29 Iki musulman gylyçlaşyp, biri beýlekisini öldürse, ikisi hem jähennemidir

Başy » IMAN KITABY » 29 Iki musulman gylyçlaşyp, biri beýlekisini öldürse, ikisi hem jähennemidir

 عن أبي بكرة رضي الله عنهَ قَالَ: سَمِعْتُ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَقُولُ: ( إِذَا الْتَقَى الْمُسْلِمَانِ بِسَيْفَيْهِمَا فَالْقَاتِلُ وَالْمَقْتُولُ فِي النَّارِ ). فَقُلْتُ يَا رَسُولَ اللَّهِ هَذَا الْقَاتِلُ، فَمَا بَالُ الْمَقْتُولِ ؟ قَالَ: ( إِنَّهُ كَانَ حَرِيصًا عَلَى قَتْلِ صَاحِبِهِ).

 

Ebu Bekr (r.a.) şeýle diýipdir:1 «Allahyň Resulynyň (s.a.w.):«Iki musulman elleri gylyçly biri-biriniň garşysyna çyksa, öldüren hem, ölen hem jähennemidir»2 diýendigini eşitdim. Men ondan: «Ýa, Allahyň Resuly, öldüreniňki düşnükli, ölen näme üçin jähenneme girer?» diýip soradym. Ol: «Öz arkadaşyny öldürmäge çalyşandygy sebäpli» diýdi»3.

 

1Rowaýat Ahnap ibn Kaýs Temiminiň ýolundan gelip ýetipdir. Onuň bir sözbaşysy hem bolup, onda Ahnef şeýle diýýär: «Şu adama (Buharynyň «Fiten» diýen kitabyndaky başga bir rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) kakasynyň doganynyň ogluna) ýardam bermek üçin barýardym. Ýolda Ebu Bekre duşdum. Ol: «Nirä barýarsyň?» diýip sorady. Men: «Şu adama ýardam bermek isleýärin» diýdim. Ebu Bekr maňa: «Dön!» diýdi».

2Şunuň ýaly jeza duçar bolup biler diýiljek bolunýar. Ýogsam, Allahü tagalanyň bagyşlamagy bilen bu jezadan gutulyp hem bolar. Bu kadanyň üýtgewsizdigini aýtmak kyn. Mukaddes hadysda taraplaryň ikisine-de musulman diýilmegi muňa yşaratdyr.

3Gürrüň şerigat üçin uruşmaga bir sebäp bolmazdan ýüze çykan uruş barada gidýär. Şerigat bilen baglanyşykly urşa goşulan sahabalaryň haýsy tarapdadygyna seretmezden, jennetiň ýaşaýjylary bolmagy-da, muňa şaýatlyk edýär. Çünki,olar öz nukdaýnazarlary sebäpli we munuň ýaly uruşlarda diniň bähbidi bardyr öýdüp çalyşanlardyr. «Hujurät» süresiniň 9-njy aýatynda-da bir ýeri basyp alanlara olaryň aýak astyna düşen duşmanlary bilen birlikde musulman diýlipdir (17-nji we 279-njy hadyslaryň düşündirişlerine-de seret).