AHMET NAIMIŇ[1] SÖZBAŞYSY

Başy » SÖZBAŞY » AHMET NAIMIŇ[1] SÖZBAŞYSY

AHMET NAIMIŇ[1] SÖZBAŞYSY

 

            Hemmesi-de«Sahyh» diýlip atlandyrylyp, musulmanlar tarapyndan ulanylýan we ygtykat (ynanç), amal, adam ykbaly, jemgyýetçilik durmuşy bilen bagly islendik mesele babatda iň ygtybarly çeşme bolan alty kitabyň («Syhahy Sitte») arasynda Buharynyň «Jämi...» we Müslimiň «Sahyh» atly kitaplary iň ähmiýetlisidir. Yslam alymlarynyň biragyzdan ykrar etmeklerine görä (ittifäk), olar Kurany Kerimden soň iň ygtybarly kitaplardyr. Ikisine birlikde «Sahyhaýn» diýilýär. Bu iki kitabyň haýsynyň birinji orunda durýandygy barada alymlaryň arasynda jedel ýüze çykypdyr. Alymlaryň esasy köplügine görä, «Sahyhy Buhary» has ygtybarlydyr. «Syhahy Sitte» barada-da, beýleki ylmy kitaplar barada-da ýazylan işler göz öňüne getirerden hem kän. Hususan hem gürrüňini edýän iki kitabymyzy düşündirmäge, düşnüksiz sözlerini hasaba almaga, düşünilmesi kyn ýerlerine akyl ýetirmäge, rawylarynyň hal-ahwalyny beýan etmäge, gysga şekile getirmäge we beýleki ýadymyza-oýumyza düşmejek taraplaryna akyla sygmajak derejede ünsli çemeleşilipdir. Mysal üçin, Ebu Apbas Zeýniddin Ahmet ibn Ahmet Abdyllatyf Şerji Zebidi «Sahyhy Buhary» kitabyny gysgaldyp, öz işini «Et-Tejridüs-sarih li-ahädisil-jämiis-sahih»  atlandyrypdyr. Bu kitap düzüliş aýratynlygynyň arkasyndan uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Ymam Zebidi kitabyna hadyslaryň rawylar zynjyryny (sened), gönüden-göni Pygamberimiziň (aleýhissalätü wes-seläm) aýdan sözlerinden beýleki sözleri almandyr, gaýtalanyp gelýän hadyslary-da diňe bir ýerde beýan edipdir. Şeýlelikde, «Sahyhy Buhary» kitaby, esasy özeniniň saklanyp galmagy bilen birlikde, dört esse kiçelipdir.

            Din işleri müdirligi,Uly millet mejlisiniň kabul eden kararyna laýyklykda, Zebidiniň «Muhtasaryny» türk diline terjime etmegi meniň üstüme ýükledi. Güýjümiň ýetmegi mümkin bolmadyk  bu jogapkärli işi ýerine ýetirmegiň örän kyndygyny bilýän hem bolsam, Allahü tagalanyň ýardam bermegini umyt edip, bu tabşyrygy ýerine ýetirmäge çalyşýaryn. Bar zatdan öňürti terjimäniň dogry bolmagynyň aladasyny etdim. Islendik bir kitabyň, hususan-da şerigat hökümlerine esas hem-de dürli mezheplere degişli bolan fykyhçy alymlara delil bolup hyzmat eden, her bir sözi we jümlesi uly ähmiýete eýe bolan şunuň ýaly uly bir eseriň terjimesiniň, aslyna näçe ýakyn boldugyça, şonça-da gowudygy bilen ylalaşýandygym üçin, güýjümiň ýetdigiunden harpma-harp diýen ýaly terjime etmäge çalyşmak bilen birlikde, her bir tejribeli terjimeçiniň edişi ýaly, tekstde aýdyljak bolunýan zada has aňsat düşünilmegini üpjün etmek maksady bilen käbir sözleri artdyrdym. Artdyran sözlerimi ýaýyň içine almak bilen, olaryň asyl tekstde ýokdugyna yşarat etdim. Terjimämi okaýan kişi hadyslaryň manysyna aňsatja düşünmek bilen birlikde tekste haýsy sözleri özümden goşandygymy bada-bat görer.

