28 Birine ýaramaz söz aýtmagyň Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan gadagan edilmegi

Başy » IMAN KITABY » 28 Birine ýaramaz söz aýtmagyň Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan gadagan edilmegi

عن أبي ذر رضي الله عنه قال : سَابَبْتُ رَجُلا فَعَيَّرْتُهُ بِأُمِّهِ ، فَقَالَ لِي النَّبِيُّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ : ( يَا أَبَا ذَرٍّ أَعَيَّرْتَهُ بِأُمِّهِ إِنَّكَ امْرُؤٌ فِيكَ جَاهِلِيَّةٌ ، إِخْوَانُكُمْ خَوَلُكُمْ ، جَعَلَهُمْ اللَّهُ تَحْتَ أَيْدِيكُمْ ، فَمَنْ كَانَ أَخُوهُ تَحْتَ يَدِهِ ، فَلْيُطْعِمْهُ مِمَّا يَأْكُلُ ، وَلْيُلْبِسْهُ مِمَّا يَلْبَسُ ، وَلا تُكَلِّفُوهُمْ مَا يَغْلِبُهُمْ ، فَإِنْ كَلَّفْتُمُوهُمْ فَأَعِينُوهُمْ ) .

Ebu Zer (r.a.) şeýle diýipdir1: «Bir gezek bir adam bilen sögüşdim-de, onuň enesine dil ýetirdim.2 Allahyň Resuly (s.a.w.) maňa: «Eý, Ebu Zer, sen onuň enesine dil ýetirýärmiň? Diýmek sen kalbynda jahylyýet ahlagy saklanyp galan adamsyň» diýdi. Soňra bolsa: «Goluňyzyň astyndakylar siziň doganlaryňyzdyr. Allahü tagala olary siziň garamagyňyzdaky mülküňize we erkiňize tabşyrypdyr. Her kimiň golunyň astynda dogany bar bolsa, oňa iýeniňden iýdirsin, geýeniňden geýdirsin. Olara güýçleri ýetmejek bir işi buýurmaň. Eger buýraýsaňyz-da, olara ýardam beriň» diýip seslendi».

 

1Zebidi şu ýerde gysgaldyp gürrüň bermek ýoluny saýlap alýar. Hadysyň bir giriş sözi bar. Buharynyň, Müslimiň, Ebu Dawudyň, Ysmaýylynyň aýry-aýry adamlardan ýazyp alan rowaýatlaryna görä, Ebu Zeriň (r.a.) ýanyna, ýagny Rebeze diýilýän ýere gidipdirler. Onuň ýanyna baryp görseler, jemi bir hüllelik, ýagny,bir ýapynja bilen bir öňlük tikäýmäge ýetjek bir kişilik matanyň ýarpysy özüniň, ýarpysy bolsa gulunyň arkasyna atylanmyş. Oňa: «Mata bölekleriniň ikisini birikdirip, özüňe bir hülle tikinseň bolmazmydy?» diýenlerinde, ol şu hadysy aýdypdyr.

2Welit ibn Müslimiň tamamlanmadyk rowaýatyna görä, özüne sögülen adam Bilal Hebeşimiş (r.a.). Ebu Zer oňa: «Gara heleýiň ogly» diýip sögüpmiş. Hezreti Bilalyň şikaýaty sebäpli,Pygamberiň berjek jezasy belli bolýança, Ebu Zer ýaňagyny ýere goýup: «Bilal aýagy bilen basýança ýaňagymy ýerden galdyrjak däl» diýip ökünçli seslenipdir.