçin arkasyndan eden dogasy kabul bolar. Onuň depesinde bir wekil bellenen perişde bardyr. Musulman kişi öz din dogany üçin haýyr dogasyny eden mahaly, ýaňky wekil bellenen perişde: «Ämin, islän zadyň özüň üçinhem bolsun!» diýer»diýlipdir.

Ýagmyr dogasyna ýa-da namazyna çykylanda, birinji gün ýagmyr ýagmasa, ertesi gün, ýene ýagmasa, onuň yzyndaky gün ýene doga etmäge çykylar. Çünki: «Allah doga etmekde durnuklylyk görkezenleri söýer» diýlişi ýaly, Buharynyň we Müslimiň kitaplaryndaky: «Istigjäl edäýmese» jümlesi-de, şeýle etmegi zerurlyga öwürýär. Müsüriň fykyhçyymamlaryndan Esbagyň adyndan beýan edilişine görä, Niliň suwunyň köpelmegi dilenip, onuň döwründe bir gezek ýigrimi bäş günläp yzyny üzmän doga edilipdir.

Ýagmyr dogasyna ýa-da namazyna taýýarlyk görleninden soň, heniz doga edilmänkä ýagyş ýagaýsa, dogadan öňürti islegleriň hasyl bolmagyna şükür edilmegi hökmünde ýene doga etmäge çykylyp, Allahü tagala hamdy-sena ediler, yzly-yzyna doga ediler. Şapygy mezhebine görä bolsa beýle ýagdaýda istiska namazy okalar. Ýöne beýle edilen ýagdaýynda:وَإِذْ تَأَذَّنَ رَبُّكُمْ لَئِنْ شَكَرْتُمْ لَأَزِيدَنَّكُمْ وَلَئِنْ كَفَرْتُمْ إِنَّ عَذَابِي لَشَدِيدٌ  = «Le-in şekertüm le-eziýdenneküm» (golaý manysy: «Eger maňa şükür etseňiz, size hökman isläniňizdenhem artygyny bagyş ederin»(«Ibrahiým» süresiniň 7-nji aýatyndan)) aýaty-kerimesiniň mazmunyna laýyklykda,Allahü tagaladan mundanhem zyýada ýalkamagy dilener.

Sünneti-müýekkede bolan istiskanyň käbir menduplary-da bolup, olaryň ýerine ýetirilmegi gowudyr. Doga edilýän gün we onuň öňündäki üç gün (jemi: dört gün) ymamyň emri bilen ýurduň halky yzygiderli agyz beklär. Mendup bolan bu orazanyň parz edilendigini aýdýanlarhem bar. Oraza tutmagyňtakwalygyňy artdyrmaga we pespälli bolmaga ýardam berşi ýaly, agzy bekli adamyň dogasynyň kabul bolýandygyna degişli habarlarhem bar. Tirmizi öz kitabynda Ebu Hüreýräniň (r.a) adyndan hadysy-hasanahökmünde: «Üç kişiniň: agzyny açýança, agzy bekli adamyň, adyl ymamyň we mazlumyň dogasy ret edilmez» hadysy-şeribini beýan etse, Beýhaky-da bu hadysy Enesiň (r.a) adyndan: «Agzy bekliniň, kakanyň, ýolagçynyň» diýip beýan edipdir. Hatda dördünji gün namazgähe çykmakçy bolýanlaryň gije adatdakylaryndan az iýmit iýmekleri has hem gowy bolar.

Şonuň ýaly-da, öýke-kinelileriň bu üç günüň içinde ýaraşmaklary, her bir kişiniň öz günälerini geçmegini diläp, Allahü tagala ýalbarmagy we öňki eden günälerine, bir gezek hem gaýtalamazlyk şerti bilen, toba etmegi, gul azat etmek we sadaka bermek ýaly haýyrly işler bilen Allahü tagalaýakynlaşmaga çalyşmagy, zulum etmekden el çekmegi, ýagny jan, mertebe we mal ýaly Allahyň guluna degişli hukuklary ykrar etmegi hem mendupdyr. Sebäbi Allah Jelle Jelälühü Kitaby-Keriminde Hud alaýhyssalamyň dilinden: وَيَا قَوْمِ اسْتَغْفِرُوا رَبَّكُمْ ثُمَّ تُوبُوا إِلَيْهِ يُرْسِلِ السَّمَاءَ عَلَيْكُمْ مِدْرَارًا وَيَزِدْكُمْ قُوَّةً إِلَى قُوَّتِكُمْ وَلَا تَتَوَلَّوْا مُجْرِمِينَ = «We ýä-kawmistagfiruw Rabbeküm sümme tuwbuwww ileýhi ýürsilissemääää-e aleýküm midraaran»(golaý manysy: «Eý, meniň kowumym, Rebbiňizden bagyşlamagyny diläň, soňra Oňa toba ediň. Şeýle etseňiz, ol siz üçin bol-bol ýagmyr ýagdyrar»(«Hud» süresiniň 52-nji aýatyndan)) diýse, Ýunus alaýhyssalamyň kowumy hakda-da:فَلَوْلَا كَانَتْ قَرْيَةٌ آَمَنَتْ فَنَفَعَهَا إِيمَانُهَا إِلَّا قَوْمَ يُونُسَ لَمَّا آَمَنُوا كَشَفْنَا عَنْهُمْ عَذَابَ الْخِزْيِ فِي الْحَيَاةِ الدُّنْيَا وَمَتَّعْنَاهُمْ إِلَى حِينٍ= «Fe-lew lä känet karýetün ämenet fe-nefegahäää iýmänühä illä kawme Ýunüse. Lemmä ämenuw keşefnä anhüm azäbel-hyzýi fil-haýätiddünýä we mettegnähüm ilä hyýnin» (golaý manysy:«Halklaryny ýok eden ülkelerimiziň iň bolmanda biriniň halky, heläk bolmazyndan öň iman getirip, imanlary özlerine peýda beräýmeli dälmidi? Diňe Ýunusyň kowumy olar ýaly däl. Olar iman getirenlerinden soň, ryswa ediji azaby üstlerinden aýyrdyk» («Ýunus» süresiniň 98-nji aýaty)) diýýär. Hususanhem, pygamberlik şemdanyndan nur bolup töwerege ýaýran ylymlara we hikmetlere gowy üns berilse, açlyk we gymmatçylyk diýlen bela-beterlere, esasan, adamlaryň bozuk işlere baş goşmaklarynyň, pukaralaryň hukugynyň depelenmeginiň, alyş-berişde edilýän hileleriň we pyrryldaklaryň sebäp bolandyklaryny aňlamak bolýar. Mysal üçin, Hakim bilen Beýhaky öz kitaplarynda: «Zekatlaryny bermän gören peýdalary sebäpli ýagmyr damjalaryndan mahrum edilmedik bir kowumam ýokdur»diýen hadysy beýan edipdirler. Müjähit bilen Ykryma-da: «We olara lagnatçylar lagnat ederler» diýipdirler.

