523 Baýram namazyna gidip gelmegiň edebi. Terk edilen baýram namazynyň hökümi

Başy » BAÝRAM NAMAZLARY KITABY » 523 Baýram namazyna gidip gelmegiň edebi. Terk edilen baýram namazynyň hökümi

عَنْ جَابِرٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: كَانَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ إذَا كَانَ يَوْمُ عِيدٍ خَالَفَ الطَّرِيقَ.

 

Jabyr (ibn Abdullah Ensary) (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) baýram güni gelip ýetende, namazgähe gitmek üçin bir ýoly, yzyna dolanmak üçinhem başga bir ýoly saýlap alardy»1.

 

1 Buhary bu hadysy Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndanhem beýan edipdir. Ysmaýylynyň «Müstahrej»atly kitabyndaky rowaýatda:«Baýram namazyny okamaga giden ýolundan başga bir ýol bilen yzyna dolanmak Allahyň Resulynyň (s.a.w.) adatydy»diýlipdir.

Tirmizi:«Jabyryň hadysy Ebu Hüreýräniňkiden ygtybarlydyr. Hadysçy alymlaryň käbirleri bu hadysa esaslanyp, ymamyň namaz okamaga giden ýolundan başga bir ýol bilen yzyna dolanmagyny mustahap hasaplaýarlar. Şapygynyňhem pikiri şunuň ýalydyr»diýýär. Ýöne ymam Şapygy«Kitäbül-Ümm»atly eserinde munuň ymam üçinhem, oňa uýup namaz okaýanlar üçinhem mustahapdygyny aýdýar. Tefsirçi Aýnynyň aýtmagyna görä, alymlaryň esasy köplügi namazgähe gideňde we ol ýerden yzyňa dolanaňda dürli ýollary saýlap almagy mustahap saýypdyrlar. Ymam Mälik hem:«Görüp ýetişen ymamlarymyzyň mydama şeýle edendikleriniň şaýady bolduk»diýýär. Ymam Ebu Hanife-de muny mustahap hasap edipdir we onuň terk edilmeginde zyýan görmändir.

Buhary bu ýerde ymam bilen baýram namazyny okamadyklaryň iki rekagat namaz okamalydyklaryna degişli ýörite bir bap açyp, öz pikirine görä,jemagat bilen baýram namazyny okamadyklaryňhem, namazgähe gelmedik zenanlaryňhem, namaz okalýarka öýlerinde galan şäherlileriňhem bu iki rekagat namazy okamaga borçludyklaryna yşarat edýär. Ol hezreti Äşäniň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysy-şerifde (513-nji we 524-nji hadyslara seret) Allahyň Resulynyň (s.a.w.):«Bu gün biziň, ýagnymusulmanlaryň baýramydyr»diýmegini delil tutunýar. Şeýle etmek bilen Buhary, dini baýram her bir musulmanyň baýramy bolany üçin, şol günüň dini şygary bolan baýram namazyny okamagyňhem ymamyň arkasynda duran we durmadyk ähli musulmanlar üçin hökmanydygyny aýtmak isläpdir. Ol öz pikiriniň dogrudygyny subut etmek üçinhem Enes (r.a.), Ykrymawe Ata ibn Ebu Rebah bilen baglanyşykly üç rowaýaty beýan edýär. Enes (r.a.) Basradan iki parsah uzaklykda ýerleşýän öýünde ýaşap,Basradaky namazgähe gelmedik bir baýram gününde, Buharynyň rowaýatyna görä, hyzmatkäri Abdullah ibn Ebu Ganyýýaemr edip, ähli hyzmatkärlerini, aýalyny, çagalaryny bir ýere topladyp, olara şäher ýaşaýjylarynyň okaýan baýram namazyndaky ýaly tekbirler bilen bir baýram namazyny okadypdyr. Onuň baýram namazyna gitmedik günlerinde ähli aýallaryny, çagalaryny we hyzmatkärlerini toplap, belli tekbirler bilen iki rekagat namaz okatmak endiginiň bolandygy has açyk aňladylýan rowaýatlar bar.

