518 Baýram namazy azansyz we kamatsyz okalýar

Başy » BAÝRAM NAMAZLARY KITABY » 518 Baýram namazy azansyz we kamatsyz okalýar

     عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ وَجَابِرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمْ قَالاَ: لَمْ يَكُنْ يُؤَذَّنُ يَوْمَ الْفِطْرِ وَلا يَوْمَ الأَضْحَى.

 

(Abdullah)ibn Apbas bilen Jabyr ibn Abdullah (Allah ikisindenhemrazy bolsun!) şeýle diýipdirler1: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beýik zamanasynda remezan baýramy gününde-de, gurban baýramy gününde-debaýram namazy üçin azan aýdylmazdy»2.

 

1 Buhary bu ýerde şol bir ýoldan gelen dört sany hadysy beýan edipdir. Zebidi bolsa öz kitabyna bu hadysyň diňe iki sahabanyň gürrüň beren nusgalaryny girizmek bilen çäklenipdir. Buharynyň beýan eden dört hadysynyň birinjisi Jabyryň (r.a.) gürrüň beren hadysy bolup, onda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) remezan baýramy güni namazgähe çykyp, hutbadan öňürti namaz okamaga başlandygy habar berilýär. Ikinji hadysda Abdullah ibn Zübeýre (r.a.) kasam edilen ilki döwürlerde remezan baýramy gününde namaz üçin azan aýdylmandygy, hutbanyňhem hökman namazdan soňraokalandygy hakynda aýdylyp, ol Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilipdir. Üçünji hadys şu tekstde getirilen hadysdyr. Dördünji hadysda bolsa Jabyr (r.a.) şeýle diýýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) ýerinden turup, namaz okamaga başlady. Soňra adamlara hutba okady. Ol hutbasyny tamamlanyndan soň, duran ýerini terk edip, zenanlaryň ýerleşen tarapyna bardy-da, Bilalyň (r.a.) eline daýanyp, olara wagyz etmäge başlady. Bilal yhramynyň gyrasyndan tutup durdy. Zenanlar hem sadakalaryny onuň etegine atýardylar». Bu hadysyň rawylarynyň biri bolan Ibn Jüreýj bir gezek Ata ibn Ebu Rebaha ýüzlenip: «Bu günhem ymamyň hutbany tamamlanyndan soň, zenanlaryň ýanyna gidip, olara wagyz etmegini wajyp hasaplaýarsyňmy?»diýip sorapdyr. Ata-da:«Bu olaryň boýnundaky bir hakdyr. Muny etmänleri bilen ellerine näme düşjegini bilmeýärin»diýip jogap beripdir.

Buharynyň başga bir ýoldan beýan eden rowaýatyna görä, Jüreýj:«Zenanlaryň bu berenleri remezan baýramynyň zekatymy?»diýip soraýar. Ata hem: «Ýok, berenleri ýöne bir sadakady»diýip jogap berýär, ýagny,onuň pitreden başga bir sadakadygyny mälim edýär.

