GÖRNÜKLI TÜRKMEN ALYMY MUHAMMET BUHARY

Başy » SÖZBAŞY » GÖRNÜKLI TÜRKMEN ALYMY MUHAMMET BUHARY

Halkymyzyň edebi, ruhy mirasy juda köptaraply. Taryhçylarymyz, alymlarymyz, şahyrlarymyz ir döwürlerden başlap, dünýä ylmyna, edebiýatyna öz mynasyp goşantlaryny goşup gelipdirler. Türkmen ruhuna talaň salnan ýyllarda halkymyzyň taryhynyň hem, edebi dilimiziň taryhynyň hem soňky asyrlardan gaýdýandygy baradaky pikiri aňymyza guýmaga çalşanlar, özleri hem bilmezden (bilkastlaýyn bolmagy hem mümkin), ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda döredilen eserlerimizden ýüz öwürtmek, halkymyzy yzagalak, ylymsyz, bilimsiz çarwa halk edip görkezmek syýasatynyň gullaryna öwrülipdiler. Taryhy hakydasyndan jyda düşen halk, edebi, ruhy tejribesinden hem aýra salnypdy. Köp halklaryň ýazuwyň nämedigini bilmeýän döwründe uly kitaphanalary emele getirip biljek kämil eserleri dünýä bagyşlan türkmen taryhçylary, şahyrlary bilen olaryň soňky nesilleriniň arasynda emeli diwar galdyrylyp, olaryň biri pudaksyz, beýlekisi bolsa köksüz goýlupdy. Munuň düýpli sebäbi bardy. Ata-babalarynyň döreden ruhy baýlyklaryndan habarly halk täze syýasatçysumaklaryň samahullamalaryna gulak gabartman biljekdi, maýmyndan dörändigine ynanjak däldi. Çünki ata-babalarymyzyň bu dünýä bilen baglanyşykly ähli meseleler barada anyk we dogry düşünjeleri bardy. Bu düşünjeleriň garşysyna goýmaga täze syýasatçylaryň töhmetden, şyltakdan, ýalançylykdan başga goýup biljek zatlary ýokdy. Olar şol ýoly hem saýlap alypdylar.

Bu gün biz bu ýalançy syýasatyň penjesinden sypdyk, gözümizi baglan kezzaplyk daňysy syrylyp düşdi. Indi halkymyzyň geçmişine ser salyp, ata-babalarymyzyň ruhy örüleriniň giňligine haýran galmakdan ýaňa gözümizi tegeleýäris hem-de şolaryň nesilleri diýen ada mynasyp bolmak üçin köp okamalydygymyza, köp bilmelidigimize düşünýäris. Biz bu gün çagalarymyza birnäçe dili öwretmäge çalyşýarys. Çünki birnäçe ölmez-ýitmez eserleri döredip giden ata-babalarymyz bu babatda-da bize aýdyň nusga goýup gidipdirler. Hatda Zamahşary ýaly alymlarymyz arap dilini araplaryň özlerinden hem gowy bilipdirler.

Abdyrahman Teňli Tana «Irşadül mü’minin» atly kitabynda Muhammet ibn Isa Tirmizi, Ebu Mansur Muhammet ibn Muhammet ibn Mahmyt Maturidi, Mahmyt ibn Omar ibn Muhammet Zamahşary, Aly ibn Muhammet ibn Aly Jürjany, Sagdeddin Taftazany, Aly Guşçy, Aly Marginany, Ýusup Sakaky, Muhammet ibn Abdylla Hindiwany, Aly ibn Asman Şehir Babek Türkmen, Şemseddin Türküstany, Hybbatylla Tyrazy, Ebu Bekr Horezmi, Muhammet ibn Ahmet Hojandy, Kasym ibn Muhammet Türkmen, Muhammet ibn Ahmet Gaýmaz Türkmen, Muhammet Hapyz Buhary, Ebu Bekr Haherzada, Yshak ibn Ybraýym Şaşy, Ebu Bekr Yrsabendi, Ebu Hamyt Semendi, Kemal ibn Mürze Ahmet Ýasawy, Nugmaneddin Horezmi, Muhammet ibn Sagdeddin Taftazany, Ýahýa ibn Muhammet Taftazany, Seýfeddin Ahmet, Ybraýym ibn Ýusup Balhy, Ahmet ibn Ysmaýyl Demirdaşy, Ebu Hafs Kebir, Ebu Hafs Sagyr, Ebu Hamyt Balhy, Ebu Nasr Ryýgat Muny, Ahmet ibn Abdylla Haýzahazy, Ebu Kasym Hekim Samarkandy, Alaeddin Kasany, Jemaleddin Ryýgat Muny, Habybylla ibn Omar Fergany, Hasan ibn Aly Sagnaky, Zahyreddin Marginany, Aly Berzawy, Ebu Hasan Rustagfeni, Hüseýin ibn Aly Ellamşi, Abdyrahman ibn Muhammet Harky, Tahyr ibn Ahmet Buhary, Abdyleziz ibn Ahmet Hylwany, Abdyleziz Marginany, Ebu Halypa Horezmi, Mardin Türkmen, Osman ibn Aly Baýkendi, Usam ibn Ýusup Balhy, Omar Kahaştywany, Muhammet ibn Ahmet Serajeddin, Muhammet ibn Ahmet Maýmargy Nesefi, Muhammet ibn Ahmet Barkady, Ebu Bekr Ymamzada, Burhaneddin Kasany, Bekr Haherzada, Fahrylkuzat Ersabendi, Zyýaeddin Bendinji, Muhammet Sagd Lebady, Muhammet Alaeddin Ismendi, Muhammet ibn Abdylla Serhakty, Hakem Şehit Balhy, Şerefilruwsa Horezmi, Muhammet ibn Muhammet Maýmargy, Muhammet ibn Muhammet Hasyksy, Hapyzeddin Kebir Buhary, Muhammet ibn Mahmyt Terjimany Horezmi, Mahmyt ibn Muhammet Buhary, Ýusup ibn Ahmet Hasy, Mir Alyşir Nowaýy, Fazl Wepaýy ýaly ir döwürlerde ýaşap geçen türkmen alymlarynyň atlaryny sanap geçeninden soňra: «Bulardan-da başga türkmenden müňlerçe alymlar gelip geçipdirler. Olaryň hemmesine Allatagala rehim etsin! Bularyň ömür ýollaryny beýan edip, ömür senelerini doly habar berjek bolsak we ýazan kitaplaryny dile getirip, gowy düşündirjek bolsak, beter uzaga çekip, ýazýany ýadatjak, okaýany irizjek. Bu agalarymyz öz ýaşan asyrlarynda ylym meýdanynyň batyrlary, fesagat, belagat çabgalarynyň ýüwrükleri bolupdyrlar. Bu türkmenleriň aňyrbaşy arzuwlary arap dilini bilmekdi, Kuranyň sözlügine ýetik bolmakdy. Şonuň üçin arap diliniň kanunlaryny bilmekde beter ökdediler we ylymda gaty öňe gitdiler. Hatda olar öz ýazan kitaplarynyň hem ählisini arap dilinde ýazdylar, özleriniň atlaryny, künýelerini, lakamlaryny arap sözleriniň üsti bilen şöhratlandyrdylar. Araplaryň özleri ýaly arap diline ökdelediler, ýagny araplaryň özleri ýaly okamagy we ýazmagy oňarýardylar. Olar arap dilini öwrenmäge şeýle bir berk ýapyşypdyrlar welin, şolaryň arkasyndan Türküstan şol döwrüň ylym merkezine öwrülipdir. Bütin dünýä Hywanyň we Buharanyň agzyna bakar eken. Şony göz öňünde tutup, Buhara «Şerifetul-kubbatul-yslam» diýen lakamy beripdirler. Hatda Mekgäniň we Medinäniň alymlary hem fetwa sorap Türküstanyň alymlaryna ýüz tutar ekenler. Ine, türkmenleriň ylym taýdan şunuň ýaly artykmaçlygy bardy» diýýär [1,230-233] .

 Alym bu kitabynda bize öň mälim bolmadyk onlarça  türkmen alymlarynyň atlaryny ylmy dolanyşyga girizmek bilen bir hatarda, başga bir möhüm meseläni hem aýdyňlaşdyrýar. Irki döwürlerde ýaşap geçen türkmen alymlary öz eserlerini köplenç arap dilinde ýazypdyrlar. Olaryň atlaryny hem  arapça tutupdyrlar. Bu ýagdaý olaryň milletini anyklamagy kynlaşdyrypdyr. Abdyrahman Teňli Tananyň ýokardaky sözlerinden soňra türkmen alymlarynyň öz eserlerini arap dilinde ýazmaklarynyň sebäbi öz-özünden aýdyňlaşýar duruberýär.

Biz sözümiziň başynda halkymyzyň edebi, ruhy mirasynyň köptaraplydygyny aýdypdyk. Bu hakykatdan hem şeýle. Görnükli türkmen alymy Muhammet Buharynyň bize goýup giden ylmy mirasy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bir gürrüňdeşlikde Abdyrahman Teňli Tana: «Ir döwürlerde arap alymlary türkmenleri Zamahşary we Buhary arkaly tanapdyrlar» diýipdi. Bu gün Muhammet Buharynyň eserleri bilen tanyş bolanyňda, onuň halkymyzyň mertebesini örän ýokary göterendiini görýärsiň. Çünki gündogarda, günbatarda onuň ylmyň öňünde bitiren hyzmatlaryny ykrar etmeýän bir alym hem ýok. Onuň esaslandyran ylmy ýörelgesi bolsa alymlar üçin şu günler hem hakykata gulluk etmegiň belent nusgasy bolmagynda galýar.

Biz bu gün ata-babalarymyzyň taryhyň dowamynda onlarça döwletleri gurandyklaryny, belli-belli döwürlerde dünýäniň köp bölegine eýelik edendiklerini bilýäris. Halkymyzyň ýaýrawynyň şeýle giň bolmagy türkmen alymlary üçin giň mümkinçilikleri açypdyr. Olar dürli ýurtlara syýahat edip, dünýä ylmynyň gazananlary bilen tanyş bolupdyrlar, özleri hem ölmez-ýitmez eserleri döredipdirler. Olaryň dünýäniň dürli ýerlerinde ýaşandyklaryny hem geň görüp oturasy zat ýok. Häzirkizaman dünýäsinde emele gelen syýasy ýagdaýa laýyklykda, türkmen alymlarynyň dünýä inen we ýaşan ýerleri dürli-dürli döwletleriň çägine degişli. Ýöne bu ýagdaý olary türkmen alymlary hökmünde öwrenmäge hiç hili päsgel bermeýär. Bu Muhammet Buhary babatda-da şeýledir.

Abdyrahman Teňli Tana «Irşadul mü’minin» atly kitabynda Muhammet Buharydan söz açyp şeýle diýýär: «Taryh kitaplaryny okaýan adam iň soňunda yslam ýurtlarynda ýaýran ylymlaryň gözbaşynyň, orta asyrlarda barmak çommaldylýan alymlaryň köpüsiniň aslynyň Mawerannahrdandygyna göz ýetirer. Şol wagtlar Türküstana Mawerannahr diýipdirler. Hijri senesiniň bir ýüz togsan dördünji ýylynda Buhara şäherinde Ysmaýyl ibn Ybraýym diýen türkmeniň Muhammet atly ogly dünýä inýär. Ol hijriniň iki ýüz elli altynjy ýylynda dünýäden gaýdypdyr. Ol Pygamber alaýhyssalamyň hadyslaryndan alty ýüz müň hadys toplapdyr. Togsan müň adam onuň özünden hadys eşidipdir. Ol Buhary diýen lakam bilen meşhur bolupdyr» [1, 222-223].

Ylmy çeşmelerden mälim bolşuna görä, Muhammet Buharynyň ýaşap geçen asyry bolan IX asyrda Mawerannahryň ilatynyň esasy köplügini türkmen tire-taýpalary düzüpdirler. Bu ülkäniň esasy şäherleriniň biri bolan Buharada 627-nji ýyla çenli bir türk neberesi hökümdarlyk edipdir. Bu nebere ýigrimi iki urugdan ybarat eken. Bu neberä Buhar Hudat ýa-da Buhara Huzah diýlendigi barada maglumat bar. Ylmy barlaglar netijesinde bu neberäniň gök türkmenlere degişli bolandygy anyklanypdyr. Buharanyň we onuň töwerekleriniň köp ýyllaryň dowamynda türkmen tire-taýpalarynyň golastynda bolmagy türkmenleriň bu ýerlere köpçülikleýin göçüp gelmeklerine sebäp bolan bolmaly.

Musulman araplar Mawerannahrda ilkinji gezek VII asyryň ahyrlarynda peýda bolupdyr. Mysal üçin, käbir çeşmelerde arap goşunlarynyň 674-nji ýylda Buharanyň töwereklerinde göze ilendigi habar berilýär. Şol döwürde bu ýerde biraz öň aradan çykan türkmen hökümdarynyň aýaly höküm sürýär eken. Buharada durnukly bir yslam häkimiýetini berkarar eden Kutaýba ibn Müslimdir.

Apbasy halypasy Mehdiniň döwründe Buhar Hudat neberesi Buharany dolandyrmakdan çetleşdirilipdir. Muhammet Buharynyň dünýä inen wagty bolan IX asyryň başlarynda Buhara we onuň töwerekleri Horasanyň Merwde ýaşaýan emirine tabyndy we gelip çykyşy araplardan bolan hökümdarlar tarapyndan dolandyrylýardy. Bu asyryň dowamynda Horasanyň paýtagtynyň Nyşapura geçirilmegi bilen bolsa Buhara Mawerannahryň beýleki böleklerinden aýratynlykda dolandyrylyp ugralypdyr. Muhammet Buharynyň aradan çykan döwründe bolsa Buhara Horasanda hökümdarlyk eden tahyrylara tabyn bolan häkim tarapyndan dolandyrylýar eken [2, 2-3].

Buharanyň şol döwürdäki ykdysady ýagdaýy bilen tanyş bolan adam hem hojalygy ýöretmegiň türkmenlere mahsus aýratynlyklarynyň şaýady bolýar. Bu ýerde maldarçylyk bilen birlikde türkmen taýpalarynyň durmuşynda esasy orun eýelän atşynaslyk, ýarag ulanmak ýaly hünärleriň ýörgünli bolmagy türkmenleriň halk köpçüliginiň esasy bölegini düzendigi barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, Muhammet Buharynyň aradan çykanyndan soňra köp wagt geçmänkä bu ülkä hökümdarlyk edip başlan samanylaryň zamanynyň ilki döwründe Buharada we töwereklerinde adamlaryň ýaşaýyş derejesi örän ýokarydy. Ýaşaýyş derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün eden ykdysady esaslar bolsa türkmen medeniýetine mahsus alamatlara eýedi.

Ýokary ýaşaýyş derejesine eýe bolan Buharada we onuňtöwereklerinde ylymdyr medeniýet hem pajarlap ösüpdir. Esasan hem çagalara bilim bermäge uly üns berlipdir. Adamlaryň köpçülik bolup ýaşaýan ýerlerinde «küttab» atlandyrylan mekdepler açylyp, olarda çagalara Kuran bilen birlikde okamak, ýazmak hem öwredilipdir. Bu mekdepler köp asyrlaryň dowamynda işlemeklerini dowam edipdirler. Juma namazy okalýan metjitlerde uly ýaşly adamlara dini ylymlar öwredilýän açyk dersler guralsa, «hangäh» «ribat» ýaly gurluşlarda we medreselerde dürli ylymlar öwredilipdir. Şeýlelik bilen, Muhammet Buharynyň ýaşan döwri bolan IX asyrda Buhara iň iri ylmy merkeze öwrülipdir. Ine, Muhammet Buhary türkmen medeniýetiniň rowaç alan şunuň ýaly bir ülkesinde dünýä inip, kämillik ýoluna düşüpdir.

Muhammet Buharynyň türkmendigine şaýatlyk edýän şunuň ýaly delilleriň bardygyna garamazdan, ony öz etnik kökünden jyda düşürmäge synanyşyklar edilipdir. Şunuň ýaly güne düşen türkmen alymlarynyň sany-sajagy ýok. Göriplik we duşmançylyk bilen baglanyşykly käbir sebäplere görä, türkmen alymlarynyň başga milletdendigini subut etmäge synanyşyklar edilipdir we bu ýagdaý häzir hem göze ilýär. Muhammet Buharyny hem, türkmen bolmaga rowa görmeýän ýaly, käbir alymlar onuň gelip çykyşy boýunça eýranlydygy baradaky pikiri öňe sürüpdirler. Ýöne olar bu pikiriň dogrudygyny subut edip biljek delil hem getirip bilmändirler. Eger olaryň elinde şuňa degişli kiçijik bir delil bolsady, onda her bir ädimlerinde dillerine çolardylar. Eger ol gelip çykyşy boýunça eýranly bolsady, onda eýranlylar oňa birmahal eýe çykardylar. Şu wagta çenli olar bu barada dil ýarmandyrlar. Muhammet Buharynyň türkmen däldigini öňe sürenler çaklamadan aňry geçmändirler. Ýöne çaklama ylym hem däldir, delil hem däldir. Onuň türkmenleriň arasynda dünýä inip, ulalyp, türkmen medeniýetiniň howasyndan dem alyp alymlyga ýetendigini bilip durkaň, ony başga bir milletiň wekili saýjak bolmak örän düşnüksizdir [2, XII-XIII].

Biz Muhammet Buharynyň mysalynda bir zada göz ýetirýäris. Ata-babalarymyzyň bize miras goýup giden ylmy, edebi mirasynyň çägi häzirki göz öňüne getirimişizden hem has giň. Ýogsam, häzir bize belli bolan alymlarymyzyň, edebiýatçylarymyzyň, dilçilerimiziň ... döreden eserlerini hem heniz doly öwrenip gutaramyzok. Öňde bolsa täze-täze açyşlar ýatyr.

Ebu Abdylla Muhammet ibn Ysmaýyl ibn Ybraýym ibn Mugyra Jugfy Buhary öz ylmy eserleri bilen dünýä ylmynyň taryhynda we hakykata teşne köňüllerde öçmejek yz galdyran alymlaryň biridir. Onuň kakasyna Ysmaýyl, atasyna Ybraýym, atasynyň atasyna-da Mugyra diýipdirler. Oňa Jugfy lakamynyň berilmeginiň öz taryhy bar. Şol döwrüň adatyna görä, bir kişi kimdir biriniň araçylygy bilen musulman bolsa, onuň ady şol araçy bolan adamyň ady bilen baglanyşdyrylar eken. Buharynyň atasynyň atasy Mugyranyň yslam dinini kabul etmegine Buharanyň şol döwürdäki emiri Ýemän Jugfy sebäp bolupdyr. Şonuň üçin onuň adynyň yzyna Jugfy lakamyny goşupdyrlar. Şeýlelik bilen, Jugfy Buharynyň atasynyň atasynyň lakamyny aňladýar. Buhary lakamy bolsa onuň dünýä inen, ösüp-ulalan şäheriniň ady bilen baglanyşyklydyr.

Ymam Buharynyň atasynyň atasynyň atasy barada-da käbir maglumatlar duş gelýär. «Imom Buhoriý tarifi» atly kitapda: «Üçünji atasy bolan Bardizba yslam dini Buhara gelmezinden öň öz kowumynyň uýan mejusylyk, ýagny, otparazlyk dinine uýup, şol dindekä aradan çykypdyr» diýlipdir [3, 12].

Ymam Buharynyň atasy Ybraýym hakda anyk bilinýän zat ýok. Ol diňe adynyň çeşmelerde Ybraýym ibn Mugyra diýlip tutulmagynyň, oglunyň hem Ysmaýyl ibn Ybraýym diýlip atlandyrylmagynyň arkasyndan tanalýar [3, 13].

Ymam Buharynyň kakasy Ysmaýyl öz neberesinden ilkinji bolup ylym bilen meşgullanmaga başlapdyr.

«Ymam Buhary» atly kitapda habar berilmegine görä, ol Buharadaky we töwereklerindäki atly alymlaryň birine öwrülipdir. Ol esasan hadys ylmy bilen meşgullanar eken. Ysmaýyl bir gezek haja gidip, haj möwsümi tamamlanandan soňra birnäçe wagtlap Medinede galypdyr we uly alymlaryň biri ymam Mälik bilen duşuşyp, ondan hadys ýazyp alypdyr. Şonuň ýaly-da, onuň Hammat ibn Zeýdiň we belli türkmen alymy Abdylla ibn Mübäregiň adyndan beýan eden rowaýatlary hem bar eken. Ýaşan döwrüni göz öňünde tutup, ony Pygamberimizden (s.a.w.) soňra ýaşap geçen alymlaryň dördünji toparyna degişli hasaplapdyrlar. Ymam Buharynyň aýtmagyna görä, onuň kakasy Ysmaýyl ibn Ybraýym tämiz ahlakly, haýyrly işleri etmegi halaýan, jomart, takwa bir adam bolupdyr [2, 7-8].

Ymam Buhary «Tarihul Kebir» atly kitabynda kakasynyň gürrüň beren rowaýatlaryny ýerleşdiripdir. Ibn Hybban öz kitabynda Ysmaýyl ibn Ybraýymy dogruçyl, ygtybarly kişi hökmünde häsiýetlendiripdir. Ol «Assikat» atly kitabynda onuň eserlerinden käbir bölekleri ýerleşdiripdir [1, 13].

Ysmaýyl alymlygynyň daşyndan barly adam hökmünde-de uly abraýdan peýdalanypdyr. Abdylwahhap ibn Takiýýiddin Sübkiniň «Tabakatuş şafiýetil Kubra» atly kitabynda habar berilmegine görä, Ysmaýylyň şägirdi Ahmet ibn Hafs şeýle diýipdir: «Ysmaýyl ibn Ybraýymy zyýarat etmäge gitdim. Ol ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ol şonda maňa: «Şunça malym, mülküm bar. Ýöne maňa degişli zatlaryň arasynda haram zat hem, haramdyr öýdüp şübhelenilýän zat hem bardyr öýdemok» diýdi». Bu sözlerden onuň baýlygyny alyn deri bilen gazanandygyny aňlamak bolýar [2, 8]. Ymam Buhary şunuň ýaly ylymly we takwa adamyň maşgalasynda dünýä inýär.

