521 Telbiýäniň ýerine ýetirilişi. Hajylaryň tehlilleri we tekbirleri. Tehlil aýtmagyň tamamlanýan wagty. Tekbiriň görnüşleri. Teşrik tekbirleriniň aýdylýan döwri

Başy » BAÝRAM NAMAZLARY KITABY » 521 Telbiýäniň ýerine ýetirilişi. Hajylaryň tehlilleri we tekbirleri. Tehlil aýtmagyň tamamlanýan wagty. Tekbiriň görnüşleri. Teşrik tekbirleriniň aýdylýan döwri

عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ رَضِيَ الله عَنْهُ سُئِلَ عَنِ التَّلْبِيَةِ: كَيْفَ كُنْتُمْ تَصْنَعُونَ مَعَ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ؟ قَالَ: كَانَ يُلَبِّي الـْمُلَبِّي لاَ يُنْكَرُ عََلَيْهِ ، وَيُكَبِّرُ الـمُكَبِّرُ فَلاَ يُنْكَرُ عَلَيْهِ.

 

Enes ibn Mäligiň (r.a.) gürrüň bermegine görä, ondan:«Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde bolan döwrüňizde nähili ederdiňiz?»diýip, telbiýäniň ýerine ýetirilişi barada1 soranlarynda2, ol şeýle diýipdir:«Lebbeýk» diýmek islän kişi: «Lebbeýk!»diýerdi, hiç kimhem beýle diýeni üçin zat diýmezdi. Tekbir almak islän kişi-de tekbir alardy.Oňa-da beýle edeni üçin zat diýen bolmazdy»3.

 

1 Telbiýe diýip, yhrama girýän wagtlaryndan başlap, Jemretül-Akabadiýilýän ýerde ilki jemreleri (daşlary) atyp, halal bolýançalar, ýagny ihramdan çykýançalar, hajylaryň:«Lebbeýk, lebbeýk!»diýip, Ybraýym alaýhyssalamyň çagyryşyny kabul edýändiklerini bildirmeklerine we yglan etmeklerine aýdylýar. Buharynyň kitabynda Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda, telbiýe aýdanda, Allahyň Resulynyň (s.a.w.):«Lebbeýk, Allahümme, lebbeýk. Lebbeýke lä şeriýke leke lebbeýk. Innel hamde wen-nygmete leke wel mülke, lä şeriýke lediýendigi beýan edilýär.

2 Enese (r.a.) bu sowaly beren adam hadysyň rawysy Muhammet ibn Ebu Bekr Sakafybolup, Buharynyň kitabyndaky rowaýata görä, ol:«Minadan Arafata çykan wagtymyzda Enesden soradym»diýip, sorag beren wagtyny-da mälim edýär. Bu hadysyň Müslimiň kitabynda beýan edilen nusgasynda bolsa Muhammet Ibn Ebu Bekr bu rowaýaty gürrüň bermäge başlap:«Arafesäherinde Enesden:«Bu gün ediljek telbiýe hakynda näme diýersiň?»diýip soradym»diýýär. Iki rowaýata görä-de,berlen sorag hajylaryň Arafata çykan günlerinde aýtmaly telbiýeleriniň ýerine ýetirilişine degişli bolup çykýar.