«Adamlaryň toba edip, Allahü tagaladan günälerini geçmegini diläp ýalbarmaklary, gözel ahlaga eýe bolmaklary ýa-da asy we günäkär bolmaklary bilen belli bir kanunlar esasynda ýüze çykýan we biri-birlerini çalyşmaklary adamyň erkine bagly bolmadyk bolçulyk, gurakçylyk ýaly tebigy hadysalaryň arasynda nähili baglanyşyk bolup biler?» diýip geň galanlarhem tapylyp biler. Ýöne ylahy kanunlaryň Allahyň gudratynyň nyşanydygyny we olaryň ylahy yradabilen ýaradylyp: «Kün!» emrini ýerine ýetirýändiklerini tassyklaýanlara görä, munda geň galasy zat ýok. Çünki Allahü tagalanyň yradawe gudratyny çäklendirip biljek hiç bir zat ýokdur. Ol islän zadyny islän zadyna bagly edip ýaradar we ýaradan hadysalarynyň görnüşleriniň çägine aklymyz ýetmez.

Istiskanyň menduplarynyň biri-de üç gün agzyňy bekläniňden soň, ýene agzyň bekli halda köne, sary giden eşikleriňi geýip(özüňi kemsitmegiň alamaty hökmünde), günäsiz çagajyklary we ejiz garrylary, hatda käbirleriniň pikirine görä, açlygyndan arryklan haýwanlary ýanyňa alyp, pyýadalap sähra çykyp, şular ýaly haýpyňy getiriji bir görnüşde Allahdan günäleriňi geçmegini diläp ýalbarmakdan we doga etmekden ybaratdyr.

Sähra şol günki çykyşlykmahalyndasöz sözläňde, oturaňda mydama pespälli bir adamyň sypatyna girmek hem sünnetdir. Ähli aýyplardan we kalplardaky gizlin syrlardan habardar bolan Allahü tagala üçin daşky sypatyň hiç hili täsiri bolmaz. Aslynda täsire düşmek oňa mahsus zat hem däl. Ýöne pespälli adamyň sypatyna girmek ynsana mahsus bolan mätäçligi we pahyrlygy şunuň ýaly mätäçlik çekilýän döwürde kalbyň we daş sypatyň bilen ykrar etmegi aňladyşy ýaly, çagalary ýanyňa almak olaryň günäsizlikleri bilen, garry adamlary ýanyňa almak olaryň bedenleriniň ejizligi bilen, haýwanlary hem ýanyň bilen sähra sürmek olaryň biçärelikleri bilen şepagat dilemegi aňladýar. Mysal üçin, Buharynyň kitabynda: «Rysklanmagyňyz we Allahyň ýardamyna mynasyp bolmagyňyz diňe ejiz bolanlaryňyzyň arkasyndan dälmi?» hadysy-şeribi beýan edilýär. Şonuň ýaly-da, käbir kitaplarda: «Sada we pespälli ýaşlaryňyz, ot otlaýan haýwanlaryňyz, bili bükülen garrylaryňyz, emzikli çagalaryňyz bolmadyk bolsady, onda Allahyň azaby üstüňizden gök azapdan boşaýança iner durardy» rowaýaty barhem bolsa, ol ygtybarly hasap edilmeýär. Şeýle hem Darakutnynyň we ygtybarlydygy nygtalyp Hakimiň kitaplarynda beýan edilen bar hadysa görä, uly pygamberleriň biri (bir rowaýata görä, Süleýman alaýhyssalam) istiska (Allahdan ýagmyr dilemäge) çykypdyr. Ol seretse, bir garynja arkan ýatyp, aýaklaryny ýokarlygyna galdyrypdyr. Muny göreninden soň, ol: «Indi yza dolanyň. Garynjanyň düşen bu ýagdaýynyň arkasyndan dogaňyz kabul bolar» diýipdir.

