17 Kämil imanyň we mynapyklygyň (ikiýüzlüligiň) alamatlary

Başy » IMAN KITABY » 17 Kämil imanyň we mynapyklygyň (ikiýüzlüligiň) alamatlary

عن أنس رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، عَنْ النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قَالَ: )آيَةُ الايمَانِ حُبُّ الانْصَارِ، وَآيَةُ النِّفَاقِ بُغْضُ الانْصَارِ ).

 

         Ýene Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Kämil imanyň alamaty ensara dost bolmak, mynapyklygyň alamaty-da ensary ýigrenmekdir»1 diýdi».

 

1«Mynapyk» sözi il ýüzüne musulman bolandan bolup, hakykat ýüzünde kapyr bolan adamy aňladansoň, älemiň hormaty bolan Pygamberimize (s.a.w.) weyslama ilkinji bolup giren muhajirlere myhmansöýerlik bilen gujak germek, olary öz çagalaryňdan we aýallaryňdan has ileri tutup, ugurlarynda pul çykaryp, janly öldürmek, dostlaryna dost, duşmanlaryna duşman bolmak bilen olara ýaşara ýer we ýardam berip, yslam dinini hormatlamak we şöhratlandyrmak ýaly bahasyna ýetip bolmajak gözel işler bilen tapawutlanan ensarlary (ensar ýardamçy diýmekdir) bu häsiýetleri sebäpli ýigrenenleriň (il ýüzüne musulman bolan bolsalar hem) ýürekleriniň teýinde kapyrdygyna şübhe ýokdur. Şeýle-de, munuň ýaly ýigrenje diňe ensar däl, eýsem sahabalaryň hem bary duçar bolupdyr. Mysal üçin, Müslimiň toplan bir rowaýatyna görä, Pygamber alaýhyssalamyň hezreti Ala (Allahyň keremi oňa bolsun!): «Ýa Aly, saňa musulmandan başgasy hormat goýmaz, mynapykdan başgasy-da seni ýigrenmez» diýşi ýaly, umuman, sahabalaryň mertebesi babatda söz açyp,Allahyň Resuly (s.a.w.): «Kim olary söýse, meni söýeni üçin söýer, kim olary ýigrense-de, meni ýigreneni üçin ýigrener» diýipdir.

Pygamberimiziň şu mukaddes hadysynda gürrüňi edilýän söýgä we ýigrenje, ine, şu jähetden garamaly. Ýogsam, kimdir biri özüniň närazy bolmagyna getiren bir tötänleýin hadysa sebäpli, sahabalaryň biri hakda bir nämynasyp söz aýdaýsa (beýle etmekden Allahsaklasyn!), beýle edeni üçin mynapykhem, kapyr hem bolmaz. Mysal üçin, sahabalaryň arasynda dawalar ýüze çykan bolsa-da, olar biri-birlerini ikiýüzlülikde aýyplan däldir. Olaryň jedel we dawa etmeklerine bolsa,ol ýa-da beýleki mesele baradaky nukdaýnazarlary sebäp bolup, bir tarapyňky dogry, beýleki tarap bolsa ýalňyşan hasap edilýär. Şonuň ýaly-da, sahabalyk döwri tamamlanandan soňra olaryň biri-birleri bilen eden dawalarynyň we özara oňşuksyzlyklarynyň sebäpleri ýazylan dünýe depderi ýapylypdyr we ony Kurandaky: رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمْ وَرَضُوا عَنْهُ= „Razyellahü anhüm we razuw anhü”( golaý manysy: «Allahü tagala olardan razy bolandyr, olar hem Allahü tagaladan razy bolandyr.«Maide», 119; «Tewbe», 100; «Müjädele», 22; «Beýýine», 8) diýýän mukaddes sözleriň buludy örtüpdir. Şonuň ýaly-da, Hakyň permanyny az salymlyk hem düýrläp biljek hiç bir deliliň ýokdugy üçin, sahabalara bolan ýigrençlerini mezhep edinen toparlaryň ters ýola düşendiklerine şübhe bolup bilmez. Pygamberiň şu hadysynyň mazmunyndan gelip çykýan duýduryşyň we haýbatyň olara degişli bolaýmagynyň mümkindiginden örän erbet gorkulýandyr (29-njy we 279-njy hadyslaryň düşündirişlerine-de seret).