520 Zilhijje aýynyň başky on gününiň artykmaç taraplary. Teşrik günleriniň gazandyrýan sogaplary. Magluwmät günleri we magduwdät günleri. Teşrik tekbirleri. Teşrik günleriniň artykmaç taraplary
عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا عَنِ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ أَنَّهُ قَالَ: مَا الْعَمَلُ فِي أَيَّامٍ أَفْضَلَ مِنْهَا فِي هَذِهِ قَالُوا وَ لا الْجِهَادُ قَالَ وَ لا الْجِهَادُ إِلَّا رَجُلٌ خَرَجَ يُخَاطِرُ بِنَفْسِهِ وَ مَالِهِ فَلَمْ يَرْجِعْ بِشَيْءٍ.
Ibn Apbas (r.a.) bir gezek Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Başga günleriň hiç birinde şu on günüň içindäki amallardan1 has gowy hiç bir amal ýokdur»diýendigini we özüniň:«Jihat hem şonça ýokmy?»diýip beren soragyna:«Jihat hem şonça ýokdur2. Diňe Allahyň ýolunda özüni howpa duçar edip, ne baýlygyny, ne janyny – hiç bir zady yzyna getirmeýän3 adamyň jihady şol amallardan üstündir»diýip jogap berendigini ygtybarly rowaýatda gürrüň beripdir4.
1 Şu terjimä esas edilip alnan nusgadan bu ýerde gürrüňi edilýän on günüň zilhijje aýynyň ilkinji on günüdigi aňlanylýar. Allahü tagala Hezretleriniň:وَالْفَجْرِ وَلَيَالٍ عَشْرٍ= «Wel-fejri we leýälin aşrin» (golaý manysy: «Säheriň haky üçin, on gijäniň haky üçin...»(«Fejr»süresiniň 1-nji we 2-nji aýatlary)) diýip şöhratlandyran günleri şu günlerdir. Aýaty-kerimäniň terjimesinde«gijäniň»diýip berlen«leýäl»sözi gijeleriň yzyndan gelýän gündizleri hem aňladýar.
«Teşrik günlerindäki amallaryň artykmaçlygy»atly baba girizilen bu hadysyň başga bir nusgasy-da Buharynyň kitabynda duş gelip, onda «on günüň»sözleri ýokdur. Şonuň üçinhem baba beren adyndanhem görnüşine görä, Buhary bu ýerde gürrüňi edilýän günlere teşrik günleri hökmünde düşünipdir.
Zilhijjäniň sekizinji gününe terwiýe güni, dokuzynjy gününe arefe güni, onunjy gününe nahr güni, ondan soňky üç güne-de teşrik günleri diýilýär. Nahr gününi teşrik günleriniň biri hasaplanlarhem bar.«Haj»süresiniň 28-nji aýaty-kerimesinde:وَيَذْكُرُوا اسْمَ اللَّهِ فِي أَيَّامٍ مَعْلُومَاتٍ عَلَى مَا رَزَقَهُمْ مِنْ بَهِيمَةِ الْأَنْعَامِ =«We ýezküruwsmellahi fiýý eýýämin magluwmätin alä mä razakahüm min behiýmetil-engami»(golaý manysy: «Allahyň özlerine rysk hökmünde beren gurbanlyk mallarynyň üstüne eglip, belli günlerde Allahyň adyny ýatlamaklary üçin,seniň (Käbäniň) ýanyňa gelsinler...»);«Bakara»süresiniň 203-nji aýaty-kerimesinde:وَاذْكُرُوا اللَّهَ فِي أَيَّامٍ مَعْدُودَاتٍ =«Wezkürullahe fiýý eýýämin magduwdätin» (golaý manysy: «Sanalan günlerde Allahy ýatlaň”) diýlip nygtalan «belli günleri» we «sanalan günleri» diýen söz düzümlerini, Buharynyň kitabynda aýdylmagyna görä, Ibn Apbas (r.a.) zilhijjäniň on güni we teşrik günleri hökmünde tefsir edipdir. Mysal üçin, Abd ibn Humeýdiň tefsirinde şu meseleden söz açylyp:«Sanalan günlerde Allahü tagalany: «Allahüekber»diýip ýatlaň. Ýene belli günlerde Allahü tagalany: «Allahüekber»diýip ýatlaň. «Sanalan»günler diýilýäni teşrik günleridir, «belli günler» hem zilhijjäniň on günüdir»diýlipdir. Ymam Ebu Hanife we ondan öňki alymlardan Hasan Basry bilen Katadanyň pikirleri hem şunuň ýaly bolupdyr. Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen başga bir rowaýatda bolsa belli günleriň terwiýe gününden öňki günlerdigi aýdylýar. Suýytynyň «Dürrimensur»atly kitabynda aýdylyşyna görä, belli günlere terwiýe we arefe günleri, sanalan günlere-de teşrik günleri degişlidir. Bu rowaýat boýunça nahr güni teşrik günleriniň hataryna girýär. Üçünji bir rowaýata görä bolsa, belli günlere nahr güni we ondan soňky üç gün girýär. Ymam Mälige, ymam Ebu Ýusuba we ymam Muhammede görä, belli günlere gurban gününiň üç güni, sanalan günlere-de üç sany teşrik günleri degişli bolup, bular jemi dört gündür. Bu dört günüň ortadaky ikisi hem belli günlere, hem-desanalan günlere degişlidir. Tahawanyňhem pikiri şunuň ýalydyr.
Belli günler we sanalan günler bilen baglylykda ýörite ýerine ýetirýän bir ybadatymyz bar. Ol hem «teşrik tekbirleri»diýip atlandyrýan tekbirlerimiz we tehlillerimizdir. Ine, şu mübärek günlerde daşyňdan sesli alnan tekbirdir tehlilleriňhem, ýerine ýetirilen beýleki ybadatlaryňhem sogabynyň başga wagtda edilen ybadatlaryňkydan has köpdügi bu hadysy-şerifden görünýär. Ybraýym Halylylla bilen onuň ogly Ysmaýylyň agyr synag bilen synalmagywe damagy çalynmaly Ysmaýyla derek Allahü tagalanyň goç indermegi hem şol günlerde we haj ybadatynyň berjaý edilýän ýerlerinde bolup geçipdir. Şonuň ýaly-da, Müslimiň öz kitabynda beýan etmegine görä, Mina günleri ýa-da, başgaça aýdylyşy ýaly, teşrik günleri iýlip-içilýän günler bolup, ol günlerde agyz beklemek haramdyr. Ol günler baýram günleridir. Adam öz tebigaty boýunça köplenç ýagdaýlarda ünsi böleklikden kösenýändigi üçin, iýlip-içilip, kelleler göçýän şol günlerde Allahü tagalanyň adyny gaýtalap, ybadatda bolmagyň gymmaty hashem artýar. Mysal üçin, adamlaryň köpüsi ukuda ýatan wagty,gijäniň ortasynda oýanyp, ybadat bilen meşgul bolmagyň sogaby-da beýleki wagtlarda edilen şunuň ýaly ybadatyň sogabyna deň bolmaz. «SüneniEbu Dawut»kitabynda Abdullah ibn Kurtyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda Allahyň Resuly (s.a.w.): «Allahyň ýanynda şan-şöhraty iň beýik bolan gün ozal-a nahr güni, soňra-da nefir günüdir»diýýär. Nefir güni hajylaryň Minadan Mekgä dönýän günleridir. Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen sahabalary bu günleriň gadyr-gymmatyny düşündirmek üçin köp alada edipdirler.
