519 Baýram namazy hutbadan öňürti okalýar

Başy » BAÝRAM NAMAZLARY KITABY » 519 Baýram namazy hutbadan öňürti okalýar

    عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ الله عَنْهُمَا قَالَ: شَهِدْتُ الْعِيدَ مَعَ رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ وَأَبِي بَكْرٍ وَعُمَرَ وَعُثْمَانَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمْ ، فَكُلُّهُمْ كَانُوا يُصَلُّونَ قَبْلَ الـْخُطْبَةِ.

 

  Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir:«Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen, Ebu Bekr, Omar we Osman (Allah olardan razy bolsun!)dagybilen baýram namazlaryna gatnaşypdym. Hemmesi-de namazy hutbadan öňürti okardylar».

 

1 Hutbanyň baýram namazyndan soňra okalýandygy barada 515-nji, 516-njy, 517-nji hadyslarda gürrüň edilipdi. Ýöne şol hadyslarda bu mesele beýleki meseleler bilen baglylykda agzalypgeçilipdi. Bu ýerde bolsa oňa ýörite bagyşlanan hadys ýerleşdirilipdir. Buhary bu hadysyň yz ýanyndan Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilen edil şunuň ýaly manyly hadysy hem getiripdir. Ýöne onda diňe Ebu Bekr bilen Omaryň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) atlary tutulýar. Buharynyň kitabynda bu hadysyň Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilen nusgalarynyň hemmesinde diňe Ebu Bekr bilen Omaryň atlary geçýär. Bu hadysyň Müslimiň, Tirmiziniň, Nesaýynyňwe Ibn Majäniň kitaplarynda Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilen nusgalarynyň hemmesinde-de ýagdaý şunuň ýalydyr.

Baýram namazy näçe rekagatdan ybarat? Onuň iki rekagatdan ybaratdygy,Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beýik zamanasyndan başlap, bu güne çenli ähli musulmanlaryň bu babatdaky amallarynyň birmeňzeş bolmagy bilen subut edilişi ýaly, baýram namazynyň tekbirleri we şol namazda Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan okalan süreler hakyndaky hadysy-şeriflerdenhem açyk görünýär. Diňe hezreti Alynyň (keremallahu wejheh) adyndan beýan edilen bir rowaýatda bu namazyň namazgähde iki rekagat, öýde-de dört rekagat edilip okalýandygy aýdylýar. Tabaranynyň«Mugjem»atly kitabynda Kagpibn Ujranyň (r.a.) adyndan beýan edilen:«Bu iki rekagat,öýle namazyna çagyrylýança,seniň şol günki nepil namazyňdyr»hadysynda namazgähde okalmadyk baýram namazynyň ýerine şol günüň guşluk (duha) namazynyň geçjekdigi aýdylmak islenilýär. Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen:«Allahyň Resuly (s.a.w.) remezan baýramygünündediňe iki rekagat namaz okadyp, onuň öňündenhem, soňundanhem hiç hili namaz okamady...»hadysynyň bolsa bu babatda şek we şübhe goýmaýandygy bilen bir hatarda,baýram gününiň namazynyň öňünden we soňundan nepil namazyny okamak bolýandygy ýa-da bolmaýandygy baradaky mesele hem orta çykýar. Ibn Majäniň «Sünen»atly kitabynda Abdullah ibn Amr ibn Asyň (r.a.) adyndanhem:«Allahyň Resuly (s.a.w.) baýram namazlarynyň hiç birinde,olardan öňhem, soňrahem hiç hili namaz okamady»rowaýaty beýan edilýär. Ýöne ýene şol kitapda Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda:«Baýram namazynyň öňünden hiç hili namaz okamazlyk we öýüne dolanyp baranyndan soňrahem iki rekagat namaz okamak Allahyň Resulynyň (s.a.w.) adaty-şerifleridi»hem diýilýär. Bera ibn Azybyň (r.a.) gürrüň beren rowaýatyna görä, hezreti Aly (r.a.) baýram namazyndan öňürti hem, soňrahem nepil namazyny okamazlygyň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) adaty-şeribi bolandygyny habar bermek bilen birlikde: «Islän kişi nepil namazyny okar, islemedik hem okamaz»diýipdir. Bu ýerde gürrüňi edilen hadyslarda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) özüni alyp barşy beýan edilip, baýramyň öňünden ýa soňundan nepil namazyny okamagyň gadagandygy hakda onuň hiç zat aýtmandygyny göz öňünde tutup, sahabalar we tabygynlar, şonuň ýaly-da, müjtehit ymamlar baýram namazynyň öňünden ýa-da soňundan, ýa bolmasa-da, hem öňünden, hem-desoňundan ymamyň ýa-da jemagatdan biriniň nepil namazyny okamagynda kerahatyň bolup bolmadygy barada kän jedel edipdirler.