Şapygy mezhebiniň fykyhçy alymlaryistiska namazyny dolulygyna aşakdaky görnüşde beýan edipdirler. Ýokardaky menduplar ýerine ýetirileninden soň, ilki bilen artyk tekbirler almak bilen birlikde baýram namazy ýaly iki rekgatly bir namaz okalar. Ymam birinji rekagatda «Kaf», ikinji rekagatda «Nuh» ýa-da «Kamar» süreýi-şeriflerini; ýa bolmasa, birinji rekagatda «Agla» we ikinjide «Gaşiýe» sürelerini okar. Ýene baýram namazynda bolşy ýaly, namazdan soňrahutba okamaga çykar. Ýöne hutbadaky tekbirlere derek istigfar eder, ýagny birinji hutbada dokuz we ikinjide ýedi gezek: «Estagfirullähilleziý lä ilähe illä huwe’l-haýýül – kaýýum we etuwbi ileýh» diýer. Hutba wagtynda:َيَا قَوْمِ اسْتَغْفِرُوا رَبَّكُمْ ثُمَّ تُوبُوا إِلَيْهِ يُرْسِلِ السَّمَاءَ عَلَيْكُمْ مِدْرَارًا  =«Ýä-kawmistagfiruw Rebbeküm sümme tuwbuwww ileýhi ýürsilissemääää-e aleýküm midraran» (golaý manysy: «Eý, kowumym! Rebbiňizden günäleriňizi geçmegini diläň! Soňra oňa toba ediň. Şeýle etseňiz, Ol siz üçin bol-bol ýagmyr ýagdyrar» («Huwd» süresiniň 52-nji aýatyndan) we: فَقُلْتُ اسْتَغْفِرُوا رَبَّكُمْ إِنَّهُ كَانَ غَفَّارًا  يُرْسِلِ السَّمَاءَ عَلَيْكُمْ مِدْرَارًا  وَيُمْدِدْكُمْ بِأَمْوَالٍ وَبَنِينَ وَيَجْعَلْ لَكُمْ جَنَّاتٍ وَيَجْعَلْ لَكُمْ أَنْهَارًا= «Fe-kultüstagfiruw Rebbeküm innehuw käne Gaffaaran. Ýürsilüssemääää-ealeýküm midraran. We ýümdidküm bi-emwälin be beniýne. We ýejgal leküm jennätin we ýejgal leküm enhären»(golaý manysy: «Rebiňizden günäleriňizi bagyşlamagyny diläň, çünki ol günäleri geçmegi örän gowy görýär. Ol üstüňize bol-bol ýagmyr ýagdyrar ýaly, baýlyklaryňyzy we ogullaryňyzyň sanyny köpelder ýaly, size bagy-bossanlary, derýalary yhsan eder ýaly [günäleriňizi bagyşlamagyny diläň!] » («Nuwh» süresiniň 10-12-nji aýatlary)) aýaty-kerimelerini we kureb dogasyny, ýagny: «Lä ilähe illä hüwe’l-haýýül-kaýýum. Lä ilähe ilallahü Rabbil-arşil-azyým. Lä ilähe illallahü Rebbissemäwäti we Rebbil-arz we Rebbil-arşil-keriým» bilen: «Ýä Haýý, ýä kaýýum. Birehmetike nestagiýs we min rehmetike nerjuw felä tekelnä alä enfüsena tarafte Aýnyn wessalahlenä şe-enenä küllehü lä ilähel-ente» dogalaryny gaýtalar. Soňra ol pursatyny tapyp:رَبَّنَا آَتِنَا فِي الدُّنْيَا حَسَنَةً وَفِي الْآَخِرَةِ حَسَنَةً وَقِنَا عَذَابَ النَّارِ= «Rabbenäää ätinä fiddünýä hasaneten we fil-ahyreti hasaneten wekynä azäbennäry»(golaý manysy: «Eý, Rebbimiz! Bize dünýäde-de gowulyk ber, ahyretde-de gowulyk ber! Bizi jähennem azabyndan gora!». «Bakara» süresiniň 201-nji aýatyndan)) aýaty-kerimesini we «Bakara» süresiniň soňky aýatyny okar. Birinji hutbada okalýan doga şudur: «Allahümme eskynä gaýsen mugysen heni-en, meri-en, gadakan, müjellelen, sahan, tabakan däimen. Allahümmes-kynäl-gaýse we lä tej’alnä minel kaanytiýn! Allahümme inne bil-ybädi wel-bilädi wel-halky minel-ewä-i, wel-jehdi wez-zanki mälä eşku illä ileýke. Allahümme enbit lenäz-zer’a we edirr lenäz-zer’a, waskynä min berekätis-semä-i we enbit lenä min berekätil-arzy. Allahümmerfa’ annel-jehde wel ira, wel-juw’a wekşif annä minel – beläi mä lä ýekşifuhu gaýrek[e]. Allahümme innä nestagfiruke, inneke künte Gaffaren. Fersilis-semä-ýe aleýne midraren», ýagny: «Allahym, bizejan dyndarýan, siňňitli, mylaýym we içmäge ýaramly, bereketli, bol we haýyrly, eşigiňi sykybermeli edýän, güýçli, hemme tarapy öz içine alýan, mätäçlik aradan aýrylýança dowam edýän bir rehmet ber. Allahym, ýagmyr bagyşla we bizi rehmetiňden umydyny kesenlerden etme. Allahym, gullaryň we şäherleriň, beýleki mahluklaryň şeýle bir açlyga, şeýle bir ýoksullyga, şeýle bir mätäçlige giriftar boldular welin, Senden başgasyna ýüz tutmaýarys. Allahym, ekinlerimizi gögert, haýwanlarymyzyň emjeklerini doldur, gögüň bereketinden bizi suwa ýak, Ýeriň bereketini biziň üçin elýeterli et. Allahym, bizden ýoksullygy, çyplaklygy, açlygy uzaklaşdyr we Senden başgasynyň dep edip bilmejek belalaryny dep et. Allahym, senden günämizi geçmegiňi dileýäris. Çünki Gaffar we Rahym Sensiň. Şeýle bolansoň,ýagmyry bol-bol ýagdyr, Allahym!».

