522 Damak çalmagyň görnüşleri bolan nahryň we zebhiň aýratynlyklary

Başy » BAÝRAM NAMAZLARY KITABY » 522 Damak çalmagyň görnüşleri bolan nahryň we zebhiň aýratynlyklary

عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِيَ الله عَنْهُمَا: أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ كَانَ يَنْحَرُ أَوْ يَذْبَحُ بِالْـمُصَلَّى.

 

Ibn Omar (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gurban beriljek haýwany namazgähde nahr ýa-da zebh1 edendigini ygtybarly hadysda gürrüň beripdir2.

 

1«Nahr»we «zebh»sözleriniň ikisi-de türkmen diline«damak çalmak»diýlip terjime edilip bilner. Ýöne bu sözleriň arap dilinde aňladýan manylarynyň arasynda tapawut bar. «Nahr»haýwanyň boýnunyň döş oňurgasy bilen bitişýän ýerinden, bogazynyň çukuryndan, «zebh»bolsa haýwanyň boýnunyň iki gapdalyndaky gapyrga damaryndan,ýagny,eňeginiň aşak ýanyndan damagyny çalmagy aňladýar. Düýe nahr edilýär, dowar zebh edilýär. Sygyr ýaly, göwresi boýunça bu ikisiniň aralygynda bolanlar hem nahr edilýän bolsa-da, olaryň nahryna zebih hem diýlip bilner. Mysal üçin, «Bakara»süresiniň 71-nji aýaty-kerimesinde ysraýylogullarynyň damagyny çalmak özlerine borç edilen sygry zebh edendikleri aýdylypdyr.

Sünnete laýyk bolany— bunahr edilmeli gurbanlyk malyny we beýleki mallary nahr etmek, zebh edilmelisini hem zebh etmekdir. Nahr edilmeli maly zebh, şonuň ýaly-da, zebh edilmeli maly nahr etmäge rugsat berilýändigini hem hiç kim şübhe astyna almandyr.

Bir ujy damakda bolup, oňurga süňkleriniň içinden geçýän bir siňir damary bardyr. Oňa murdar ýilik hem diýilýär. Şol ýilige çenli damak çalmagyň gadagandygyna degişli bir rowaýat hem bar. Ol rowaýat Ibn Jüreýjiň kitabynda Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilipdir. Onda Ibn Omar (r.a.):«Süňküň birinden geçip, haýwany ölýänçä öz halyna goýmak zerurdyr»diýipdir. Şonuň ýaly-da, Buhary öz kitabynda:«Kelläni tutuşlygyna kesip aýyrmakda zyýan ýokdur»diýen rowaýaty Ibn Omaryň, Ibn Apbasyň we Enes ibn Mäligiň (Allah olardan razy bolsun!) atlaryndan beýan edipdir.

2«Ýa-da»diýen baglaýjydan nahr bilen zebhiň hökümleri boýunça deň derejededigi aňlanyşy ýaly, bu hadysy-şerifden ymamyň gurban berjek malynyň damagyny namazgähde beýleki kişilerden öňürti çalmagynyň gowy boljakdygy hem görünýär. Munuň iki sany peýdasy bar. Birinjiden, şu düzgün ýola goýlanda, namaz okalyp bolunýança gurban berilýän mallaryň damagy çalynman (515-nji hadysa seret), ymamyň damak çalmagy bilen gurban kesmek zamananyň girendiginiň yglan edildigi bolar. Ikinjiden,gurban dinimiziň artykmaçlygyny görkezýän ybadatlaryň biri bolup, onuň äşgär edilmegi has gowy bolup, adamlaryň üýşýän ýeri bolan namazgähde kesilmegi sünneti direltmegi aňladýar. Ibn Omar (r.a.) sünnete berk eýerendigi sebäpli, Buharynyň rowaýatyna görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) damak çalan ýerinde gurbanlygynyň damagyny çalar eken.«Muwatta»atly kitapdaky rowaýata görä bolsa, ol hassa bolany üçin, baýram namazyna çykyp bilmedik bir gününde gurbanlygyny namazgähde kesmegini Nafaemr edipdir.

Mälikilerden Ibn Habyp, sünnetdigini beýlekileriň öwrenmegi üçin, gurban kesilendiginiyglan etmegiňhem mustahapdygyny aýdýar. Mysal üçin, Ibn Omar (r.a.) gurbanlyk goýnuny satyn alanyndan soň, hyzmatkärine ol goýny bazara alyp bardyryp: «Ine, bu goýun Ibn Omaryň gurbanlygydyr»diýip yglan etmegini oňa emr edipdir.

Ibn Omaryň (r.a.) adyndan gelip ýeten bu rowaýata esaslanyp, ymam Mälik gurbanlygy namazgähe alyp baryp, ony şol ýerde kesmelidigi bilen ylalaşypdyr we ymamdan öňürti hiç kimiň gurbanlygyny kesmejekdiginiaýdypdyr. Ýöne her bir kişiniň ymama tabynlygy baýram namazy okalyp bolunmazdan öňürti damak çalmazlyk bilen baglanyşykly bolup, bu tabynlygyň onuň amaly bilen baglanyşmaýandygy hakynda alymlaryň ählisiniň pikiri bir bolup, şoňa laýyklykda,jemräni atan her bir hajynyň gurbanlygyny kesip biljekdigi,ymam damak çalmagyny gijikdirip, hajy ondan öňürti damak çalaýanda-da, onuň ybadatlarynazyýan gelmejekdigi bilen ylalaşypdyrlar. Hatda damak çalynýan wagt gireninden soňraymam asla gurban kesmese-de, gurban çalmagyň halaldygy barada alymlarbirpikiregelipdirler.