2 Bu hadyslardan birnäçe mesele barada düşünje alýarys. Birinjiden, baýram namazlarynyň hutbadan öň okalandygy subut edilendir. Mysal üçin, Buhary mundan öňürti Ibn Omaryň (r.a.) adyndanhem bir hadysy beýan edip, onda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) remezan we gurban baýramy günlerinde namaz okadardy, namazdan soňra hem hutba okardy»diýlipdir. Ikinjiden, baýram namazy üçin azan aýdylmaýar. Müslimiň kitabynda Jabyryň adyndan beýan edilen rowaýatda:«Remezan baýramy güni ymam namaza çykanda-da, namaza çykanyndan soňra-daazanhem ýokdur, kamathem, çagyryşhem ýokdur, başga bir zat hem. Ol gün ne çagyryş bardyr, ne-de kamat»diýilse, ýene Müslimiň kitabynda Jabyr ibn Semüräniň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda-da: «Men iki baýram namazynyň her birini Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde bir ýa iki gezek däl, gaty kän gezek azansyz we kamatsyz okadym»diýilýär. «SüneniEbu Dawut»we «SüneniIbn Maje»atly kitaplarda beýan edilen rowaýatda bolsa,Ibn Apbas (r.a.): «Allahyň Resuly (s.a.w.) we ondan soňra Ebu Bekr, Omar, Osman (Allah olardan razy bolsun!) baýram namazyny mydama azansyz, kamatsyz okatdylar»diýýär. «MüsnediBezzar»atly kitapda Sagt ibn Ebu Wakgasyň (r.a.), Tabaranynyň «MugjemiEwsat»atly kitabynda, diňe gurban baýramynyň namazy bilen baglanyşykly bolup, Bera ibn Azybyň (r.a.) adyndan beýan edilen şunuň ýaly rowaýatlar hem bar. Tabaranynyň«MugjemiKebir»atly kitabyna görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) azat eden guly Ebu Rafy(r.a.) hem: «Allahyň Resuly (s.a.w.) namazgähe pyýada barardy we namazy azansyz, kamatsyz okadardy»diýip habar berýär. Tabygynlaryň bu babatda aýdan sözleri esli bar. Şagbybilen Hakem ibn Utaýbabaýram namazynda azan we kamat aýtmagy bidgat hasaplapdyrlar. Bu hakda aýdylan sözleriň köp bolmagyndan, sahabalaryň we tabygynlaryň muny häli-şindi ýatladyp durmaklaryndan,bu bidgatyň olaryň döwründe ýüze çykyp, soňra terk edilendigi aňlanylýar. Ibn Ebu Şeýbäniň Sagytibn Müseýýebiň adyndan beýan eden ygtybarly rowaýatyna görä, baýram namazynda azany ilki bolup aýtdyran Mugawyýa (r.a.) bolupdyr. Ymam Şapygyhem Zühriniň ýolundan edil şonuň ýaly bir rowaýaty beýan edýär. Bu rowaýata görä-de, baýram namazyndan öň hutba okamany ilki bolup girizen Zyýatdyr. Munuň başyny başlanyň Merwandygyny aýdýanlarhem bar. Ýöne bu rowaýatlaryň hemmesi-de biri-birine çapraz däldir. Sebäbi Hajjaç hem, Zyýat hem, Merwanhem — bularyň üçüsi-de Mugawyýanyň amyllarydy. Ebu Kylababu bidgaty ilki girizeniň Abdullah ibn Zübeýrdigini (r.a.) aýdypdyr. Mysal üçin, Buharynyň beýan eden bu hadysyna görä, Abdullah ibn Apbasyň (r.a.) oňa bu babatda duýduryş berendigi barada biraz ozal aýdylypdy.

Ymam Mäligiňhem«Muwatta»atly kitabynda:«Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanyndanbu güne çenli remezan baýramynda-da, gurban baýramynda-da azandyr kamat aýdylmandygyny köp alymlarymyzdan eşitdim. Biziň pikirimize görä, özi hakynda jedel edilmeýän sünnet şudur»diýip ýazyşy ýaly, baýram namazlarynda azanyň we kamatyň aýdylmazlygy beýik sünnetdir. Ýöne ymam Şapygy, beýlekiler ýaly, azan we kamat aýtmagyň tarapyny çalmazdan, adamlara baýram namazynyň wagtynyň başga sözler bilen yglan edilmegini mustahap hasaplapdyr. Ol Zühriniň ýolundan beýan eden ygtybarly rowaýatyndan söz açyp:«Allahyň Resuly (s.a.w.) baýramlarda:«Jemagat namazyna!»diýip adamlary çagyrmagy azança emr edipdir. Bu rowaýat mürsel bolsa-da, Gün tutulanda şunuň ýaly çagyryş bilen adamlara ýüz tutulandygynyň belli bolmagy sebäpli,Zühri Gün tutulmagy bilen deňeşdirmek arkaly bu mürsel rowaýaty kabul edipdir. Azançynyň:«Namaza! Namaza!»diýip çagyrmagy, meniň pikirimçe, mustahapdyr. Azançy:«Namaza geliň!»diýse, meniň pikirimçe, mekruwh däldir. Ýöne onuň:«Haýýe alessaläh!»ýaly azanyň sözleriniň biri bilen adamlara ýüzlenmegini mekruwh hasaplaýaryn»diýipdir.

