26 Imanly kişiniň paýsyz galmagy Allahyň Resulynyň (s.a.w.) oňa goýýan hormatynyň nyşany bolup biler

Başy » IMAN KITABY » 26 Imanly kişiniň paýsyz galmagy Allahyň Resulynyň (s.a.w.) oňa goýýan hormatynyň nyşany bolup biler

     عَنْ سَعْدٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ أَعْطَى رَهْطًا وَسَعْدٌ جَالِسٌ ، فَتَرَكَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ رَجُلا هُوَ أَعْجَبُهُمْ إِلَيَّ، فَقُلْتُ يَا رَسُولَ اللَّهِ ، مَا لَكَ عَنْ فُلانٍ؟ فَوَاللَّهِ إِنِّي لارَاهُ مُؤْمِنًا ، فَقَالَ: ( أَوْ مُسْلِمًا). فَسَكَتُّ قَلِيلا، ثُمَّ غَلَبَنِي مَا أَعْلَمُ مِنْهُ، فَعُدْتُ لِمَقَالَتِي فَقُلْتُ: مَا لَكَ عَنْ فُلانٍ ؟ فَوَاللَّهِ إِنِّي لارَاهُ مُؤْمِنًا ، فَقَالَ: ( أَوْ مُسْلِمًا )؟ ثُمَّ غَلَبَنِي مَا أَعْلَمُ مِنْهُ فَعُدْتُ لِمَقَالَتِي، وَعَادَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ، ثُمَّ قَالَ: ( يَا سَعْدُ ، إِنِّي لأُعْطِي الرَّجُلَ وَغَيْرُهُ أَحَبُّ إِلَيَّ مِنْهُ، خَشْيَةَ أَنْ يَكُبَّهُ اللَّهُ فِي النَّارِ).

 

Sagt ibn Ebu Wakgas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) kalplary yslam dinine ysnyşdyryljak bolunýanlaryň toparyna degişli birnäçe adamlara zatpaýlaýardy. Şu Sagt hem şol ýerde otyrdy1. Birden Allahyň Resuly (s.a.w.) olaryň arasyndan iň gowy görýänime hiç bir zat bermedi2. Şol sebäpli: «Ýa Allahyň Resuly, pylanyny näme üçin goýup geçdiň? Wallahi,men onuň mömindigini bilýärin» diýdim. Ol aýtdy: «Beýle diýme, müslim diý»3. Men bir pursat dymdym. Ahyry şol adam hakyndaky bilýän zatlarym menden üstün çykdy-da, saklanyp bilmän, ýene sözümi gaýtalap: «Pylanyny näme üçin goýduň? Wallahi, men onuň mömindigini bilýärin» diýdim. Ol ýene: «Beýle diýme, müslim diý» diýdi. Men ýene dymdym. Ýöne şol adam hakynda bilýänlerim meni günüme goýman, saklanyp bilmän, öňki sözlerimi gaýtaladym. Allahyň Resuly (s.a.w.) ýene öňki sözlerini gaýtalanyndan soňra: «Eý, Sagt, Allahdowzah oduna atmasyn diýip,birlerine bir zat berýän mahalym, başga birlerine,olary birinjilerdenhas gowy görýändigime garamazdan, hiç zat bermezligim,olara peşgeş we ýagşylyk etdigimdir»diýdi».

 

1Sagt (r.a.): «Menhem otyrdym» diýmek isleýär. Onuň gürrüň berýäne mahsus bolan 1-nji ýöňkemäni goýup, özüne 3-nji ýöňkemede ýüzlenmegi öz gürrüň berýän wakasynyň hem-de aýdýan zadynyň ähmiýetini nygtamak isländigini görkezýär.

2Wakydynyň «Megazi» atly kitabynda düşündirmegine görä, zatdan mahrum bolan bu adam muhajirlerden Jugaýl ibn Suraka Zamry (r.a.) diýen adamdyr. Hezreti Sagdyň şular ýaly edip, onuň tarapyny çalmagy şu ýagdaý bilen baglanyşyklydyr.

3Hezreti Sagdyň sözüni hezreti Resulyň (s.a.w.) gaýtalap-gaýtalap düzetmegi imanyň ýürekde bolýandygy we onuň ýalňyz Haktagalanyň bilýän gizlin ahwallarynyň biridigi sebäpli, görer göze yslama uýýandygyndan çen tutup, beýle adama «müslim» diýmegiň has ýerliklidigini öwretmek üçindir.