3 Bu hadysyň Müslimiň kitabyndaky nusgasynda Enes (r.a.) soraga jogap berip:«Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde ýene şunuň ýaly edip, Minadan Arafata çykdyk. Kimimiz tekbir alýardy, kimimizhem ihlal aýdýardy, ýagny gaty sesi bilen telbiýe edýärdi. Hiç birimiz hem bu sebäpli arkadaşymyzy ýalňyş hereket etmekde aýyplamaýardyk»diýýär. Bu rowaýatda aýdylanlaryIbn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilen: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde säher wagty Minadan Arafata çykypdyk. Kimimiz telbiýe aýtmak bilen, kimimizhem tekbir almak bilen meşguldy» diýenrowaýat hem tassyklaýar. Bu rowaýatlara we bulary tassyklaýan köpsanly beýleki rowaýatlara görä, Arafata çykan hajylaryň telbiýe bilen tekbiriň islendigini saýlap almaga haklarynyň bolandygy aňylsa-da, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) olaryň haýsysy bilen meşgul bolandygyna degişli rowaýat ýok. Mysal üçin, Ibn Omaryň (r.a.) gürrüň beren hadysyny ogly Ubaýdylla ibn Abdullah ibn Omaryň adyndan rowaýat eden Abdullah ibn Ebu Seleme:«Men size geň galýaryn. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şol gün näme edendigini kakaňyzdan soramagyňyza nämepäsgel berdi?»diýip, ökünç bilen Ubaýdylla ýüzlenipdir. Ol telbiýe aýtmak bilen tekbir aýtmagyň haýsysynyň has gowudygy hakda,Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hereketlerine esaslanyp netije çykarmak isläpdir. Ýöne bu babatda belli bolan sünnet nahr gününde Jemretül-Akabadailkinji daşlaryny atýançalar, hajylaryň telbiýe aýtmaklarynyň arasyny kesmezlikleridir. Mysal üçin, Ibn Mesgudyň, Abdullah ibn Apbasyň, Fadl ibn Apbasyň, Usamaibn Zeýdiň (Allah olardan razy bolsun!) atlaryndanbeýan edilen ygtybarly hadyslaryň hemmesi hem munuň şeýledigini tassyklaýar. Ibn Mesgut (r.a.): «Allahyň Resuly (s.a.w.) jemre atýança,telbiýeleriň arasyna käte tehlil we tekbir garyşdyryp, mydama telbiýe aýtmak bilen meşgul boldy»diýipdir. Diýmek, Enes bilen Ibn Omaryň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) gürrüňini eden tekbirleri telbiýe aýdýanyň telbiýäniň arasyna garyp aýdan zikiridir. Ymam Ebu Hanifäniň, ymam Muhammediň we ymam Ebu Ýusubyň, şonuň ýaly-da, Şapygynyň pikirleri şunuň ýalydyr. Bu barada ymam Mälikden üç dürli pikir gelip ýetipdir. Onuň bir pikirine görä, hajy arafegününde günortan, ýene bir pikirine görä, Arafatda durulýan wagt, üçünji pikirine görä-de,Arafemesjidine baranda telbiýe aýtmagyny bes eder. Bu pikirleriň sünnete ters gelýändigi, inşallah, haj hakdaky gürrüňlerden belli boljakdyr.

Hajylar halal bolanlaryndan soň, Minada bolan günlerinde (teşrik günlerinde) diňe tekbir aýtmak bilen meşgul bolarlar. Buharynyň kitabynda munuň bilen baglanyşykly dört sany rowaýat bar. Rowaýatlaryň birinde hezreti Omaryň (r.a.) Minadaky çadyrynda tekbir alandygy, metjitdäkileriň onuň sesini eşidip, oňa eýerendikleri, söwda hatarlaryndakylaryň, bazardakylaryňhem tekbir aýtmaga başlap, bütin Minanyň tekbir seslerinden sarsandygy aýdylýar. Başga bir rowaýatda Ibn Omaryň (r.a.) Mina günlerinde yzygiderli tekbir alandygy, namazlardan soňrahem, düşeginde-de, otagynda-da, oturan ýerinde-de, gezen ýerlerinde-de — şol günleriň hemmesinde tekbir almagyny goýmandygy beýan edilýär. Üçünji bir rowaýatda musulmanlaryň enesi Meýmuwnanyň (r.a.) nahr gününde tekbir alandygy barada habar berilýär. Dördünji bir rowaýatda-da teşrik günlerinde zenanlaryň Eban ibn Osmanyň we Omar ibn Abdyleziziň yzyndan erkekler bilen birlikde metjitde tekbir alandyklary aýdylýar. Haj günlerindäki tekbirler diňe hajylara mahsus bir ybadat bolman, eýsem beýleki adamlaryňhem Allahy zikir etmegiň bu görnüşini berjaý etmäge borçly boluşlary ýaly, ÜmmiAtyýýanyň (r.a.) hadysyndan mälim bolmagyna görä, remezan baýramy gününde-de tekbir alnar. Bu belli günlerde alnan tekbiriň görnüşi barada hiç hili hadys gelip ýetmedik hem bolsa, irki alymlaryň we olara eýerenleriň sözlerinden onuň birnäçe görnüşiniň ulanylandygy belli bolýar.

1) Mälikilere görä, diňe üç gezek: «Allahüekber»diýler. Şonuň ýaly-da, olar: «Allahüekber lä ilähe illallah, Allahüekber. Allahüekber we lillähi hamd»diýilse, gowy boljakdygyny aýdypdyrlar. Gürrüň berilmegine görä, Jabyr (r.a.) teşrik günlerinde namaz okap bolanyndan soňraüç gezek: «Allahüekber»diýmek bilen çäklenipdir.

