51 Maşgala agzalaryňy ekläp-saklamagyň artykmaçlygy
عَنْ أَبِي مَسْعُودٍ رضي الله عنه ، عَنْ النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قَالَ: (إِذَا أَنْفَقَ الرَّجُلُ عَلَى أَهْلِهِ يَحْتَسِبُهَا فَهُوَ لَهُ صَدَقَةٌ).
Ebu Mesgut Ukba ibn Amr (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Bir adam öwezini diňe Allahü tagaladan almagy umyt edip, ýakynlaryny ekläp-saklasa, bu eden işi üçin sadakanyň sogaby ýaly sogap gazanar»1diýdi».
1 Buharyda Sagt Ebu Wakgasyň (r.a.) dilinden ýazylyp alnan: «Allahü tagalanyň razylygyny gazanmak üçin ýakynlaryňa iýdiren zadyň siňýänçä, beýle edeniň üçin sogap gazanmarsyň» diýen hadysy-şerif bardyr we ol bu hadysy has gowy düşündirýär.