Biragyzdan ykrar edilmegine görä, Muhammet ibn Ysmaýyl 194-nji hijri ýylynyň şowwal aýynyň on üçüne, juma güni juma namazy okalanyndan soňra dünýä inýär. Döwürdeşi Mustanir ibn Atygyň aýtmagyna görä, doglan gününiň we ýylynyň şeýle anyk beýanyny ymam Buharynyň özi kakasy Ysmaýylyň ýazyp giden hatyndan göçüripdir [3, 14].

Ymam Buhary heniz çaga mahaly kakasy az wagt hassalap ýatanyndan soňra aradan çykyp, dogany Ahmet bilen birlikde ýetim galypdyr. Onuň kakasynyň ölen wagty anyk mälim däl. Şeýlelik bilen, olar ejeleriniň elinde ösüp ulalypdyrlar [2, 8-9].

Ymam Buharynyň ejesi hem takwa bir aýal bolupdyr. Taryhçylar ony dogalary kabul bolýan keramatly kişileriň hataryna goşupdyrlar. Ahmet ibn Muhammet Kastalanynyň «Irşadus Sari Şerhusahihil Buhary» atly kitabynda habar berilmegine görä, ymam Buhary çaga mahaly bir agyr kesele uçrap, gözleri görmekden galypdyr. Ony bejermek üçin edilen synanyşyklar, içirilen däri-dermanlar hiç hili netije bermändir. Şondan soňra ýüregi ýuka ejesi onuň sagalmagy üçin gije-gündiz doga etmäge başlapdyr, gözýaş döküpdir, ýalbaryp-ýakarypdyr. Ol bir gije düýşünde Ybraýym alaýhyssalamy görüpdir. Bu uly pygamber oňa tüýs ýüreginden Allatagala doga etmeginiň hatyrasyna, gije-gündiz diýmän gözýaş döküp ýalbarmagynyň hatyrasyna beýik Ýaradanyň onuňogluny saglyga gowuşdyrjakdygyny habar beripdir. Ene ertesi ir bilen oýanyp, oglunyň gözleriniň görmäge başlandygynyň şaýady bolupdyr [2, 9].

Ýetim galmaklaryna garamazdan, Muhammet bilen Ahmet kyn günlere duçar bolmandyrlar. Kakalaryndan olara uly miras galypdyr. Pidakär ejeleri-de olaryň üstünde kökenek bolupdyr. Ol çagalarynyň gowy ylym-bilim alyp, mynasyp adamlar bolup ýetişmegini gazanypdyr [2, 9].

Ymam Buhary, öz döwrüniň adatyna görä, bilim almagy Kurany Kerimi ýat tutmakdan başlapdyr. Onuň ilkinji mugallymynyň öz kakasy bolandygy barada maglumat bar. Ol on ýaşlarynda «küttäb» diýlip atlandyrylan we çagalara okamak hem-de ýazmak öwredilýän mekdebe gatnap başlapdyr. Muhammet kitap okamagy örän gowy görüpdir. Ol eline ilen kitaby okar eken. Ol şol döwürde hadys ýat tutmaga başlapdyr [2, 10]. Heniz kämillik ýaşyna-da ýetmedik Muhammediň bu ymtylyşyndan söz açmak bilen Faraby şeýle diýipdir: «Men muny Buharynyň kätibi Muhammet ibn Ebu Hatymdan eşitdim. Ol şeýle diýipdi: «Bir gezek Buhary maňa ýüzlenip: «Mekdepde okaýan döwrümde hadys ýat tutmaga bolan höwesim oýandy» diýdi. Men: «Şol wagt näçe ýaşyňyzdadyňyz?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «On ýaşymdadym, hatda has kiçi bolan bolmagym hem mümkin. Soňra mekdebe gitmegimi goýdum-da, Dahylynyň we beýlekileriň ýanyna yzygiderli gatnamaga başladym. Bir gün Dahyly adamlara: «Sufýan Ebu Zübeýriň, Ebu Zübeýr Ybraýymyň ...» diýip okap berip durka men birden: «Bu rowaýaty Ybraýymyň adyndan gürrüň beren Ebu Zübeýr däl» diýenimi duýman galdym. Şonda ol okap oturan kitabyny maňa görkezip: «Ine, şuňa seret!» diýdi. Men: «Eger sizde şu kitabyň asyl nusgasy bar bolsa, şoňa-da garap göräýseňiz!» diýip ýeň bermedim. Ol hüjresine girip gidip, dolanyp geleninden soňra: «Eý bala, dogrusy nähili bolmaly? Hany aýt!» diýip seslendi. Men hem: «Ol rawy Ebu Zübeýr däl, Zübeýr ibn Ady bolmaly. Ybraýymyň adyndan Ebu Zübeýr hadys rowaýat etmändir. Onuň adyndan rowaýat gürrüň beren Zübeýr ibn Adydyr» diýdim. Meniň aýdanlarymy diňläp bolanyndan soňra ol galamyny eline alyp, hälki okap beren kitabynda goýberilen hatany düzetdi we: «Adamçylyk-da!» diýip seslendi». Buhary gürrüňini tamamlanyndan soňra: «Halypaňyzyň hatasyny düzedeniňizde näçe ýaşyňyzdadyňyz?» diýip soradym. Ol: «On bir ýaşymdadym» diýip jogap berdi» [3, 17-18].

Bu wakadan soňra Buhary bilimli, kesgin zehinli, adatdan daşary ýatkeş adam hökmünde meşhurlyk gazanypdyr. Ylym öwrenmäge kän ýyllaryny sarp eden adamlar hem oňa sorag bilen ýüz tutup başlapdyrlar. Muhammet ibn Ahmet Zehebiniň «Siýeru a’lamin nubelä» atly kitabynda habar berilmegine görä, bu barada Buharynyň özi şeýle diýipdir: «Dahylynyň ylym mejlislerine gatnaýan bir goja bardy. Ol häli-şindi ýanyma gelerdi. Men hem oňa öz bilýän ygtybarly hadyslarymy aýdyp bererdim. Ol bir gün maňa ýüzlenip: «Ebu Abdylla! Biziň baştutanymyz Ebu Jaddadyr. Gulagyma degişine görä, ol seniň bir zady aňsat ýat tutup bilmegiň üçin belazur diýlen dermany içýändigiňi aýdypdyr. Bu dogrumy?» diýdi. Men ondan ýuwaşlyk bilen: «Hakykatdan hem, içilen wagty adamyň ýadyny has gowulandyrýan derman barmy?» diýip soradym. Ol: «Bilmeýärin» diýip jogap berdi we soňra golaýyma gelip: «Bir zady ýat tutmak üçin adamyň ýüregini bire baglamagyndan, ýat tutýan zady bilen dowamly meşgul bolmagyndan has peýdaly bir dermanyň bardygyny çaklamaýaryn» diýdi» [2, 11].

Buhary bir tarapdan Dahylydan ders alsa, ikinji bir tarapdan Buharanyň beýleki belli alymlaryň ylym mejlislerine gatnaýardy. Hadys öwrenilýän mejlisler ony has hem özlerine çekýärdi. Ol beýleki derslerine yhlasly çemeleşmek bilen birlikde, hadys derslerine has hem uly üns berýärdi. Şol döwürde ol asly Baýkentli bolup, Buhara göçüp gelen iki alymyň: Muhammet ibn Ýusup bilen Muhammet ibn Salamyň berýän derslerini özleşdiripdir. Ondan artyp galan wagtynda hem Ybraýym ibn Eşas, Abdylla ibn Muhammet Müsnedi we başga-da birnäçe atly alymlardan ders alypdyr. Şol döwürde ol golaý-goltumdaky obalara hem aýlanyp, şol ýerlerde ýaşaýan belli alymlaryň derslerini diňläpdir.

Buhary hijriniň 209-njy ýylynda (824-nji milady) ylym öwrenmek maksady bilen Nyşapura sapara gidipdir. Ol zamanasynyň bu iň uly ylmy merkezinde Ýahýa ibn Ýahýadan ders alypdyr, Yshak ibn Rahuýanyň derslerini diňläpdir. Munuň daşyndan hem hadys okapdyr, göçüripdir, ýat tutupdyr. Soňra Merwe gidip, ol ýerde döwrüň öňdebaryjy hadysçy we yslam hukugyny gowy bilýän alymlardan ders alypdyr. Merwe baran döwründe onuň ýaşy örän kiçi bolup, ders berilýän ýere girende, salam bermäge-de utanar eken. Zehebiniň «Siýeru a’lamin nubelä» atly kitabynda habar berilmegine görä, bir gün synpda asudalygy üpjün etmek wezipesini ýerine ýetirýän adam ondan şol gün näçe hadys göçürendigini sorapdyr. Buhary iki hadys göçürendigini aýdypdyr welin, ýoldaşlary muňa gülşüpdirler. Ýöne aralaryndaky uly ýaşly biri olary utandyrypdyr we: «Gülmäň! Şeýle bir gün gelip, belki-de ol siziň üstüňizden güler» diýipdir [2, 12].

Buhary ýaşynyň kiçidigine garamazdan, ylym öwrenen bu şäherlerinde bilim derejesi, üýtgeşik zehini we ýatkeşligi bilen köpleriň ünsüni özüne çekipdir. Hatyp Bagdadynyň «Taryhi Bagdat» atly kitabynda habar berilmegine görä, bir gün Ahmet ibn Hafs berýän dersinde Sufýan Söwriniň «Kitäbul Jami» atly eserinden hadys okap berýär eken. Buhary bu kitaby kakasynyň kitaplarynyň arasyndan tapyp, eýýäm doly ýat tutan eken. Şol gün hem derse şol kitabyny alyp gelipdir. Dersiň barşynda Ahmet ibn Hafs Buharynyň kitabynda bolmadyk bir sözi okapdyr. Buhary bu ýagdaýy halypasyna duýdurypdyr. Halypasy muňa barmysyň hem diýmän, hadys okamagyny dowam etdiripdir. Şägirdi ýene oňki aýdanyny gaýtalapdyr. Bu gezek halypasy: «Meniň aýdyşym ýaly bolmaly» diýipdir. Buhary üçünji gezek hem şol bir aýdanyny gaýtalap, aýak diräp duransoň, halypasy hadys okamagyny goýupdyr we: «Bu kim?» diýip sorapdyr. Oňa bu talybyň Muhammet ibn Ysmaýyldygyny aýdypdyrlar. Şondan soňra ol: «Aýdyşlaryça bar eken. Ondan hadys ýazyp alyň. Bir gün bu uly alym bolup ýetişer» diýip, Buharyny öwmän durup bilmändir. Ahmet ibn Hafsyň bu maslahatyna eýerip, hadys bilen gyzyklanýanlar we ömrüni ylma bagyşlamak isleýänler talyplyk döwründen başlap Buharydan hadys ýazyp almaga başlapdyrlar [2, 12-13].

Bize mälim bolşuna görä, irki yslam alymlarynyň ömürleriniň köp bölegi ýolda geçipdir. Olar bir meseläniň anygyna ýetmek üçin bir ülkeden başga bir ülkä gitmäge, uzak-uzak menzilleri aşmaga ýaltanmandyrlar. Olar Allahü tagalanyň razylygy üçin hereket edip, bereket hem tapypdyrlar. Muhammet Buharynyň ömür ýoly munuň aýdyň mysalydyr. Biz ýokarda Muhammet Buharynyň ylym öwrenmek maksady bilen Nyşapura eden syýahaty barada habar beripdik. Ibn Hajar Askalanynyň «Hedýis-Sari Mukaddimetu Fethil-Bäri» atly kitabynda habar berilmegine görä, Muhammet Buhary ilkinji ylym ýolçulygyna hijriniň 210-njy ýylynda (825) çykypdyr. Onuň mundan öň hem Buhara ýakyn şäherlere (Balha, Merwe, Nyşapura we Reýe) syýahat edendigini göz öňünde tutsak, Ibn Hajar Askalanynyň onuň uzak ülkelere eden syýahatyny göz öňünde tutandygyny aňlamak bolýar. Çünki oňa alymlaryň garşy çykany bolmandyr. Muhammet Buharynyň öz ylmy syýahatlaryny hijriniň 205-nji (820) ýylynda Buharanyň töwereklerinde ýaşaýan alymlary zyýarat etmekden başlandygyny habar beren Zehebiniň bu maglumaty bilen Ibn Hajar Askalanynyň berýän maglumatynyň arasynda gapma-garşylyk ýok.

Muhammet Buhary hijriniň 210-njy ýylynda (825) ejesi we dogany bilen birlikde haja ugrapdyr. Olaryň ýoly Bagdadyň üstünden düşüp, Muhammet bu ýerde Ahmet ibn Hanbal bilen duşuşypdyr. Şol wagt Bagdat apbasylar halypalygynyň paýtagty eken. Şonuň ýaly-da, Muhammet Buhary şol döwrüň meşhur hadysçylarynyň biri bolan Mugalla Razyny zyýarat edipdir.

Olar Bagdatda birnäçe wagtlap bolanlaryndan soňra, dürli kynçylyklary başdan geçirip, Mekgä baryp ýetipdirler. Olar haj borçlaryny ödemek üçin ýerine ýetirmeli ybadatlary ýerine ýetirenlerinden soňra, Muhammet Buharynyň ejesi bilen dogany Buhara dolanypdyrlar. Muhammet bolsa Mekgede galypdyr. Ol bu ýerdäki alymlardan hadys ýazyp almaga, şonuň bilen birlikde-de, esasan, şapygy hukuk ulgamyny we dürli yslam ylymlaryny öwrenmäge başlapdyr. Buharynyň Mekgede hadys ýazyp alan alymlaryndan Ebu Abdyrahman Abdylla ibn Ýezit Mukrynyň, Hallat ibn Ýahýanyň, Ebu Welit Ahmet ibn Muhammet Ezrakynyň, Abdylla ibn Zübeýr Humeýdiniň we Ysmaýyl ibn Salym Saýygyň atlaryny tutmak mümkin. Ol aýratyn hem Humeýdiniň derslerine has yhlasly gatnapdyr. Humeýdi oňa uly ynam bildirýärdi, bilimine bil baglaýardy. Bir gün Muhammet Buhary halypasynyň ýanyna baranda, onuň bir adam bilen jedelleşip oturandygyny görüpdir. Humeýdiniň gözi Muhammede düşüp, ol: «Ine, aramyzy açjak kişi geldi» diýipdir. Muhammet Buhary olaryň näme barada jedel edýändiklerini, bu meselä iki tarapyň hem garaýşyny anyklanyndan soňra Humeýdiniň pikiriniň dogrudygyny aýdypdyr. Hümeýdä garşy çykan kişi onuň aýdany bilen ylalaşmaga mejbur bolupdyr.

Muhammet Buhary şol wagt on sekiz ýaşlarynda eken. Ol şol döwürde sahabalaryň we tabygynlaryň gündelik durmuş bilen baglanyşykly garaýyşlaryny toplap, ulgam şekilinde bir sapaga düzüpdir.

Ol iki ýyla golaý Mekgede bolup, soňra Medinä geçipdir. Buhary bu ýerde-de, bir tarapdan, Abdyleziz ibn Abdylla Uweýsi, Eýýup ibn Süleýman, Ysmaýyl ibn Ebu Uweýs, Ýahýa ibn Kazaga, Ybraýym ibn Münzir Nyzamy, Muttaryp ibn Abdylla, Ybraýym ibn Hamza, Muhammet ibn Ubeýdylla ýaly alymlardan hadys ýazyp almak bilen, beýleki bir tarapdan bolsa öň toplan hadyslaryny belli bir düzgün esasynda kagyza geçirmek bilen meşgullanypdyr. Ol hut şol döwürde biografik häsiýetli uly eseri «Tarihul Kebir» atly kitabyny ýazmaga girişip, öň toplan maglumatlaryndan peýdalanyp, ony gysga wagtyň içinde tamamlapdyr. Buhary uzakly gün gözüniň köküni gyranyny az görüp, gijelerine hem Pygamberimiziň (s.a.w.) mazarynyň başyna baryp, Aýyň yşygynda işlemegini dowam etdiripdir. «Tarihul Kebir» şular ýaly azap edilip döredilipdir we şu günler hem ölmez-ýitmez taryhy çeşme bolmagyny dowam etdirýär.

Buhary bu kitaby ýazmak bilen baglanyşykly hysyrdylarynyň daşyndan iň uly eseri bolan «Jamius Sahyh» ýa-da «Sahyhy Buhary» kitaby üçin hem maglumat toplamagyny togtatmandyr. Şeýlelik bilen, ol Medinede, bir tarapdan, ähmiýetli bir eser ýazýardy, beýleki tarapdan bolsa, deňi-taýy bolmadyk başga bir eseriniň esasyny goýýardy.

Muhammet Buharynyň Medinä bu ilkinji gelişinde näçe wagtlap şol ýerde galandygy belli däl. Ol Hijaza diýip Buharadan çykanyndan üç ýyl soňra, ýagny hijriniň 213-nji ýylynda (828) Şama barypdyr. Ol emewileriň bu taryhy merkezinde Adam ibn Ebu Yýas, Muhammet ibn Ýusup Farýaby, Yshak ibn Ybraýym, Adam ibn Ebu Yýas, Hakem ibn Nafy, Haýwe ibn Şureýh, Halyt ibn Hally, Hytap ibn Osman, Süleýman ibn Abdyrahman, Ebu Mugyra Abdylkuddus ýaly alymlardan hadys ýazyp almaga başlaýar. Onuň bir tarapdan belli alymlardan ylym öwrenmegi, beýleki bir tarapdan bolsa haýyş bilen ýüz tutan kişilere hadys ýazdyrmagy şol döwürde hem uly şöhrata eýe bolandygyny görkezýär. Ebu Bekr ibn Aýýaşyň habar bermegine görä, Buhary heniz murty tabamadyk ýetginjek wagty halypasy Muhammet ibn Ýusup Farýabynyň gapysynda garaşyp duranlar ondan hadys ýazyp alar ekenler [2, 18-20].

Ymam Buharynyň «Tarihul Kebir» atly kitabynda habar bermegine görä, ol Hijaz ülkelerinde alty ýyl bolanyndan soňra, Müsüre geçipdir. Ol bu ýerde birnäçe wagtlap galyp, Said ibn Ebu Merýem, Osman ibn Salyh, Abdylla ibn Salyh, Ahmet ibn Salyh, Ahmet ibn Işkap, Abdylla ibn Ýusup, Esbag ibn Fereç ýaly alymlardan hadys ýazyp alypdyr. Fuat Sezginiň «Buharynyň kaýnaklary hakkynda araştyrmalar» atly kitabynda habar berilmegine görä, sahaba Abdylla ibn Apbasyň adyndan gelip ýeten tefsir rowaýatlarynyň Aly ibn Ebu Talha tarapyndan bir ýere jemlenen nusgasyny Buharynyň Müsürdäki iň soňky rawysy Ebu Salyhyň dilinden ýazyp alan bolmagy örän mümkin [2, 20].

Muhammet Buhary soňra Müsürden çykyp, Basra gelipdir. Bir rowaýata görä, ol bu ýerde bäş ýyllap galypdyr. Sehl ibn Saranyň habar bermegine görä, bu barada Buharynyň özi şeýle diýipdir: «... Basra dört gezek bardym. Ol ýerde bäş ... ýyllap boldum... » [3, 23]. Buhary Basrada bolan wagtynda her ýyl haj möwsümi gelende, haj etmek üçin Mekgä gidip, ol ýerden hem Medinä geçip, bu ýerde birnäçe wagtlap galar eken. Soňra bolsa ýene Basra dolanar eken.

Dürli çeşmelerde habar berilmegine görä, Buhary Basrada ýaşan döwründe, bir tarapdan, şol ýerdäki meşhur hadysçy alymlaryň berýän derslerine gatnap hadys diňläpdir, beýleki bir tarapdan bolsa haýyş edip özüne ýüz tutanlara hadys ýazdyrypdyr. Hamyt ibn Ysmaýylyň habar bermegine görä, Buhary bir pursat boş oturmandyr, hadysçy alymlaryň mejlislerine yzygiderli gatnapdyr. Abdylwahhap ibn Takiýýidin Sübkiniň «Tabakatuş-Şafiýýetil Kubra» atly kitabynda habar berilmegine görä, Buhary eşiden hadyslaryny ýazyp alman, diňe diňlemek bilen çäklener eken. Bir gezek dostlary birnäçe günläp onuň diňe hadys diňläp gezenini görüp, onuň näme üçin diňleýän hadyslaryny kagyza geçirmeýändigini sorapdyrlar. Ol ýazyp alan hadyslaryny getirmegi dostlaryndan haýyş edipdir. Olar ýazyp alan hadyslaryny getiripdirler. Hadyslaryň sany on bäş müňden hem kän eken. Muhammet Buhary bu hadyslaryň hemmesini ýekeme-ýeke ýatdan aýdyp beripdir we: «Hadys rowaýat edilýän mejlislere biderek gatnamaýandygyma, wagtymy boş geçirmeýändigime indi göz ýetirdiňizmi?» diýip seslenipdir.

Şondan soňra dostlary hadys öwrenmekde onuň öňüne geçip bilmejeklerine düşünipdirler. Hadys ylmyndan az-kem habarly bolanlar Muhammet Buharydan hadys eşitmek üçin onuň yzyndan galmandyrlar. Ol bolsa ýolda gidip barýarka-da, özüne şunuň ýaly haýyş bilen ýüz tutsalar, aýak çeker eken we daşyna üýşenlere hadys ýazdyrar eken [2, 21].

