20 Allahyň Resuly (s.a.w.) sahabalaryna başaraýjak işlerini buýrardy

Başy » IMAN KITABY » 20 Allahyň Resuly (s.a.w.) sahabalaryna başaraýjak işlerini buýrardy

 

عَنْ عَائِشَةَ رضي الله عنها قَالَتْ: كَانَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ إِذَا أَمَرَهُمْ أَمَرَهُمْ مِنْ الاعْمَالِ بِمَا يُطِيقُونَ، قَالُوا: إِنَّا لَسْنَا كَهَيْئَتِكَ يَا رَسُولَ اللَّهِ، إِنَّ اللَّهَ قَدْ غَفَرَ لَكَ مَا تَقَدَّمَ مِنْ ذَنْبِكَ وَمَا تَأَخَّرَ ، فَيَغْضَبُ حَتَّى يُعْرَفَ الْغَضَبُ فِي وَجْهِهِ ، ثُمَّ يَقُولُ: ( إِنَّ أَتْقَاكُمْ وَأَعْلَمَكُمْ بِاللَّهِ أَنَا).

 

Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) sahabalaryna mydama diňe olaryň başaraýjak işlerini buýrardy. Şol zamanda sahabalar: «Ýa Allahyň Resuly, biz seniň ýaly däl. Allahü tagala seniň günä etmegiňe mümkinçilik bermändir» diýerdiler. Bu sözleri eşidip, onuň mübärek ýüzünde gaharyň alamaty peýda bolardy we soňra: «Araňyzdaky iň takwaňyzyň, Allahy has gowy tanaýanyňyzyň mendigi şübhesizdir»diýerdi».