KITABY TÜRKMEN DILINE TERJIME EDEN BENDÄNIŇ SÖZBAŞYSY

Başy » SÖZBAŞY » KITABY TÜRKMEN DILINE TERJIME EDEN BENDÄNIŇ SÖZBAŞYSY

            Maňa başda imansyzlygyň ajysyny datdyryp, soňra imana gowuşdyran, imanly bolmak bagtyny kän ýyllar ruhy azap çekdirip gazandyran, şeýle etmek bilen hem musulman bolmagyň gadyr-gymmatyny bildiren Allahü tagala (jelle jelälühuw) tükeniksiz hamdy-senalar bolsun!

            Pygamberleriň möhri hezreti-Muhammede(sallallahu aleýhi we sellem), onuň maşgala agzalaryna, öwlatlaryna, sahabalaryna aýdyp-diýip gutaryp bolmajak salamlar bolsun!

            Amal boýunça mezhepbaşymyz ymam Ebu Hanifä — Ymam Agzama, ygtykat boýunça mezhepbaşymyz ymam Maturidä, ehli-sünnet alymlaryna, şerigat ýolunda gezen pirlere, welilere, salyh musulmanlara Allahü tagalanyň rehmeti ýar bolsun!

            Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, ýurdumyzda halkymyzy taryhy hakydasyna aýlamaga, ylmy, edebi, ruhy mirasymyza eýe çykmaga ýadymyza-oýumyza düşmejek mümkinçilikler döredi. Mahmyt Zamahşary, Ymam Zehebi (Muhammet Gaýmaz Türkmen), Ebu Sagyt Ebu Haýyr (Mäne baba), Nejmeddin Kubra, Bahaweddin Nagyşbendi ýaly ägirtlerimiziň ruhy, ylmy we edebi mirasyna eýe çykylmagy, olaryň bize wesýet eden mirasy bilen bagly meselelere bagyşlanyp, Halkara ylmy maslahatlarynyň geçirilmegi, olaryň eserleriniň neşir edilmegi belli bir derejede ruhy galkynyşymyzyň hamyrmaýasy boldy. Türkmen alymy ymam Buhary hem geçmişde halkymyza şan-şöhrat getiren alymlarymyzyň biridir. Belli bir döwürde onuň «Sahyhy Buhary» kitabynyň gysgaldylan görnüşini Osmanly döwletiniň edebi dilinden häzirkizaman türkmen diline terjime etmegiň üstünde işlemek şu ejiz bendä miýesser etdi. Men muny Allahü tagalanyň maňa eçilen rehmeti diýip düşünýärin. Biribar aň-paýhas bermese, zehin bermese, kalp gözüňi açmasa, galamyňy ýöretmese, biziň ýaly kämillikden daş kişiniň elinden geljek zat ýok. Ýaradan şu kyn, çakyňdan jogapkärli işe başlamagy ýüregime guýanyndan soň, maňa diňe yhlas etmek, säwlik goýbermezlik üçin jan etmek galdy. Şu kitaby diňe täretli wagtym terjime etdim. Şeýdip, perişdeleriň golaýymda bolup, meni ýalňyşmakdan goramaklaryny isledim.

            «Arap dilini bilmeýän halyňa hadysy-şerifleri terjime etmäge neneňsi het etdiň?» diýip, ýüzümi dalajaklaryň hem tapylmagy mümkin. Men bu soraga jogap bermäge synanyşaýyn.

            Terjimeçilik işiniň öz aýratynlyklary bar. Ýigrimi-otuz ýyllap şahyrçylyk bilen iş salşamsoň, belli bir derejede terjimeçilikden hem başym çykansoň, ýaşlygymda dünýä belli edebiýatçy alymlardan, tankytçylardan ders almak bilen, edebiýatyň kanunlaryndan azda-kände başym çykansoň, Pygamberimiziň (s.a.w.) hadysy-şeriflerini, olara berlen düşündirişleri arap dilinden häzirkizaman türkmen diline edebi diliň talaplaryna laýyklykda terjime edip biljek adamlara gözüm düşmänsoň, şonuň ýaly adamlaryň haçan peýda boljakdyklaryna-da gözüm ýetmänsoň, şu işe synanyşyp görmäge ýürek etdim. Bu gury töwekgellik däldi. Allahü tagalanyň ýardam bermegi bilen «Sahyhy Buhary» kitabynyň ymam Zebidi tarapyndan gysgaldylan nusgasynyň üç sany parhly-parhly adamlar tarapyndan arap dilinden terjime edilen nusgasy elime düşdi. Bu meniň üçin uly tutaryk boldy. Üç kişi aýry-aýrylykda bir hadysy terjime edende, olaryň üçüsiniň hem şol bir ýalňyşy goýbermek ähtimallygy ýok diýen ýalydy. Zebidiniň muhtasarynyň Ahmet Naim we Kämil Miras tarapyndan terjime edilen nusgasy Osmanly döwletiniň edebi dilindedi. Abdullah Feýzi Kojaýer ony häzirkizaman türk diline geçiripdir. Üçünji terjime bolsa rus dilindedi. Bu üç dilde okan zatlaryma düşünýärdim. Rus dilinde bolsa edebiýat ugrundan ýokary okuw mekdebini gutarypdym. Munuň hem üstesine, Ahmet Naim bilen Kämil Mirasyň terjimäme esas bolup hyzmat eden terjime nusgalaryndaky her bir hadys jik-jik we giňişleýin düşündirişler bilen üpjün edilendi. Şol düşündirişler hadyslaryň metinlerini terjime edeňde ýalňyş goýbermäge asla ýol goýmaýardylar. Şonuň ýaly-da, öz eden terjimämi beýleki terjimeler bilen hem deňeşdirýärdim we terjimeleriň hemmesiniň öz terjimäm bilen manydaşdygyna göz ýetirip ynjalýardym. Hadyslary arap dilinden terjime eden bolsam, şol dili bilýänime arkaýynlanyp, bu işe edil şunuň ýaly seresaply çemeleşmezligim-de mümkindi. Belki, Allahü tagala halyma gynanyp, arap dilini öwrenmegi-de nesip eder.