Hatyp Bagdadynyň «Taryhy Bagdat» atly kitabynda beýan edilmegine görä, Ýusup ibn Musa Merwezi şeýle diýipdir: «Basranyň juma mesjidinde otyrdym. Birden bir kişiniň: «Eý alymlar! Muhammet ibn Ysmaýyl Buhary Basra geldi!» diýip gygyrandygyny eşitdim. Bu sözleri eşidip, mesjitdäkileriň hemmesi aýak üstüne galdy. Men hem beýlekileriň göreldesine eýerdim. Şol wagt bir sütüniň arkasynda namaz okap duran ýaş adama gözüm düşdi. Ol namazyny okap bolan badyna töweregine üýşdüler. Olar hadys ýazdyrmagy üçin bir mejlis gurmagy Buharydan haýyş etdiler. Ol basralylaryň bu teklibini kabul etdi.

Ertesi gün gurlan hadys mejlisine müňlerçe adam ýygnandy. Buhary gelip, özi üçin niýetlenen ýere baryp oturdy. Ol oturanlara ýüzlenip şeýle diýdi: «Basralylar! Men heniz örän ýaş. Şonda-da siz meniň hadys gürrüň bermegimi haýyş edýärsiňiz. Men size ýurduňyzdan ýetişen hadysçylaryň hadyslaryny gürrüň berjek. Olaryň hemmesinden peýdalanjakdygyňyza umyt baglaýaryn. Ildeşiňiz Abdylla ibn Osmanyň bize gürrüň beren bir rowaýatyna görä, Enes şeýle diýipdir: «Çölden gelen bir çarwa arap Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip: «Ýa Allanyň Resuly! Adam bolan öz milletini söýer...» diýdi. Şondan soňra Pygamberimiz (s.a.w.): «Ynsan söýenleri bilen barabardyr» diýip seslendi». Bu hadys sizde ýokdur. Siziň bilýän hadysyňyz başga görnüşdedir».

Buhary mundan soňky günler hem şular ýaly edip ders bermegini dowam etdi we hadysçylaryň hadyslaryny ýazdyrdy» [2, 21-22].

Muhammet Buharynyň şol döwrüň kyn şertlerinde ylym öwrenmek maksady bilen eden syýahatlary uzak ýyllap dowam edipdir. Ol Bagdatda-da kän gezek bolupdyr. Ibn Ebu Hatymyň habar bermegine görä, Buharynyň özi bu barada şeýle diýipdir: «Bagdada sekiz gezek geldim. Her gezek gelenimde, Ahmet ibn Hanbal bilen söhbetdeş bolardym. Iň soňky gezek hoşlaşmak üçin ýanyna baramda, ol maňa: «Eý Ebu Abdylla! Ylmy we alymlary taşlap Horasana gitjekmi?» diýdi» [3. 23].

Hatyp Bagdadynyň «Taryhi Bagdat» atly kitabynda Buharynyň bir gezek Bagdada gelende synaga duçar edilendigi habar berilýär. Muhammet Buhary heniz ýaş wagtlary bu ýere gelen gezeklerinde mejlisler gurup, isleýänlere hadys ýazdyrar eken. Käte bu mejlislere şeýle bir köp adam ýygnanyp, göz çaky bilen olaryň sany ýigrimi müň kişä, hatda mundan hem kän kişä baryp ýeter eken.

Bir gün Bagdatda ýaşaýan fykhçy alymlaryň käbirleri ony synap görmekçi bolupdyrlar. Olar özaralarynda gepleşip, ýüz sany hadysy saýlap alypdyrlar. Soňra bu hadyslaryň biriniň metinini alyp, beýlekisiniň rawylar zynjyryny oňa sepläpdirler. Şeýdip, bu hadyslary bulam-bujar edipdirler. Şondan soňra bu hadyslary on-ondan on sany kişiniň arasynda paýlapdyrlar we hadys mejlisine gelenlerinde bu hadyslar barada Muhammet Buhara sorag bermegi tabşyrypdyrlar.

Nobatdaky mejlis toplanypdyr. Buhary gelip, özi üçin niýetlenen ýere geçip oturypdyr. Ol ýaňy bir ders bermäge başlanda, hälki on kişiniň biri ýerinden turup, özüne berlen hadyslar barada yzly-yzyna sorag bermäge başlapdyr. Hadyslaryň her biri barada soralanda, Buhary: «Bilmeýärin» diýip jogap beripdir. Nämäniň nämediginden habarly bolanlar biri-biriniň ýüzüne bakyp: «Ýagdaýa akyl ýetirdi» diýşipdirler. Hiç zatdan habary ýoklar bolsa, öz aralarynda Buharyny ejizlikde, bilimsizlikde, düşünjesizlikde aýyplap başlapdyrlar.

Soňra beýleki dokuz adamyň dokuzysy-da yzly-yzyna ýerlerinden turup, özlerine berlen hadyslar barada Muhammet Buhara sorag beripdirler. Buhary özüne berlen soraglaryň hemmesine: «Bilmeýärin» diýip, şol bir jogabyny gaýtalapdyr.

Muhammet Buhary özüne berlen soraglaryň gutarandygyny bilip, sorag beren ilkinji adama tarap öwrülipdir we: «Ilkinji hadysyň şeýle görnüşde bolmaly, ikinjiň şeýle görnüşde bolmaly...» diýip, onuň soran hadyslaryny ýekänme-ýekän düzedip beripdir. Ol özünden soralan ýüz hadysyň hemmesini hem şunuň ýaly edip düzedipdir.

Şu wakadan soňra her bir kişi onuň hadys ylmynda derejesiniň uludygy bilen ylalaşmaga mejbur bolupdyr [2, 26-27].

Muhammet Buhary köp ýyllap dowam eden ylmy syýahatyny Horasanyň şäherlerine eden syýahatlary bilen tamamlapdyr. Ol bu şäherlerde hem tanymal alymlardan ders öwrenipdir. Buhary Balhda Mekki ibn Ybraýym, Ýahýa ibn Bişr, Muhammet ibn Eban, Hasan ibn Said we şolaryň toparyndan bolan döwürdeş alymlardan hadys ýazyp alypdyr. Bulardan Mekki ibn Ybraýym örän uzak ýaşapdyr. Ol başda ymam Ebu Hanypa we tabygyndan käbir alymlar durmak bilen hijriniň ikinji asyrynyň birinji ýarymynda ýaşan örän köp alymlary hijriniň üçünji asyry bilen baglanyşdyrypdyr. Buhary özi bilen Pygamberimiziň (s.a.w.) arasynda üç rawy bolan we „süläsi” diýlip atlandyrylan hadyslarynyň bir bölegini Mekki ibn Ybraýymdan ýazyp alypdyr.

Muhammet Buhary Merwde bolanda Abdan (Abdylla) ibn Osman Merwezi, Aly ibn Hasan ibn Şakyk, Sadaka ibn Fazl, Muhammet ibn Mukatyl, Abde ibn Hakem, Muhammet ibn Ýahýa ibn Saig, Hybban ibn Musa ýaly alymlardan we şolaryň toparyna girýän beýleki alymlardan hadys ýazyp alypdyr.

Ol Nyşapurda bolan wagtynda Ýahýa ibn Ýahýa Temimiden, Bişr ibn Hakemden, Yshak ibn Ybraýym Hanzalydan (Yshak ibn Rahuýa), Muhammet ibn Rafydan, Ahmet ibn Hafsdan, Muhammet ibn Ýahýa Zuhlydan we bularyň döwürdeş alymlaryndan hadys ýazypdyr.

Şonuň ýaly-da, Muhammet Buhary Reý şäherinde bolanda Ybraýym ibn Musadan hadys ýat tutupdyr.

Ol öz dogduk mekany bolan Buharada Muhammet ibn Salam Baýkendi, Muhammet ibn Ýusup Baýkendi, Abdylla ibn Muhammet Müsnedi, Harun ibn Eşgas ýaly alymlaryň derslerine gatnap, olardan hadys ýazyp alypdyr.

Şonuň ýaly-da, ol syýahatlarynyň dowamynda Kufede, Jezirede, Wasytda ýaşaýan köpsanly alymlardan hem hadys ýazypdyr [2, 23-25].

Umuman alanyňda, Muhammet Buhary 1080 sany hadysçy alymdan hadys ýazyp alypdyr. Ol bu alymlaryň hemmesiniň hadys ylmynyň ussatlary bolmak bilen birlikde imanyň sözden we işden (kawl we amal) ybaratdygyna ynanan adamlardyklaryny ýörite belläp geçipdir. Buhary özüňe halypa tutunmak babatda-da dogry ýoly görkezip gidipdir. Ol ilkinji nobatda halypa tutunýan adamlarynyň ygtykadynyň düzüw bolmagyna üns beripdir. Onuň halypalarynyň hemmesi hadys ylmynyň ussatlary we iman meselesinde belli bir garaýşa eýerip, kelam bilen baglanyşykly jedellere goşulyşmadyk alymlardandyr [2, 29].

Buharynyň özlerinden hadys ýazyp alan alymlaryny, umuman, bäş topara bölmek mümkin.

Birinji topary tabygynlardan hadys ýazyp alan alymlar düzýär. Buhary Pygamberimizden (s.a.w.) üç rawynyň üsti bilen beýan eden ýigrimi iki sany hadysyny tabygynlaryň birini gören şyhlaryndan eşidipdir. Mysal üçin, Muhammet ibn Abdylla Ensary, Mekgi ibn Ybraýym, Ebu Asym Nebil, Dahhak ibn Mahlet, Süleýman ibn Mihran ýaly adamlaryň atlaryndan rowaýat gürrüň beren Ebu Nugaým Fazl ibn Dukaýn şu topara degişlidir.

Ikinji topary uly ýaşly tabygynlary görseler-de, olaryň adyndan rowaýat gürrüň bermedik alymlar emele getirýär. Adam ibn Ebu Yýas, Said ibn Ebu Merýem, Ebu Mushyr Abylala ibn Mushyr ýaly alymlar şu topara girýär.

Üçünji topary tabygynlary görmedik, tabygynlary görenleriň uly ýaşlylaryna duşup, şolardan hadys ýazyp alan alymlar düzýär. Bu topara Süleýman ibn Harb, Kutaýba ibn Said, Nugaým ibn Hammat, Aly ibn Medini Ýahýa ibn Main, Ahmet ibn Hanbal, Yshak ibn Rahuýa, Ebu Bekr ibn Ebu Şeýbe we Osman ibn Ebu Şeýbe ýaly adamlar degişlidir.

Dördünji topary Buharynyň özi bilen birlikde hadys mejlislerine gatnap, şol bir halypadan hadys ýazyp alan we hadys ýazyp almaga onuň özünden biraz öň başlan alymlar düzýär. Olaryň iň bellileri Muhammet ibn Ýahýa Zuhuly, Ebu Hatym Razy, Abdy ibn Humeýt ýaly adamlardyr. Şu ýerde bir zady nygtap geçmek gerek. Buhary bu alymlardan diňe beýleki alymlardan eşitmedik birnäçe hadysyny ýazyp almak bilen çäklenipdir. Bu bolsa onuň öz döwürdeşlerinden diňe mejbur bolan ýagdaýynda rowaýat ýazyp alandygyny görkezýär.

Bäşinji topary Buharynyň özünden has ýaş alymlar emele getirýär. Abdylla ibn Hammat Amyly, Abdylla ibn Ebu As Horezmi, Muhammet ibn Isa Tirmizi dagy şu topara degişlidir. Buharynyň bu alymlardan ýazyp alan hadyslarynyň sany örän az bolup, olar «Sahyhy Buhary» kitabyna girizilmändir.

Muhammet Buharynyň bu topara degişli alymlardan hadys ýazyp almagynyň sebäbi barada hem aýdyp geçmek gerek. Buhary öz halypasy Osman ibn Ebu Şeýbäniň üsti bilen tanap galan hadysçy alymy Weki ibn Jerrahyň: «Bir ylym ýolagçysy, özünden üstün bolanlardan rowaýat gürrüň berşi ýaly, özüne deň bolanlardan-da, özünden derejesi pes bolanlardan-da rowaýat gürrüň bermese, alym bolmaz» diýendigini beýan edipdir. Buhary şu pikir bilen doly ylalaşypdyr we şu ýörelgä görä-de hereket edipdir.

Muhammet Buharynyň ýokarda agzalyp geçilen halypalarynyň hemmesiniň, aýratyn hem olaryň ilkinji dört topara girýänleriniň ygtybarly, ynamdar adamlardygy alymlar tarapyndan subut edilendir [2, 29-33].

Dürli ülkelerde zamanasynyň iň uly alymlaryndan ýokary derejede ylym alan Buhary kän ýyllara çeken ylmy saparyndan soňra Horasana dolanypdyr. Ol bu ýerde özüni adamlara hadys öwretmäge bagyş edipdir.

Ýaşan ülkeleriniň hemmesinde Muhammet Buhary uly abraýdan peýdalanypdyr. Baran ýerinde ony gujak açyp garşylap, uly alym hökmünde sarpasyny belent tutupdyrlar. Ýöne ol ömrüniň ahyrky ýyllarynda käbir adamlaryň göriplikleri sebäpli kynçylyklar bilen hem ýüzbe-ýüz bolmaly bolupdyr. Muny halypasy Zuhly bilen aralarynda bolup geçen gynandyryjy wakalar hem açyk görkezýär. Öň hem ony abraýdan gaçyrmaga synanyşyklar bolupdy. Ony Bagdatda synap görüşleri barada öňde gürrüň beripdik. Ol şoňa meňzeş waka bilen Samarkantda-da ýüzbe-ýüz bolupdy. Ol bu şähere baranda, bu ýerde 400 töweregi hadys öwrenip ýören talyp bar eken. Bular Buharyny aljyratmak üçin ýedi günläp öz aralarynda maslahat edipdirler. Olar şamly rawylaryň atlaryny yrakly rawylaryň atlary bilen, ýemenli rawylaryň atlaryny hijazly rawylaryň atlary bilen çalşyryp, hadyslary bulam-bujar edipdirler. Ýöne Buhary olaryň gürrüň beren hadysalrynyň hemmesini düzetmegiň hötdesinden gelipdir. Ýöne Nyşapurda, has soňra bolsa Buharada başyndan geçen wakalaryň ajysy has artykdy.

Uzak ýyllaryň dowamynda ýüzlerçe alymlardan ylym öwrenip, şol bir wagtyň özünde-de beýlekilere hadys öwredip gezen Buhary Nyşapura gelende, uly hormat bilen garşylandy. Ol bu ýerde bäş ýyl galyp, hadys öwretdi, ders berdi. Ýöne iň soňunda halypasy Zuhly bilen aralaryna tow düşüp, Nyşapury terk etmäge mejbur boldy.

Aslynda Buhary alymlaryň arasynda öňden bäri dowam edip gelýän käbir jedelleriň pidasy bolupdy. Yslam dininiň dünýäniň köp ülkelerine ýaýramagy bilen baglanyşykly käbir çözülmesi aňsat bolmadyk meseleler ýüze çykypdy. Boýun egdirilen ýurtlardaky dürli ynançly we medeniýetli adamlaryň bir topary yslam dinini tüýs ýürekden kabul edipdiler. Olaryň käbirleri bolsa öňki dinlerinde galypdylar. Ýüreginden ynanman, daşyndan ynanan bolýan adamlar bolsa üçünji bir topary emele getiripdiler. Bu topara degişli adamlaryň yslam dinine duşmançylyk gözi bilen garaýanlary örän kändi. Bu duşmançylyk dürli medeniýetleriň arasyndaky gapma-garşylyk bilen birleşip, pikirleriň garyşmagyna alyp bardy. Köp ýurtlarda gadymy grek filosofiýasynyň täsiri doly aradan aýrylmandy. Bu täsir bilen baglanyşyklylykda ýüze çykýan garaýyşlar bolsa yslam ynanç ulgamyna ters gelýärdi. Soňra bu garaýyşlaryň arasyndaky çaprazlyk köpsanly pajygaly wakalaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Özara duşmançylygyň netijesinde hezreti Osman, soňra bolsa hezreti Aly şehit edilip, musulman jemgyýeti böleklere bölündi. Bir tarapdan syýasy garaýyşlar agdyklyk edýän mezhepler dörese, beýleki tarapdan filosofiki düşünjelerden gözbaş alýan mezhepler peýda boldy. Orta atylan käbir metafiziki meseleleriň ara alyp maslahatlaşylmagy bu mezhepleriň biri-birine bolan duşmançylygynyň artmagyna getirdi we biri-birlerine garşy güýç ulanmaklaryna sebäp boldy.

Muhammet Buharynyň ylym öwrenmek üçin gaýrat sarp edýän döwürlerinde Allahü tagalanyň sypatlary baradaky mesele jedele sebäp bolýan esasy meseleleriň biridi. Soňra şu mesele bilen baglanyşyklylykda: «Kurany-Kerim ýaradylanmydyr, ýaradylan dälmidir?» diýen jedel ýüze çykypdyr. Bu jedele apbasy halypalarynyň käbiriniň gylaw bermegi pikir gapma-garşylyklarynyň güýçlenmegine getiripdir. Yslam dünýäsiniň dürli ýerlerinde ýaşaýan alymlar bu mesele babatda öz garaýyşlaryny mälim etmäge mejbur edilipdirler. Olaryň arasynda zyndana atylanlary, gynama sezewar edilenleri hem bolupdyr. Ahyry bu alymlar bu meselä bolan garaýyşlary esasynda üç topara bölünipdirler. Alymlaryň esasy köplügi: «Kurany-Kerim Allahü tagalanyň sözüdir. Ýaradylan däldir. Şol sebäpli ezelidir. Adamlaryň ony okamaklary, ýazmaklary, okanlarynda sözlerini we harplaryny seslendirmekleri olaryň öz işleridir. Şol sebäpli hem bu hereketler ýaradylandyr» diýen pikirde bolupdyr. Ikinji topary emele getiren alymlar olaryňka ters bolan pikiri öňe sürüpdirler. Üçünji bir topar bolsa, bu iki toparyň hiç birine hem goşulman, bitarap bolup galypdyr.

Muhammet Buhary hijriniň 250-nji ýylynda Nyşapura gelende, bu jedeller heniz hem dowam edýärdi.

Muhammet ibn Ýahýa Zuhly babatda aýdylanda bolsa, ol nyşapurlylaryň şyhy bolup, diňe bir bu şäheriň özünde däl, eýsem, onuň töwrreklerinde-de uly hormatdan peýdalanýan, ylym mejlisleri dolup-daşýan hadysçy alymdy. Muhammet Buhary hem bir döwürde ondan sapak alyp, hadys öwrenipdir. Buhary «Sahyhyna» adyny açyk aýtmazdan, onuň gürrüň beren 34 hadysyny girizipdir. Zuhly hem Buhara uly baha berip, pursatyny tapsa, onuň ylmyndan peýdalanypdyr. Mysal üçin, meşhur alym Osman ibn Saidiň jynazasynda olar bir ýerde durupdyrlar. Zuhly aýak üstünde duran ýerinden Buharydan hadyslaryň rawylarynyň atlary, künýeleri, käbir meseleler barada sorapdyr. Buhary halypasynyň hemme soraglaryna kanagatlanarly jogap beripdir.

Muhammet Buhary heniz Nyşapura gelip girmezinden ozal, Zuhly öz talyplaryna onuň öňünden çykmagy tabşyrypdyr we özi-de şäheriň daşyna çykyp, ony garşy alypdyr. Beýle etmek bilen ol Muhammet Buhara uly sarpa goýýandygyny görkezipdir.

Ýöne halypadyr şägirdiniň arasyndaky bu ýakynlyk uzak wagt geçmän duşmançylyga öwrülipdir. Muhammet ibn Ahmet Zehebiniň «Siýeru a’lamin Nubela» atly kitabynda beýan edilmegine görä, Müslim bu barada şeýle diýipdir: «Muhammet ibn Ysmaýyl Buhary Nyşapura gelende, şeýle bir hormat bilen, şeýle bir köpçülik bolup garşy alyndy welin, şol wagta çenli başga bir alyma ýa-da hökümdara-da munuň ýaly hormat goýulmandy. Ony şäherden iki ýa-da üç parsah uzaklykda garşy aldylar. Şondan bir gün öň şol zamanlarda Nyşapuryň şyhy bolan Muhammet ibn Ýahýa Zuhly öz berýän dersinde şägirtlerine: «Ertir Muhammet ibn Ysmaýyl Nyşapura geljekmiş. Islän kişi gidip, ony garşy alsyn. Men hem ony garşylamaga gitjek» diýipdi.

Ertesi Nyşapuryň Zuhlynyň baştutanlygyndaky ähli alymlary uly topar bolup şäheriň daşyna çykyp, Buharyny garşy aldylar. Buhary şähere girip, göni buharalylaryň bolýan ýerine gitdi we şolaryň ýanynda düşledi.

Zuhly başga bir dersinde şägirtlerine: «Häzir boluň, ondan kelam meselesi boýunça bir zat soraýmaň. Birden, ol biziň garaýşymyza ters gelýän bir jogap beräýse, aramyz açylar. Horasanyň töwereginde näçe nasibi, rafyzy, mürjiýi bar bolsa, biziň garşymyza çykar» diýip berk sargady.

Köp wagt geçmänkä, Buharydan bir zatlar öwrenmek isleýänler onuň töweregine toplandylar. Onuň bolýan öýüniň üçegine çenli adamdan doldy. Onuň Nyşapura gelmeginiň ikinji ýa-da üçünji günüdi. Ony diňlemäge gelenleriň biri ýerinden turup, Kurany-Kerim okalanda sözlerini seslendirmegiň ýaradylandygyny ýa-da ýaradylan däldigini sorady. Bu soraga Buhary: «Pygyllarymyz (edýän işlerimiz) ýaradylandyr. Sözleri seslendirmegimiz hem pygyllarymyzdan biridir» diýip jogap berdi. Bu jogapdan soňra şol ýerdäkileriň arasynda düşünişmezlik ýüze çykdy. Käbirleri Buharynyň: «Kuran okaýarkak sözlerini seslendirmegimiz ýaradylandyr» diýendigini aýtsa, käbirleri-de: «Beýle diýmedi» diýip, olaryňka ters pikiri öňe sürdüler. Olar jedel etmäge başladylar. Jedel şeýle bir gyzyp, jedel edýänler biri-birleriniň üstüne topuldylar. Bu ýagdaýy gören öý eýeleri toplanyp, jedel edýänleri daşary çykardylar» [2, 44-45].