Şu mesele bilen baglylykda Buharynyň beýan etmegine görä, Ibn Omar bilen Ebu Hüreýre (Allah ikisindenhem razy bolsun!) aşr günlerinde üçegiň üstüne çykyp, gaty ses bilen tekbir alar ekenler we islän kişiler hem olara goşular eken. Muhammet ibn Aly Bakyr hezretleri hem bu günlerde diňe bir parz namazlaryndan soňra däl, nepil namazlaryndan soňrahem tekbir alar eken. Teşrik günlerinde diňe bir sünnet hasap edilýän tekbirlere däl (bu tekbirleri almak nepil namazyny okamakdan has gowy hasap edilýär), eýsem beýleki ybadatlara hem başga wagtdakylardan köp sogap ýazylýar. Ol ybadatlaryň iň möhümi bolsa haj bilen baglanyşykly ybadatlardyr.
Öňki düşündirişlerden belli bolşy ýaly, bu hadysy-şeribi Buharynyň kitaby esasanda beýan edenleriň käbirleri onuň aşr günleriniň artykmaçlyklaryny nygtaýan nusgasyna daýanyp, käbirleri-de bu sogaby köp günleriň teşrik günleridigi barada netije çykarmaga mümkinçilik berýän nusgasyna esaslanyp, dürli pikirleri orta atypdyrlar. Şu kitapdaky hadysy-şeribiň tekstine görä, artykmaçlyklary taryp edilýän günler zilhijje aýynyň başky on günüdir. Beýleki rowaýatlarhem munuň şeýledigini tassyklaýar. Buharynyň öz kitabyna girizen başga bir nusgasyndanhem şeýle many çykarmaga hiç hili päsgelçilik ýok bolsa-da, ol bu nusgada gürrüňi edilýän günleriň teşrik günleridigi hakda netije çykarypdyr.
Buharynyň kitabynda zilhijje aýynyň başky on gününden we teşrik günlerinden söz açýan üçünji bir rowaýathem bolup, manysy boýunça gürrüňi edilen iki nusgadan tapawutlanýar. Bu hadysy Kerime rawy Küşmiheniniň ýolundan:«Aşr günlerindäki salyh amallar bu günlerdäkiden, ýagny teşrik günlerindäki amallardan has gowy däldir»görnüşinde beýan edipdir. Bu rowaýat hapyz alymlaryň biri bolan Ebu Zer Herewininiň kitabynda ýene Küşmiheniniň ýolundan beýan edilip, şu meseleden söz açýan rowaýata gapma-garşy bolany üçin,kadadan çykma hasap edilýär.
Bu meseleden söz açýan asyl rowaýatyň şu tekstdäki rowaýatdygy Ebu Dawut Sistanynyň«Sünen», Ebu Dawut Taýalysynyň «Müsned»atly kitaplarynda, şonuň ýaly-da, Daramynyň, Wekiginiň, Ibn Majäniň, Tirmiziniň kitaplarynda beýan edilen rowaýatlar arkaly hem subut edilýär. Hususan hem, Ebu Awanaibn Hybbanyň «Sahyh»atly kitabynda Jabyryň adyndan beýan edilen: «Allahyň ýanynda zilhijjäniň başky on gününden gowy gün ýokdur»hadysy-merfuwy hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
Aşr günleriniň arasynda iň gowy günhem arafagünüdir. Bu barada hiç kim jedel etmeýär. Hatda bir kişi günleriň iň gowusynda agyz beklejekdigi barada Allahü tagala bilen şertleşse, ol arafagününde agzyny beklemelidir.