2) Tekbiriň bu görnüşi Halylylla Ybraýymdan (s.a.w.) rowaýat edilip, bu günlere gelip ýetipdir. Bu görnüşbir gezek: «Allahüekber. Allahüekber. Lä ilähe illallahüwallahi ekber. Allahüekber welillähil hamd»diýmekden ybaratdyr. Hezreti Omar we Ibn Mesgut hem tekbiriň şu görnüşini aýtmagyň tarapdary bolup, hanefi mezhebiniň ähli alymlary, şonuň ýaly-da, Sufýan Söwri, Ahmet ibn Hanbal, Ishak ibn Rahuýaýaly alymlar hem şu pikir bilen ylalaşypdyrlar.

3) Bu şapygy mezhebiniň alymlarynyň saýlap alan tekbir görnüşi bolup, ol hanefileriňkiýalydyr. Diňe olar iki gezek däl-de, üç gezek: «Allahüekber»diýýärler. Sagytibn Jübeýriň pikiri-de şunuň ýalydyr.

4) Bu Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan gelip ýeten tekbir bolup, onda:«Allahüekber. Allahüekber. Allahüekber we ejell. Allahüekber welillähil hamd»diýen sözler bar.

5) Ýene Ibn Apbasyň(r.a.) adyndan gelip ýeten tekbirdir. Ol:«Allahüekber. Allahüekber. Lä ilähe illallahü. Huwel-haýýül-kaýýum. Ýehiýýü we ýemütü we alä külli şeý-in kadiýr»görnüşindedir.

6) Ibn Omaryň (r.a.) adyndan gelip ýeten bu görnüşde: «Allahüekber. Lä ilähe illallahüwahdehü lä şeriýke leh. Lehül-mülkü we lehül-hamdü we hüwe alä külli şeý-in kadiýr»diýen sözler bar.

Şu wagtda çenli mysal getirilen we getirilmedik köpsanly rowaýatlaryň arkasyndan teşrik günlerinde namazdan soňratekbir almagyň wajyp ýa-da, hiç bolmanda, mustahapdygy aňlanylýar. Hanefimezhebiniň alymlaryna görä, teşrik tekbirleri wajyp, başgalaryna görä-de hasanadyr. Ýöne ymam Ebu Hanife diňe uly şäherde mukym (ýerli) bolanlaryň teşrik günlerinde jemagat bilen okan parz namazlaryndan soňrabu tekbirleri almagynywajyp hasaplap, oňa görä, witir, baýram, sünnet we nepil namazlaryndan soňratekbir almak hökman däl. Şonuň ýaly-da, mysapyr bolanlara-da, özbaşlaryna namaz okanlara-da bu tekbir wajyp däldir. Ibn Mesgut (r.a.) hem şu düşünjede bolupdyr. Sufýan Söwri we Ahmet ibn Hanbal hem şonuň ýaly pikir edipdirler. Ymam Ebu Ýusup bilen ymam Muhammede görä bolsa,mukym bolana-da, mysapyr bolana-da, özbaşyna ýa-da jemagat bilen namaz okana-da parz namazlaryndan soňrabu tekbirleri aýtmak wajypdyr. Ewzaýy bilen Mäligiňhem pikirleri şunuň ýalydyr. Ymam Şapygydan gelip ýetenygtybarly bir söze görä bolsa,şol günlerde nepil we jynaza namazlaryndan soňra-da tekbir alnar. Erkekler bilen bir ýerde bolmadyk ýagdaýlarynda zenanlar, mukymlar bilen bir ýerde bolmadyk ýagdaýlarynda mysapyrlar jemagaty tekbir almaz.

Ymam Ebu Hanifäniň pikiri boýunça, muhrym (yhram geýen) we muhyl (yhramsyz) her bir adam bu tekbirleri aýtmaga arafegününiň ertir namazyndan soňra başlap, nahr gününiň ikindi namazyndan soňrahemony aýtmasyny goýar, ýagny ol sekiz wagt namazynda aýdylar. Abdullah ibn Mesgudyň (r.a.), Alkamanyň, Ewset Nahaýynyň we Ybraýym Nahaýynyň pikirleri hem şunuň ýalydyr. Ibn Mesgudyň (r.a.) adyndan beýan edilen başga bir rowaýata görä bolsa,tekbir aýtmak nahr gününiň öýle namazyndan soňrabes edilip, jemi ýedi wagt namazynda aýdylmaly.

