53 Ýene-de hoşniýetlilik hakda
وعنه رضي الله عنه قال: إنِّي أَتَيْتُ النَّبِيَّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قُلْتُ: أُبَايِعُكَ عَلَى الاسْلامِ ، فَشَرَطَ عَلَيَّ: (وَالنُّصْحِ لِكُلِّ مُسْلِمٍ) فَبَايَعْتُهُ عَلَى هَذَا.
Ýene Jerir ibn Abdullah Bejeli (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip: «Ýa Allahyň Resuly, musulman bolmak üçin saňa kasam etjek» diýdim. Onuň öňümde goýan şertleriniň arasynda her bir musulmana hoşniýetli çemeleşmek we ýaman niýet etmekden daşda bolmak hem bardy. Men hem bu şerte görä kasam etdim»1.
1Bu hadysy-şerif Buharyda has giňişleýin beýan edilipdir. Onda şeýle diýilýär: «Basranyň häkimi Mugyra ibn Şugbanyň (r.a.) ýogalan güni Jerir (r.a.) häkimsiz galynmagy netijesinde ýüze çykyp biljek tolgunyşygyň öňüni almak maksady bilen hutba okalýan ýere çykyp, Allahü tagalany alkyşlanyndan soňra: «Bir emir baştutan bolýança ýeke-täk we şäriksiz Allahü tagala tabyn bolup, özüňizi salyhatly we rahat alyp barmagyňyzy maslahat berýärin. Sebäbi emiriňiz nirede bolsa-da, bu ýere gelýär» diýip nesihat edipdir. Soňra: «Ýogalan emiriňiz üçin Allahü tagaladan onuň günäsini geçmegini diläň. Çünki,onuň özi edilen ýaman işleri bagyşlamagy halardy» diýeninden soň, oturanlara ýüzlenip, şu hadysy aýdyp berýär we iň soňunda Metjidi-Harama tarap ümläp:«Size ýagşylyk isleýändigime şu metjidiň Rebbinden ant içýärin» diýip we Allahü tagaladan günäsini geçmegini diläp, münberden düşüpdir.