            Şu ýerde ýene-de bir zada ünsüňizi çekmek isleýärin. Şu kitapdaky hadyslara berlen düşündirişler Osmanly döwletiniň edebi dilinde berlendi. Şu kitabyň esasy bölegini tutýan şol düşündirişleriň olaryň ýazylan asyl dilinden terjime edilendigi bilinse gowy.

            Ahmet Naim öz terjimelerine ýazan sözbaşysynda hadysyň metinine özünden goşan sözlerini ýaýyň içine alandygyny aýdýar. Men beýle etmekden saklandym. Birinjiden, şeýle eden bolsam, okyjylaryň meniň hem arap dilini bilýändigimi güman edip, ýalňyşmaklary mümkindi. Ikinjiden, terjimäniň nazaryýetinden habarly adamlar sözme-söz terjimäniň kömegi bilen asyl nusganyň ähli many öwüşginlerini bermegiň mümkin däldigini, terjimeçiniň esasy wezipesiniň asyl nusgada aýdylýan zatlar haýsy dile terjime edilýän bolsa, olary şol diliň edebi diliniň kadalaryna laýyklykda, her edip-hesip edip şol dilde giň okyjylar köpçüligine düşnükli bolar ýaly etmelidigini bilýändirler. Hatda terjimeçilik sungatynda: «Sözme-söz terjimeden terjime bolmaz» diýen ýörelge-de bar. Şol sebäpli-de, öz öňümde hadysy-şerifleriň manysyny türkmen edebi diliniň talaplaryna laýyklykda dogry we ähli öwüşginleri bilen bermegi maksat edindim. Terjimeçi öz edebi dilini gowy bilmeýän bolsa, onuň terjime edýän eseriniň asyl nusgasynyň dilini gowy bilmeginiň oňa hiç hili peýdasy degmeýär. Mysal üçin, ol arap dilinden terjime edýän bolsa, arap dilindäki käbir sözlere sözlükleriň kömegi bilen-de düşünip biler, ýöne edebi dilinde öz pikirini dogry beýan edip bilmeýän bolsa, dil baýlygy ýabygorly bolsa, onuň terjimeçilik işiniň töwereginde görünmezligi gowy.

            Şu kitaby okan alym kişileriň ondaky kemçilikler barada duýdurmaklaryny, şu kitapdan peýdalananlarynda Allahü tagaladan meniň günälerimi bagyşlamagyny dilemeklerini, şu kitabyň gazandyran sogabyny maňa-da hedýe etmeklerini haýyş edýärin. Allahü tagalanyň rehmeti bolmasa, bendesiniň doga-dilegleri bolmasa, elimden geljek zat ýok.

 

Gördi gözlerim

 

Janyma jaý tapman ýörkäm ýitirip eziz zadymy,

Ylahy söz bilen kalby ganany gördi gözlerim.

Şol pursatda hije saýdym gazanan at-şöhradymy,

Älemlere rehmet bolup ineni gördi gözlerim.

 

«Hudaý ýok» diýip çaklaýan akmakdyr ýa juda sada:

Ýok zada «ýok» diýilmeýär, «ýok» diýilýändir bar zada.

Gör, nijeler küpür gepläp özlerin atdylar oda,

«Arşa baş diresem» diýe synany gördi gözlerim.

 

Ýa Biribar! Özüň ýalka: imansyza bergil iman,

Amalsyza amal berip, amalla bagyşla yhsan!

Diňe Saňa gurban bolsun bedenlerdäki şirin jan,

Dileg etmän şu zatlardan galany gördi gözlerim.

 

Iman ýa bardyr, ýa ýokdur — bolmaz onuň başga şerti.

Imanly kişä aýandyr iki dünýäniň eşreti.

Onuň gadryny bilýänler goraglar saýyp eşrepi,

Bilmeýäni gamda goýan talaňy gördi gözlerim.

 

Nebsiň iýmiti haramdyr, şeýtan garar ahmalyňy,

Imanyňy ýele berip, bozjak bolar agmalyňy,

Şolaryň raýyna gidip, ýygnanja ähli malyny

Köňli söýüp, çyn baýlykdan dynany gördi gözlerim.

 

Pygamber bize nusgadyr, oňa kän-kän bolsun salam!

Kuran onuň mugjyzasy — neneňsi gözel bu kelam!

Rehmet şeýle golaý wagty, barlygyndan galsa-da aam,

Özün bar zatdan habarly sanany gördi gözlerim.

 

Pygamber mirasdüşeri — ehli-sünnet ulamasy,

Olara göwni ýetmedik Hak gaşynda bolar asy.

Allah bizden gysganmasyn şolara mahsus yhlasy —

Sözüň dogrusyn jahana ýaýany gördi gözlerim.

 

Gaflatda kän ýatdym,şindi ýuwaş-ýuwaş oýanýaryn,

Öz derdime çoýunýaryn, iliň derdine ýanýaryn,

Oýlanýaryn, oýlanýaryn, oýlanýaryn, oýlanýaryn,

Hikmet taýy ýyldyzlary, Aý, Güni gördi gözlerim.