24 Kapyrlara garşy göreşmegiň Allahyň Resuly (s.a.w.) üçin parz edilmegi

Başy » IMAN KITABY » 24 Kapyrlara garşy göreşmegiň Allahyň Resuly (s.a.w.) üçin parz edilmegi

    عن ابن عمر رضي الله عنهماِ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قَالَ: أُمِرْتُ أَنْ أُقَاتِلَ انَّاسَ حَتَّى يَشْهَدُوا أَنْ لا إِلَهَ إِلَّا اللهُ وَأَنَّ مُحَمَّدًا رَسُولَ اللَّهِ وَ يُقِيمُوا اصَّلَاةَ وَيُؤْتُوا الزَّكَاةَ فَإِذَا فَعَلُوا ذَلِكَ عَصَمُوا مِنِّي دِمَاءَهُمْ وَأَمْوَالَهُمْ إِلَّا بِحَقِّ اللإِسْلامِ وَ حِسَابُهُمْ عَلَى اللهِ.

 

       Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Allahdan başga Hudaýyň ýokdugyna we Muhammediň Allahyň Resulydygyna daşlaryndan şaýatlyk edýänçäler, namaz okaýançalar, zekat töleýänçäler adamlar bilen söweş etmek maňa buýruldy. Olar şu zatlary ýerine ýetirenlerinden soňra janlaryny we baýlyklaryny meniň elimden gutararlar. Yslam dininiň kesgitlän hukuklary bularyň daşyndadyr1. Içlerinden edýän hasaplary babatda aýdylanda bolsa, ol hasaby görmek Allahyň işidir»diýdi».

 

1Tabaranynyň «Ewsat» atly kitabynda Enesden (r.a.) eşidendigini aýdyp beýan eden rowaýatyna görä, şu ýerde gürrüňi edilen yslam hukuklarynyň nämedigi baradaky sowal bilen hezreti Muhammede (s.a.w.) ýüz tutupdyrlar. Ol hem: «Öýleneninden soňra zyna eden, yslama gireninden soňra Hudaýa şek ýetiren we dininden dänen, şonuň ýaly-da, adamyň janyna kast eden adamlara ölüm jezasyny berip bolar»diýen jogaby beripdir.