27 Zenanyň gadyr bilmezligi uly günädir
عَنْ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُما قَالَ: قَالَ النَّبِيُّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: ( أُرِيتُ النَّارَ فَإِذَا أَكْثَرُ أَهْلِهَا النِّسَاءُ يَكْفُرْنَ ) قِيلَ أَيَكْفُرْنَ بِاللَّهِ ؟ قَالَ : ( يَكْفُرْنَ الْعَشِيرَ وَيَكْفُرْنَ الإحْسَانَ لَوْ أَحْسَنْتَ إِلَى إِحْدَاهُنَّ الدَّهْرَ ثُمَّ رَأَتْ مِنْكَ شَيْئًا قَالَتْ مَا رَأَيْتُ مِنْكَ خَيْرًا قَطُّ).
Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Maňa jähennemi görkezdiler. Şonuň ýaly-da, jähennemiň ýaşaýjylarynyň köpüsiniň aýallardygyny gördüm. Olar inkär edýärler» diýdi. Ondan: «Ýa Allahyň Resuly, Allahy inkär edýärlermi?»diýip soradylar. Ol: «Olar ärleriniň eden ýagşylyklaryny bilmeýärler, özlerine edilen ýagşylygy inkär edýärler. Olaryň birine baýlyk berip, bir ömre ýeterlik ýagşylyk etseň-de, soňra seniň bir zadyňy halamasa: «Men senden hiç bir peýda görmedim» diýer» diýip jogap berdi».