Üçünjiden, baýram namazyna haýwana (ýa-da ulaga) münüp gitmekde zyýan bolmasa-da, Ebu Rafynyň (r.a.) adyndan ýokarda beýan edilen hadysa görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazgähe pyýada gideni üçin, baýram namazyna ýöräp gitmek sünnetdir. Mysal üçin, Tirmiziniň kitabynda hezreti Alynyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda:«Remezan baýramynyň namazyna pyýada çykmak we çykmazdan ozal bir zat iýmek Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sünnetleriniň biridir»diýlipdir.«MüsnediBezzar»atly kitapda Sagt ibn Ebu Wakgasyň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda bolsa Allahyň Resulynyň (s.a.w.) baýram namazyna pyýada çykyp, yzyna dolananda hem gidendäkiden başga bir ýoly saýlap alandygy gürrüň berilýär.

Dördünjiden, Jabyryň (r.a.) gürrüň beren hadysyna görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hutbadan soňra zenanlaryň ýerleşýän tarapyna gidip, wagyz etmegi, sadaka bermäge çagyrmagy bu namazgähe zenanlaryňhem çykandygyny görkezýär. Ilkinji saplarda erkek adamlary, ortaky saplarda çagalary, ahyrky saplarda-da zenanlary ýerleşdirmek arkaly saplary tertipleşdirmegiň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sünneti bolandygy üçin, zenanlaryň hutbany gowy eşitmedikbolmaklarynyň mümkindigini göz öňünde tutup, olara aýratynlykda wagyz etmegiňzerur hasaplanandygyny aňlamak bolýar. Buharynyň kitabynda beýan edilen başga bir rowaýatda bolsa,Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir:«Remezan baýramynyň namazyny Allahyň Resuly (s.a.w.) bilenhem, Ebu Bekr, Omar we Osman bilenhem okapdym. Olaryň bary-da namazy hutbadan öňürti okadýardylar. Hutba bolsa soňra okalardy.

Bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) hutbadan soňra ýerinden turdy. Onuň jemagat dagamanka, şonuň ýaly-da, zenanlar bilen erkek adamlaryň garyşmaklarynyň öňüni almak üçin,mübärek eli bilen:«Oturyň!»diýip yşarat edişi häzirhem gözümiň öňünde. Soňra ol erkekleriň saplaryny ýaryp, zenanlaryň saplaryna tarap gitdi. Bilal hem (r.a.) onuň ýanyndady. Allahyň Resuly (s.a.w.): يَا أَيُّهَا النَّبِيُّ إِذَا جَاءَكَ الْمُؤْمِنَاتُ يُبَايِعْنَكَ عَلَى أَنْ لَا يُشْرِكْنَ بِاللَّهِ شَيْئًا وَلَا يَسْرِقْنَ وَلَا يَزْنِينَ وَلَا يَقْتُلْنَ أَوْلَادَهُنَّ وَلَا يَأْتِينَ بِبُهْتَانٍ يَفْتَرِينَهُ بَيْنَ أَيْدِيهِنَّ وَأَرْجُلِهِنَّ وَلَا يَعْصِينَكَ فِي مَعْرُوفٍ فَبَايِعْهُنَّ وَاسْتَغْفِرْ لَهُنَّ اللَّهَ إِنَّ اللَّهَ غَفُورٌ رَحِيمٌ= «Ýäää-eýýühennebiýýü izä jääää-ekel-mü’minätü ýübäýigneke aläää en lä ýüşrikne billähi şeý-en we lä ýesrykne we lä ýezniýne we lä ýektülne ewlädehünne we lä ýe- tiýne bi-bühtänin ýefteriýnehuw beýne eýdiýhinne we erjülihinne we lä ýegsyýneke fiý magruwfin fe-bäýyghünne westagfirlehünnellähe. Innellahe Gafuwrün Rahiýmün» (golaý manysy: «Eý, Pygamber! Iman getirýän zenanlar Allah hiç bir zady şärik goşmazlyk, ogurlyk etmezlik, zyna etmezlik, çagalaryny öldürmezlik, ärinden başga ärlerden çaga dogrup, ony öz ärlerine ýöňkemezlik, seniň eden ýagşy emrleriňe garşy çykmazlyk babatda kasam etmek üçin ýanyňa gelseler, olaryň kasamlaryny kabul et we Allahü tagaladan olaryň günälerini geçmeginidile. Sebäbi Allah Gafur we Rahymdyr»(«Mümtehine»süresiniň 12-nji aýaty)) aýaty-kerimesini okap bolanyndan soň:«Siz bu kasamyňyza wepalymysyňyz?»diýipsorady. Aralaryndan bir zenan:«Hawa»diýdi. Onda Allahyň Resuly (s.a.w.): «Onuň ýaly bolsa, sadaka beriň!»diýip seslendi. Bilal yhramyny ýazyp:«Enem-atam size gurban bolsun, derrew geliň, atyň!»diýdi. Olarhem halkalaryny, ýüzüklerini Bilalyň etegine atmaga başladylar».

