46 Gadyr gijesini remezan aýynyň ýigrimisinden soňky gijelerden gözlemeli

Başy » IMAN KITABY » 46 Gadyr gijesini remezan aýynyň ýigrimisinden soňky gijelerden gözlemeli

    عن عُبَادَةُ بْنُ الصَّامِتِ رضي الله عنه: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ خَرَجَ يُخْبِرُ بِلَيْلَةِ الْقَدْرِ ، فَتَلاحَى رَجُلانِ مِنْ الْمُسْلِمِينَ فَقَالَ : إِنِّي خَرَجْتُ لأُخْبِرَكُمْ بِلَيْلَةِ الْقَدْرِ ، وَإِنَّهُ تَلاحَى فُلانٌ وَفُلانٌ ، فَرُفِعَتْ ، وَعَسَى أَنْ يَكُونَ خَيْرًا لَكُمْ ، الْتَمِسُوهَا فِي السَّبْعِ وَالتِّسْعِ وَالْخَمْسِ.

 

         Ubada ibn Samyt (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) gadyr gijesiniň haýsy gijediginihabar bermek üçin öýünden çykdy. Şol pursat musulmanlardan iki kişi dawalaşyp başlady.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Men size gadyr gijesiniň haýsy gijedigini habar bermek üçin çykypdym. Pylany bilen pylany dawa etdiler-de, ol babatda bilýänlerim zym-zyýat boldy1. Belki, bu siz üçin has haýyrlydyr. Mundan beýläk siz gadyr gijesini remezanyň ýigrimisinden soňky ýedinji ýa-da dokuzynjy, ýa bolmasa bäşinji gijelerdir diýip çaklaň» diýdi».

 

1Unutdym diýmegi aňladýar. Mysal üçin, bu hadysyň başga bir nusgasynda: «Gadyr gijesiniň haýsy gijedigini unutdym» diýilýär.