43 Yslamyň esaslary

Başy » IMAN KITABY » 43 Yslamyň esaslary

     عن طَلْحَةَ بْنَ عُبَيْدِ اللَّهِ رضي الله عنه قال: جَاءَ رَجُلٌ إِلَى رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ مِنْ أَهْلِ نَجْدٍ، ثَائِرَ الرَّأْسِ يُسْمَعُ دَوِيُّ صَوْتِهِ وَلا يُفْقَهُ مَا يَقُولُ، حَتَّى دَنَا، فَإِذَا هُوَ يَسْأَلُ عَنْ الاسْلامِ ، فَقَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (خَمْسُ صَلَوَاتٍ فِي الْيَوْمِ وَاللَّيْلَةِ) فَقَالَ: هَلْ عَلَيَّ غَيْرُهَا ؟ قَالَ: ( لا ، إِلا أَنْ تَطَوَّعَ). قَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (وَصِيَامُ رَمَضَانَ). قَالَ: هَلْ عَلَيَّ غَيْرُهُ ؟ قَالَ: (لا ، إِلا أَنْ تَطَوَّعَ). قَالَ: وَذَكَرَ لَهُ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ الزَّكَاةَ ، قَالَ: هَلْ عَلَيَّ غَيْرُهَا ؟ قَالَ: (لا ، إِلا أَنْ تَطَوَّعَ). قَالَ: فَأَدْبَرَ الرَّجُلُ وَهُوَ يَقُولُ: وَاللَّهِ لا أَزِيدُ عَلَى هَذَا وَلا أَنْقُصُ ، قَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: ( أَفْلَحَ إِنْ صَدَقَ).

         Talha ibn Ubaýdylla (r.a.) şeýle diýipdir: «Nejdde ýaşaýan saçy bulam-bujar bir garyp adam Allahyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna geldi. Onuň bir zatlar diýýänini uzakdan çalak-çulak eşitsek hem, näme diýýänini aňşyrmaýardyk. Ine, ol golaýa geldi. Ol yslamyň nämedigini soraýan eken. Bu soragaAllahyň Resuly (s.a.w.): «Bir gije-gündizde bäş namaz» diýip jogap berdi. Ol adam: «Bu namazlardan başga namaz hem üstüme ýüklenjekmi?» diýip sorady. Allahyň Resulyhem: «Ýok, tatawwu edäýmeseň, ýagny,öz islegiň bilen başga bir namaz okaýmasaň, artyk üstüne ýüklenjek namaz ýok»diýip jogap berdi. Soňra hemAllahyň Resuly (s.a.w.): «Bir hem remezan orazasy» diýdi. Ol görgüli ýene: «Mundan başgasy-da üstüme ýüklenjekmi?» diýip sorady. Ol hem: «Ýok, öz islegiň bilen mundan artyk oraza tutaýmasaň, başga üstüne ýüklenjek oraza ýok» diýip jogap berdi».

Talha (r.a.) sözüni dowam edip, şeýle diýýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) zekat barada-da oňa habar berdi. Ol adam: «Mundan başgasy-da üstüme ýüklenjekmi?» diýip sorady. Allahyň Resuly (s.a.w.) ýene: «Ýok, öz islegiňe görä başga bir sadaka beräýmeseň, üstüne ýüklenjek zat ýok» diýip jogap berdi. Şondan soňra ol görgüli: «Wallahi, mundan artyk hem, kem hem hiç zat etjek däl» diýdi we yzyna dolandy. Onuň aýdanyny eşidenAllahyň Resuly (s.a.w.): «Eger dogrusyny aýdýan bolsa, halas bolup gitdi» diýdi».