Zilhijjäniň başky on gününiň beýleki günlerden artykmaç bolmagy, sogabynyň has köp bolmagy şol günlerde namaz, oraza, sadaka we haj ýaly esasy ybadatlaryň bir wagtda ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýändigi bilen baglanyşyklydyr. Bu günlerde ýerine ýetirilen ybadatlaryň sogabynyň beýleki günlerde ýerine ýetirilen ybadatlaryň sogabyndan has köp bolmagy hemme ybadatlar babatda umumy däldir. Sebäbi, meselem, zilhijje aýynyň başky on gününde tutulan nepil orazasynyň sogaby remezan aýynyň orazasynyň sogabyndan kän bolmaz. Şonuň üçinhem, bu günlerde berjaý edilen nepil ybadatlaryň beýleki günlerdäki şonuň ýaly nepil ybadatlardan, parzlaryň beýleki günlerdäki parzlardan has gowudygyny aýdyp bolar. Müslimiň kitabynda Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysy-şerifde juma gününiňhem günleriň iň gowusydygy barada aýdylandygyny nazara alsaň, bu iki hadysyň arasynda gapma-garşylyk bar ýaly bolup görünse-de, hakykatda bu beýle däldir. Sebäbi juma hepdäniň iň gowy güni bolsa, zilhijje aýynyň başky on güni ýylyň iň gowy günleridir. Bu on günüň içindäki juma güni bolsa iki hili artykmaçlygy hem özünde jemläp biljekdigi sebäpli, ýylyň giň manydaky iň gowy güni bolup çykar.
2 Bu soragyň (25-nji we 34-nji hadyslardanhem aňylyşyna görä) Allahyň ýolunda edilen jihadyň amallaryň iň gowusydygyny bilýän bir adam tarapyndan berlendigi kelläňe gelýär. Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan edilen 1176-njy hadysa görä-de,biri Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip:«Ýa Allahyň Resuly, maňa jihat bilen deň bolan bir salyh amal öwret»diýip haýyş edipdir we:«Onuň ýalysyny bilmeýärin»diýen jogaby alypdyr.
3«Hiç bir zady yzyna getirmeýän»diýen jümleden iki hili many çykarmak mümkin:
1) Ähli baýlygyny Allahyň ýolunda sarp edip, yzyna bir zat getirmez. Muňa şeýle düşünilen ýagdaýynda,onuň özi sag-aman yzyna dolansa-da, ähli baýlygynyň Allahyň ýolunda harçlanmagy sebäpli,gürrüňi edilýän sogaby gazanjakdygynyň aýdyldygy bolar.
2) Ne baýlygyny yzyna getirer, ne-de özüni. Bu jümlä şeýle many berlende bolsa,bu sogaba mynasyp boljak kişi Allahyň ýolunda jan beren adam bolar. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu jümlä ikinji manyny bermegi maksat edinendigine degişli başga-da rowaýatlaryň bardygy üçin, şol jümläniň üstüne: «Baýlygyny-da, janyny-da»diýen sözler goşuldy. Rowaýatlaryň käbirinde:«Maly sarp edilen we gany dökülen gazynyň...», ýene birinde:«Ýok, yzyna dolanmadyk kişiniň...»diýilse, Jabyryň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda-da:«Jihat mahalynda öldürilip, ýüzi-gözi topraga bulanan bir hala gelen kişiniň...»görnüşinde beýan edilipdir.
4 Bu hadysy-şerifden jihat etmegiň gadyr-gymmatynyň ýokarydygy,jihat edýän kişiniň derejesiniň örän belentdigiwe onuň Allahyň ýolunda jihat edip, iň soňunda Allah üçin janyny gurban etmek bilen, şehitlik derejesini gazanýandygy aňylýar. Şonuň ýaly-da, onda zilhijje aýynyň başky on gününde agyz beklemegiň sogabynyň uludygy barada-da netije çykaryp bolar. Sebäbi oraza-da amallaryň biridir. Nahr gününde agyz beklemek haram bolsa, bu on günüň galan dokuzysynda bu sogaby gazanmaga mümkinçilik bardyr. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sünnetinden söz açýan kitaplarda onuň bu on günde hiç haçan agzyny beklemändigi hezreti Äşäniň (r.a.) adyndan beýan edilýänhem bolsa, onuň ymmatyna parz bolar gorkusy bilen şeýle eden bolmagy örän mümkindir (411-nji hadysa seret). Hususanam, Müslimiň we Tirmiziniň kitaplarynda Ebu Katadanyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda arafegüni agzyny beklänkişiniň,hem şol ýylky eden, hem-deindiki ýylda etjek günäleriniň ýuwuljakdygynyň aýdylmagy ünsüňi özüne çekýär.