Ymam Muhammet bilen ymam Ebu Ýusuba görä, gurban baýramynyň dördünji güni ikindi namazyndan soňra tekbir aýtmak bes edilip, ol jemi ýigrimi üç wagt namazyndan soňra aýdylar. Omar ibn Hattabyň, Aly ibn Ebutalybyň, Abdullah ibn Apbasyň (Allah olardan razy bolsun!) pikirleri hem şunuň ýaly bolupdyr. Sufýan Söwri, Sufýan ibn Uýeýne, Ebu Söwr, Ahmet ibn Hanbal we, bir rowaýata görä, Şapygyhem şu düşünjä uýupdyrlar. Bu düşünjä uýanlaryň arasynda Ebu Bekr bilen Osmanyň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) atlaryny tutanlar-dabar. Tefsirçi Aýnyşeýle diýýär:«Sahabalardan(Allah olaryň hemmesinden razy bolsun!) gelip ýeten iň ygtybarly rowaýat Ibn Münzir we beýlekiler tarapyndan Alynyň we Ibn Mesgudyň (Allah ikisindenhem razy bolsun) atlaryndan beýan edilen rowaýat bolup, onda tekbirleri aýtmaga arafe gününiň ertir namazyndan soňrabaşlanyp, onuň Mina günleriniň ahyryna çenli dowam etdirilendigi aýdylýar». Eger bu rowaýat, tefsirçiniň aýdyşy ýaly, hakykatdanhem ygtybarly bolsa, bu tekbirleriň ýedi wagt we sekiz wagt namazlardan soňraaýdylýandygy hakda Ibn Mesgudyň (r.a.) adyndan beýan edilen sözleri onuň aýtmandygy belli bolýar. Ymam Mäligiň pikirine görä, bu tekbirleri aýtmaga nahr gününiň öýle namazyndan soňrabaşlanyp, gurban baýramynyň dördünji gününiň ertir namazyndan soňra hem iň soňky gezek aýdylar we jemi on bäş wagt namazyndan soňraokaldygy bolar. Ymam Ebu Ýusubyňhem şunuň ýaly pikir aýdandygy rowaýat edilipdir. Ibn Omar (r.a.) bilen Omar ibn Abdyleziziň pikirleri hem şeýle bolupdyr. Ymam Şapygynyňhem meşhur sözi şuňa kybapdaş bolsa-da, şapygylara görä, amal ýigrimi üç gezek tekbir almak esasynda berjaý edilipdir. Ibn Apbas (r.a.) bilen Sagytibn Jübeýriň atlaryndanhem bir rowaýat beýan edilip, onda teşrik tekbirleriniň arafegününiň öýle namazyndan soňraaýdylyp başlanyp, jemi ýigrimi iki wagt parz namazlaryndan soňraaýdylandygy beýan edilýär.

Gurban baýramy günleri bolşy ýaly, remezan baýramy gününde-de namazgähe gidip barýarkaň ýolda we namazgähde, baýram gijesinde we ir ertirine gaty ses bilen tekbir almak mustahapdyr. Bu diňe Dawut Zahyragörä wajypdyr.

Hezreti Alynyň, Ebu Katadanyň we Ibn Omaryň (Allah olardan razy bolsun!) namazgähe barýançalar belent ses bilen tekbir alandyklaryny gürrüň berýärler. Mälik bilen Ewzaýynyň pikirleri hem şunuň ýalydyr.

Ymam Mälige görä, remezan baýramynyň gijesinde tekbir alynman, baýram güni namazgähde ymam namaza çykýança tekbir alnar. Ymam geleninden soň,tekbir almak bes ediler. Namazdanyza gaýdylanda tekbir alynmaz. Ymam Şapygydan gelip ýeten bir söze görä, baýram aýynyň aýy görnenden tekbir almaga başlanar. Ol:«Nahr gijesinde we ymam namaz okamak üçin namazgähe çykýança, remezan baýramynyň gijesinde namazdan soňra tekbir aýdylmagy, meniň pikirimçe, mustahapdyr»diýipdir. Tekbirleri aýtmagy haçan tamamlamalydygy hakda ymam Şapygydan üç dürli pikir gelip ýetipdir. Pikirleriň birinjisine görä, tekbirler ymam namazgähe çykýança, ikinjisine görä, ymam yhram (başlangyç) tekbirini alýança, üçünjisine görä bolsa,namaz tamamlanýança dowam etdirilip bilner. Ahmet ibn Hanbala görä, baýram aýynyň aýy görnenden başlap, ymam namazgähe çykýança, başga bir sözüne görä hem hutba okamagyny tamamlaýança tekbirler aýdylyp bilner.