Ymam ikinji hutbanyň üçden birini hem okanyndan soň, kybla tarapa öwrüler we ýapynjasynyň sag tarapyny çepine, çep tarapyny-da saga getirip, tahwil we egin tarapyny aşaklygyna, aşak tarapyny hem egnine tarap düýrüp, tenkis eder. Ol içinden we daşyndan köp doga okar. Hutbaçy ýapynjasyny tahwil we tenkis eden wagty jemagat hem oturan ýerinde onuň göreldesine eýerer. Doga edenlerinde-de ymamhem, jemagathem aýalaryny aşak edip, elleriniň arkasyny göge tarap bakdyrarlar. Hutbaçyiçinden doga eden wagty jemagathem içinden doga eder. Dogadan soňra hutbaçy ýene jemagata tarap öwrülip, wagyz eder, nesihat berer we Allaha tagat etmäge çagyrar. Ýapynjasyny tahwil we tenkis eden wagty hutbaçynyň okamagy üçin iň ýerlikli dogalaryň biri şudur: «Allahümme ente emertenä bi-du’aike we wa’adtenä bi-ijäbetike. We kad da’awnäke kemä wa’adtenä. Allahümme femnün aleýnä bi-magfyratin mä färekenä, we ijäbeteke fiý suhýanä, we sy’atan fiý ryzkynä», ýagny: «Allahym, Saňa doga etmegi bize Sen emir etdiň, dogamyzy kabul etmäge-de Sen wada berdiň. Bize emir edişiň ýaly, ine, Saňa doga etdik. Indi wada berşiň ýaly, dogamyzy kabul et. Allahym, indi eden günälerimizi bagyşlamak bilen, ýagmyr diläp edýän dogamyzy kabul etmek bilen, ryskymyzy köpeltmek bilen biz üçin niýetlän haýyr-yhsanyňy ýüze çykar, ýa Reb!» Hutbaçynyň hutbalaryň ikisini hem istigfar bilen tamamlamagy sünnetdir.

Istiskanyň hökümi babatda aýdylanda bolsa, onuň sünnetdigi, ilkinji günki istiskadan soňra ýagmyr ýagmasa, ikinji we üçünji günlerde ýagmyr dogasyna çykylmagynyň we ýagmyryň köp ýagmagy bilen zyýan ýüze çykanda, ony diňdirmegi Hakdan dilemegiň sünnetdigi barada alymlaryň hemmesiniň pikiri birdir. Diňe dogadan beýleki namaz, hutba we köýnegi tahwil etmek bilen baglanyşykly meseleler barada dört ymamyň arasynda dürli pikirler ýüze çykypdyr.

Ymam Mälige, ymam Şapyga, ymam Ahmede, ymam Ebu Ýusuba we ymam Muhammede görä, jemagat bilen namaz okamak sünnetdir. Ebu Hanifä görä bolsa namaz okamak sünnet däldir. Diňe ymam adamlar bilen birlikde sähra çykyp, doga eder. Ýöne adamlaryň özbaşlaryna namaz okamakalaryna rugsat berilýär.

Namaz okamalydygy bilen ylalaşýanlarhem onuň görnüşi barada jedel edipdirler. Ymam Şapyga we ymam Ahmede görä, bu namaz edil baýram namazy ýalydyr. Ymam Mälik bolsa onuň beýleki namazlar ýaly iki rekagat namazdygyny aýdypdyr. Iki tarapyň pikirine görä-de, namazda aýatlar daşyňdan okalmaly.

Hutba okamak sünnetmidir? Dört ymamdan Mälige, Şapyga we onuň yzyna eýerýänleriň saýlap alan rowaýatyna görä, Ahmet ibn Hanbala görä, ol sünnetdir we namazdan soňraiki hutba okalar. Hutbalara baýram namazlaryndaky tekbirleriň ýerine istigfar bilen başlanar. Ebu Hanifäniň we Ahmet ibn Hanbalyň adyndan gelip ýeten başga bir rowaýata görä, namazyň hutbasy ýokdur. Ymam diňe doga we istigfar bilen meşgul bolar. Ebu Ýusuba görä bolsa hutba ýekedir. Ikinji hutbada ymam bilen namazda oňa uýanlaryň tahwili-ridaa etmekleri babatda aýdylanda bolsa, Ebu Hanifä görä, şerigata laýyk däldir. Ebu Ýusup diňe ymamyň şeýle etmeginiň şerigata laýyk bolup, beýlekileriň onuň göreldesine eýermeginiň laýyk däldigini aýdypdyr. Beýleki ymamlar bolsa beýle etmegiň ymam babatda hem, oňa uýýanlar babatda hem şerigata laýykdygyny aýdypdyrlar.

