19 Allahyň Resuly (s.a.w.) öňde ýüze çykjak heläkçilik hakda
عَنْ أَبِي سَعِيدٍ الْخُدْرِيِّ ، رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ ، أَنَّهُ قَالَ: قَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: )يُوشِكُ أَنْ يَكُونَ خَيْرَ مَالِ الْمُسْلِمِ غَنَمٌ يَتْبَعُ بِهَا شَعَفَ الْجِبَالِ وَمَوَاقِعَ الْقَطْرِ ، يَفِرُّ بِدِينِهِ مِنْ الْفِتَنِ.(
Ebu Sagyt Hudry (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Tiz wagtdan şeýle bir heläkçilik ýüze çykjak, ýagny,musulmanyň iň haýyrly maly, öz dinini pitnelerden aman alyp çykmak üçin, dagyň üstündäki oýmurlarda toplanan ýagmyr suwunyň başynda bakjak dowarlaryndan ybarat boljak»1diýdi.
1 Bir kişiniň öz dinini halas etmek üçin goýunlaryny alyp, dagyň üstüne göçüp gitmegi onuň dowardarçylyk bilen meşgullanyp başlamagyny, ýagny, şäheri terk etmegini aňladyp biler. Ýöne bu aýdylýana başgaça-da düşünmek mümkin. Bu adamlaryň arasyndaky pitnelere we bozgaklyklara goşulmazlyk, ýaramaz işlerden daşda durmak üçin özüňi ýoluny ýitiren jemagatdan aýry tutmagy hem aňladyp biler. Eger bu sözler şunuň ýaly manyny aňladýan bolsa, onda diniňi halas etmek üçin hökmany suratda dag başynda goýun bakmagyň hem zerurlygy ýok. Bozuk bir jemgyýetde ýaşaýan kişi dininiň talaplaryna ters gelýän işleri etmekden gaça durar, güýji ýetýän bolsa eli bilen, muňa güýji ýetmese, dili bilen gowulygy emr edip, erbet işlerden gaça durmaga çalşar, eger bularyň ikisini-de edip bilmese, bozuk işleri oňlamaýandygyny mälim etmek üçin,şol işleri ýüreginden ýigrener ( «Sahihi Buhary, muhtasary tejridi sarih», Konýa, 2003, 43 s.).