Bu hadysyň Müslimiň kitabyndaky nusgasynda azandyr kamatyň aýdylmandygy habar berleninden soň, şeýle diýilýär:«Allahyň Resuly (s.a.w.) soňra Bilala daýanybrak aýagynyň üstünde durup, Allahyň öňünde takwa bolmaklaryny emr etdi, Allahü tagala boýun egmäge çagyrdy we adamlara wagyz etdi, Allahy ýatlatdy. Soňra öňe ýöredi. Ol zenanlaryň ýerleşen tarapyna baranyndan soň, olara wagyz edip, Allahy ýatlatdy. Soňrahem olara ýüzlenip: «Sadaka beriň, sebäbi siziň köpiňiz jähennemiň töňňelerisiňiz»diýdi. Zenanlaryň iň haýyrlylarynyň biri ýerinden turup: «Ýa Allahyň Resuly, näme üçin beýle?»diýip sorady. Ol hem:«Çünki siz öz ýagdaýyňyzdan köp şikaýat edýärsiňiz, äriňiziň beren nan we nygmatlarynyň gadryny bilmeýärsiňiz»diýip jogap berdi (209-njy hadysa-da seret).

Buharynyň kitabynda-da, Müslimiň kitabynda-da bu soragy beren zenanyň ady agzalmaýar. Ýöne Ibn Hajaryň dogry bolaýmagy örän mümkin bolan çaklamasyna görä, onuň«HatibetünNisä»lakamy bilen belli bolan Esma binti Ýezit ibn Seken Ensaryýa(r.a.) bolmagy ahmaldyr. Sebäbi Tabaranynyň we Beýhakynyň kitaplarynda beýan edilen rowaýatlarda Esmanyň özi bu wakany gürrüň berip, şol ýerde bolandygyny aýdýar we:«Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öňünde batyrgaýlyk edip: «Ýa Allahyň Resuly, näme üçin beýle?»diýip seslendim»diýýär.

Esma binti Ýezit (r.a.) Ýermuk söweşinde çadyrynyň diregi bilen dokuz duşmanyň janyny jähenneme iberipdir. Jabyr bilen Ibn Apbasyň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) gürrüň beren hadyslaryndan görnüşine görä, zenanlar baýram namazlaryny okamak üçin namazgähe barar ekenler. Buharynyň kitabynda ÜmmiAtyýýanyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda baýram namazlaryna zenanlaryň diňe bir öz islegleri boýunça çykman, eýsem munuň olara emrhem edilendigi aýdylýar. Ýapynjasy bolmadyk zenanlara artykmaç ýapynjasy bolanlar wagtlaýynça ulanmaga beripdirler. ÜmmiAtyýýanyň (r.a.) habar bermegine görä, durmuşa çykmadyk ýaş gyzlara, hatda aýbaşyly zenanlara çenli hemmesi namazgähe çykyp, şol günüň bereketinden we päkliginden paýlaryny almagy umyt edip, erkekler bilen birlikde tekbir alypdyrlar, doga edipdirler. Diňe aýbaşyly zenanlar namazgähiň daşynda duran ýerlerindenjemagatyň tekbirdir dogalaryna goşular ekenler (477-nji hadysa-da seret).