3 Bu jümle istiskanyň şerigata uýgundygyny subutedýär. Mysal üçin, onuň sünnetdigi barada musulmanlaryň arasynda bir pikire gelnipdir. Zühriniň ýolundan gelen bir rowaýatda-da Ibn Zeýt (r.a): «Istiska etmek üçin özi adamlary namazgähe çykardy we aýak üstüne galkyp, Allaha doga etdi. Soňra kybla tarapa öwrüldi we mübärek köýnegini tahwil etdi. Şol wagt Allah olara ýagmyr berdi» diýýär. Mundan ymam bilen birlikde ülkäniň halkynyňhem belli bir günde Allaha tabyndyklaryny bildirmek üçin şäheriň daşyna çykyp, hemmesiniň birlikde istiska etmekleriniň sünnetdigi hakda höküm çykarylýar. Bu ýerdäki rowaýat gysga bolup, bu istiskanyň sebäbiniň aýdylmaýşy ýaly, istiskanyň nähili edilip ýerine ýetirilendigi we namazgähe nähili keşpde çykylandygy hem agzalmaýar. «SüneniEbu Dawut» we «SahyhyIbn Hybban» kitaplarynda hezreti Äşäniň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýata görä, adamlar Allahyň Resulynyň (s.a.w) huzuryna gelip gurakçylykdan şikaýat edipdirler. Şondan soňraPygamberimiz (s.a.w) münberi-şeribiň namazgähe alnyp barlyp, şol ýerde gurulmagy barada perman beripdir we haýsy hem bolsa bir gün şol ýere çykmagy wadalaşypdyr. Munuň üçin bellenilen günde-de Gün dogup barýarka namazgähe baryp, münbere çykyp oturypdyr. «Sünen» atlandyrylan dört kitapda we «MüsnediAhmet» atly kitapda Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýata görä-de,Allahyň Resuly (s.a.w.) şol gün sallam-sajagrak eşiklerini geýip, pespälligi we Allaha ýalbarýandygy daşyndanhem bildirip duran görnüşde daşary çykypdyr we namazgähe gelip, münberde oturypdyr. Bezzar bilen Tabaranynyň «Mugjem» atly kitaplarynda Ebu Derdanyň (r.a) adyndan ýerleşdirilen rowaýatda-da: «Ýagmyr gytaldy. Bizem Allahyň Resulyndan (s.a.w) istiska etmegini haýyş etdik. Ol hem ir säher çykdy-da...»diýlipdir. Bu rowaýatlardan istiska nähili görnüşde we haýsy wagt çykmalydygy barada netije çykarypdyrlar. Şonuň ýaly-da, şäheriň daşyna çykmazdan, metjidi-şerifde we juma namazynyň hutbasynda istiska dogasyny okamak bilen çäklenilendigi hem 505-nji hadysyň beýanyndan we tefsirçi Aýny tarapyndan Ebu Hanifäniň pikirini tassyklamak üçin beýan edilen köpsanly hadyslardan mälim bolýar.

Bu ýerde gürrüňi edilýän istiska wakasy hijriniň altynjy ýylynyň remezan aýynda bolup geçipdir.

4 Bu hadysy-şeribiň Ebu Dawudyň kitabynda beýan edilen nusgasynda: «Gara bir hamisany (hamisa barada düşünje almak üçin 243-nji hadysa seret) egnine atyp, Allahyň Resuly (s.a.w.) istiska etmäge çykdy. Ol hamisasynyň eteginden tutup, ýokaryk, ýagny egnine atmak isledi. Beýle etmek oňa kyn düşeni üçin,ony mübärek köýneginiň üstünde öwürdi» diýlipdir. Bu nusgany Hakim hem «Müstedrek» atly kitabynda Abdullah ibn Zeýdiň adyndan beýan edip, onuň Müslimiň şerti boýunça ygtybarlydygyny aýdypdyr. Ýapynjanyň etegini egniňe getirip, egin tarapyny etegiň ornuna ertmek «tenkis» diýilýän zatdyr. Ymam Şapygy tabynlygy doly aňlatmak üçin, ýapynjany tahwil etmek bilen birlikde, Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan niýet edilip hem ýerine ýetirilmedik tenkise hem amal etmegi dogry hasaplapdyr. Rowaýatçy alymlaryň habar bermeklerine görä, bu ýerde gürrüňi edilýän ýapynja uman matalaryndan tikilip, boýy dört arşyn bir garyş, ini-de iki arşyn bir garyş; Wakidiniň aýtmagyna görä bolsa, boýy alty arşyn bir garyş, ini dört arşyn bir garyş ululykda bolupdyr. Allahyň Resulynyň (s.a.w) izäriniňhem boýy dört arşyn bir garyş we ini hem iki arşyn bir garyşdy. Bu hülläni (ýapynja bilen izäre bilelikde hülle diýilýär) Pygamberimiz (s.a.w) juma we baýram günlerinde geýer eken. Başga wagtlarda bu hülle düýrlengi durupdyr.

Tahwil we tenkis etmegiň hikmeti haýra ýormak bolup: «Ýa Reb biziň daş sypatymyz häzir nähili üýtgän bolsa, başdan geçirýän kynçylyklarymyz, aç-hor ýagdaýymyzhem edil şonuň ýalybolup, gowulyga üýtgesin» diýen ýaly bir many berýär.