            Hadyslarda aýdylýanlara hakyky manysynda we töwerekleýin düşünmek üçin gury bir terjimäniň ýeterlik däldigi bu işden gowy baş çykarýanlaryň hemmesine mälimdigi üçin, hadyslaryň köpüsine düşündiriş bermegi-de zerur hasapladym. Şol düşündirişlerde terjimesi berilýän hadysda aýdylýanlary aýdyňlatmak maksady bilen şol hadysyň tapawutly nusgalary, fykyhçy alymlaryň özleri babatda ylalaşyga gelnen ýa-da jedel edilmegine sebäp bolan meseleler babatda hadyslaryň tekstine daýanýan tapawutly pikirleri güýjümiziň ýetdiginden beýan edildi, şonuň ýaly-da, Pygamberimiziň (s.a.w.) ömür ýoluna degişli we beýleki käbir peýdaly eserlerden hem peýdalanyldy.

            Öz öňümde goýan şertime nä derejede hötde gelenimi bilmeýärin. Ýöne bir tarapdan, boýnuma alan işimiň kynlygyny, beýleki tarapdan bolsa, terjimeçiniň ýalňyşyp biljekdigini dykgata alan ylymly we ynsaply kişileriň gözlerine ilen kemçilikleri, ýowuzlyk bilen ýüzüne urup boljak ýerde, ony ýagşy niýetli nogsanly kişileriň toparyna degişli hasaplap, ýokary derejede ýumşaklyk bilen hatalaryny düzeltmäge, nogsanlaryny aradan aýyrmaga gaýrat etmeklerine umyt baglaýaryn. Çünki nogsanlyk we hata goýbermezlik adamzada, hususan-da, meniň ýaly ejiz bir bendä miýesser boljak zat däl.  Maksadymyň dünýä, hatda özüme-de gowy iş eden kişi bolup görünmek däl-de, Muhammet ymmatyna hyzmat etmekdigi üçin, meniň wezipäm, sähelçe-de bolsa, bolmalysy ýaly hereket etmek bilen güýjümiň ýetdiginden işlemek hem-de azu-köp peýdaly bolmak üçin Biribardan medet dilemekden ybaratdyr.

Hadys ylmyna degişli käbir maglumatlary beýan etmegiň bu kitaby okajak din dostlary üçin peýdasyz bolmajagyny göz öňünde tutup, giriş sözi bilen işe girişýärin we Allahü tagaladan medet dileýärin.  

 


[1]AhmetNaim1872-njiýyldadünýäinip, 1934-njiýyldaaradançykdy.Ol Babanzade ady bilen meşhurdyr. Ilki Galatasaraý liseýinde, soňra Mülkiýýe medebinde (Syýasy bilimler okuwy — edara gullukçylaryny taýýarlaýan mekdep) okady. Ahmet Naim orta boýly we sakgally adamdy. Galatasaraýda sapak berdi. 1928-nji ýylda «Et-Tejridüs-sarih li-ahadisil-jämiis-sahih»kitabyny arap dilinden terjime etmäge başlady we onuň iki jildini neşir etdirmäge ýetişdi.Ol dar-ül-fünuwnda ýigimi iki ýyl professorlyk etdi. 1933-nji ýylda dar-ül- fünuwn ýapylanyndan soň, gadry bilinmän, işsiz galdy. Hakyky musulmandy. Arap we fransuz dillerini gowy bilýärdi. Onuň galamyna «Yslam ahlagynyň esaslary», «Et-Tejridüs-sarih li-ahadisil-jämiis-sahih»kitabynyň terjimesi, «Dagwaýy- kawmiýýet», «Pelsepe dersleri», Newewiniň «Hadisi erbain» kitabynyň terjimesi, «Ilm-ün-hefs» (psihologiýa), «Mantyk», «Temrinat» we beýleki kitaplar degişlidir.