16 Imanyň tagamyny datmagyň ýollary

Başy » IMAN KITABY » 16 Imanyň tagamyny datmagyň ýollary

عَنْ أَنَسِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ عَنْ النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قَالَ:)ثَلاثٌ مَنْ كُنَّ فِيهِ وَجَدَ حَلاوَةَ الإيمَانِ: أَنْ يَكُونَ اللَّهُ وَرَسُولُهُ أَحَبَّ إِلَيْهِ مِمَّا سِوَاهُمَا، وَأَنْ يُحِبَّ الْمَرْءَ لا يُحِبُّهُ إِلا لِلَّهِ، وَأَنْ يَكْرَهَ أَنْ يَعُودَ فِي الْكُفْرِ كَمَا يَكْرَهُ أَنْ يُقْذَفَ فِي النَّارِ .(

 

Ýene Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Kime üç zat, ýagny,Allahy we Allahyň Resulyny ähli zatdan artykmaç hasaplamak, bir kişini söýende, diňe ýalňyz Allahyň hatyrasy üçin söýmek, Allahony küpürden halas edeninden soňra ýene küpüre dolanaýsa, ataşa atyljagyndan howatyrlanmak mahsus bolsa, ol imanyň tagamyny dadar»diýdi».