Musulmanlary köp ýyllaryň dowamynda peýdasyz çekişmelere alyp baran, olary çykgynsyz güne salan, biri-birlerini duşman hala getiren, ýüzlerçe günäsiz adamlaryň ganynyň dökülmegine sebäp bolan bu jedellerden, elbetde, Buharynyň habary bardy. Ol bu meseläni bütin inçelikleri bilen öwrenip, bir kitap hem ýazypdy. Bu barada üç gezek soralandan soňra beren ýokardaky jogaby şol kitabynda öňe süren pikirinden ybaratdy. Şeýle anyk we gutarnykly jogap berendigine garamazdan, ondan ylym öwrenmäge gelenleriň bir topary onuň aýdanyna ýalňyş düşünipdi.

Bu dawa şol ýerde galaýmandy. Gepden gep döräp, gybatçylar ara goşulyp, iň soňunda hatda ony dine täzelik girizmekde aýyplamaga çenli barlyp ýetilipdir. Abdylwahhap ibn Takiýýiddin Sübkiniň «Tabakatuş Şafiýýetil Kubra» atly kitabynda habar berilmegine görä, Ebu Hamyt Şarky bu wakadan soňra Zuhlynyň öz şägirtlerine: «Kurany Kerim Allahü tagalanyň sözüdir. Ýaradylan däldir. «Ony okaýarkak sözlerini seslendirmegimiz ýaradylandyr» diýýänler dine aslynda bolmadyk bir zatlary sokuşdyran bidgatçylardyr. Bular ýalylar bilen bir mejlisde bile oturylmaz. Olar bilen asla gürleşilmez. Mundan beýläk Muhammet ibn Ysmaýyl Buharynyň ylym mejlislerine gitmäň. Çünki onuň ýanyna pikirdeşi bolanlar gider» diýendigini öz gulagy bilen eşidendigini mälim edipdir [2, 46].

Zuhlynyň öz şägirdi we dosty barada pikirini şular ýaly çürt-kesik edip üýtgetmegine näme sebäp bolduka? Çeşmeler bu soraga: «Alymyň alymy keşdi çekmezligi» diýip jogap berýärler. Habar berilmegine görä, Muhammet Buhary Nyşapura geleninden soňra adamlar onuň derslerine uly isleg bildirip, töweregine toplanypdyrlar. Zuhlynyň mejlislerine gatnaýanlaryň bolsa sany azalypdyr. Hakykatdan hem, aralarynda Müslim, Ahmet ibn Seleme ýaly soňra hadys ylmynda ýokary derejelere ýeten alymlar bolan örän köp kişi Zuhlynyň aýdan ýokardaky sözlerini eşidip, onuň öz mejlisine gatnamaklaryny bes edipdirler. Hatda Müslim has hem öte geçip, Zuhlydan ýazyp alan hadyslarynyň hemmesini bir hammalyň üsti bilen yzyna ugradypdyr.

Zuhly diňe bir adamlary Muhammet Buharynyň garşysyna öjükdirmek bilen çäklenmän, oňa gorkuzyjy habarlary hem ýollapdyr. Aýratyn hem, Müslimiň özünden ýazyp alan hadyslaryny yzyna ugratmagy bilen, Buharyny göz öňünde tutup: «Mundan beýläk bu adam bilen bu şäherde bile ýaşamaryn» diýipdir. Muhammet Buhary şular ýaly haýbat atmalardan soňra, janyna howp abanýandygyny syzyp, şäheri terk etmäge mejbur bolupdyr.

Muhammet ibn Zehebiniň «Siýeru a’lamin nubela» atly kitabynda habar berilmegine görä, Muhammet Buhary şeýle diýipdir: «Men işimi Allahü tagala tabşyrýaryn. Allahü tagalanyň gullaryny görýändigi şübhesizdir («Mü’min» süresiniň 44-nji aýatyndan). Ýa Reb! Nyşapurda bir dereje ýa-da wezipe edinmek islemeýändigimi bilýarsiň. Meniň öňbaşçy bolmagy islemeýändigim hem Saňa aýandyr. Muňa garamazdan, köp adamlar maňa garşy çykdy. Şonuň üçin indi köňlüm watanyna dolanmak isleýär... Bu adam maňa gözigidijilik edýär. Onuň hem sebäbi Allahü tagalanyň maňa beýlekilere bermedik ylmyny yhsan etmegidir... Ertir men bu ýerden gidýärin. Mundan beýläk siz men sebäpli onuň ders mejlislerinden we hadyslaryndan mahrum galmaň» [2, 48].

Muhammet Buharynyň başyndan inen şu kynçylykly günlerde oňa soňuna çenli diňe Müslim wepaly bolup galypdyr. Ähli adamlar ondan ýüz öwrenlerinde, diňe Müslim bilen Ahmet ibn Seleme ýanyna gelip gidýärdiler. Olaryň ikisi hem Zuhlynyň şägirtleridi.

Ahmet ibn Seleme bir gün Buharynyň ýanyna gelip: «Eý Ebu Abdylla, bu adam Horasanda ynanylýan adamlaryň biri bolup, şu şäherde gözüme ýaraýan adamdyr. Ol bu işe mäkäm ýapyşypdyr. Hatda biziň birentegimiziň onuň hatasyny tapmaga-da güýjümiz ýetmez. Ana, görýäňizmi, tagsyr?» diýipdir. Şonda Buhary sakgalyny gysymlap: «Men işimi Allahü tagala tabşyrýaryn...» diýip, ýokarda mysal getiren sözlerimizi aýdypdyr [3, 48].

Hakim Ebu Abdyllanyň «Naýsabur taryhy» atly kitabynda Ahmet ibn Hamdunyň: «Müslim ibn Hajjaç ymam Buharynyň huzuryna gelip, iki gözüniň arasyndan öpüp: «Rugsat berseňiz, aýagyňyzy öpsem, eý, ussatlaryň ussady, hadysçylaryň serdary we hadysyň keselini tapyjy tebip» diýipdir» diýen sözleri beýan edilipdir [3, 48].

Muhammet Buhary Nyşapury terk edip, öz dogduk Mekany Buhara gitmegi ýüregine düwüpdir.

Muhammet ibn Ahmet Zehebiniň «Siýeru a’lamin nubela» atly kitabynda habar berilmegine görä, Buhary öz watanynda uly hormat bilen garşy alnypdyr [2, 49].

Ahmet ibn Mansur Şirazy şeýle diýipdir: «Ebu Abdylla Buharynyň öz şäherlerine gelenini eşidip hoşal bolan watandaşlary şäherden on çakyrymlyk çemesi daşlykda çadyrlar dikip, hemmesi birlikde öňünden çykdylar we depesinden altyn-kümüş seçip garşyladylar. Şäheriň içinde degerli adam galmandy» [3, 50].

Muhammet ibn Ahmet Zehebiniň «Siýeru a’lamin nubela» diýen kitabynda-da Buharyny watandaşlarynyň uly söýgi bilen garşylandyklary, geçen ýoluna pul we süýji seçendikleri habar berlipdir [2, 49].

Muhammet Buhary hiç kime ýük bolmak islemändir. Şonuň üçin hem şäheriň daşynda onuň üçin ýörite ullakan çadyr gurup beripdirler. Ol şu çadyrda ýaşap başlapdyr [2, 49].

Muhammet Buhary tiz wagtdan iň uly mertebä – Kutaýba ibn Müslimiň (hijriniň 96-njy ýylynda (710-njy milady) şehit bolan) gurduran juma mesjidinde talyplara hadysdan ders bermek mertebesine eýe bolupdyr. Ol öz watanyndan aýrylmagyndan kyrk ýyla golaý soňra ildeşlerine hyzmat etmäge başlapdyr. Ýöne bu bagtyýar günler uzak dowam etmändir.

Şol döwürde Halyt ibn Ahmet Zuhly Buharanyň emiri eken. Emirlik bolsa hijriniň 205-259-njy ýyllarynda Horasanda hökümdarlyk eden tahyrylar neberesiniň guran döwletiniň düzüminde bolupdyr. Ine, şol Halyt ibn Ahmet bir gün Muhammet Buhara habar ýollap, ondan öz köşgüne gelip, «Jamius Sahyh» we «Tarihul Kebir» kitaplary boýunça özüne ders bermegini haýyş edipdir. Onuň haýyşyny ýerine ýetirmek üçin Buhary beýleki adamlara ders bermegini taşlap, diňe emiriň özüne ylym öwretmelidi. Bu bolsa onuň başarjak işi däldi. Ol köpçülige ylym öwretmegi özüniň esasy wezipesi hasaplaýardy. Şonuň üçin hem ol ylmy, alymyň mertebesini goramagy ýüregine düwýär. Hatyp Bagdadynyň «Taryhy Bagdat» atly kitabynda beýan edilmegine görä, ol emiriň adamsyna: «Ylmy pese düşürmäýin, baryp kimdir biriniň aýagynyň aşagyna-da taşlamaýyn. Emiriň ylym almak zerurlygy bar bolsa, gelip adamlara berýän derslerime goşulsyn ýa-da öýüme gelsin... Çünki men Pygamberimiziň (s.a.w.): «Ylmy gizleýäniň agzyna kyýamat güni ataşdan bir agyzdyryk salnar» diýendigini bilip durkam, ylmy gizläp bilmerin» diýip jogap beripdir. Bu hem emir bilen arasyna tow düşmegine sebäp bolupdyr [2, 50].

  Bakr ibn Munyr hem bu wakany şuňa ýakyn bir görnüşde beýan edipdir [3, 51].

Bu wakadan soňra emir ýene bir habar ugradyp, Buharydan köşgüň daşyndaky metjitde çagalaryna aýratynlykda ders bermegini haýyş edipdir. Muhammet Buhary emiriň bu teklibi bilen hem ylalaşmandyr. Emiriň çagalaryny beýlekilerden aýry tutup, olar üçin ýörite wagt bellemek onuň adalatlylyk baradaky düşünjesine ters gelýärdi. Buharanyň emiri bu wakadan soňra ondan ar almaga amatly bir pursat aramaga başlapdyr. Tiz wagtdan hem şonuň ýaly pursat ýüze çykypdyr.

Muhammet ibn Ahmet Zehebiniň «Siýeru a’lamin nubela» atly kitabynda beýan edilmegine görä, Muhammet Buharynyň Nyşapurdan gaýdyp, Buhara gelen günlerinde Muhammet ibn Ýahýa Zuhly emire bir hat ýollap, Muhammet Buharynyň sünnete garşy gidýändiginiň açyk belli bolandygyny habar beripdir. Emir wagt ýitirmezden, bir adamy çagyryp, bu haty adamlara okatdyrypdyr [2, 52].

Emir munuň bilen hem çäklenmän, Muhammet Buharydan başga kişileriň eli bilen ar almagy maksat edinip, bir dini geňeş çagyrypdyr. Şol geňeşe Harys ibn Ebu Warka hem gatnaşypdy. Ol şol döwrüň uly alymlarynyň biridi. Emir ony Muhammet Buharynyň töwereginde pitne turuzmaga mejbur edipdir. Bu geňeşe gatnaşanlar hem emiriň hilesine aldanyp, soňra Buhary barada her hili töhmetleri ýaýradyp ugrapdyrlar. Emir Halyt ibn Ahmet Zuhly bolsa atylan töhmetlerden netije çykaran bolup, Muhammet Buharyny şäherden çykarmak we dogduk mekanyndan kowmak barada höküm taýýarladyp, ony yglan etmäge buýruk beripdir [3, 51].

Muhammet Buhary şeýdip dogduk mekany Buharany hem terk etmäge mejbur bolupdyr.

Öz dogduk watanyny terk etmek, adamlara ylym öwretmek mümkinçiliginden mahrum bolmak näçe agyr degse-de, ylmyň, hakyky alymlaryň mertebesini ýere salmandygy, ynanjyndan, pikirlerinden, öz dogry hasaplaýan zatlaryndan ýüz öwürmändigi hakdaky pikir onuň gamgyn köňlüne teselli beripdir. Muhammet ibn Ahmet Zehebiniň «Siýeru a’lamin nubela» atly kitabynda habar bermegine görä: «Buhara ilki gelen günüň üstüňe pul, süýji seçipdiler. Bu gün bolsa ... Muňa näme diýersiň?» diýen birine Muhammet Buhary: «Munuň hiç hili ähmiýeti ýok... Ynanýan  zatlaryma zyýan gelmese bolýar» diýip jogap beripdir [2, 55].

Muhammet Buhary näçe giňgöwrümlilik etmäge çalyşsa-da, öz dogduk mekanndan sürgün edilmegi oňa örän agyr degipdir. Ol hem adamdy. Onuň hem göwni bardy. Kalbyna çöken öýkesi ony: «Allahym! Maňa etmekçi bolan zatlaryny olaryň özlerine-de görkez!» diýip, Allahü tagala mynajat edipdir [2, 55]. 

Ebu Bakr ibn Amryň habar bermegine görä, şondan bir aý hem geçmänkä Horasandaky tahyrylar döwletiniň buýrugy gelip ýetipdir. Buýrukda: «Buharanyň emiri Halydy urkaçy eşegiň üstüne mündürip, ilki eziz bolup, soňra horluga höküm edilenleriň bolşy ýaly, ryswa kylyp, bütin şähere aýlap masgara edilsin we horlap zyndana salynsyn» diýilýär eken. Bu höküm ýerine ýetirilipdir [3, 52].

Başga bir maglumata görä, Buharanyň emiri ilki gatyra mündürilip, şäherden sürgün edilipdir. Has soňra bolsa, haja gidip barýarka, Bagdada gelende tutulyp, zyndana atylypdyr we ömrüniň galan bölegini bu şäheriň zyndanlarynda geçirip, perişan halda ölüpdir [2, 55].

Muhammet Buharynyň garşysyna guralan dildüwşüge ýolbaşçylyk eden Harys ibn Ebu Warka hem tutuş maşgalasy bilen birlikde şonuň ýaly güne düşüpdir [3, 52]. Buharada kim töhmetçilere goşulan bolsa, olaryň her biri ýa maşgalasyndan, ýa-da çagalaryndan bir zyýan görüpdir [2, 55].                                                                                                               

Muhammet Buhary dogduk mekanyndan çykyp gaýdyşyna, kakasynyň atasy Mugyranyň doglan mekany bolan Baýkende (häzirki ady Garaköl tümeni) barypdyr. Soňraşolýerden Hartaňa tarap ýola düşüpdir. Hartaň obasy Samarkant şäherinden 22 çakyrym uzaklykda, onuň demirgazyk tarapynda, häzirki Çelak tümeniniň Janubiý diýen ýerinde ýerleşýär [3, 53].

Ýöne ony Hartaňda hem öz gününe goýmandyrlar. Buhara emiri onuň Samarkanda gitmekçi bolýandygyny eşidip, ýörite hat ýollap, bu şäherden hem çykarylmagyny emr edipdir. Bu habar Hartaňa baryp ýetende, Muhammet Buhary has hem erbet ýagdaýa düşüpdir. Ol özi sebäpli hartaňlylara, hususan hem, bu ýerdäki dogan-garyndaşlaryna zyýan gelmeginden çekinip, bu ýerden hem gitmegi ýüregine düwüpdir. Ol özi üçin ýola taýýarlanylan haýwana münüp, ýigrimi-otuz ädim çemesi geçeninden soňra, ony sowuk bir der basypdyr. Bu ýagdaýda onuň uzaga gidip bilmejegi belli bolupdyr. Hassalandygy göze görnüp dur eken. Onuň hem üstesine Remezan aýy eken. Muhammet Buhary, orazasyny şu ýerde tamamlamak üçin, ýola çykmagy soňa goýupdyr.

Soňky döwürde başyndan inen hupbatlar onuň bar kuwwatyny alana meňzeýärdi. Abdylkuddus ibn Abdyljepbar onuň şol döwürdäki ýagdaýy barada şeýle diýipdir: «Bir gezek gije namazyny okap bolanyndan soňra, Buharynyň doga edip: «Ýa Barhuda-ýa! Ýeriň ýüzi näçe giň bolsa-da maňa darlyk etmäge başlady. Indi meniň janymy özüňe al!» diýendigini eşitdim». Ibn Ebu Hatym hem şeýle diýipdir: «Ymam Buharynyň düşlän öýüniň eýesi Galyp ibn Jebraýylyň: «Ymam Buhary birnäçe günläp öýümde boldy. Şondan soňra keselledi. Samarkant şäherinden ilçi gelip, Buharyny alyp gitmek üçin haýyş bilen ýüz tutan wagtynda, ol darylbaka tarap ýola düşmäge taýýarlanyp ýördi. Ol göýä Allah bilen ýüzbe-ýüz bolan ýaly bolup durdy. Emma hadys ylmynyň hatyrasy üçin şol ýagdaýda hem gitmäge razy boldy-da, ýola atlanmaga taýýarlanyp, aýagyna mesisini geýip, sellesini orap, ata münmek üçin ýigrimi ädim çemesi ýöredi. Men onuň goltugyna girip barýardym. Şol wagt ol: «Dermanym galmady. Öz halyma goýuň!» diýdi. Biz ýuwaşlyk bilen ony ýerde oturtdyk. Ol: «Meniň topragym şu ýerden alnana meňzeýär» diýdi. Soňra köp doga okady. Soňra-da biraz ýatyp jan berdi. Şonda ondan köp der akdy. Ölmezinden öň ol bize ýüzlenip: «Üç gat edip uzaboýuma kepen geýdiriň. Ýöne onda kamis we çamama bolmasyn» diýdi. Biz ony aýdyşy ýaly edip kepenläp, jynazasyny okadyk. Soňra gazylyp goýlan mazara salyp, üstüne toprak sürdük. Şol toprakdan müşki-anbaryň ysy ýaly ýakymly ys çykyp, töwerege ýaýrady. Bu ýagdaý birnäçe günläp dowam etdi. Adamlar yzly-yzyna gelip, onuň topragyndan alyp gitmäge başladylar. Bu ýagdaý onuň mazarynyň üstüne agaçdan germew edip berkidýänçäk dowam etdi durdy. Aýdyşlaryna görä, şol toprakda şypa berijilik häsiýet hem bolupdyr».

Ibn Ebu Hatymyň habar bermegine görä, Ibn Sübki şeýle diýipdir: «Buharynyň mazarynyň garşysynda uzyn-uzyn ak sütünler asmana galyp durdy. Muny görenler haýran galýardylar. Onuň habary hemmeleriň gulagyna ilip, ymam Buharynyň garşydaşlaryna-da mälim bolupdyr. Olaryň käbiri onuň mazarynyň ýanyna gelip, Allahü tagalanyň gudratyny öz gözleri bilen görüp, eden işlerine toba edip: «Biz Allahü tagalanyň hakyky bendesini tanamandyrys» diýipdirler. 

Muhyp ibn Sulaýmyň habar bermegine görä, bu mukaddes adam hijriniň 256-njy ýylynda (miladynyň 870-nji ýyly) şenbe güni, remezan baýramynyň gijesinde on üç güni kem 62 ýaşynda aradan çykyp, remezan baýramy gününde öýle namazyndan soňra jaýlanypdyr [3, 54].

Muhammet Buharynyň Allahü tagalanyň söýen bendeleriniň biridigi ol aradan çykanyndan soňra köp adamlara aýan bolupdyr. Alymlaryň biri şeýle diýipdir: «Düýşümde Resul alaýhyssalamyň bir topar sahaba bilen bir ýerde durandygyny gördüm. Men derrew salam berdim. Pygamberimiz (s.a.w.) salamymy aldy. Men: «Näme üçin bu ýerde dursuňyz, ýa Allahyň Resuly?» diýip soradym. Ol: «Muhammet ibn Ysmaýyla garaşyp durun» diýdi.

Men birnäçe gün geçeninden soň, Pygamberimiziň (s.a.w.) düýşüme giren pursatynda ymam Buharynyň aradan çykandygyny bilip galdym».

Faraby şeýle diýipdir: «Düýşümde ymam Buharynyň Pygamberimiziň (s.a.w.) yzyndan ýöräp barýanyny gördüm. Allahyň Resuly mübärek gadamlaryny göterende, ymam Buhary onuň yzyna gadamyny goýýardy».

Aýdyşlaryna görä, Saud Arabystanynda ýaşaýan bir uly alym 1917-nji ýylyň ynkylabyndan öň pyýada ýöräp, Hartaňa zyýarata gelipdir. Şonda ymam Buhary Allahü tagalanyň gudraty bilen mazaryndan turup, zähmet çekip gelen alyma uzaboýuna görnüpdir».

Muhammet Buharynyň mazary bu gün Hartaňda bir jaýyň howlusynda ýerleşýär. Hijriniň 1314-nji ýylynda (miladynyň 1974-nji ýyly) hijri hasaby boýunça dogulmagyna 1200 ýyl dolmagynyň hatyrasyna onuň mazarynyň başujynda bir daş dikilip, onuň ýüzüne arap dilinde şeýle sözleri ýazypdyrlar: «Rahman we Rahym bolan Allahü tagalanyň ady bilen. Her bir jan ölüm ajysyny dadar. Ebedilik bir täk Allahü tagala mahsusdyr. Bu ýer hapyz ymam Ebu Abdylla Muhammet ibn Ysmaýyl ibn Ybraýym ibn Berdizbeh Buhary Jugfynyň mazarydyr. Ol hadys ylmynda hüjjetdir (gep-gürrüňsiz ynanylýan kişidir), «Jamius Sahyh» kitabynyň eýesidir. Ol Pygamberiň hadyslarynyň ýardamçysy, ylym mirasyny ýaýradyjydyr. Allahü tagala ondan razy bolsun! Muhammet Buhary hijriniň 194-nji ýylynyň şowwal aýynyň juma güni juma namazyndan soňra dünýä indi. Buharaly hojalardan ylym alanyndan soň, hadys ylmyny öwrendi. On alty ýaşyny doldurmanka ejesi we dogany Ahmet bilen birlikde haj ýolçulygyna çykdy. Dört ýyl Mekgede galanyndan soň, beýleki şäherlere gitdi. Ülkeleri gezip, uly alymlar bilen duşuşdy. Iň soňunda hojalarynyň sany müňden hem geçdi. Müslim, Tirmizi ... we Faraby ýaly köpsanly hadysçy alymlar onuň özünden hadys ýazyp aldylar. Ylym ýolçulyklaryny tamamlanyndan soňra watany Buhara dolandy. Ol bu ýerde birnäçe wagtlap galdy. Hadys okatdy. Bu ýerden çykyp gidänçä, adamlar ondan ygtybarly hadyslary ýazyp aldylar ... Ol ýol ugrundaky Hartaňa bardy. Garyndaşlarynyň ýanynda düşledi. Birden näsaglady we şondan köp wagt geçmänkä, hijriniň 256-njy ýylynda remezan baýramy gijesi juma gününiň ertesiniň gijesi ýassy namazynyň wagtynda aradan çykdy. Buhary ýaly hapyz we muhaddis ýokdur. Ol ygtybarly hadyslary toplady. Ömrüniň dowamynda söýlen bir alym boldy. Beýik Allahü tagalanyň rehmet nuruna göç etdi. Allahü tagala ondan razy bolsun, özünden razy etsin we ony musulmanlar bilen birlikde haýyr bilen sylaglasyn! Ämin ... » [2, 58-59].