Tirmiziniň kitabynda Nugman ibn Beşiriň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýata görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) baýram namazlarynda«A’lä»bilen«Gaşiýe»sürelerini okapdyr we juma namazlarynda-da şeýle edipdir. Hatda baýram namazy juma gününe gabat gelende,bu namazlaryň ikisinde-de ýene şu iki süräni okanmyş. Ebu Wakydyň, Semüre ibn Jündübiň we Ibn Apbasyň (Allah olardan razy bolsun!)atlaryndan hemşuňa meňzeş rowaýatlar beýan edilýär.

Müslimiň kitabynda Ebu Wakyt Leýsiniň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýata görä bolsa,Allahyň Resuly (s.a.w.) baýramlaryň ikisinde-de «Kaf»we «Kamar»sürelerini okar eken.

Ymam Mälik bilen ymam Ahmet ibn Hanbal ikisi Nugman ibn Beşiriň (r.a.) rowaýatyny, Şapygybolsa rowaýatlaryň ikisini hem kabul edip, bu süreleri okamagyň mustahapdygyny aýdypdyrlar. Ymam Ebu Hanife bolsa şol süreleriň baýram namazy üçin ýöriteleşdirilmegi bilen ylalaşmandyr.

Baýram namazynda alynýan tekbirleriň sany babatda aýdylanda bolsa, Ebu Dawudyň we Ibn Majäniň kitaplarynda musulmanlaryň enesi Äşäniň (r.a.) adyndan bir rowaýat beýan edilip, onda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) remezan we gurban baýramlarynyň namazlaryndaadatyrukuw tekbirlerinden başga-da,birinji rekagatda ýedi we ikinji rekagatda bäş gezek tekbir alandygy aýdylýar. Şonuň ýaly-da, Ebu Dawudyň we Tirmiziniň kitaplarynda Abdullah ibn Amr ibn Asyň (r.a.) adyndanhem şuňa meňzeş hadyslaryň beýan edilişi ýaly, Ebu Dawudyň kitabynda onuň adyndan berlen başga bir hadysda:«Allahyň Resuly (s.a.w.): «Remezan baýramynyň namazyndaky tekbirleriň sany birinji rekagatda ýedi we ikinji rekagatda bäşdir. Kyragat hem rekagatlaryň ikisinde-de tekbirlerden soňradyr»diýdi»sözleri bar. Tekbirleriň kyragatdan öň alynmalydygyna degişli bir rowaýat Ibn Majäniň kitabynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) azançysy Sagt Nareziň (r.a.) adyndan beýan edilip, onda «remezan baýramynyň»diýmegiň ýerine, «baýram namazynda»diýilýär we ýene kyragatdan öňürti birinji rekagatda ýedi, ikinjide bäş gezek tekbir almagyň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) adaty bolandygy habar berilýär. Tirmiziniň we Ibn Majäniň kitaplarynda-da Amr ibn Awf Müzeniniň (r.a.) adyndan tekbirleriň ýedi we bäşdigine degişli hadys beýan edilýär. Tirmizi bu hadysy beýan edende, bu barada hezreti Äşäniň we Abdullah ibn Omaryň atlaryndanhem rowaýat edilýändigini aýdyp, bularyň arasynda iň ygtybarlysynyň şu hadysdygyny belläp geçýär. Soňrahem:«Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sahabalarynyň we beýlekileriň ylym bilen meşgullanan käbir wekilleriniň pikirine görä, amal şoňa görä ýerine ýetirilýär. Ebu Hüreýräniňhem (r.a.) Medinede namazy şular ýaly edip okadandygy gürrüň berilýär. Bu medineli alymlaryň pikiri bolup, Mälik ibn Enes, Şapygywe Ishak ibn Rahuýadagy hem munuň bilen ylalaşypdyrlar.

