37 Yslam ýeňillikler dinidir

Başy » IMAN KITABY » 37 Yslam ýeňillikler dinidir

عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ ، عَنْ النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قَالَ : ( إِنَّ الدِّينَ يُسْرٌ وَلَنْ يُشَادَّ الدِّينَ أَحَدٌ إِلا غَلَبَهُ ، فَسَدِّدُوا وَقَارِبُوا ، وَأَبْشِرُوا ، وَاسْتَعِينُوا بِالْغَدْوَةِ وَالرَّوْحَةِ وَشَيْءٍ مِنْ الدُّلْجَةِ).

 

         Ýene Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Bu din ýeňillik dinidir. «Din babatdaky amallarym kem bolmasyn» diýip, özüni zorlap, dinden basylmadyk we ejizläp, amaldan büs-bütin el çekmedik bir adam hem ýokdur. Şeýle bolany üçin, aralyk ýol bilen gidiň. Maksat edinen amalyňyzy doly ýerine ýetirmedik halatyňyzda, oňa şükür etmek bilen kanagat ediň. Şeýle etseňiz, size buşluk bolsun: amalyň azyna-da örän köp sogap berler1. Ýola çykmakçy bolsaňyz, sapara daňdan, agşam, gijäniň käbir sagatlaryndaçykyň-da, özüňizi horlamaň»2diýdi».

 

1Şu hadysy-şerifde amalda howlukmazlyk maslahat berilýär we öte geçmekden, iň gowusyny etjek diýip, özüňe zor salmakdan ägä bolmalydygy duýdurylýar. Allahü tagalanyň razylygy üçin diňe elimizden aňsatlyk bilen gelýän amallary berjaý etmäge borçly bolşumyz ýaly, biri-birimize teklip etjek işlerimizde hem gurbumyz çatjak mukdar bilen çäklenmeli. Buharynyň «Kitabur-Rikk» atly kitabyndaky beýleki bir hadysda-da: «Menzile ýetjek bolsaňyz, howlukman gidiň, howsala düşmän gidiň» diýlipdir. Buhary şunuň bilen baglanyşyklylykda: «Allahyň iň söýen dini, jomartlygyň, ýeňilligiň üstünde gurlan din yslam dinidir»diýen hadysy hem beýan edipdir.

2Pygamberiň (s.a.w.) beýle diýmek bilen öňünde goýýan beýik maksady nepil ybadatyny ýerine ýetirmek üçin keýpiň çag wagtyny saýlap almagyň has gowudygyny aýtmak islemegidir. Bu ýerde tehejjüt namazyny aram-aram okamalydygyna-da bir yşaratjyk bar. Allahü tagalanyň huzuryna barýan ýoluň ýolagçylary bolan tagatçylaryň ülke-ülke (esasan hem Arabystan çöllüginde) aýlanyp ýörenlere meňzedilmegi, gör, nähili ýerine düşüpdir! Mälim bolşuna görä, tropiki ýurtlarda (aýratyn hem tomsuna) gündiz ýol aşmagyň örän ýüregedüşgünç we käte bolsa howpludygy üçin, säheriň, agşamyň, gijäniň sergin wagtlaryny ýatyp geçirip, gündiz ýola çykanlaryň haly örän erbet bolýar.