23 Allahyň Resuly (s.a.w.) iman we haýa hakda

Başy » IMAN KITABY » 23 Allahyň Resuly (s.a.w.) iman we haýa hakda

 

 

    عن ابن عمر رضي الله عنهماِ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ مَرَّ عَلَى رَجُلٍ مِنْ الانْصَارِ ، وَهُوَ يَعِظُ أَخَاهُ فِي الْحَيَاءِ ، فَقَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: )دَعْهُ فَإِنَّ الْحَيَاءَ مِنْ الإيمَانِ.(

 

Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gün ensarylardan biriniň deňinden geçip barýardy. Ensar şol wagt öz doganyna utanjaňlygyny taşlamagy maslahat berip durdy1. Allahyň Resuly (s.a.w.) oňa ýüzlenip: «Oňa degme. Haýa imandandyr» diýdi»2.

 

1Bu adamyň ensarynyň ganybir dogany bolmagynyň mümkin bolşy ýaly, din dogany bolany üçin oňa „dogany”diýlen bolmagy hem mümkindir. Ol kanuny hukugyny talap etmekden hem utanýan bir adam bolupdyr.

2Imanyň günä iş etmekden saklaýşy ýaly, haýa-da ondan saklaýandyr. Şonuň üçin hem bu ýerde: «Haýa imandandyr» diýlipdir.