Dünýä ylmynda öçmejek yz goýan görnükli türkmen alymy Muhammet Buharynyň ömür ýolunyň gysgaça beýany şeýledir. Onuň ömrüniň miwesinden bu gün millionlarça adamlar peýdalanýar. Gündogaryň we Günbataryň alymlarynyň hemmesi onuň üýtgeşik zehininiň öňünde baş egýärler. Onuň ady ylymda ygtybarlylygyň, hakykata wepalylygyň, durnuklylygyň nyşanyna öwrüldi.     

Muhammet Buharynyň belent ahlak sypatlary barada hem durup geçmek gerek. Biz onuň mysalynda hakyky ylmyň adamy nähili belent derejelere ýetirip biljeginiň, ahlagyny nähili gözelleşdirip biljeginiň şaýady bolýarys.

Muhammet Buhary barada ýazylan işlerde onuň ýokary derejede sabyrly kişi bolandygy ýörite nygtalyp geçilýär. Ibn Hajar Askalanynyň«Hedýis Sari Mukaddimetu Fethil Bäri» atly işinde habar berilmegine görä, bir gün Muhammet Buhary öýünde zyýarata gelenler bilen otyrka çorusy gelip, öýe girmek isläpdir. Ol ýaňy bir işikden aýagyny içeri atanda, büdräp, Buharynyň elindäki syýadany kakypdyr. Syýadandaky syýa döküleninden soň,  Buhary oňa: «Ýöreýşiň dagy nähili?» diýipdir. Çory hem: «Geçere ýol bolmasa, men dagy nähili ýöräýin» diýip seslenipdir. Buhary şondan soňra elini öňe uzadyp: «Git! Şu pursatdan başlap seni azat etdim» diýipdir. Buharydan: «Ýa Ebu Abdylla, ol seniň gaharyňy getiräýdimi?» diýip sorapdyrlar. Ol bolsa: «Özüni alyp barşy bilen köňlümi ynjaltdy» diýip seslenipdir [2, 63-64].

Muhammet Buhary az iýip, az gürlärdi, az uklardy. Gündizlerine çörek iýmezdi. Onuň ýerine käte iküç sany badam iýmek bilen kanagatlanardy. Az iýip, az ýatyp, wagtyny isrip etmezdi. Şeýdip, ol öz iýýän zatlaryndan başga kişilere-de hödür etmäge mümkinçilik tapardy. Allahü tagalanyň we ylmyň öňündäki wezipelerini ýerine ýetirmäge-de has köp wagt sarp edip bilýärdi. Az gürlemek bilen birlikde, diňe gowy zatlaryň gürrüňini ederdi. Aýdýan sözlerini pert-pert, däne-däne edip aýdardy. Aňry derejede dogry sözlüdi. Ol: «Musulmanyň ýalana we husytlyga mätäçligi ýokdur» diýer eken. Ol musulmanyň özi üçin arzuw eden zatlaryny din doganlaryna hem laýyk hasaplajagyna, baýlygynyň hüşürdir zekatyny berip, husytlykdan daş durjagyna ynanardy. Muhammet Buhary diňe dogry sözlemäge, ýöne her bir dogry zady aýdyp ýörmezlige, diňe ýeri gelende aýtmaga çalşardy. Ol başgalar hakda diňe gowy zatlary aýdyp, hiç kimiň gybatyny etmejek bolardy we: «Allahü tagalanyň huzuryna ömür boýy hiç kimiň gybatyny etmezden barmak isleýärin» diýerdi.

Muhammet Buhary hatda öz ýazýan kitaplarynda başga biri barada gaty-gaýrym söz diýmejek bolardy. Bu barada tefsirçi Ibn Hajar Askalany şeýle diýipdir: «Buhary hadys gürrüň beren rawylary tankyt etmek babatda çakdanaşa çekinjeňdi, ýokary derejede seresaplydy...

... Onuň bir rawy hakda «kezzap» (çakdanaşa ýalançy), «wadda» (köp hadys toslan) ýaly ýazgaryş äheňli jümleleri ulanan gezegi örän seýrekdir. Ol bular ýaly sözlere derek «kezzebehu fulän» (pylany onuň ýalançydygyny aýtdy) we «ramahu fulän» (pylany ony ýalan sözlemekde aýyplady) ýaly aňlatmalary ulanardy... »

Bir gün Muhammet Buhary töweregine üýşüp, aýdan sözüni gapyp alyp oturanlara ýüzlenip: «Kyýamat güni kimdir biri maňa duşmançylyk eder öýtmeýärin» diýipdir. Şol ýerdäkileriň arasynda oturan kätibi: «Käbir kişiler «Tarihul Kebir» atly eseriňde adamlaryň gybatyny edendigiňi aýdýarlar. Şolar saňa duşman bolarlar» diýeninden soň: «Bu kitapda hadys rawylary hakda aýdanlarymyzy özümiz aýtmadyk. Diňe eşidenlerimizi rowaýat etdik» diýip jogap beripdir. Bir gezek hem ol: «Gyýbatyň haramdygyny bilenimden bäri hiç kişiniň gyýbatyny etmedim» diýipdir [2, 65-66]. Bu maglumatlar, bir tarapdan, Muhammet Buharynyň mydama ahlak kämilligine ýetmäge ymtylandygyny görkezse, ikinji tarapdan, onuň mydama ylmy bilen amal edendigine, hakykata eýermegi durmuş ýörelgesine öwrendigine hem şaýatlyk edýär. Umuman, Kurany-Kerimde, hadysy-şeriflerde beýanyny tapan ahlak ýörelgeleri onuň ruhuna siňip, süňňüne ornapdyr. Mysal üçin, «Sahyhy Buhary» kitabynda ýerleşdirilen bir hadysy-şerifde Pygamberimiz (s.a.w.) wadaňda tapylmazlygyň mynapyklygyň (ikiýüzliligiň) alamatydygyny aýdýar. Allanyň Resulynyň (s.a.w.) bu meselä bolan garaýşyny ähli inçelikleri bilen öwrenen Muhammet Buhary bu babatda mydama sünnete laýyk hereket edipdir. Munuň şeýledigini şeýle bir waka açyk görkezýär.

Muhammet Buhary Farapda we Buharada ýaşan döwürlerinde kakasyndan miras galan ýerlerden şäriklik esasynda peýdalanardy. Bir hasyl ýygnalýan möwsümde şärikdeşi onuň paýyna düşen köp mukdardaky hasyly getirip beripdir. Onuň yz ýanyndan hem birnäçe täjir gelip, bu hasyly satyn almak isleýändiklerini aýdypdyrlar. Söwdalaşypdyrlar. Buhary bu hasyly bäş müň dirheme satmaga razylyk beripdir. Şol  wagt töwerek gowy garaňkyran eken. Muhammet Buhary: «Agşamyň haýryndan ertiriň şeri diýipdirler. Siz häzir gaýdyp, baýlygyňyzy ertir säher bilen alyp gidiň» diýipdir.

Ertesi ýaňy bir daň atan badyna başga täjirler gelip, onuň gapysyndaky hasyly düýn agşam satmaga razylyk beren bahasynyň iki essesine satyn almakçy bolupdyrlar. Buhary muňa razylyk bermändir. Täjirler aýak diräp durmaklaryny dowam etdiripdirler. Ol: «Bu baýlygy düýn gelenlere satmagy ýüregime düwdüm. Gelen kararymdan dänmegi halamaýaryn» diýipdir we gapysyndaky hasyly öňküsi gün gepleşip goýan täjirlerine gowşurypdyr [2, 67].

Muhammet ibn Ahmet Zehebiniň «Siýeru a’lamin nubela» atly eserinde habar berilmegine görä, Muhammet Buhary ruhy taýdan şeýle baý we tämiz bolmagy bilen birlikde bedeniniň, egin-eşikleriniň tämiz bolmagy barada hem yzygiderli aladalanypdyr. Aýdyşlaryna görä, agzyndan ýaramaz ysyň gelmezligi üçin ol sogan, sarymsak ýaly zatlary ömründe bir gezek hem çigligine iýmändir [2, 67].

Muhammet Buharynyň ömür ýoly beýan edilýän çeşmelerden onuň garynjany basmaga-da dözmeýän adamlaryň biri bolandygyny öwrenýäris. Biz ýokarda Buhara emiriniň samarkantlylara ony şäherlerine goýbermezliklerini emr edendigini eşidip, öz garyndaşlaryna we beýleki adamlara zyýan gelmezligi üçin, onuňSamarkandyň golaýyndaky Hartaň obasyny hem terk etmegi ýüregine düwendigini, diňe duýdansyz ýagdaýda kesellemeginiň beýle etmäge mümkinçilik bermändigini belläp geçipdik. Başga birine zyýan bermezlik onuň üçin durmuş kadasyna öwrülipdi. Eýýäm ady agzalan «Siýeru a’lamin nubela» atly kitapda habar berilmegine görä, Muhammet Buharynyň kätibi Ebu Japar şeýle bir wakany gürrüň beripdir. Bir gezek Buhary bir kişä kän mukdarda pul karz beripdir. Bir gün şol wagt Farapda ýaşaýan Muhammede bergidarynyň Amula gelendigini habar beripdirler we: «Derrew şol ýere gitmegiň gerek. Eger özüň gitseň, bergidaryňy tutduryp bilersiň» diýipdirler. Buhary bolsa: «Bergidarymyz bolan adamy gorkuzmak bize ýaraşmaz» diýipdir. Aradan birnäçe wagt geçipdir. Hälki bergidar Farapdaky dükanyna gelipdir, ýöne bu ýerde köp eglenmän, Horezme tarap gidipdir. Bu sapar Buhara: «Amulyň emirine ýüz tutup, algysyny alyp bilmegi üçin algydaryny tussag etmek barada Horezme hat ýazmagyny haýyş et!» diýipdirler. Buhary bolsa: «Men emirden şular ýaly bir hat ýazmagy haýyş etsem, ol menden başga bir zat üçin fetwa almak islär. Men dünýä baýlygy üçin dinimi satmaryn» diýip jogap beripdir. Ýanyndakylar näçe töwella etseler hem, Buhary öz pikirinde galypdyr. Ahyry onuň özüne duýdurmazdan, ýagdaýy Amulyň emirine habar beripdirler. Amulyň emiri Horezmiň emirine bu barada bir hat ýazypdyr. Buhary olaryň eden işi barada eşidip, örän gaharlanypdyr we: «Maňa özümden artyk nebsiňizi agytjak bolmaň» diýipdir. Şondan soňra onuň özi hem bir hat ýazmaga mejbur bolupdyr. Ol hatynyň ýanyna zerur resminamalary goşupdyr we Horezmdäki käbir tanyşlaryna başga bir ýörite hat ýazyp, bergidaryna gowy çemeleşmeklerini sargapdyr. Aradan köp wagt geçmänkä, bergidary Horezmden Amula dolanyp gelipdir we bu ýerden Merwe tarap gitmäge hyýallanypdyr. Emir ol adamyň garşysyna güýç ulanmagy buýrsa-da, Buhary beýle edilmegine razy bolmandyr. Ol bergidary bilen her ýyl on dirhem ýaly az bir pul bermek arkaly bergisini üzmek barada ylalaşypdyr. Buharynyň algysy ýigrimi bäş müň dirhem eken. Ahyrynda ol algysynyň ujundan bir köpük hem alyp bilmändir [2, 68-69].

Muhammet Buhary bilen baglanyşykly wakalar onuň gözel ahlak sypatlaryny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Ýene «Siýeru a’lamin nubela» atly kitapda habar berilmegine görä, Farapda ýaşan döwründe bir gün ol dosty we kätibi Ebu Japar bilen birlikde peýkam atyşmak maksady bilen şäheriň daşyna çykypdyr. Olar derýadan suw almak üçin gazylan ýabyň sakasyna barypdyrlar we peýkam atyşmaga başlapdyrlar. Birden Buharynyň atan oklarynyň biri ýabyň köprüsiniň diregleriniň birine degip, ony döwüp taşlapdyr. Buhary bu bolan işi görüp, atyndan inipdir we direge degen peýkamy sogrup alypdyr. Ol peýkam atmagyny bes edip, yzyna dolanmakçydygyny dostuna habar beripdir.

Olar yzlaryna dolanyp gelenlerinde, Muhammet Buhary dostuna ýüzlenip: «Bir islegimi ýerine ýetirersiňmi?» diýip sorapdyr. Ol: «Emriňe boýun egýärin» diýip seslenipdir. Muhammet Buhary sözüni dowam edip: «Meniň bu islegim bagtly kişileri rahatlandyryp biljek islegdir» diýipdir-de, şol ýerde duran beýleki adamlara tarap öwrülip: «Siz hem Ebu Japaryň ýany bilen gidiň, islegimi ýerine ýetirmäge oňa ýardam beriň» diýip haýyş edipdir. Ebu Japar: «Nähili islegiň bar?» diýip sorapdyr. «Islegimi ýerine ýetirermiň?» diýip, Buhary hem soraga sorag bilen jogap beripdir. Ebu Japar: «Elbetde, janym-tenim bilen ýerine ýetirerin» diýip seslenipdir. Onda Buhary aýdypdyr: «Hälki köpriniň eýesiniň ýanyna git. Oňa köpriniň diregleriniň birini döwendigimi, şeýdip hem zyýan ýetirendigimi habar ber hem-de döwlen diregi täzelemegime rugsat bermegini soraýandygymy, islese, ýetiren zyýanymyň öwezini hem dolup biljekdigimi aýt. Goý, ol menden we dostlarymdan razy bolsun».

Köpriniň eýesi bir faraply kişidi. Ebu Japar oňa Buharynyň aýdan sözlerini ýetirende, ol şeýle diýipdir: «Buhara salam aýt we ondan razydygymy habar ber. Malym, mülküm oňa pida bolsun. Bulary nebsime çapyp aýdýan bolsam, ýalan sözlän kişi bolaýyn. Ýöne diňe köpriniň bir diregi üçin däl, ähli baýlygymyň baryny harap edeni üçin hem meni beýle ulaltmagyny islemeýärin».

Ebu Japaryň aýtmagyna görä, ol köpriniň eýesiniň aýdan sözlerini Muhammet Buhara ýetirende, begenmekden ýaňa onuň gözleri nurlanyp, ýüzi ýagtylypdyr. Ol begenendigini gizlejek hem bolmandyr. Buhary şol gün begenjinden ýaňa hiç kimi bolmadyk garyplara bäş ýüz hadys ýazdyrypdyr we üç ýüz dirhem sadaka beripdir.

Bir gün hem Buhary dogabitdi kör bolan Ebu Magşara ýüzlenip: «Ebu Magşar! Menden razy bol!» diýipdir. «Bu näme diýdigiň boldy?» diýip, Ebu Magşar geň galypdyr. Buhary hem: «Bir gün hadys gürrüň berip otyrkam, saňa tarap bakdym. Hadys göwnüňe ýaran bolmaga çemeli: aýagaldygyna kelläňi ýaýkalap, elleriňi hereketlendirýärdiň. Bu halyňy görüp, gülmän saklanyp bilmedim. Şol sebäpli razylygyňy almak isleýärin» diýipdir. Ebu Magşar: «Allahü tagala saňa gowulyklaryny eçilsin. Munuň ýaly zat üçin hem bir razylaşylarmy? Näme etseň hem senden razydyryn» diýip seslenipdir [2, 70-71].

Muhammet Buhary örän jomart adam eken. Hadys öwredýäni üçin hak almandyr, ekin meýdanlaryndan gelýän girdejiniň we işläp gazananlarynyň hasabyna güzeranyny aýlapdyr. Ol gazanjynyň örän az bir bölegini öz zerurlyklary we maşgalasy üçin aýryp, galan bölegini ýoksullara, hossarsyzlara we özünden hadys öwrenýänlere sadaka hökmünde bererdi. Ol Farapda Buhara gidilýän ýoluň ugrunda hadys okatmak üçin ribat diýlen bir mekdep saldyrypdyr. Bu mekdep salnan mahaly ýowara gelenlere goşulyp, Buharynyň özi hem işläpdir, kerpiç we gamyş daşapdyr. Ol bir gün sygyr öldürip, mekdebiň gurluşygynda işleýänlere hödür-kerem edipdir. Nahar wagtynda Farapdan getirilen çörekleriň hemmesi iýlipdir. Diňe ýekeje ýukaja çörekçe galypdyr. Şol günlerde çöregiň bäş menni bir dirheme durýan eken [2, 71].

Muhammet Buhary örän kanagatly adam bolupdyr. Ol göripligiň, tamakinligiň nämedigini bilmändir. Allahü tagala ony bar zadyna begenmeýän, ýok zadyna gynanmaýan tebigatly edip ýaradypdyr.  Tapanyna şükür edip, tapmasa sabyr ederdi. Hiç kimden zat dilemezdi. Basrada ylym öwrenip ýören günleriniň birinde, ol gürüm-jürüm bolupdyr. Birnäçe günläp ony gören bolmandyr. Dostlary onuň gözlegine çykyp, bir öýde ýarym-ýalaňaç halda tapypdyrlar. Ol iýmäge zat tapman, ahyry egin-eşiklerini satmaga mejbur bolan eken. Dostlary pul toplap, ony geýindiripdirler.

Aňyrýany bilen gazanç edýändigine garamazdan, Buhary hiç zady isrip etmezdi. Bir zady gereginden artyk sarp etmegiň isrip boljagyna ynanardy. Ol ýersiz-ýere pul sowurmaga düýbünden garşydy. Muňa onuň gysgançlygy däl-de, terkidünýälige meýilli tebigaty sebäp bolupdy. Günlerde bir gün ol näsaglapdyr. Derňäp görmek üçin onuň peşewini birnäçe lukmana görkezipdirler. Onuň peşewini görenler: «Bu peşew käbir hristian ruhanylarynyň peşewine meňzeýär. Olar çöregi hurşsuz iýýärler» diýipdirler.

Lukmanlaryň aýdanlary barada özüne habar berenlerinde, Buhary: «Kyrk ýyldyr iýýän çöregimiň ýanyna hurş goýmadym» diýip boýun alypdyr. Oňa çöregini hurşly iýse, sagaljakdygyny aýdypdyrlar. Buhary olaryň diýenini etmek islemändir. Ýöne aýak diräp duransoňlar, ol ahyry çörek bilen birlikde hurma sirkesini iýmäge razylyk beripdir [2, 72].

Muhammet Buharynyň adamkärçiligini ylmyndan, ylmyny hem adamkärçiliginden aýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Ol ylym bilen ýaşapdyr, ýaşaýyşy hem ylma öwrülipdir. Gündogaryň we Günbataryň ylym adamlary Muhammet Buharynyň ähli döwürleriň iň uly hadysçy alymydygy barada bir pikire gelipdirler. Şonuň ýaly-da, ol fykhçy alym hökmünde-de uly abraýdan peýdalanypdyr.

Allahü tagala tarapyn Muhammet Buhara üýtgeşik zehin berlipdir. Onuň ýatkeşligi bilen baglanyşykly köpsanly habarlar gelip ýetipdir. Ebu Bakr Kalwazany bu barada şeýle diýipdir: «Muhammet ibn Ysmaýyl ýaly ýatkeş başga bir adamy görmedim. Çünki ol kişi bir kitaby goluna alyp bir gezek göz gezdirip çykanyndan soň, ondaky hadyslary başyndan ahyryna çenli ýatdan aýdyp bilýärdi» [3, 30].

Ibn Hatym: «Buharynyň: «Gije uklamazymdan öňürti ýazyp jemlän hadyslarymy göz öňüme getirip, sanap çyksam, olaryň sany iki ýüz müň töweregi eken» diýendigini eşitdim» diýipdir [3, 26].

Muhammet Buhary bir gezek on bäş müň hadysy on alty günde ýat tutmagy başarypdyr. Ahmet ibn Hanbal hem hapyzlardan söz açanda onuň adyny ilki tutar eken [3, 30].

Bir gün Amr ibn Aly Fellasyň şägirtlerinden biri Buharydan bir hadys barada sorapdyr. Ol: «Bilmeýärin» diýip jogap beripdir. Fellasyň şägirtleri: «Diýmek, Buharynyň hem bilmeýän hadysy bar eken» diýşip begenişipdirler we bu barada öz halypalaryna habar beripdirler. Fellas bolsa olary diňläninden soň: «Buharynyň bilmeýän hadysyna hadys diýilmez» diýipdir [2, 76].

