YMAM ZEBIDINIŇ[1] SÖZBAŞYSY

Başy » SÖZBAŞY » YMAM ZEBIDINIŇ[1] SÖZBAŞYSY

YMAM ZEBIDINIŇ[1] SÖZBAŞYSY

 

            Bismillähirrahmänirrahiým

 

            Bizi aýratyn bir barlyk edip ýaradan, bize şekil beren, ýokdan bar eden, nygmatyny öwezini talap etmezden bagyşlaýan, her dürli mümkinçilikleriň gapysyny açan, bol-bol rysk beren, almaga hak gazanmazymyzdan ozal nygmatlaryny eçilip başlaýan Allaha tükeniksiz hamd bolsun!

            Gowy ahlagy kämillige ýetirmek üçin gönderilen, bütin mahluklardan, hatda soňsuzlyklardaky barlyklardan hem üstün edilip ýaradylandygy şübhesiz bolan Pygamberimize, oňa köp ýardamda bolan maşgalasyna, oňa boýun we tabyn bolmagyň nusgasyny görkezen sahabalara Allahyň dogasy we salamy bolsun!  Allahyň gije-gündiz yzygiderli dowam edýän dogasy olaryň nesibi bolsun!

            Hadysçy alymlaryň öňbaşçysy, uly we özboluşly ymam Ebu Abdullah Muhammet ibn Ysmaýyl ibn Ybraýym Buharynyň «El-Jämius-Sahih» atly kitaby yslam äleminde ýazylan kitaplaryň iň belent mertebelisi we peýdalysydyr. Ýöne bu kitabyň bir aýratynlygy bar. Kitapda şol bir hadys dürli rawylar zynjyrlary bilen birlikde dürli meselelerden söz açylýan bölümlerde kän gezek gaýtalanyp gelýär we ony haýsy bölümiň niresinden tapmalydygygyny anyklamak aňsat düşenok. Haýsydyr bir meseleden söz açýan hadys bilen tanyş bolmakçy bolýan kişi, ony tapýança, kän wagtlap gözlemeli bolýar. Aslynda ymam Buhary şeýle bir hadysyň özüne gelip ýeten ýollarynyň köpdügini we onuň meşhurdygyny mälim etmek maksady bilen kitabyny şu şekilde düzüpdir. Biziň maksadymyz bolsa hadysyň gelip ýetmegine sebäp bolan rawylar zynjyrynyň üzülmeýändigini subut etmek däl-de, onuň özüni beýan etmek bolup durýar. Çünki onuň kitabyndaky hadyslaryň hemmesiniň ygtybarlydygy bize eýýäm belli.

            Ymam Newewi «Şerhi-Müslim» kitabyndaky sözbaşysynda şeýle diýipdir: «Buhary babatda aýdylanda bolsa, ol rawylar zynjyrlary özara tapawutlanýan birmeňzeş hadyslary biri-birlerinden parhly we aralary uzak bölümlerde beýan edipdir. Şunuň ýaly hadyslaryň köpüsini bolsa, ýerleşdirilmegi uýgun bolan bölümiň daşynda bir ýerlerde ýerleşdiripdir. Şu sebäpli hem haýsydyr bir hadysyň rawylar zynjyrlarynyň hemmesi barada düşünje almak isleýän kişi kyn ýagdaýa düşýär... Geçmişde ýaşap geçen käbir abraýly hadysçy alymlar şu mesele babatda ýalňyşlyga ýol berip, Buharynyň «Sahyhynda» bar bolan bir hadysyň, çaklanmaýan bir ýerde ýerleşdirilenligi sebäpli, onuň bu kitapda ýokdugy barada netijä gelipdirler».[2]

            Ýagdaý şeýle bolansoň, «Sahyhy Buhary» kitabyndaky gaýtalanýan hadyslary aýryp taşlamagy ýüregime düwdüm. Hadyslary gözläp tapmak aňsat bolar ýaly, rawylar zynjyrlaryny  (senedlerini) hem almadym. Bir hadys gaýtalanyp gelende, onuň birinji duşan nusgasyny goýup, soňra duş gelýänlerini aýyrdym. Diňe hadysyň soňra gaýtalanyp gelen nusgasynda goşmaça bar bolup, ol hem peýdaly bolsa, şol goşmaçany alyp, nusganyň şondan galan bölegini aýryp taşladym. Käte bir hadys ilki gysga görnüşde gelip, soňraky bölümlerde başga bir rawylar zynjyry bilen has uzyn şekilde beýan edilen bolsa, has peýdaly bolmagy üçin birinji hadysy aýryp, oňa derek ikinjini aldym.

