14 Pygambere (s.a.w.) bolan söýgi

Başy » IMAN KITABY » 14 Pygambere (s.a.w.) bolan söýgi

 

عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قَالَ: )فَوَالَّذِي نَفْسِي بِيَدِهِ لا يُؤْمِنُأَحَدُكُمْ حَتَّى أَكُونَ أَحَبَّ إِلَيْهِ مِنْ وَالِدِهِ وَوَلَدِه ِ. (

 

Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Janym gudrat elinde bolan AllahüZüljelaldan kasam edýärin: meni pederiňizden-de, öwladyňyzdan-da has artykmaç görýänçäňiz, imanly bolmarsyňyz»1diýdi».

 

1Hormatly Resul alaýhyssalatu wessalamy söýmegiň hakyky derejesine göz ýetirip bilmeýän musulman iň bolmanda Allahyň Resulynyň (s.a.w.)razylygyny beýleki ýaradylanlaryň razylygyndan we öz isleglerinden ileri tutup, oňa bolan söýgüsini hakyky bolmaly derejesine golaýlaşdyrmaga çalyşmalydyr. Buhary öz düşündirişinde yzdaky iki rowaýaty hem beýan edýär: «Amr ibn As (r.a.): «Hiç kimi Allahyň Resulyndan (s.a.w.) artykmaç hasaplamaşym ýaly, hiç kim hem meniň gözüme Ondan beýik görünmeýärdi. Oňa bolan hormatdyr sylagym sebäpli onuň mübärek ýüzüni siňňin synlap hem bilmezdim» diýipdir.

Omar ibn Hattap (r.a.) hem bu hadysy eşideninden soňra: «Ýa Allahyň Resuly, Seni janymdan başga ähli zatdan has gowy görýärin» diýipdir. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) oňa: «Ýa Omar, meni janyňdan-da has gowy görmeli» diýmegi bilen,Omar (r.a.): «Janymdan-da gowy görýärin» diýipdir. Ol: «Ýa, Omar, ine, indi boldy» diýen jogaby eşidipdir.