Muhammet Buharynyň şular ýaly uly abraýa eýe bolmagynyň birnäçe sebäpleri bar. Olaryň iň esasysy ulanan ylmy metodlarynyň (usulyýetiniň) hemmeler tarapyndan ykrar edilmegidir. Ol özünden öňki alymlaryň köp ýyllaryň dowamynda ulanan metodlaryny ösdürip, has oňaýly görnüşe getiripdir. Mysal üçin, Muhammet Buharynyň özünden öňki hadysçy alymlar öz eserlerine Pygamberimiziň (s.a.w.) hadyslary bilen birlikde sahabalaryň aýdan sözlerini, tabygynlardan gelip ýeten rowaýatlary hem girizipdirler. Şonuň ýaly-da, Buharynyň ýaşan döwründen öň ýazylan kitaplarda ygtybarly hadyslar bilen birlikde, «hasan» diýlip atlandyrylan ygtybarly hadyslar bilen kemçilikli (zaif) hadyslaryň aralygyndaky hadyslar we kemçilikli (zaif) hadyslar hem bar. Muhammet Buhary bolsa «Sahyhy Buhary» atly kitabynda diňe ygtybarly hadyslara ýer beripdir.

Buhary kitabyna diňe rawylar zynjyry hiç ýerde üzülmeýän hadyslary girizipdir. Ol şol rawylar zynjyrlaryny emele getirýän rawylaryň ýalançylykda aýyplanmadyk adamlar bolmagyna uly üns beripdir, haýsydyr bir sebäbe görä tankytlanan adamlardan alan hadysy örän az bolupdyr. Buhary «Sahyhy Buhary» atly kitabynda şular ýaly kişilerden alan hadyslaryny ýerleşdiräýen halatynda-da, bu hadyslaryň başga ýollardan gelip ýeten nusgalaryny hem ýanlaryna goşup, olary kuwwatlandyrypdyr.

Muhammet Buhary hadyslaryň ygtybarly hasaplanmagy üçin, olary gürrüň beren rawylaryň biri-birleri bilen görşen we biri-birlerinden hadys alan kişiler bolmagyny şert edip goýupdyr. Onuň pikirine görä, bir rawy hadys alan halypasy bilen görşen bolsa, hadysynda ýalan zatlaryň bolmak ähtimallygy soň derejede azalýar. Hatda, şeýle bolanda, hadyslara toslama bir zadyň goşulmagy aradan hem aýrylýar. Şeýlelik bilen, hadysyň dogrudygyna bolan ynam güýçlenýär. Bu metod onuň hronologiýany öwrenýän ylmy tankytda ulanyşynyň aýdyň mysalydyr.

Muhammet Buhary «Sahyhy Buhary» atly kitabynda bir hadysy onda gozgalýan temalara görä böleklere bölüp, şol bölekleri kitabynyň dürli ýerlerinde ýerleşdirmek metodyny hem ulanypdyr. «Sahyhy Buhary muhtasary tejridi sarih terjimesi» atly kitapda bu metod şeýle düşündirilipdir: «Buhary (Allatagala oňa rehim etsin!) käte bir hadysy birnäçe ýerde beýan edýär. Ýöne her bir beýan eden bölüminde şol hadysy dolulygyna getirmän, bölümde açylyp görkezilýän tema degişli bölegini ýerleşdirýär. Onuň bir hadysy şol bir rawylar zynjyry we şol bir metin bilen iki ýerde gaýtalap beýan eden gezegi örän seýrekdir. Ol bir hadysy gaýtadan beýän edende, onuň başga bir ýoldan gelip ýeten nusgasyny alýar we şeýle etmek bilen käbir peýdalary gazanýar. Mysal üçin, bir hadysy ikinji gezek başga bir sahabanyň adyndan beýan etmek bilen, Buhary şol hadysy meşhur hala getirmegi maksat edinýär. Bir hadysy ikinji gezek beýan etmeli bolanda, onuň başga bir ýoldan gelip ýeten nusgasynyň alynmagy bu nusgalaryň arasyndaky käbir tapawutlary ýüze çykarmaga-da kömek beripdir. Mysal üçin, rawylaryň biri hadysy dolulygyna, başga biri bolsa gysgaldybrak gürrüň berip bilýär. Hadysyň başga bir ýoldan gelip ýeten nusgasynyň beýan edilmegi bilen hadysdaky haýsy sözleriň haýsy rawa degişlidigini aýyl-saýyl etmäge hem mümkinçilik döreýär. Şonuň üçin hem Buhary şunuň ýaly ýagdaýlarda hadys rawylarynyň her biriniň adyndan nähili edilip gürrüň berlen bolsa, şol nusgalary bolşy-bolşy ýaly edip beýan edýär. Bu bolsa rawylaryň haýsydyr biri barada bar bolan şübhäni aradan aýyrýar... »

Muhammet Buhary öz zamanyna çenli hiç bir hadysçy alym tarapyndan ulanylmadyk başga bir metody hem ulanyp, kitabynyň baplarynyň atlarynyň yzyna yslam hukugynyň dürli meselelerini delilleri bilen birlikde sepläpdir. Şonda ol delil hökmünde mysal getirýän hadyslaryny rawylar zynjyryny taşlamak ýoly bilen beýan edipdir.

Bularyň hemmesi ýa Buhary tarapyndan ilki gezek orta atylan, ýa bolmasa, öňden ulanylyp gelmegi bilen birlikde, onuň tarapyndan has tertipli we sagdyn görnüşe getirilen ylmy metodlardyr. Olaryň hemmesi-de sagdyn ylmy metodlar hökmünde özleşdirilipdir. Buhary hem bu metodlary gerek bolsa üýtgedibräk, ýa bolmasa şol durşuna ulanyp, uly hormata eýe bolupdyr, hadys ylmynda uly bir alym hasaplanypdyr. Şonuň ýaly-da, ol ylmy tankydyň hadyslar bilen baglanyşykly bir şahasynyň başyny başlapdyr.

Hadyslar bilen giňden tanyş bolmagy, kesgin zehini, güýçli ýatkeşligi we örän sagdyn ylmy metody Buharyny döwürleriň deňsiz-taýsyz hadysçy alymyna öwrüpdir. Mysal üçin, Basra, Şam, Hijaz, Kufe we Bagdat ýaly, zamanynyň iň uly ylym merkezlerinde ýaşaýan meşhuralymlar ony ähli alymlardan ýokary tutupdyrlar. Onuň göýä bir hadys ylmy üçin ýaradylandygyny aýdýan adamlar hem az däl. Hatda hadys bilen meşgul bolup, Buharynyň ýanyna gitmezligi, ondan ders almazlygy uly bir kemçilik hasaplanlar hem bolupdyr. Mysal üçin, Muhammet ibn Ahmet Zehebiniň «Siýeru a’lamin Nubela» atly kitabynda habar berilmegine görä, bir gezek Ibn Münir atly bir hadysçy alymyň şägirtlerinden biri bir iş üçin Buhara şäherine gidipdir. Ol yzyna dolanyp gelende, Ibn Münir ondan Buharyny görendigini ýa-da görmändigini sorapdyr. Şägirdi ony görmändigini aýdypdyr. Şondan soňra Ibn Münir: «Buhara gidip hem Buharynyň ýanyna barman gaýdýarsyň. Indi senden haýyr gelmez» diýip, şägirdini ýanyndan kowupdyr [2, 76-79].

Muhammet Buhary alymlygynyň daşyndan suhangöý edebiýatçy we şahyr hem bolupdyr. Onuň birnäçe şygyrlaryndan bölekler biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Hadys ylmynda munuň ýaly uly derejä ýetmek örän az kişilere başardypdyr. Şol sebäpli hem Muhammet Buhara «Emirul mü’minine fil hadys» lakamyny beripdirler. Ol «Hadysda imanly kişileriň emiri» diýmekligi aňladýar.

Muhammet Buhary diňe bir uly hadysçy alym bolman, uly fykhçy alym hökmünde-de tanalypdyr. Hatda ony müjtehit hasaplan alymlar hem bar. Şonuň bilen birlikde, käbir alymlar onuň ymam Agzam hezretleriniň mezhebine eýeren müjtehitdigi baradaky garaýşy öňe sürüpdirler.

Muhammet Buharynyň käbir fykh meselelerine bolan garaýyşlary belli bir metod bilen baglanyşyklydyr. Onuň pikirine görä, şerigat hökümleri ilki bilen Kurany-Kerime we Pygamberimiziň (s.a.w.) sünnetine esaslanmaly. Bu esaslaryň ikisi-de islendik bir fykhy höküm çykarylanda nas bolýar, meseläniň delili bolup hyzmat edýär. Bu pikiriň dogrudygyna şaýatlyk edýän birnäçe aýat we meşhur hadys bar. Dört mezhepbaşynyň we beýleki mezheplere degişli alymlaryň garaýyşlary-da şunuň ýalydyr. Şonuň bilen birlikde, Kurany-Kerim bilen sünnet ijma we kyýas ýaly ikinji derejedäki deliller üçin hem ölçeg bolup hyzmat edýärler. Mysal üçin, bir haj möwsüminde ymam Şapygy Mekge şäheriniň metjidinde otyrka: «Menden näme sorasaňyz soraň. Soraglaryňyza diňe Allahü tagalanyň kitabyna salgylanmak bilen jogap bereýin» diýýär. Şondan soňra şol ýerdäkileriň biri: «Yhramly biriniň eşek arysyny öldürmegi hakda näme aýdarsyň?» diýip soraýar. Ymam Şapygy bu soraga: «Hiç bir zat etmek gerek bolmaz» diýip jogap berýär. Ýaňky adam: «Bu aýdanyň Allahü tagalanyň kitabynyň niresinde bar?» diýip, ikinji soragyny beripdir. Şapygy bu soraga: «Allahü tagala: «Allahyň Resuly size nämeleri berse, şolary alyň» diýýär» diýip jogap berýär [2, 81].

Ymam Şapygynyň jogabyndan onuň kyýas bilen höküm etmek üçin bir aýata nähili edip daýanandygyny açyk görýäris. Muhammet Buhary hem şu pikirde bolupdyr. Hakykatdan hem, mugtazyla, rafyzylyk, haşewiýýe ýaly mezhepleriň kyýas bilen ylalaşmazlyklarynyň tersine, Buhary kyýasa gowy göz bilen bakypdyr. Ýokarda-da aýdyp geçişimiz ýaly, ol Kurany-Kerim bilen sünnetiň ijmadyr kyýasyň daýanjydygy baradaky düşünjä eýeripdir. Bu onuň fykh ylmynda-da sagdyn metoda eýerendigini görkezýär.

Muhammet Buharynyň ölmez-ýitmez eseri «Sahyhy Buhary» atly kitabynyň tertibi, düzüliş metody, baplarynyň atlary, onda ýerleşdirilen hadyslar ýakyndan öwrenilende, onuň diňe bir hadyslar kitaby däldigi, ýagny diňe ygtybarly hadyslary beýan etmek maksady bilen ýazylan eser däldigi belli bolýar. Bu kitabynda Muhammet Buhary hadyslardan höküm çykarmaga hem çalşypdyr. Hususan hem, ol baplaryň atlarynyň yzyna tirkeýän köpsanly maglumatlary bilen fykhy hökümleriň delillerine yşarat edýär. Bu bolsa onuň fykh ylmynda-da uly derejelere ýetendigini görkezýär [2, 82-83].

Muhammet Buhary döwrüniň syýasy jedellerine garyşmandyr, mezhep dawasyny etmändir. Ol bähbit aramaýan ylym adamy bolup, ylmy hemme zatdan ýokary goýupdyr, ylmyň, alymyň mertebesini goramagy başarypdyr. Ol ömrüni ylma, hususan hem, hadys ylmyna bagyşlapdyr. Onuň pikirine görä, hadys öwrenmek Allanü tagalanyň iň soňky pygamberi Muhammet alaýhyssalam bilen birlikde bolmakdyr.

Muhammet Buhary ýumşak hüý-häsiýetli adam bolupdyr. Ýöne din we ynanç meselesinde örän dykgatly bolupdyr. Ol bu meselelerde eglişik etmeli däldigi baradaky düşünjä eýeripdir. Mysal üçin, ol Allahyň Resulynyň (s.a.w.) adyndan hadys toslap, dini kökünden sarsdyrmaga çenli baryp ýetýänlere rehim edilmeli däldigi hakdaky garaýyşy oňlapdyr. Onuň pikirine görä, bular ýaly adamlar ömürlik tussaga höküm edilmelidir.

Muhammet Buhara görä, bir adam bir işe girişmekçi bolanda, öňüni-soňuny iň bir ownujak taraplaryna çenli ölçerip-döküp karara gelmeli, bir karara geleninden soňra hem arzuwyny yhlas bilen durmuşa geçirmeli, duş geljek kynçylyklara döz gelmeli. Mysal üçin, kazy Yýat ibn Musa Ýahsubynyň «El ilmä ilä ma’rifeti usulir riwaýe we takýidis sema» atly kitabynda ýerleşdirilen bir rowaýatda Muhammet Buharynyň bu baradaky pikiri bütin aýdyňlygy bilen beýan edilipdir. Bu rowaýata görä, buharaly Ebu Muzapbar Muhammet ibn Ahmet şeýle diýipdir: «Ebu Apbas Welit ibn Ybraýym Hemedany Reýiň kazylygyndan aýrylan wagty Buhara geldi. Bir gün halypam Yshak ibn Ybraýym Huttaly meni ýanyna alyp, onuň zyýaratyna gitdi we baryp: «Şu çaga halypalaryňyzdan eşiden hadyslaryňyzy öwretmegiňizi haýyş edýärin» diýdi. Halyt: «Men hiç kimden hadys eşitmesem näme» diýip jogap berdi. Ebu Muzapbaryň: «Fykhçy alym bolup hadys eşitmezligiňiz boljak zatmy?» diýmegi bilen, ol şeýle bir wakany gürrüň berdi: «Ýaňy bir kämillik ýaşyna ýeten döwürlerimde köňlümde hadys öwrenmek arzuwy oýanypdy. Men şol döwürde Buharada ýaşaýan uly hadysçy alym Buharynyň ýanyna gitdim. Oňa hadys öwrenmek isleýändigimi aýtdym hem-de şägirtlige kabul etmegini haýyş etdim. Ol aýdanlarymy dykgat bilen diňläninden soň: «Oglum, bak, öňüni-soňuny pikir etmezden, kynçylygyny göz öňünde tutmazdan, bir işe başlamakdan ägä bol» diýdi. Men: «Sizden haýyş eden zadymyň öňüni-soňuny maňa düşündiräýseňiz» diýip seslendim. Şonda ol: «Şuny gowy bilip goý, adam dört zat bilen birlikde dört zady ýazýança… Edil dört zat ýaly; dört zady ýazyşy ýaly, dört ýagdaýda, dört ýerde, dört zadyň ýüzüne, dört kişiden, dört zadyň ýüzüne; dört zat üçin ýazýança...

Bu dört zatlaryň hemmesi diňe dört zat bilen amala aşar. Dört zat şeýdip hakykata öwrüler.Bularyň hemmesi amala aşyrylanyndan soň, başga bir dört zadyň nobaty gelip ýeter. Şol wagt ol kişi dört sany bela bilen ýüzbe-ýüz bolar. Bulara sabyr etse, Allahü tagala ony dünýäde dört nygmat bilen beýgelder, ahyretde-de ýene dört nygmat bilen sylaglar» diýdi. Men: «Gowy ýürekli ynsan üçin bu dörtler nämelerdir? Köňlümiz rahatlanar ýaly, şolary aňlarymyz ýaly, düşündiräýseňiz» diýip seslendim. Buhary: «Bolýar» diýdi-de söze başlady: «Hadysçy alym bolmakçy bolýan kişiniň hökmany suratda ýazmaly dört zady: Pygamberimiziň (s.a.w.) hadyslary, onuňdine degişli Allahü tagaladan getiren hökümleri, sahabalar we olaryň sanawy, tabygynlaryň we beýleki alymlaryň her biriniň durmuş hekaýatlary, hallary, doglan we aradan çykan ýyllary. Bular barada hadyslary rowaýat edenleriň atlary, künýeleri we lakamlary, ýaşan ýerleri we ýaşan döwürleri bilen birlikde ýazmalydyr.

Ol bu zatlary ýazmaga başlamazdan öňürti Allahü tagala hamdu-sena aýtmalydyr, doga edende sözleri däne-däne edip sözlemelidir, bir süräni okamazdan öňürti «Bismilläh» diýmelidir, tekbir alanyndan soň, Pygamberimize (s.a.w.) salawat aýtmalydyr...

Ol rawylar zynjyry bitewi bolan hadyslary ýazyşy ýaly, rawylar zynjyrynda sahabanyň ady taşlanan mürsel hadyslary, sahabanyň sözlerinden ybarat mewkuf, tabygynlaryň sözlerinden ybarat maktu rowaýatlary-da ýazmalydyr. Kiçi ýaşlyka, akyly goýalanda, ýetginjek wagty, ýetişen wagty — bu dört halda-da hadys ýazmalydyr...

Başga işi bolsa-da, eli boş bolmasa-da, pukara bolsa-da, baý bolsa-da ýazmalydyr... Dagyň depesinde ýaşasa-da, gury ýerde ýa-da deňizde bolsa-da ýazmalydyr. Kagyza geçirýänçä, daş, deri, garaz, bir tekiz zat tapsa, şonuň ýüzüne ýazmalydyr...

Ylymda özünden üstün bolandan, öz deň-duşundan, özünden ýaşy kiçilerden, kakasynyň kitabydygy özüne anyk belli bolan kitapdan ýazmalydyr...

Diňe Allahü tagalanyň razylygyny gazanmak, Allatagalanyň kitaby Kurany-Kerimden öwrenenleri bilen amal etmek, isleýänleriň arasynda ýaýramagyny, bir hem öleninden soňra adynyň ýaşamagyny üpjün etmek üçin ýazmalydyr.

Bularyň hemmesine diňe okamak, ýazmak bilen, köp işlemek, gepleýän diliňi gowy bilmek, iň soňunda o diliň grammatikasyny gowuja öwrenmek arkaly amal edip bolar. Allahü tagalanyň beren başarnygy saglyk, okgunlylyk we gaýrat etmek, ahyrynda-da öwrenenleriňi aňyňda saklamak bilen iş ýüzüne geçirilýär.

Ylym ýolagçysy bulary amala aşyranyndan soň, öýlenmegiň, çaga-çuga edinmegiň, halalyndan zerurlyklaryňy üpjün edip biljek derejede mal-mülk edinmegiň, bir ýerde ýerleşip, şol ýeri watan tutunmagyň zamany gelýär. Bu işleri amala aşyraňda duşmanlyk bilen, dostlaryňyň ajy sütemleri bilen, nadanlaryň dil uzatmagy bilen, hünärmenleriň göripligi bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyňy bilip goýmaly. Bu kynçylyklara sabyr etse, Allanü tagala ony dünýäde kanagat bilen, hormat, ylym lezzeti we adynyň ebedilige çenli ýaşama nygmatlary bilen beýgelder, ebedi durmuşda bolsa şepagat, Allatagalanyň gudratyndan başga gudratyň bolmadygy hasap gününde Arşyň kölegesinde saýalamak, hezreti Muhammediň Köwser howzundan gana-gana içmek, pygamberlere, syddyklara, Allahü tagalanyň ýolunda we watan ugrunda janyny beren, ganyny döken şehitlere ýakyn bolmak bilen sylaglar. Ine, balam, ýagdaý şunuň ýaly! Saňa halypalarymdan eşidenlerimi bolşy-bolşy ýaly aýdyp berdim. Şulary göz öňünde tutup, menden haýyş eden zadyň barada gowy pikirlen, şondan soňra netije çykar. Bulary başarjagyňa gözüň ýetmese, bu işden el çek».

Buharynyň bu sözleri meni uly alada goýupdy. Men sesimi çykarmadym. Durşum bilen oý-pikire gark boldum. Ol meniň düşen ýagdaýymy görüp: «Bu kynçylyklaryň ählisine döz gelip bilmejek bolsaň, onda saňa yslam hukugyny öwrenmegi maslahat berýärin. Bu ylmy öýüňde öwrenmek mümkinçiligi bar. Yslam hukugyny öwrenmek üçin uzak ýerlere syýahat etmek, ülkeleri aýlanmak, deňizleri aşmak hem hökman däl. Bu ylym hadys ylmynyň miwesidir. Ony öwrenen alymyň ahyretdäki sogaby hadys öwreneniň sogabyndan az däldir. Abraýy-da hadys bilen meşgullanýan kişiniň abraýyndan pes bolmaz» diýip seslendi.

Buharynyň bu sözlerini eşidenimden soň, köňlümdäki hadys öwrenmek islegim gyryldy. Onuň ýerine yslam hukugyny öwrenmek arzuwy köňlüme doldy. Bu ylym bilen meşgullanmaga başladym. Şonuň üçin bu çaga hadys öwredip biljek däl» [2, 87-90].

Bu rowaýat Muhammet Buharynyň özüniň hem hadys öwrenmek üçin köp kynçylyklara döz gelendigini, ähli gujur-gaýratyny bu hupbatly işe bagyş edendigini görkezýär. Çünki onuň sözi hiç wagt işinden aýra düşmändir.

Indi Muhammet Buharynyň adyny ebedileşdiren eserleri barada gürrüň etmegiň wagty geldi. Geliň, şol eserler bilen ýeke-ýekeden gysgaça tanyş bolalyň.

1. «El jamius sahih» eseri. Bu Muhammet Buharynyň adyny ebedileşdiren eser bolup, dünýä edebiýatynda «Sahyhy Buhary» ady bilen tanalýar. Diňe ygtybarly hadyslary girizmegi ýüregine düwen bu eserine Buharynyň özi «El jamius sahihul müsnedül muhtasaru min umuri Resulyllah (s.a.w.) we sunenihi we eýýämihi» adyny beripdir. Bu uzyn at eseriň ähli aýratynlyklary barada habar berýär. Bu atdaky «El jamiu» sözi kitabyň ýygyndy häsiýetli eserleriň hilindendigini we belli bir temalara degişli ähli hadyslary bir ýere jemländigini, «es-sahihu» sözi bolsa onda diňe ygtybarly hadyslara ýer berlendigini aňladýar. «El musnedu» sözi bu eseriň rawylar zynjyry üznüksiz bolan hadyslardan emele gelendigini, «El muhtasaru» sözi bolsa oňa ähli hadyslaryň däl-de, awtoryň göz öňünde tutan şertlerine laýyk gelýän ygtybarly hadyslaryň bir bölegini girizendigini görkezýär. Kitabyň adynda duşýan beýleki sözler bolsa onda diňe hadyslara däl-de, eýsem hadyslardaky gelip çykýan dini hökümlere-de ýer berlendigini mälim edýär.