            Ýene Buharynyň kitabynda Abdullah ibn Zeýdiň (r.a) adyndan beýan edilip, Müslimiň kitabyndaky nusga tarapyndanhem tassyklanan rowaýatda (540-njyhadys): «Şol wagt mübärek arkasyny adamlara tarap öwrüp, doga etmek üçin kybla bakdy. Soňra ýapynjasyny (ridäsini) tahwil etdi. Soňra iki rekagat namaz okadyp, kyragatydaşyndan aýtdy» diýlendiginden çen tutup, Allahyň Resulynyň (s.a.w) doga etmäge başlajak bolanda tahwil edendigini aýtmak mümkin. Alymlaryň esasy köplügi şuňa esaslanyp, tahwili-ridäniň sünnetdigi bilen ylalaşypdyr. Diňe Ebu Hanife onuň sünnetdigi bilen ylalaşman, Allahyň Resulynyň (s.a.w) bu hereketiniň sünneti aňlatmak üçin däl-de, ýöne bir gytçylygyň bolçulyga öwrülmegi üçin yşarat edip, ýagdaýy haýra ýormak maksady bilen edilendigini aýdypdyr. Endülisiň irki alymlarynyň biri bolan Ibn Salam hem onuň bu pikiri bilen bir hörpden gopupdyr. Buharynyň kitabynda tahwili-ridä hakdaky ygtybarly rowaýatlaryň mydama Ibn Zeýdiň (r.a) adyndan beýan edilip, Enesiň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda mundan söz açylmaýşy ýaly, Enesiň rawysy Yshak ibn Abdullahyň ýa-da onuň bilen Buharynyň aralygyndaky başga bir rawynyň: «Enes Allahyň Resulynyň (s.a.w) tahwili-ridä edendigini hem, kybla tarap öwrülendigini hem ýatlamady» diýmegi hem ymam Ebu Hanifäni bu meselede goldaýan ýaly bolsa-da, Enesiň bu babatda hiç zat aýtmazlygynyň başga bir rawynyň ýalan sözländigini ýa-da ýalňyşandygyny aňlatmaýşy ýaly, onuň tahwili-ridä bilen kybla dönülendigini ret edendigini hem görkezmeýär. Mysal üçin, Tabarany «MugjemiEwsat» atly kitabynda Enesiň (r.a) adyndan Allahyň Resulynyň (s.a.w) istiska edip, namazdan öňürti hutba okandygyny, kybla tarap öwrülip, ridäsini tahwil edendigini, soňra münberden ýere düşüp, iki rekagat namaz okandygyny we diňe iftitah (başlangyç) tekbiri bilen çäklenendigini rowaýat edipdir.

Tahwili-ridäniň wagty ymam hutba okamaga başlanyndan biraz soňra bolup, oňa hutbanyň üçden birine sarp edilýän wagt aralygy ýaly wagt sarp edilipdir. Diňe ymam Mälikden gelip ýeten belli söze görä, tahwili-ridä hutba okalyp bolnanyndan soňraediler.

Ymam tahwili-ridä edende, jemagat oňa tabyn bolup, göreldesine eýerermi? Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä, jemagat ymamyň göreldesine eýermez. Olaryň bu pikiri bilen Sagyt ibn Müseýýep, Urwa ibn Zubaýr, Sufýan Söwri, Leýs ibn Sagt, Muhammet ibn Abdylhakem, Ibn Wehp dagy hem ylalaşypdyr. Mälige, Şapyga we Ahmet ibn Hanbala görä bolsa, şeýle ýagdaýda jemagat ymama eýerip, ridälerini tahwil ederler. Mysal üçin, «MüsnediAhmet» kitabynda beýan edilen rowaýatda: «Adamlarhem onuň bilen birlikde ridälerini tahwil etdiler» diýilmegi Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde sahabalaryňhem tahwili-ridä edendiklerini subut edýär. Mäliki mezhebiniň fykyhçy alymlaryndan Ibn Mäjişuwn zenanlaryň tahwili-ridä etmekleriniň mustahap däldigini aýdypdyr.

