41 Imanly kişi jähennemde baky galmaz

Başy » IMAN KITABY » 41 Imanly kişi jähennemde baky galmaz

  عَنْ أَنَسٍ رضي الله عنه ، عَنْ النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قَالَ: (يَخْرُجُ مِنْ النَّارِ مَنْ قَالَ: لا إِلَهَ إِلا اللَّهُ ، وَفِي قَلْبِهِ وَزْنُ شَعِيرَةٍ مِنْ خَيْرٍ ، وَيَخْرُجُ مِنْ النَّارِ مَنْ قَالَ لا إِلَهَ إِلا اللَّهُ ، وَفِي قَلْبِهِ وَزْنُ بُرَّةٍ مِنْ خَيْرٍ ، وَيَخْرُجُ مِنْ النَّارِ مَنْ قَالَ لا إِلَهَ إِلا اللَّهُ ، وَفِي قَلْبِهِ وَزْنُ ذَرَّةٍ مِنْ خَيْرٍ).

 

       Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Lä ilähe illallah» diýip hem kalbynda bir arpa agyrlygynda haýyr, ýagny,iman bolan adam jähennemden çykar. «Lä ilähe illallah» diýip hem kalbynda bir bugdaý agyrlygynda haýyr, ýagny,iman bolan adam jähennemden çykar. «Lä ilähe illallah» diýip hem kalbynda bir zerre agyrlygynda haýyr, ýagny,iman bolan adam jähennemden çykadiýdi»1.

 

1 «Lä ilähe illallah» diýip başlanyp, iman getirmegi alamatlandyrýan söz düzümi bu sözlerden başga-da: «Muhammet Resulyllah» sözlerini hem öz içine alýar we onuň keleme öwürmegiň aýrylmaz bölegidigi öz-özünden düşnükli bolansoň, diňe başky söz düzümini aýtmak bilen çäklenilipdir. Ýogsam,Muhammediň pygamberdigini tassyk etmezden, jähennemden halas bolunmajagy subut edip oturmazdan hem mälimdir.