Ýokarda hem habar berşimiz ýaly, «Sahyhy Buharydan» öň ýazylan hadys kitaplarynda ygtybarly hadyslar bilen birlikde «hasen» diýlip atlandyrylan we ygtybarly hem-de kemçilikli hadyslaryň aralygynda duran hadyslar, şonuň ýaly-da, kemçilikli hadyslar hem duş gelýärdi. Şonuň ýaly-da, olarda Pygamberimize (s.a.w.) degişli hadyslaryň gapdaly bilen sahabalara, tabygynlara degişli bolan rowaýatlar hem beýan edilýärdi. Bu ýagdaýda diňe ygtybarly hadyslary özünde jemleýän ynamdar bir kitaba mätäçlik çekilýärdi. Muhammet Buhary bu kitabyny şu ýetmezçiligi aradan aýyrmak maksady bilen ýazypdyr. Şonuň ýaly-da, bu kitaby ýazmaga ony halypasy Yshak ibn Rahuýanyň beren maslahaty hem höweslendiripdir. Hatyp Bagdadynyň «Tarihi Bagdad» atly kitabynda habar berilmegine görä, Muhammet Buharynyň özi şeýle diýipdir: «Yshak ibn Rahuýanyň ýanyndadyk. Ol bize: «Hezreti Pygamberiň (s.a.w.) sünnetiniň sahyh bolanlaryny toplaýsaňyz» diýdi. Onuň bu sözüni eşidip, bu işi etmek islegi köňlüme doldy. Men sahyh hadyslary toplamaga başladym. Bu kitaba sahyh hadyslardan başgasyny girizmedim. Kitabyň uzamazlygy üçin oňa girizmedik sahyh hadyslarym girizenlerimden köpdür. Oňa girizen hadyslarymy alty ýüz müň hadysyň arasyndan saýlap aldym. «Sahyha» iki rekagat namaz okap, istihara (haýyr dileme) dogasyny okanymdan soňra ygtybarlydygyna anyk göz ýetiren hadyslarymdan başga hadyslary girizmedim» [2, 102].  

Muhammet Buhary bu kitaby ýazmak üçin on alty ýylyny sarp edipdir. Gelip ýeten käbir maglumatlardan çen tutup, bu on alty ýylyň onuň bu kitaby ýazmaga girişmeginden başlap, ony tamamlan wagtyna çenli geçen möhletdigini, şu ýyllaryň dowamynda diňe şu kitaby ýazmak bilen meşgullanman, başga-da käbir eserlerini ýazandygyny, munuň daşyndan hem öz bilimini başgalara öwredendigini aýtmak mümkin. Mysal üçin, biz ýokarda Muhammet Buharynyň ylym ýolçulyklarynyň dowamynda Medinä baranda, bir tarapdan, «Tarihi Kebir» atly eserini ýazsa, beýleki tarapdan, «Sahyhyň» ülňüsini düzendigini aýdyp geçipdik. Şonuň üçin hem onuň «Sahyhyň» düzümine giren hadyslary, beýleki maglumatlary uzyn ýyllaryň dowamynda toplandygy, soňra olary toparlara bölendigi, mümkinçilik tapan wagty hem kagyza geçirip, bu işleriň hemmesini on alty ýylda tamamlandygy baradaky pikiri öňe sürmek mümkin. Muhammet Buharynyň özi hem munuň şeýledigini ýaňzydypdyr. Ol bir gezek özüne berlen bir soraga jogap berip, «Sahyhyny» Mekgede Metjidi Haramda saýhallandygyny aýdypdyr. Şonuň ýaly-da, ýokarda-da aýdyp geçişimiz ýaly, ol Medinede ýaşan döwründe, bir tarapdan, «Tarihul Kebir» atly eserini ýazsa, beýleki tarapdan, «Sahyhynyň» ülňüsini taýýarlapdyr. Başga bir rowaýatda bolsa, onuň Medinede «Sahyhynyň» baplarynyň atlaryny düzüp başlandygy aýdylypdyr. Diýmek, ol «Sahyhynyň» esasyny Medinede — Pygamberimiziň (s.a.w.) huzurynda goýup başlapdyr.

Şonuň ýaly-da, onuň «Sahyhyna» girjek hadyslary Basrada-da, Buharada-da toparlara bölmek bilen meşgullanandygy baradaky habar hem gelip ýetipdir. Gelip ýeten bu maglumatlardan çen tutup, Muhammet Buharynyň «Sahyhyna» girjek hadyslary uzak döwrüň dowamynda toplanyndan soň, ilki Medinede, soňra Mekgede, Medinede, Basrada we Buharada kitap görnüşine getirmek bilen meşgullanandygyny we doly tamamlandygyny aýtmak mümkin.

Bir rowaýata görä, Muhammet Buhary «Sahyhyny» tamamlanyndan soň, ony Ýahýa ibn Main, Aly ibn Medini we Ahmet ibn Hanbal ýaly döwrüniň iň uly hadysçy alymlaryna görkezipdir. Bu alymlaryň hemmesi kitaby örän gowy görüpdirler we onuň düzümine giren hadyslaryň hemmesiniň ygtybarlydygyna şaýatlyk etjekdiklerini aýdypdyrlar. Bu alymlaryň aradan çykan ýyllaryny dykgata alyp, «Sahyhyň» hijriniň 233-nji (milady 847) ýylyndan öň tamamalanandygyny aýtmak mümkin [2, 100-104].

Alymlaryň ählisi diýen ýaly «Sahyhy Buhary» kitabynyň Kurany-Kerimden soňra iň ygtybarly kitapdygy bilen ylalaşypdyrlar. Çünki Muhammet Buhary hadysçy alym hökmünde uly abraýdan peýdalanypdyr. Ol ylma ýokary derejedäki dogruçyllyk bilen çemeleşipdir, her bir hadysyň ähli talaplaryny örän dykgatly öwrenipdir. Öňünde goýan maksadyna laýyk gelýän ylmy metody saýlap almagy onuň kitabyna bolan ynamy has hem artdyrypdyr. Ol bu eserini düzýän hadyslary müňlerçe ygtybarly hadyslaryň arasyndan saýlap alypdyr. Onuň alty ýüz müň hadysyň içinden saýlap «Sahyha» girizen hadyslary hadys metodologiýasy nukdaýnazaryndan öwrenilip görlende, hemmesiniň rawylarynyň ynamdar adamdygy, rawylar zynjyrynyň üznüksizdigi ýüze çykarylypdyr. Olaryň hiç birinde gizlin kemçilik hem ýok eken. Beýleki hadysçylaryň kitaplarynda hem şol hadyslaryň nusgalaryna duş gelnipdir. «Sahyhy Buhary» kitabyny düzýän hadyslaryň hut Pygambarimiziň (s.a.w.) özüne degişlidigi ylmy tankyt tarapyndan doly ýüze çykarylypdyr. Muhammet Buharynyň özüniň: «Kiçijik bir kemçilikleri sebäpli niçe ygtybarly hadyslary «Sahyha» almadym» diýen sözleri hem kitabyna girizen hadyslaryny müň ölçäp bir kesmek arkaly saýlap alandygyny görkezýär [2, 104].

Hadys usuly ylmynda ygtybarly (sahyh) hadysyň nähili bolmalydygy hakdaky mesele bäş şert bilen baglanyşdyrylypdyr.

1) Hadysyň rawylar zynjyry boýdan-başa adalatly rawylardan ybarat bolmaly;

2) Rawylar adalatly bolmak bilen birlikde, eşiden hadyslaryny gowy ýat tutup, bir sözüni hem üýtgetmän başgalaryna gürrüň berip bilýän bolmaly;

3) Rawylar zynjyry muttasyl bolmaly, ýagny rawylar zynjyrynyň üzülen ýeri bolmaly däl;

4) Hadyslar şaz bolmaly däl (kadadan çykmaly däl);

5) Hadyslaryň «illet» diýlen gizlin kemçiligi bolmaly däl [2, 105].

Geliň, bu şertleri has giňişleýin düşündirmäge synanyşalyň.

Birinji şert hadysyň rawylar zynjyryny emele getirýän rawylaryň adalatly adamlar bolmagyny talap edýär. Bu ýerde «adalatly» diýlip nähili adamlar göz öňünde tutulypdyr? Ahmet ibn Aly Hatyp Bagdadynyň «Kitäbul kifäýe fiý ilmir-riwaýe» atly kitabynda beýan edilmegine görä, bir kişiniň adalatly hasaplanmagy üçin, onuň dogry dinli, maýdajyk hem bolsa adalatlylyk düşünjesi bilen bir ýere sygyşmaýan ýagdaýlardan, hususan hem uly ýa-da kiçi ähli günälerden gaça durýan bolmagy zerur. Adyl kişi Allahü tagalanyň özüne parz eden wezipelerini gylyny gyşartman ýerine ýetirýän, emr edilenlere berkden berk bagly, günälerden we erbetliklerden uzak durýan, özüni adalatly bolmakdan aýryp biljek her dürli günäden gaça durýan, bir işi edende, ony iň gowy şekilde ýerine ýetirmegiň ýoluny gözleýän we bu işi iň gowy şekilde ýerine ýetirýän, adamçylykdan daş düşürýän ýaramaz sözlerden we gelşiksiz hereketlerden uzak durýan kişidir. Bir habaryň dogry bolmagy öňi bilen ony gürrüň berýäniň dogruçyl bolmagyna baglydyr. Hadyslaryň ygtybarly (sahyh) bolmaklary bolsa öňi bilen rawylaryň adalatly adamlar bolmaklary bilen mümkin bolup biler. Rawylaryň adalatlydyklary olaryň dini ýaşaýyşlarynyň, dünýä işlerine çemeleşmekleriniň inçeden-inçe yzarlanmagy arkaly kesgitlenilýär. Şular ýaly barlaglardan soňra rawynyň adalatlydygy ýa-da adalatly däldigi barada düşünje emele gelýär [4, 10].

Ikinji şert rawylaryň eşiden hadyslaryny gowy ýat tutup, bir sözüni hem üýtgetmän başgalaryna gürrüň berip bilýän bolmaklaryny talap edýär. Hadysyň ygtybarly hasaplanmagy üçin ony gürrüň berýän rawynyň ýokary derejede ýatkeş bolmagy zerur. Hadys usuly ylmynda ýatkeş kişi diýlip eşiden hadyslaryny uzak wagt geçeninden soňra hem edil eşidişi ýaly ýadynda saklap, bir sözüni artdyrman ýa-da kemmän başga birine gürrüň bermegi başarýan kişä aýdylýar. Hattaby ýaly käbir hadysçy alymlara görä, rawynyň adalatly hasaplanmagy üçin onuň ýatkeş bolmagy hökmandyr. Ibn Hajar Askalanynyň «Nuzhetun nazar şerhu nuhbetil fiker fiý mustalahi ehlil eser» atly kitabynda beýan edilmegine görä, rawynyň ýatkeş hasaplanylmagy üçin, onuň eşiden bir hadysyny islän wagty derrew ýadyna salyp bilmegi gerek.

Ibn Salahyň «Ulumul hadys» atly kitabynda habar berilmegine görä, bir rawynyň ýatkeşdigi onuň gürrüň beren rowaýatlarynyň ynamdar we ýatkeş hasaplanylýan beýleki rawylaryň rowaýatlaryna uýgundygy bilen belli bolýar. Eger onuň gürrüň beren hadyslary many taýdan hem bolsa ynamdar (sika) hasaplanylýan rawylaryň gürrüň beren hadyslaryna gabat gelse, ýa-da birki ýerde gabat gelmäýende-de, esasy bölegi olara uýgun bolsa, onda bu rawy ýatkeş hökmünde ykrar edilýär. Eger onuň rowaýatlarynyň esasy bölegi ynamdar rawylaryň rowaýatlaryna garşy gelýän bolsa, ýatkeşligini ýitiren hasaplanylyp, hadyslary dini meselelerde delil bolup hyzmat edip bilmeýär.

Bu pikire görä, bir rawynyň ýatkeşliginde kemiň bolmagy hadyslarynyň ygtybarly bolmagyny aradan aýyrýar. Eger onuň gürrüň beren hadysy ygtybarlylygyň beýleki şertlerine gabat gelýän bolsa, onda bu hadys ygtybarly (sahyh) däl-de, hasan hadys hasaplanýar [4, 426].

Üçünji şert hadysyň rawylar zynjyrynyň muttasyl (üznüksiz) bolmagyny talap edýär. Hadysyň rawylar zynjyrynyň muttasyl hasaplanylmagy üçin şol zynjyry emele getirýän rawylaryň her biriniň şol hadysy gürrüň beren şyhy bilen görşüp, onuň öz agzyndan eşitmegi ýa-da hadys rowaýat etmegiň beýleki usullaryndan biriniň kömegi bilen almagy arkaly rowaýat etmegi zerurdyr. Hadysyň rawylar zynjyrynyň şunuň ýaly üznüksiz bolmagyna ittisal diýilýär. Muttasyla mewsul diýýänler hem bar [5, 296].

Dördünji şert hadysyň şaz bolmaly däldigini talap edýär. Bu şerte görä, gürrüň berilýän rowaýat ynamdar rawylaryň gürrüň beren rowaýatlaryndan söz we many taýdan tapawutlanmaly däl [2, 105].

«Şaz» sözi hadys termini hökmünde rawynyň beýleki rawylara garşy bolmagy netijesinde emele gelen bir zaif hadys görnüşini aňladýar. Hadysyň bu görnüşi hadys usuly alymlary tarapyndan dürli hili beýan edilipdir. Hakim Nişapurynyň «Kitabu magrifet ilumil hadis» atly kitabynda beýan edilmegine görä, ymam Şapygy şaz hadys diýlip, ynamdar bir rawynyň rowaýat edip, başgalarynyň rowaýat etmedik hadysyna däl-de, ynamdar bir rawynyň başgalaryň rowaýatyndan tapawutly rowaýat eden hadysyna aýdylýandygy hakdaky pikiri öňe sürüpdir. Bu kesgitlemede esasy zat şaz hadysyň beýleki rawylaryň gürrüň beren hadyslaryndan tapawutlanmagydyr. Ymam Şapygy beýlekileriň rowaýatyndan tapawutly rowaýat eden rawynyň ynamdar adamdygy ýa-da kemçilikli biridigi barada hiç zat aýtmandyr.

Hakim bolsa şaz hadysy ynamdar rawylardan biriniň täk başyna rowaýat eden hadysy hökmünde häsiýetlendirýär. Ibn Salahyň «Ylumul Hadis» atly kitabynda habar berilmegine görä, Ebu Ýagla Halili hem bu terminden söz açyp: «Hadysçy alymlar şaz hadysyň ynamdar bolan ýa-da bolmadyk rawynyň rowaýat eden hadysynyň rawylar zynjyrynyň beýleki rawylaryň rowaýat eden hadyslarynyň rawylar zynjyryndan tapawutlanýan hadysdygy barada bir pikirde bolupdyrlar» diýipdir. Hakimiň we Ebu Ýagla Halylynyň kesgitlemelerini göz öňünde tutup, şaz hadysyň bir rawynyň ýeke özüniň gürrüň beren hadysydygy barada netije çykarmak mümkin. Ýöne bu kesgitleme ýörgünli bolmandyr, sebäbi ýeke-täk rawylar zynjyry bilen gelip ýetip, özi ygtybarly (sahyh) bolan köpsanly hadys bardyr. Şonuň ýaly-da, alymlaryň ählisi şaz hadysy zaif hadyslaryň hatarynda goýupdyrlar. Diýmek, hadysyň bu görnüşi ýeke-täk rawy tarapyndan gürrüň berlen hadys hökmünde häsiýetlendirilip bilinmez. Mysal üçin, «Ulumul hadis» atly kitabynda Ibn Salah ýokardaky kesgitlemeleriň hadysyň bu görnüşini doly aňladyp bilmeýändigini ýaňzydanyndan soňra şeýle diýipdir: «Eger hadys ýeke-täk rawy tarapyndan gürrüň berlen bolsa, onda bir zada dykgat ediler, ýagny onuň täk başyna rowaýat eden hadysy özünden ýatkeşlik taýdan üstün başga bir rawynyň rowaýatyna gapma-garşy bolsa, täk başyna rowaýat eden bu hadysy ret edilen şaz hadysdyr. Eger onuň gürrüň beren hadysynyň başga biriniň rowaýatyna gapma-garşy ýeri ýok bolsa, onda beýlekilerden tapawutly bolan bu hadysy özünden başga kişiniň rowaýat etmedigi bolar. Ýagdaý şeýle bolaýanda-da, bu rowaýaty täk başyna gürrüň beren rawynyň häsiýetine bakylar. Eger ol bu hadysy rowaýat etmek bilen birlikde adalatly, ýatkeş we ynamdar biri bolsa, onda hadysy bilen ylalaşylar. Eger ol ýatkeş we ynamdar adam bolmasa, onda hadysy ygtybarly (sahyh) hasap edilmez» [4, 373].

Ibn Salahyň bu sözlerinden görnüşine görä, bir hadysy şaz hasaplamak üçin ony rawysynyň täk başyna gürrüň beren bolmagy ýeterlik däldir. Beýle diýmek üçin ol şol bir wagtyň özünde ynamdar bir rawynyň gürrüň beren rowaýatyna garşy-da bolmalydyr. Eger arada bu gapma-garşylyk ýok bolsa, ol aýry bir rowaýat bolmagynda galyp, oňa şaz diýilmez.

Ýokarda aýdylanlardan netije çykaryp, şaz hadysyň ynamdar bir rawy tarapyndan ýatkeşlik ýa-da ynamdarlyk taýdan özünden has üstün bir rawynyň hadysyna gapma-garşy bolup, täk başyna gürrüň beren hadsydygyny aýdyp bolar [4, 375].

Bäşinji şert hadyslaryň «illet» diýlen gizlin kemçiliginiň bolmazlygyny talap edýär. Hadys ylmynyň termini hökmünde illet daş görnüşinden ygtybarsyz hasaplanmagy üçin hiç hili kemçiligi görünmeýän hadysyň hakykatda onuň ygtybarlylygyna zyýan berýän gizlin bir kemçiligidir. Esasan illet hadyslaryň rawylar zynjyrynda köp duşýar. Ol hadyslaryň metininde-de duş gelip biler. Iki ýagdaý-da-da ony daşyndan saýgaryp bolmaz. Eger illet hadysyň rawylar zynjyrynda bolsa, onda ol hadysyň rawylar zynjyrynyň hem, onuň metininiň hem kemçilikli hasaplanmagyna sebäp bolar. Şonuň bilen birlikde rawylar zynjyrynda bar bolsa-da, metine täsir etmeýän illet hem duş gelip biler [4, 155].

Alymlar illetiň ondan hem gowrak görnüşini tapawutlandyrypdyrlar.

Rawylar zynjyrynda, metininde illet diýlen bu kemçilikler duşýan hadyslara mugallel ýa-da maglul diýilýär. Hadys illetlerini öwrenýän ylma bolsa illelul-hadis diýip at beripdirler [5, 160].

Ýokarda getirilen mysallardan hadysçy alymlaryň hadyslary nähili jikme-jik öwrenendikleri, olardaky kiçijik kemçiliklere hem göz ýummandyklary, «Sahyh» atlandyrylýan kitabynyň ygtybarlylyk derejesiniň nähili ýokarydygy mälim bolýar. Şonuň ýaly-da, biz Muhammet Buharynyň «Sahyhynyň» alymlaryň esasy köplügi tarapyndan Kurany-Kerimden soňra iň ygtybarly kitap hasaplanylmagynyň sebäbine göz ýetirýäris.

Gelip ýeten habarlara görä, «Sahyhy Buhary» kitabyny Buharynyň özünden togsan müň kişi diňläpdir. Şolardan bäş adamyň ýazyp alan nusgasy has meşhurlyk gazanypdyr. Olar Muhammet ibn Ýusup ibn Matar Faraby, Ybraýym ibn Magkyl Nesefi, Hammat ibn Şakir Nesewi, Mansur ibn Muhammet ibn Aly Bezdewi, Hasan ibn Ysmaýyl Mehamyly dagydyr. Farabynyň we Nesefiniň nusgalaryndan beýleki üç nusga onçakly ýörgünli bolmandyr. Alymlaryň habar bermeklerine görä, Nesefiniň nusgasy Farabynyň nusgasyna garanda has düşnükli bolupdyr.

«Sahyhy Buhary» kitabynyň iň ýörgünli nusgasy Farabynyň ýazyp alan nusgasydyr. Ol bu nusgany Muhammet Buharynyň kätibi Muhammet ibn Ebu Hatymyň nusgasyna esaslanýan bir nusgadan göçürip alypdyr. Faraby bu nusgany hijriniň 248-nji ýylynda Farapda, 252-nji ýylynda bolsa Buharada hut Muhammet Buharynyň öz agzyndan eşidipdir. Soňra bu nusga köpeldilip, giň ýaýrapdyr. Bu nusga şeýle şöhrat gazanansoň, beýleki nusgalar köpeldilmändir. Şu ýerde bir zady hem belläp geçmek gerek. Wagtyň geçmegi bilen Farabynyň nusgasyndan göçürilip alnyp köpeldilen nusgalaryň arasynda käbir tapawutlar ýüze çykypdyr.

Hijriniň ýedinji asyrynyň ahyrlarynda Aly ibn Muhammet ibn Abdylla Ýunini diýen bir hadysçy alym «Sahyhy Buhary»  kitabynyň Faraby tarapyndan göçürilen nusgasynyň esasynda köpeldilen nusgalaryny birleşdirip we ony beýleki meşhur nusgalar bilen deňeşdirip, kitabyň bu gün elimizde bar bolan nusgasyny emele getiripdir. Beýleki nusgalar bolsa unudylypdyr.

Şu ýerde «Sahyhy Buhary»  kitabynyň käbir aýratynlyklarynyň üstünde hem durup geçmek gerek.

