42 الْيَوْمَ أَكْمَلْتُ لَكُمْ («El-ýewme ekmeltü leküm...») aýaty-kerimesiniň inmeginiň sebäbi
عَنْ عُمَرَ بْنِ الْخَطَّابِ رضي الله عنه: أَنَّ رَجُلا مِنْ الْيَهُودِ قَالَ لَهُ يَا أَمِيرَ الْمُؤْمِنِينَ ، آيَةٌ فِي كِتَابِكُمْ تَقْرَءُونَهَا ، لَوْ عَلَيْنَا مَعْشَرَ الْيَهُودِ نَزَلَتْ ، لاتَّخَذْنَا ذَلِكَ الْيَوْمَ عِيدًا ، قَالَ : أَيُّ آيةٍ ؟ قَالَ: الْيَوْمَ أَكْمَلْتُ لَكُمْ دِينَكُمْ وَأَتْمَمْتُ عَلَيْكُمْ نِعْمَتِي وَرَضِيتُ لَكُمْ الاسْلامَ دِينًا قَالَ عُمَرُ: قَدْ عَرَفْنَا ذَلِكَ الْيَوْمَ ، وَالْمَكَانَ الَّذِي نَزَلَتْ فِيهِ عَلَى النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ، وَهُوَ قَائِمٌ بِعَرَفَةَ يَوْمَ جُمُعَةٍ.
Omar ibn Hattap (r.a.) hakda söz açyp, Taryk ibn Şyhah şeýle diýipdir: «Ýehudy tiresindan bir adam1 oňa: «Ýa möminleriň emiri, siziň kitabyňyzdan okap beren bir aýatyňyz bar. Eger ol bize, ýagny,ýehudylara inen bolsady, onuň inen gününi baýram ederdik» diýipdir. Omar (r.a.) ondan: «Ol haýsy aýat bolmaly?» diýip sorapdyr. Ýehudy: « Ol aýat: الْيَوْمَ أَكْمَلْتُ لَكُمْ دِينَكُمْ وَأَتْمَمْتُ عَلَيْكُمْ نِعْمَتِي وَرَضِيتُ لَكُمُ الْإِسْلَامَ دِينًا= «El-ýewme ekmeltü leküm diýneküm we etmemtü aleýküm nygmetiý we razyýtü lekümül-isläme diýnen»(golaý manysy: «Eý, musulmanlar, ine, bu gün size diniňizi tamamlap berdim. Siz üçin nygmatymy tamamladym we size din bolsun diýip, yslamy beýleki dinlerden tapawutlandyrdym».«Maide» süresiniň 3-nji aýatyndan) diýen aýat bolmaly» diýip jogap beripdir. Şondan soňra Omar (r.a.): «Biz bu mukaddes aýatyň inen gününi-de, inen ýerini-de bilýäris, ýagny,onuň gymmatyna gadyr goýýarys. Bu aýaty-kerime Allahyň Resuly (s.a.w.) juma günleriniň birinde, Arafat dagynda duran wagty, ýagny,zülhijje aýynyň dokuzynda inipdi»2 diýipdir.
1Sorag beren adam Kagp Ahbardy. Ol bu döwürde heniz iman getirmändi.
2Musulmanlaryň emiriniň (hezreti Omaryň lakamy) jogaby berlen sowala gabat gelmeýän ýaly bolup görnüp biljek bolsa-da, onuň sowala laýyk gelýändigi sözşynaslara üç sany ýagdaýyň arkasyndan mälim bolar. Birinjiden, beýik aýatyň arafe güni ikindiden soňra inendigi üçin, ony baýram gijesi inen hasaplap bolar ýa-da inen badyna baýram başlandy diýip düşünip bolar. Ikinjiden, bu aýat juma güni inýär. Bu gün bolsa musulmanlaryň her hepdede gaýtalanyp duran baýramydyr. Üçünjiden, arafe gününiň özi-de baýram günüdir. Mysal üçin, bu hadys Yshak ibn Kubaýsanyň gürrüň bermeginde: «Bu aýat arafe gününe gabat gelen juma gününde indi. Juma hem, arafe hem (Allahü tagala öwgi bolsun!) bize baýramdyr» görnüşinde, Tabaranynyň gürrüň bermeginde bolsa: «Ikisi-de bize baýramdyr» görnüşinde beýan edilýär. Soňky iki rowaýatdaky düşündirişden hem, Buharynyň rowaýatyndaky yşaratdan hem sowala laýyk jogap berlendigini görmek bolýar.