40 Az-da bolsa, dowamly ýerine ýetirilen amalyň artykmaçlygy

Başy » IMAN KITABY » 40 Az-da bolsa, dowamly ýerine ýetirilen amalyň artykmaçlygy

 عَنْ عَائِشَةَ رضي الله عنها : أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ دَخَلَ عَلَيْهَا وَعِنْدَهَا امْرَأَة ٌ، قَالَ : ( مَنْ هَذِهِ ) . قَالَتْ : فُلانَةُ ، تَذْكُرُ مِنْ صَلاتِهَا ، قَالَ : ( مَهْ عَلَيْكُمْ بِمَا تُطِيقُونَ ، فَوَاللَّهِ لا يَمَلُّ اللَّهُ حَتَّى تَمَلُّوا ) وَكَانَ أَحَبَّ الدِّينِ إِلَيْهِ مَادَاوَمَ عَلَيْهِ صَاحِبُهُ .

 

         Hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Ýanymda bir aýal1 bar wagty,Allahyň Resuly (s.a.w.) hüjräme girdi2. Ol: «Bu aýal kim?» diýip sorady. «Pylany» diýdim we okan namazlaryny aýdyp bermäge başladym. Allahyň Resuly (s.a.w.) bolsa: «Bes et! Mydama eliňizden geljek işi ediň. Ýogsam, Allahü tagaladan ant içýärin, siz ýorulmasaňyz, Allahü tagala ýorulmaz» diýdi. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) iň gowy görýän dini, ýagny,tagaty,ony ýerine ýetirýäniň az hem bolsa, yzygiderli ýerine ýetirýän tagatydy».

 

1Bu aýalyň ady Hawla binti Tüweýt bolup, ol musulmanlaryň enesi Hatyja (r.a.) ýaly esedi kuraýyşlaryndandyr.

2Tekstdäki üçünji ýöňkemedäki at çalyşmalary terjimede birinji ýöňkemede berildi. Sebäbi kyssanyň başynda: «Şeýle diýipdir» diýen söz düzümi bar.