5 Buharynyň öz kitabynda Ibn Zeýdiň (r.a) adyndan bu ikinji ýoldan beýan eden rowaýatynda: «Namazgähe çykdy, istiska etdi, kybla tarapa öwrüldi we tahwili-ridä etdi, iki rekagat namaz hem okatdy» diýilýär. Bu iki ýoldan gelen rowaýatlaryň arasyndaky möhüm tapawut: olaryň birinjisinde namazdan sözaçylman, ikinjisinde iki rekagat namaz okalandygynyň habar berilmeginden ybaratdyr. Ikinji rowaýata görä, namazgähe çykmagyň, hutbada doga okamak üçin kybla tarapa öwrülmegiň we tahwili-ridäniň sünnetdiginiň belli bolşy ýaly, jemagat bilen iki rekagat namaz okamagyňhem sünnetdigi subutbolýar. Diňe ymam Ebu Hanife bu ýerdäki birinji rowaýatda we Enesiň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatlarda jemagat bilen okalan namaz barada söz açylmandygyndan çen tutup, bu namazyň sünnet däldigi, ýöne her kimiň özbaşyna namaz okamagynda-da zyýan ýokdugy bilen ylalaşypdyr. Sebäbi, onuň pikiriçe: فَقُلْتُ اسْتَغْفِرُوا رَبَّكُمْ إِنَّهُ كَانَ غَفَّارًا  يُرْسِلِ السَّمَاءَ عَلَيْكُمْ مِدْرَارًا= «Fe-kultüstagfiruw Rabbeküm innehuw käne gaffären. Ýürsilissemääää-e aleýküm midraaran» (golaý manysy: «Rebbiňizden bagyşlamagyny diläň, çünki,ol köp bagyşlaýjydyr. Üstüňize bol-bol ýagmyr ýagdyrmagy üçin ondan bagyşlamagyny diläň»(«Nuh» süresiniň 10—11-nji aýatlary)) aýaty-kerimelerinde ýagmyryň ýagmagy namaz bilen däl-de, Allahdan bagyşlamagyny dilemek bilen baglanyşdyrylypdyr. Şonuň üçinhem istiskada esasy bolan namaz däl-de, doga we Allaha ýalbarmakdyr. Tefsirçi Aýny Ybraýym Nahaýynyň hem bu pikir bilen ylalaşandygyny we hezreti Omaryňhem (r.a) bir gezek Allaha ýalbarmakdan başga hiç zat etmän istiskany ýerine ýetirendigini beýan edipdir. Mundan öň beýan edilen we bu pikiri tassyklaýan hadyslardan başga-da Aýny öz tefsirinde Ibn Majäniň kitabynda Mürräniň (r.a), Ebu Dawudyň kitabynda Jabyr ibn Abdullahyň (r.a), Tabaranynyň kitabynda Ebu Umamanyň (r.a), Beýhakynyň kitabynda Abdullah ibn Jerädiň (r.a), ýene Ebu Dawudyň kitabynda Umeýr Mewlä Ebu Lähimiň (r.a), Bezzaryň we Tabaranynyň kitaplarynda Ebu Derdanyň (r.a), Tabaranynyň «MugjemiSagyr» atly kitabynda Ebu Umamanyň (r.a), Ebu Awananyň kitabynda Ibn Apbasyň we Sagt ibn Ebu Wakgasyň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) we Tabaranynyň «MujemiKebir» atly kitabynda Şeffägbinti Halabyň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatlary hem ýatlap geçýär. Bu rowaýatlarda namazdan söz açylmandyr. Ýöne rawylaryň bir toparynyň bu barada hiç zat aýtmazlyklary namazdan söz açýan rawylaryň dürli ýollardan gelen ygtybarly we köpsanly rowaýatlarynda aýdylanlara ynanmaga päsgel bermeýär. Olaryň bu barada hiç zat agzamazlyklary ýa rowaýaty gysgaldyp gürrüň berendikleri, ýa-da hemme kişä belli zady gürrüň bermegi zerur hasaplamanadyklary bilenhem baglanyşykly bolup biler. Mysal üçin, käbir fykyhçy alymlara görä, namaz okamazdan ýerine ýetirilen istiska-da dogry bolup, namaz okamak bilen birlikde ýerine ýetirilen istiska onuň has kämil bolan görnüşidir. Şol sebäpli ymam Ebu Ýusup bilen ymam Muhammet jemagat bilen okalýan baýram namazy ýaly iki rekagat istiska namazyny okamagyň sünnetdigi bilen ylalaşyp, ymam Mälik, ymam Şapygy we ymam Ahmet hem şu pikire uýupdyrlar.

Indi istiska namazynyň hutbasynyň namazdan öňmi ýa-da soňra okalmalydygy baradaky meseläni anyklamaga synanyşalyň. Ibn Zeýdiň (r.a) gürrüň beren hadysynyň ikinji bir ýoldan gelip ýeten nusgasynyň manysyndanhem, onuň üçünji bir ýoldan gelen nusgasynda bolsa: «Soňra bize iki rekagat namaz okatdy» diýilmegindenhem hutbanyň (juma günündäki ýaly) namazdan öňürti okalmagynyň dogry boljakdygy aňlanylýar. Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda hezreti Äşäniň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýat hem munuň şeýledigini tassyklaýar. Ol rowaýatda musulmanlaryň enesi hezretleri şeýle diýipdir: «Töwerekdäkiler ýagmyryň gytalmagyndan şikaýat edip, Allahyň Resulyna(s.a.w) ýüz tutdular. Allahyň Resulynyň (s.a.w) emr etmegi bilen namazgähde bir münber guruldy we ol her bir kişiniň sähra çykmaly gününi kesgitlemek bilen bir gün belledi.

Allahyň Resuly (s.a.w.) Günüň gaşy görnen wagtda sähra çykdy we münberiň üstünde oturyp, tekbir alyp, Allahü tagala hamdy-sena etdi. Soňra: «Eý jemagat, siz diýaryňyzyň gurakçylyga sezewar bolmagyndan we ýagmyryň ilki ýagýan zamanlarynda ýagman, gijigendiginden şikaýat etdiňiz. Ýöne Allahü tagala özüne doga etmegiňizi size emir edişi ýaly, dogaňyzy kabul etmegi-de wada edendir»diýip şeýle doga etdi: «Elhamdülillähi Rabbil-aalemiýn, er-Rahmänirrahyým, meliki ýewmiddiýn. Lä ilähe illallahu ýef’alu mä ýurid. Allahümme entallahülä ilähe illä entel-ganiýýu we nahnul-fukara. Enzil aleýnäl-gaýsa. Wej’al mä enzelte lenä kuwweten we belaagan ilä haýrin»ýagny: «Hamd älemleriň Rebbi bolan Rahman we Rahym hem-de din gününiň (kyýamat gününiň) meligi bolan Allaha mahsusdyr. Allahdan başga hakyky taňry ýokdur. Ol islänini eder. Allahym, özünden başga hakyky taňry bolmadyk Allah Sensiň, gani Sensiň. Biz bolsa pahyrdyrys. Üstümize rehmet ýagdyr. Ýagdyranyňy-da bize kuwwat berjek we bizi haýra gowuşdyrjak bir zat eýle, Ýa Reb!»Soňra mübärek ellerini asmana tarap galdyrdy. Ellerini galdyra-galdyra iň soňunda goltuklarynyň agy göründi. Soňra arkasyny jemagata tarap öwrüp, münberden aşak düşdi we iki rekagat namaz okatdy. Şol wagt Allahü tagala ýok ýerden bir bulut ýaratdy. Gök gürläp, ýyldyrym çakyp, soňra Allahü tagalanyň rugsat bermegi bilen ýagyş ýagmaga başlady. Şeýle bir ýagyş ýagdy welin, Allahyň Resuly (s.a.w.) metjidi-şeribine barmanka siller akmaga başlady. Allahyň Resuly (s.a.w.) adamlaryň penalanar ýaly bassyrma gözläp ylgaşýandyklaryny göreninden soň, mübärek öň dişleri görünýänçä ýylgyryp: «Allahyň her bir zada kadyrdygyna, özümiňhem Allahyň guly we Resulydygyma şaýatlyk edýärin»diýdi».

