45 Musulmana sögmek we onuň bilen uruşmak gadagandyr
عن عَبْدِ اللَّهِ بنِ مسعود رضي الله عنه:أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قَالَ: (سِبَابُ الْمُسْلِمِ فُسُوقٌ ، وَقِتَالُهُ كُفْرٌ).
Abdullah ibn Mesgut (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Musulmana sögmek günädir, onuň bilen söweşmek bolsa hudaýsyzlykdyr» diýdi»1.
1Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle diýmek bilen musulmanlar bilen sögüşmegiň günä edýänlere, musulmanlar bilen uruşmagyň hem kapyrlara mahsusdygyny aýtmak islän bolsa gerek. Kapyrlara mahsus bolan ahlak we işler ynsany günä edýän kişiniň mertebesinden hem aşak düşürip, imanyndan derrew jyda edäýmez. Diňe şu zatlaryň imanyň galasynyň diwaryny böwsüp, onuň eýesini kapyrlygyň we mynapyklygyň heläkçilik jülgesine tarap süýremeginden gorkular. Şol sebäpli,beýik musulman kişileriň köpüsi imanlaryna ikiýüzlüligiň gatylmagyndan we özleri hem duýmazdan, amallarynyň biderek bolmagyndan örän gorkardylar. Mysal üçin, Buhary Ybraýym Teýminiň: «Haçan sözümi amalym bilen deňeşdirenimde, ýalançy çykmakdan gorkardym» diýendigini, Ibn Ebu Müleýkäniň: «Pygamber alaýhyssalatu wessalamyň sahabalaryndan otuz adama duşdum. Olaryň her biri mynapyk bolmakdan gorkýardylar. Olaryň arasynda: «Meniň imanym Jebraýylyň we Mikaýylyň imany ýaly berk hem-de ikiýüzlülikden halasdyr» diýýän hiç kimse ýokdy» diýendigini, Hasan Basrynyň hem: «Musulmandan başga kişi Allahü tagaladan gorkmaz. Mynapykdan başga kişi özüne ynamly bolmaz» diýendigini düşündiriş hökmünde beýan edipdir. Gysgaça edip aýtsak, toba etmezden, günä ulaşyp galmakdan gorkular.