Başga bir tarapdan Ibn Mesgudyň (r.a.) adyndanhem tekbirleriň sanynyň dokuzdygy hakda bir rowaýat gelip ýetip, bu rowaýata görä, bu tekbirleriň bäşisi birinji rekagatda kyragatdan öňürti alynýar. Ikinji rekagatda bolsa kyragat bilen başlanyp, soňra hem rukuw tekbiri bilen birlikde dört tekbir alynýar. Beýleki sahabalaryňhem käbirinden şunuň ýaly rowaýatlar gelip ýetipdir. Bu Küfäniň alymlarynyň pikiri bolup, Sufýan hem onuň bilen ylalaşypdyr»diýýär.

Ibn Apbas, Enes ibn Mälik, Mugyraibn Şugba, Ebu Musa Eşgary, Huzaýfaibn Ýeman (Allah olardan razy bolsun!) ýaly sahabalar Ibn Mesgudyň (r.a.) gürrüň beren rowaýatyndaky düzgüne laýyklykda amal edipdirler.«SüneniEbu Dawut»kitabyndaky rowaýata görä, Sagytibn As bir gezek Ebu Musa Eşgary bilen Huzaýfaibn Ýeman ikisinden remezan we gurban baýramlarynyň namazlarynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) nähili edip tekbir alandygyny sorapdyr. Şonda Ebu Musa:«Jynazanamazynyň tekbirleri ýaly, dört tekbir alardy»diýipdir we onuň aýdanyny Huzaýfa-datassyklapdyr. Soňra Ebu Musa:«Men Basrada wäli wagtymhem tekbirleri mydama şeýle alardym»diýip seslenipdir.

Ymamlar başlangyç tekbir babatda bir çukura tüýkürenlerinden, ýagny ylalaşyga gelenlerinden soň, ondan beýleki tekbirleriň sany babatda dürli pikirleri orta atypdyrlar. Ebu Hanifä görä, her rekagatda üç gezek tekbir alnar. Mälik bilen Ahmede görä, birinji rekagatda alty, ikinjisinde bäş tekbir bardyr. Şapyga görä bolsa, birinjide ýedi, ikinjide bäş gezek tekbir alynmaly. Ýene Şapyga görä, her iki tekbiriň aralygynda zikir etmek mustahapdyr. Ebu Hanife bilen Mälige görä, tekbirleri arasyna zat salman, yzly-yzyna almak has gowudyr. Mälik bilen Şapyga görä, rekagatlaryň ikisinde-de tekbirler kyragatdan öňürti alynýar. Ebu Hanife bolsa,Ibn Mesgudyň rowaýatyna daýanyp, birinji rekagatda tekbirleri kyragatdan öňürti aýdypdyr,ikinji rekagatyň başynda bolsa ilki kyragat okap, beýleki tekbirleri şondan soňa goýupdyr. Ahmet ibn Hanbalyň bu babatda iki düşünjäniň ikisine-de gabat gelýän pikirleri bar.

Tekbir alnanda eller ýokary galdyrylar. Bu babatda hemme alymlaryň pikiri birmeňzeşdir. Diňe ymam Mälik bilen baglanyşdyrylýan bir pikire görä, başlangyç tekbirinden beýlekilerde el galdyrylmaz. Ymam Muhammet«Muwatta»atly kitabynda Ibn Mesgudyň rowaýatyndaky pikiri goldamak bilen birlikde:«Baýram namazynyň tekbirleri barada adamlar jedel etdiler. Ýöne olaryň haýsysy bilen amal etseňhem gowy bolar»diýipdir.