Biz: «Mäliki ýewmiddiýn» diýýäris. Bu rowaýatda bolsa: «Meliki ýewmiddiýn» diýlipdir. Ebu Dawut bu hadysy boýdan-başa beýan edeninden soňra: «Medinäniň halky: «Meliki ýewmiddiýn» diýip okaýar. Bu hadys şoňa delildir» diýýär.

Ýöne «Sahyh» atlandyrylan kitaplardaky rowaýatlardan tapawutlylykda «SüneniAhmet» kitabynda Abdullah ibn Zeýdiň (r.a) adyndan beýan edilen başga-da bir rowaýat bolup, onda bularyň tersine hutbadan öňürti namaz okamaga başlanandygy habar berilýär. Fykyhçy alymlar bu iki görnüşiňhem şerigata laýykdygyny, olaryňhaýsyny ýerine ýetirseňhem bolýandygyny aýdyp, şol bir adamyň gürrüň beren iki rowaýatynyň arasynda gapma-garşylygyň ýokdugyny nygtaýarlar. Ýöne (beýleki köpsanly hadyslardan görnüşine görä), baýram namazynda bolşy ýaly, namazy hutbadan öňürti okamak mustahapdyr.

Istiska namazynyň iki rekagatdygy barada hemme alymlar bir pikirde bolsalarhem onuň nähili edilip okalmalydygy barada dürli pikirler orta atylypdyr. «SüneniEbu Dawut» kitabynda beýan edilişine görä, Medinäniň emiri Welit ibn Utbabir gezek Allahyň Resulynyň (s.a.w) istiska namazyny nähili edip okandygyny soramak üçin Yshak ibn Abdullah ibn Kinänäni Ibn Apbasyň (r.a) ýanyna ugradypdyr. Ibn Apbas (r.a) hezretleri: «Allahyň Resuly (s.a.w.) namazgähe sallam-sajagrak eşikli, ýönekeý we dilegçilik edýäne mahsus bir sypatda gitdi. Namazgähe baranyndan soň, münbere çykdy we siziň okaýan hutbalaryňyza meňzeş bir hutba okamady. Ýöne ol yzygiderli doga etmek, tekbir aýtmak bilen meşgul boldy. Soňra baýramlarda okadyşy ýaly edip, iki rekagat namaz okatdy» diýip habar beripdir. Ine, şu ýerdäki: «Baýramlarda okadyşy ýaly edip ...» diýen sözlerden, baýram namazlarynda bolşy ýaly, istiska namazynda-da artyk tekbirleriň getirilip bilinjekdigi hakda höküm çykarylypdyr. Ymam Şapygynyň mezhebi şeýledir. Sagyt ibn Müseýýep, Omar ibn Abdyleziz, Mekhuwl, Muhammet ibn Jerir Tabary we bir rowaýata görä, Ahmet ibn Hanbal dagy hem şu düşünjä eýeripdirler. Ýöne alymlaryň esasy köplüginiň pikirine görä, istiska namazynda, beýleki namazlarda bolşy ýaly, diňe iftitah (başlangyç) tekbirini almak bilen çäkleniler. Mälik, Söwri, Ewzaýy, Yshak ibn Rahuýa, meşhur bir sözüne görä, Ahmet Ibn Söwr, Ebu Ýusup, Muhammet we hanefimezhebiniň beýleki alymlarynyň hemmesi bu pikir bilen ylalaşýarlar. Dawut Zahyry bolsa bu namazyň, baýram namazlaryndaky ýaly, birnäçe gezek tekbir almak bilenhem, başga namazlardaky ýaly, diňe iftitah tekbirini almak bilenhem okalyp bilinjekdigini aýdypdyr.

Ibn Apbasyň (r.a) istiska namazyny baýram namazy bilen deňemegine olaryň diňe iki rekagat bolmaklary, kyragatlarynyň daşyňdan okalmagy we iki rekagat namazyň hutbadan öň okalmagy sebäp bolupdyr.

Istiska namazynyň üçünji meselesi onuň haýsy wagtda okalmalydygy baradaky meseledir. Ibn Apbasyň (r.a) gürrüň beren hadysyna esaslanmak bilen, hanefi, mäliki we hanbaly mezhebiniň alymlary istiska namazynyň wagtynyň baýram namazynyň okalýan wagtydygyny aýdypdyrlar. Şapygy mezhebiniň alymlaryna görä bolsa, bu namazyň hökümleriniň köpüsiniň baýram namazynyň hökümleri ýaly bolmak bilen birlikde,onuň okalýan belli bir wagty ýokdur. Küsüwf namazy ýaly, bir sebäbe görä okalýan namaz bolany üçin,bu namazyň wagty onuň sebäbi bilen birlikde üýtgär we ol gije bilen gündiziň islendik wagtynda okalyp bilner. Bular şeýle diýselerhem, istiska namazyny baýram namazynyň wagtynda okaýarlar. Şonuň üçinhem olaryň alymlaryň esasy köplügi bilen edýän jedelleri ähmiýetsiz bir jedele öwrülýär.