52 Din hoşniýetlilikden ybaratdyr
عَنْ جَرِيرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ رضي الله عنه قَالَ: بَايَعْتُ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ عَلَى إِقَامِ الصَّلاةِ ، وَإِيتَاءِ الزَّكَاةِ ، وَالنُّصْحِ لِكُلِّ مُسْلِمٍ.
Jerir ibn Abdullah Bejeli (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna baryp: «Namaz okaryn, zekat bererin, her bir musulmana hoşniýetli çemeleşip, ýaman niýetli bolmakdan daşda duraryn» diýip kasam etdim»1.
1Bu hadysy-şeribiň arapçasyndaky «nush» sözi, ýagny «nesihat» sözi «hoşniýetli» diýlip terjime edildi. Arap dilinde «nesihat» sözi köňlüňi ýaman niýetden arassalap, özüňe maslahat berip biljek kämil, haýyrly zatlaryňy başga kişilere-de niýet etmegi aňladýar. Bu manyny bermek üçin bolsa, biziň dilimizdäki «hoşniýetlilik» sözüni ulansaň has ýerine düşýär. Türkmen dilindäki «öwüt» sözi hem diňe söz bilen nesihat bermegi aňladýar. Arap dilinde bolsa «nesihat» sözüniň hem söz bilen, hem iş ýüzünde ýerine ýetirilýän umumy hereketi aňladýandygy üçin,bu sözi türkmençä «hoşniýetlilik» diýip terjime etmek maksada has laýykdyr.