Buhary öz kitabynda Ykrymanyň: «Ähli-sewäd», ýagny obalylar baýramda bir ýere üýşüp, şäherdäki ymamyňedişi ýaly, iki rekagat namaz okarlar»;şonuň ýaly-da, Atanyň:«Bir kişi baýram namazyny okap bilmese, oňa derek iki rekagat namaz okar»diýendiklerini beýan edýär. Ykrymanyň adyndan: «Obada bolanlar, saparda bolanlar remezan baýramy ýa-da gurban baýramy günlerinde toplanyp, aralaryndanbiriniň yzynda iki rekagat namaz okarlar»diýen rowaýatyň-da beýan edilişi ýaly, Atanyň adyndan beýan edilen rowaýatda:«Tekbirhem alarlar»goşmaçasy bar. Ýagny bularyň üçüsine görä-de,jemagat bilen baýram namazyny okamagyň ähli düzgünlerine laýyk gelýän namaz okalar. Müjähidiň, Muhammet ibn Hanefiýýäniň, Ibraýym Nahaýynyň, Ibn Siriniň, Hammadyň, Ebu Yshak Sebiýiniň düşünjeleriniňhem şunuň ýaly bolandygyny tefsirçi AýnyIbn Ebu Şeýbäniň adyndan beýan edýär.

Buhary bu ýerde iki sany meseläni orta atýar. Birinjiden, baýram namazyny bir sebäp bilen terk eden kişi ony kaza eder. Ikinjiden, ol baýram namazyny kaza edende, bolmalysy ýaly, iki rekagat edip okar. Meseleleriň ikisi barada-da dürli pikirler orta atylypdyr. Ymam Mälige we şapygy mezhebiniň alymlaryndan Müzenä görä, baýram namazyny terk edene kaza etmek gerek bolmaz. Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä bolsa, ymamyň arkasynda namaz okamagy terk edene kaza etmek gerek bolmasa-da, ymamhem, jemagat ýaly, ony okamadyk bolsa, baýram namazy ertesi jemagat bilen okalar. Ertesi günhem okalmasa, ondan soň okalmaz. Ewzaýa, Sufýan Söwrä, Ahmet ibn Hanbala, Ishak ibn Rahuýawe Ibn Münzire görä, bir üzürsiz (ýerlikli bahanasyz) terk eden kişi kaza etmez, bir üzür sebäpli terk eden bolsa, ertesi gün wagtynda kaza eder. Hanefi mezhebiniň alymlaryndan Kazyhan hem şuňa laýyklykda fetwa beripdir. Baýram namazyny terk eden kişiniň ony kaza etmeli däldigi hakynda ymam Şapygynyň adyndan bir rowaýat gelip ýetenhem bolsa, onuň dogry bolan sözi kaza etmekdir. Hatda baýram namazy özbaşdak hem kaza edilip bilner. Mysal üçin, Ahmet ibn Hanbalhem bu babatda ymam Şapygybilen pikirdeşdir.

Kaza ediljek baýram namazynyň rekagatlarynyň sany babatda aýdylanda bolsa, ymam Mälige, ymam Şapyga we Ebu Söwre görä, ol iki rekagat edilip okalar. Ymam Mälik şeýdip kaza etmegi mustahap hasaplaýar. Ewzaýa görä, ol iki rekagat edilip okalsa-da, kyragat daşyňdan okalmaz we ymamyňky ýaly tekbir alynmaz. Alynyň we Ibn Mesgudyň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) atlaryndanbu namazyň dört rekagat edilip okaljakdygy hakda rowaýat bar. Sufýan Söwri bilen Ahmet ibn Hanbal munuň bilen ylalaşýarlar. Ebu Hanifä görä bolsa, islän okar, islemedik hem okamaz. Okan kişi-de, dört rekagat edip hem, iki rekagat edip hem okap biler. Baýram namazynyň kazasyny alýan kişiniň ony, öz islegine görä, dört rekagat edip hem, iki rekagat edip hem okap biljekdigine degişli ymam Şapygybilen ymam Ahmediň adyndanhem bir rowaýat bar. Yshaga görä bolsa, baýram namazyny terk eden kişi onuň kazasyny namazgähde alsa, ymamyň okaşy ýaly edip okar, başga ýerde okasa-da dört rekagat edip okar.