«Sahyhy Buhary» kitabynyň iň esasy aýratynlyklarynyň biri sözbaşysynyň bolmazlygydyr. Kitap: «Adamlaryň amallaryna niýetlerine görä baha berler...» hadysy bilen başlanýar. Bu hadysyň kitabyň başynda goýulmagyny Buharynyň ony diňe Allahü tagalanyň razylygy üçin ýazandygyny aňlatmak isländigi bilen düşündirenler, şol sebäpli hem bu hadysy sözbaşy hasaplanlar hem bar.

«Sahyhy Buharynyň» düzümine girýän hadyslar, «Sahyhy Müslim» kitabynda bolşy ýaly, ähli nusgalary bilen birlikde bir ýerde berilmän, tersine, özlerinden gelip çykýan hökümlere görä birnäçe ýerde berlipdir. Ibn Hajar Askalanynyň «Hedýus sari mukaddemetu fethil-bäri» atly kitabynda beýan edilmegine görä, bu mesele barada Makdisi şeýle diýipdir: «Buhary (Allahü tagala oňa rehim etsin!) käte bir hadysy birnäçe ýerde we her bapda başga bir rawylar zynjyry bilen beýan edýär. Ol bu hadysy haýsy bapda ýerleşdirse, ondan şol baba mahsus many çykarýar. Onuň bir hadysy şol bir rawylar zynjyry bilen we sözme-söz iki ýerde gaýtalan gezekleri örän seýrekdir. Şonuň ýaly-da, ol bir hadysy gaýtalanda, onuň başga bir ýoldan gelip ýeten nusgasyny-da berýär. Beýle etmek bilen käbir maksatlary göz öňünde tutýar. Mysal üçin, ol bir hadysy sahabalaryň adyndan beýan edeninden soňra şol hadysy başga bir sahabanyň adyndan hem beýan etmek bilen oňa garyp (bir ýoldan gelip ýeten) diýilmeginiň öňüni almagy maksat edinýär. Öz şyhlaryna barýança ikinji, üçünji ... topara degişli rawylar babatda-da edil şonuň ýaly hereket edýär. Şol hadysa birnäçe ýerde duş gelýänler ony gaýtalanandyr hasap edýärler. Hakykatda bolsa beýle edilmeginiň goşmaça bir peýda getirýändigi üçin gaýtalanmak hasap edilmez.

Käbir rawylar bir hadysy dolulygyna gürrüň berseler, käbirleri şol bir hadysy gysgaldyp gürrüň beripdirler. Buhary bir hadysy gaýtalap beýan etmek bilen şol bir hadysyň haýsy sözleriniň haýsy rawa degişlidigini görkezmegi maksat edinýär. Şonuň üçin hadys rawylaryň her birinden nähili görnüşde gelip ýeten bolsa, şonuň ýaly edip hem beýan edýär. Şeýlelik bilen, Buhary rawyda bolup biläýjek kemçiligi hem aradan aýyrýar. Şonuň ýaly-da, rawylar zynjyry üzülmezden Pygamberimize (s.a.w.) çenli baryp ýetýän şekilde rowaýat edilen mewsul hadyslaryň bar bolşy ýaly, bir sahabanyň adyndan hadys gürrüň beren tabygynyň şol hadysyň rawylar zynjyrynda bu sahabanyň adyny agzaman, göni Pygamberimiziň (s.a.w.) adyndan rowaýat eden mürsel hadyslary hem bar. Munuň hem daşyndan, şol bir hadysyň rawylar zynjyry Pygamberimize çenli baryp ýetýän merfu şekiliniň bolup bilşi ýaly, onuň rawylar zynjyry sahaba ýetip tamamlanýan we Pygamberimize (s.a.w.) baryp ýetmeýän mewkuf şekili-de duş gelip bilýär. Bular ýerine görä gapma-garşy manylara eýe bolup bilýärler. Buharynyň hadyslaryň dürli nusgalaryny beýan etmeginde olaryň beýan ediliş şekiliniň aýdyňlaşdyrylmagy ýaly hem bir peýda bar. Ine, şunuň ýaly ýerlerde ol bir hadysy birnäçe ýollardan beýan edýär. Şeýle etmek bilen hem hadysyň dürli nusgalarynyň gapma-garşy manylara eýedigi baradaky pikiriň, öz aňlaýşyna görä, dogry däldigini ýa-da hadysyň Pygamberimize (s.a.w.) çenli baryp ýeten nusgasynyň nähilidigini aňlatmak isleýär» [2, 113-114].

«Sahyhy Buhary» kitabynda bir hadysyň dürli rawylar zynjyry we dürli sözler bilen gaýtalanyp beýan edilişine mysal hökmünde örän meşhur: «Amallara niýetlere görä baha berler...» hadysynyň nusgalaryny görkezmek bolar. Buhary bu hadysy kitabynyň ýedi ýerinde beýan edip, her bir beýan eden nusgasy rawylar zynjyry we ulanylan sözleri babatda beýleki nusgalardan tapawutlanýar.

Şonuň ýaly-da, Buhary kitabynda hadyslary özlerindäki fykh hökümlerine görä bölüp, bu bölekleri şol hökümleriň degişli baplarynda aýry-aýrylykda bermek usulyny hem peýdalanypdyr. Mysal üçin, ol Pygamberimiziň (s.a.w.) pygamberdigini yglan edendigi baradaky habary alan Wizantiýa koroly Gerakylyň, söwda işleri üçin Şama baran Ebu Sufýany huzuryna çagyrdyp, onuň bilen gürrüňdeş bolmagy we ony yslam dinine girmäge çagyryp ýazylan hat bilen baglanyşykly habary kitabynyň on dört ýerinde bölekler görnüşinde we her bir bölekden gelip çykýan fykhy höküme görä ýerleşdiripdir [2, 114-115].

Şulardan çen tutup, Muhammet Buharynyň «Sahyhynda» diňe hadyslary beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, olary höküm çykarmak üçin ulanjaklara ýarajak görnüşde böleklere bölüp ýerleşdirendigini hem aýtmak mümkin...

«Sahyhy Buhary» kitabynyň ýene-de bir aýratynlygy ondaky baplaryň ady bilen baglanyşyklydyr. Buharynyň belli bir tema degişli hadyslar üçin açan baplaryna goýan «teraajim» diýilýän atlary dürli meselelere degişli hökümlere, awtoryň bu hökümlere bolan garaýyşlaryna yşarat edýärler. Şonuň üçin hem: «Buharynyň fykhy düşünjelrei terajimindedir» diýipdirler. Bu meşhur söz Muhammet Buharynyň yslam hukugynyň dürli meselelerine bolan garaýyşlarynyň «Sahyhynyň» baplarynyň atlarynda öz beýanlaryny tapandygyny aňladýar.

«Sahyhy Buhary» kitabyny beýleki hadys kitaplaryndan tapawutlandyrýan aýratynlyklaryň biri-de, onda mugallak hadyslara orun berilmegidir. Umuman, rawylar zynjyrsyz beýan edilen şular ýaly hadyslaryň çeşmesiniň ýene-de «Sahyhy Buhary» kitabynyň özüdigini aýdypdyrlar. Şunuňýaly rowaýatlar 1341 sany bolup, olar, esasan, baplaryň atlarynyň düzümine girýärler.

«Sahyhy Buhary» kitabynyň ýene bir aýratynlygy-da onuň düzümine girýän «Kitäbüt Tefsir» atly bölümiň beýleki hadys kitaplaryndaky, meselem, Müslimiň «Sahyhyndaky» şular ýaly at berlen bölümden has giň göwrümli bolmagydyr. Bu bölümde Kurany-Kerimiň aýatlaryny düşündirýän hadyslar we aýatlaryň inmeginiň sebäplerini görkezýän rowaýatlar ýerleşdirilipdir. Şonuň ýaly-da, bu bölümde aýatlardaky käbir sözleriň manysyna degişli köpsanly möhüm etimologik maglumatlar hem duşýar [2, 116-117].

«Sahyhy Buhary» kitaby özi barada ýazylan eserleriň sany babatda yslam dünýäsinde Kurany-Kerimden soňra ikinji ýerde durýar. Hatda, ol günbatarly alymlar tarapyndan hem öwrenilipdir. Hususan hem fransuz, iňlis, nemes we italýan alymlary bu kitap barada dürli ylmy-barlag işlerini alyp barypdyrlar. «Sahyhy Buhary» kitaby iňlis we fransuz dillerine terjime edilip ýaýradylypdyr.

«Sahyhy Buhary» kitaby birnäçe gezek neşir edilipdir. Onuň soltan Abdylhamydyň emri bilen Müsürde amala aşyrylan neşiri we Mektebi Sultany (Galatasaraý liseýi) okuw jaýynyň arap dili mugallymy Hajy Zyhny Ependiniň gözegçiligi astynda Matbaaýy Amire (Döwlet neşirýaty) tarapyndan hijriniň 1315-nji ýylynda (1897) amala aşyrylan neşiri çapa taýýarlanyşynyň hili taýdan iň gowy we ylmy nukdaýnazardan iň ynamdar neşirlerdir. Ol häzire çenli hem yzygiderli neşir edilip gelinýär.

«Sahyhy Buhary» kitabynyň togsana ýakyn şerhiniň (düşündirişiniň) bardygy aýdylýar. Şonuň bilen birlikde onuň düzümine girýän hadyslara, rawylaryna, ýazylyş metodyna, baplarynyň düşündirişine, atlaryna, gepiň keltesi, dürli taraplaryna degişli işleriň bolsa sany-sajagy ýok. Olaryň arasynda şerhleriň aýratyn gymmaty bar. Olar asyrlaryň baý medeniýetini özünde jemläpdirler. Olaryň iň meşhurlary aşakdakylardyr:

1. Hamd ibn Muhammet Hattaby.  «I’lämus Sünen»;

2. Ibn Battal. «Şerhul jamius sahih»;

3. Muhammet ibn Abdylla ibn Mälik.  «Şewähidut tawdih»;

4. Muhammet ibn Ýusup Kirmany. «Kewäkibud deräri»;

5. Muhammet ibn Bahadyr Zerkeşi. «Tenkih»;

6. Ibn Hajar Askalany. «Fethul Bäri»;

7. Mahmyt ibn Ahmet Aýny. «Umdetul Kary»;

8. Ahmet ibn Muhammet Kastalany. «Irşadus sari»;

9. Zekeriýa ibn Muhammet Ensary. «Tuhfetul Bäri»;

10. Muhammet Enwer Keşmiri. «Feýdul Bäri».

Bu eserleriň hemmesi hem birnäçe gezek neşir edilipdir [2, 118-119].

Şu ýerde Muhammet Buharynyň galamyna degişli beýleki eserler barada-da gysgaça durup geçmek isleýäris.

2. Muhammet Buhary «Tarihul Kebir» atly eserinde öz ýaşan zamanyna çenli ýaşap geçen hadysçy rawylar barada gymmatly maglumatlar berýär. Ol bu eserini on sekiz ýaşlarynda Medinede ýazypdyr. Aýdyşlaryna görä, Buhary bu eserini üç gezek gözden geçirip, oňa goşmaçalar girizipdir, çykgytlar beripdir, käbir säwlikleri düzeldipdir.

Bu eseriň başynda, Pygamberimize (s.a.w.) hormat goýmagyň nyşany hökmünde, Muhammet atly rawylardan söz açylýar. Beýleki rawylaryň atlary elipbiý tertibinde berlipdir. Kitapda rawylar barada gysgaça maglumatlar berlip, esasan, olaryň ynamdardyklary ýa-da ynamdar däldikleri seljerilýär.

Muhammet Buharynyň bu eserine Pygamberimize (s.a.w.) hormat goýmagyň nyşany hökmünde Muhammet atly rawylar barada maglumat bermekden başlamagy soňra beýleki alymlara-da nusga bolup hyzmat edipdir. Olar hem eserlerine edil şonuň ýaly edip başlapdyrlar.

«Tarihul Kebir»atly kitapda takmynan on üç müň rawy hakda maglumat berilýär.

3. Muhammet Buharynyň «Tarihul Ewsat» atly kitaby «Tarihul Kebiriň» gysgaldylan görnüşidir.

4. «Tarihus Sagir» atly kitap hem «Tarihul Kebir» kitabynyň aýratyn bir metod arkaly gysgaldylan görnüşidir. Bu kitap barada Muhammet Buharynyň özi şeýle diýipdir: «Bu hezreti pygamberler, muhajirler, ensar tabygynlar hakdaky, has soňra ýaşan alymlaryň toparlary, aradan çykan ýyllary, gelip çykyşlary, künýeleri hakdaky we hadyslaryna isleg bildirilýän hadysçylar hakdaky maglumatlary öz içine alýan kitapdyr». Bu aýdylanlardan çen tutup, Muhammet Buharynyň bu eserinde Pygamberimiziň (s.a.w.) zamanyndan başlap, takmynan yslam dini ýüze çykanyndan soňra geçen iki asyryň dowamynda ýaşan ähmiýetli adamlar hakda gysga taryhy maglumatlary beýan edendigini aýtmak mümkin.

5. «Kitäbüd du’afais sagir» hadys usuly ylmyna görä rowaýatyna ynanyp bilinmejek kemçilikli (zaif) rowaýatçylar baradaky maglumatlary öz içine alýan kiçi göwrümli eserdir. Stambulyň Läleli kitaphanasynda bir golýazma nusgasy saklanýar. Neşir hem edilipdir.

6. «Tarih fiý magfireti ruwatil hadis we nakaletil asar wes sünen we temýizi sikatihim min du’afa’ihim» bir topar hadys rawylarynyň ynamdarlary we kemçilikleri (zaifleri), olaryň aradan çykan ýyllary baradaky maglumatlary öz içine alýar. Topgapy Saraýy kitaphanasynyň Medinä degişli bölüminde bir golýazma nusgasy saklanýar.

7. «Tewarih wel ensab» käbir hadysçylara degişli peýdaly taryhy maglumatlary öz içine alýar. Belli bir tertibe salynmandyr. Topgapy Saraýy III Ahmet kitaphanasynda bir golýazma nusgasy saklanýar. Heniz neşir edilenok.

8. «Kitäbul kuna» esasan künýeleri bilen tanalan hadysçylaryň atlary baradaky maglumatlary öz içine alýar. Bu kitap hijriniň 1360-njy (1941) ýylynda Haýdarabatda, has soňra bolsa «Tarihul Kebiriň» dokuzynjy jildi hökmünde ýene Haýdarabatda neşir edilipdir.

9. «Edebul mufred» yslamyň ahlak esaslaryna degişli hadyslary öz içine alýar. Stambulyň Feýzulla Efendi kitaphanasynda bir we Topgapy Saraýyndaky III Ahmet kitaphanasynda hem bir golýazma nusgasy saklanýar. Birinji gezek hijriniň 1306-njy (1888) ýylynda Stambulda, has soňra bolsa Kairde neşir edilip, «Ahlak hadyslary» ady bilen iki jilt görnüşinde Stambulda ýene bir gezek çap edilipdir. 

10. «Reful ýedeýn fis salat» namaza başlaňda elleri galdyrmak baradaky mesele bilen baglanyşykly kiçi göwrümli risaladyr. Urdu diline edilen terjimesi bilen birlikde hijriniň 1256-njy (1840) ýylynda Kalkutdada neşir edilipdir. Hijriniň 1299-njy (1881) ýylynda Delide hem çapdan çykypdyr.

11. «Kitäbul kyra’ati halfel imam» jemagat bilen namaz okaňda, ymamyň yzynda Kuran okamak meselesini öz içine alýan risaladyr. Hijriniň 1299-njy (1881) ýylynda urdu diline terjimesi bilen birlikde «Haýrul kelam fil kyra’ati halfel imam» ady bilen Delide neşir edilipdir. Hijriniň 1320-nji (1902) ýylynda hem çapdan çykypdyr.

12. «Halku ef’alil ibad wer reddu alel jehmiýýe» guluň edýän işleriniň ýaradylandygy ýa-da ýaradylmandygy baradaky meselä degişli kitapdyr. Ol ähli sünnet ygtykadyna uýmaýan jehmiýýe mezhebiniň garaýyşlaryna jogap bermek häsiýetinde ýazylypdyr. Stambuldaky Reýsül Küttäb kitaphanasynda bir golýazma nusgasy saklanýar. Hijriniň 1306-njy (1888) ýylynda Delide neşir edilipdir. Bu kitap Muhammet Buharynyň ähmiýetli kelamçy alym hem bolandygyny görkezýär.

13. «Akyda» ýa-da «Tewhid» ýeke-täk Allahü tagala ynanmak temasyna bagyşlanan kelam ylmy bilen baglanyşykly çynlakaý bir işdir.

14. «Ahbarus syfat» Allatagalanyň sypatlary barada ýazylan eser bolup, kelam ylmy bilen baglanyşyklydyr.

Bulardan başga-da Muhammet Buharynyň ady bilen ýene-de käbir eserleri baglanyşdyrýarlar.

1. «Esamis sahabe». Buharynyň şunuň ýaly bir eseriniň bardygy barada ilkinji bolup Ebu Kasym ibn Mende habar beripdir. Begawy «Mu’jemus sahabe» atly eserinde Buharynyň bu kitabyndan mysallar getiripdir. Kätip Çelebi bilen Ibn Hajar Askalany-da onuň şeýle bir kitabynyň bardygyny agzap geçipdirler.

2. «Kitäbul eşribe». Muhammet Buharynyň şunuň ýaly bir eseriniň bardygyny Darakutny habar beripdir. Bu eser henize çenli tapylanok.

3. «Birrul walideýn». Ibn Hajar Askalana salgylanmak bilen Çelebi Buharynyň şunuň ýaly atly eseriniň bolandygyny habar beripdir. Bu eser henize çenli ylmy dolanyşyga girizilenok.

4. «Tefsirul Kebir». Bu kitap Farapda kitap görnüşine getirilipdir. Buhary soňra bu kitabyndaky hadyslaryň ýerleşdiriliş aýratynlygyna degişli kitabyň üstünde hem işläpdir. Bu kitaplaryň ikisi hem biziň günlerimize gelip ýetmändir.

5. «Jamiul Kebir». Ibn Tahyr Makdisi bu kitapdan söz açypdyr. Çak edilişine görä, bu «Sahyhy Buhary» kitabynyň esasyny düzen iri göwrümli eser bolmaly.

6. «Kitäbul ilel fil hadys». Käbir alymlaryň şaýatlyk etmeklerine görä, Buharynyň şunuň ýaly atlandyran bir eseri bolupdyr.

7. «Kitäbul fewaid». Tirmizi tarapyndan gürrüňi edilen bu kitap hem heniz ele salnanok.

8. «Kadaýas sahabe wet tabi’in». Käbir alymlar tarapyndan gürrüňi edilen bu kitap Buharynyň kitap görnüşine getiren ilkinji kitaby hem bolmagy mümkin. Ol heniz ele salnanok.

9. «Kitäbul mebsut». Bu eseri diňe Halyly agzap geçipdir.

10. «Meşýaha». Buhary bu kitabynda özüniň hadys ýazyp alan şyhlary barada gürrüň beripdir. Täjüddin Sübki onuň şunuň ýaly bir eseriniň bolandygyny habar berip: «Ony görmek nesip etmedi» diýipdir.

11. «Musnedul Kebir». Faraby tarapyndan agzalyp geçilen bu kitap barada hiç hili maglumat gelip ýetmändir.

12. «Kitäbul hibe». Muhammet Buharynyň kätibi Ibn Ebu Hatym tarapyndan gürrüňi edilen bu eser bir zady sowgat bermek, bagyşlamak bilen baglanyşykly bäş ýüze golaý hadysy öz içine alypdyr. Muhammet Buhara çenli bu mesele barada kitap ýazan Wekiniň iküç, Abdylla ibn Mübäregiň hem bäş sany hadysy beýan edendigini göz öňünde tutsaň, bu eseriň ähmiýeti öz-özünden belli bolýar. Ýöne bu kitabyň bir nusgasy-da bizi günlerimize gelip ýetmändir.

13. «Kitäbul Wuhdan». Bu kitapda sahabalardan diňe ýekeje hadys gürrüň beren rawylardan söz açylypdyr. Müslim özüniň edil şunuň ýaly atlandyrylan eserinde Buharynyň bu kitabyndan peýdalanypdyr we ondan kän mysallar getiripdir.

Biz dürli çeşmelere salgylanmak bilen görnükli türkmen alymy Muhammet Buharynyň ömür ýoly, eýeren ylmy ýörelgeleri, belent ahlak sypatlary, döreden eserleri barada gürrüň etdik. Ol barada gelip ýeten maglumatlardan hakyky ylym adamsynyň keşbi göz öňüne gelýär. Her bir alan demini Allahü tagalanyň razylygy üçin almaga çalşan bu uly alym ýaşaýyşy ylymsyz göz öňüne getirip bilmändir, alan ylmyna görä ýaşapdyr, baryny-ýoguny ylym üçin sarp edipdir. Ol irginsiz zähmet çekip, dürli kynçylyklara döz gelip ýazan eserleri bilen dünýäniň iň uly alymlarynyň hataryna girmegi başarypdyr. Yslam dünýäsiniň alymlary Muhammet Buharynyň «Sahyhy Buhary» atly eserini Kurany-Kerimden soňra iň ygtybarly kitap hasaplaýarlar. Onuň döredijiligini içgin öwrenmek şol bir wagtyň özünde halkymyzyň ruhunyň özenini öwrenmegi hem aňladýar. Ol öz etjek işini edip gidipdir. Bize diňe onuň ölmez-ýitmez eserlerine eýe çykaýmak galýar. 

 

      

EDEBIÝATLAR:

 

1.Abdyrahman Teňli Tana. «Irşadül mü’minin»,1 jilt, Kümmetkabus, 1363(hiçri).

2.Müçteba Ugur. «Imam Buhari», Ankara, 2005.

3.Said Azim Muhammed Aly. «Imom Buhoriý ta’rifi», Daşkent, 1996.

4.Müçteba Ugur. «Ansiklopedik hadis terimleri sözlügü», Ankara, 1992.