            Bu kitaba diňe rawylar zynjyry (senedi)  Pygamberimize (s.a.w.) ulaşýan muttasyl hadyslary girizdim. Şonuň ýaly-da, maktu’ (tabygynlaryň aýdan sözleri we eden hereketleri beýan edilen) we muallak (rawylar zynjyrynyň başy ýa-da hemmesi taşlanan, rawylar zynjyrynyň halkalary kem bolan) rowaýatlary oňa almadym. Hadys bilen bagly bolmadyk, içinde Pygamberimiziň (s.a.w.) ady geçmeýän «Hezreti Ebu Bekir (r.a.) bilen hezreti Omaryň (r.a.) saide tiresiniň gür baglygyna gitmekleri we aralarynda bolup geçen gürrüňler», «Hezreti Omaryň öldürilmegi, onuň Pygamberimiz (s.a.w.) bilen hezreti Ebu Bekriň ýanynda jaýlamak üçin hezreti Äşeden (r.a.) rugsat almagy ogluna wesýet etmegi, geňeş (şura) gurmaklary barada aýdanlary», «Hezreti Osmana (r.a.) kasam edilmegi», «Hezreti Zübeýriň (r.a.) öz ogluna bergisini bermegi wesýet etmegi» ýaly, sahabalara we tabygynlara degişli bolan habarlardan hem ýüz öwürdim.

            Kitaba girizilen hadysy başda kimiň habar berendigini mälim etmek üçin, hadyslaryň öňünden ony rowaýat eden sahabanyň adyny getirdim. Şonda ymam Buhary sahabalary nähili şekilde atlandyran bolsa, onuň atlandyryşyna uýdum.

            (Sözbaşysynyň dowamynda ymam Zebidi öz ulanan «Sahyhy Buhary» atly kitaplarynyň ymam Buharydan gaýdyp, özüne çenli gelen rawylar zynjyrlaryny sanap geçýär. Bu gün onuň ulanan çeşmeleriniň dogrudygyna yslam alymlarynyň arasynda hiç hili şübhäniň ýokdugyny göz öňünde tutup, şol sanawy bermegi zerur hasaplamadym. — Terjimeçi.)

            Düzen bu kitabymy «Et-Tejridus-Sarih li Ehadisil-Çämis-Sahih» atlandyrdym...

 

 

 

 

 

 


[1]Zeýnüddin Ebu Apbas Ahmet ibn Ahmet ibn Abdyllatyf Şarjy Zebidi hijri ýyl hasaby boýunça 812-893-nji ýyllaryň (1410-1488) aralygynda ýaşap geçipdir. Ol Ýemeniň Zebid şäheriniň golaýyndaky Şarja obasynda dünýä inýär. Onuň Zebidi nisbesi Zebid şäheri bilen däl-de, zübeýde atly ýemen tiresi bilen baglanyşyklydyr. Ol öz döwrüniň hadys, fykyh we edebiýat bilen meşgullanan meşhur alymy bolup, hanefi mezhebine eýeripdir. Ymam Zebidi «Tabakaatul-Hawas», «El-Fewaid wes-Sylät wel-Awäid», «Ehlüs-Sydk wel-Ihläs», «lahzul-Elhaz», «Et-Tejridus-Sarih li Ehädisil-Jamiis-Sahih» atly kitaplary ýazypdyr.

[2]Ymam Newewiniň bu belligi ýerliklidir. Ymam Buhary hadyslary dürli ýerlerde gaýtadan beýan edende,  her gezek olaryň dürli ýollardan gelip ýeten nusgalaryny ulanmaga çalşypdyr. Çünki ol şol bir rowaýatyň dürli nusgalarynyň arasyndaky tapawutlary seljermäge ussat bolupdyr. Her bir rowaýatyň dürli nusgalarynyň arasynda azda-kände aratapawutlar bolýar.  Şony aňşyryp bilmek üçin ymam Buharynyň kitabyny öwrenmekde belli bir tejribe we bilim toplamak gerek bolýar. Käte şol aratapawutlar gözden düşüp, bir rowaýatyň haýsydyr bir nusgasynyň «Sahyhy Buharyda» bardygyna garamazdan, onuň bu kitapda ýokdugy barada netije çykarylypdyr. Mysal üçin, ymam Newewi şunuň ýaly bir hata goýberilip bilinjekdigi barada özgeleri ägä eden hem bolsa, şol hatany onuň özi hem goýberipdir. Ol Müslimiň kitabynyň «Iman» atly bölümindäki bir hadysa düşündiriş berende, hadysdaky bir jümläniň onuň Buharynyň kitabyndaky nusgasynda ýokdugyny aýdypdyr (Seret: «Şerhi Sahihi Müslim, III. 78»). Ýöne bu jümle hadysyň «Sahyhy Buharydaky» «Tefsir», «Mesed» bölümlerde ýerleşdirilen nusgalarynda bar («Sahih-i Buhari. Muhtasary tejrid-i sarih. 1-hji jilt, Hüner yayınları, Konya, 2003, 23 s.»).