12 Yslamyň emr eden häsiýetleriniň iň gowusy
عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عَمْرٍو رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا: أَنَّ رَجُلا سَأَلَ النَّبِيَّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ : أَيُّ الإسْلامِ خَيْرٌ ؟ قَالَ: ( تُطْعِمُ الطَّعَامَ ، وَتَقْرَأُ السَّلامَ عَلَى مَنْ عَرَفْتَ وَمَنْ لَمْ تَعْرِفْ).
Abdullah ibn Amr ibn As (r.a.) şeýle diýipdir: «Biri Allahyň Resulyndan (s.a.w.): «Musulmanlaryň iň haýyrlysy haýsydyr?» diýip sorady. Ol: «Başga kişilere tagam iýdiregen we tanaýanlaryna, tanamaýanlaryna salam beregen adamdyr» diýen jogaby berdi»1.
1Buharynyň Ammar ibn Ýasyryň (r. a.) aýdan rowaýaty hökmünde gürrüň beren eserinde: «Kim üç zady bir ýere jemläp bilse, ýagny, öz bähbidine ters bolsa-da, ynsaby elden bermese, hemme kişilere salam berse, hor-homsyny naharlasa, onda onuň doly imanly adam boldugy bolar» diýilýär. Bu aýdylanlardan ahlak jomartlygynyň nä derejede gowy görlendigini aňlamak bolýar.