516 Baýram namazyndan öňürti kesilen mal gurbanlyk hasap edilmez

Başy » BAÝRAM NAMAZLARY KITABY » 516 Baýram namazyndan öňürti kesilen mal gurbanlyk hasap edilmez

     عَنِ الْبَرَاءِ بن عَازَبَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: خَطَبَنَا النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَوْمَ الأضْحَى بَعْدَ الصَّلاَةِ فَقَالَ: ( مَنْ صَلَّى صَلاَتَنَا ، وَنَسَكَ نُسُكَنَا ، فَقَدْ أصَابَ النُّسُكَ ، وَمَنْ نَسَكَ قَبْلَ الصَّلاَةِ ، فَإنَّهُ قَبْلَ الصَّلاَةِ ، وَلاَ نُسُكَ لَهُ ). فَقَالَ  أَبُو بُرْدَةَ بْنُ نِيَارٍ خَالُ الْبَرَاءِ: يَا رَسُولَ اللَّهِ ، فَإنِّي نَسَكْتُ شَاتِي قَبْلَ الصَّلاَةِ ، وَعَرَفْتُ أَنَّ الْيَوْمَ يَوْمُ أَكْلٍ وَشُرْبٍ ، وَأَحْبَبْتُ أَنْ تَكُونَ شَاتِي أَوَّلَ شَاةٍ تُذْبَحُ فِي بَيْتِي ، فَذَبَحْتُ شَاتِي وَتَغَدَّيْتُ قَبْلَ أَنْ آتِيَ الصَّلاَةَ ، فَقَالَ: ( شَاتُكَ شَاةُ لَحْمٍ ). فَقَالَ: يَا رَسُولَ اللَّهِ فَإنَّ عِنْدَنَا عَنَاقاً لَنَا جَذَعَةً أَحَبُّ إلَيَّ مِنْ شَاتَيْنِ ، أَفَتُجْزِي عَنِّي ؟ قَالَ: ( نَعَمْ وَلَنْ تُجْزِيَ عَنْ أَحَدٍ بَعْدَكَ ).

 

   Bera ibn Azyp (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) gurban baýramy güni biz üçin hutba okap: «Kimde kim biziň bu namazymyzyokap, ondan soňra biziň kesjek gurbanymyzy kesse, onuň gurbanyň sünnetine laýyk iş etdigi bolar1.Kimhem namazdan öňürti gurbanyny kesse, namazdan öňürti kesileni üçin,gurbanlygyň ýerine geçmän, ol adam gurban keseniň sogabyny gazanmaz»diýdi2.Şondan soňraBera ibn Azybyň daýysy Ebu Bürde ibn Niýar3 aýak üstüne galyp: «Ýa Allahyň Resuly, men dowarymy gurbanlyk niýeti bilen namazdan öňürti kesipdim. Men bu günüň iýlip-içilýän gündügini bildim-de,4 dowarymyň öýümde damagy çalnan ilkinji dowar bolmagyny isledim. Şu maksat bilen dowarymyň damagyny çalyp, namaza gelmezimden ozal onuň etinden ertirlik naharyny edindim»diýip seslendi. Allahyň Resuly (s.a.w.): «Seniň bu dowaryň diňe et üçin öldürilen dowardyr» diýdi. Ondan soňraEbu Bürde: «Onuň ýaly bolsa, ýa Allahyň Resuly, biziň heniz ýaşyny doldurmadyk bir urkaçy çebişimizbar. Ol meniň gözüme iki dowardan has gowy bolupgörünýär. Gurbanlyk üçin şonuň damagyny çalsam,ýeterlik bolarmy?» diýip sorady.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Hawa, ýeterlik bolar. Ýöne senden soňra hiç bir kişägurbanlyk üçin owlak kesmek bolmaz»diýip jogap berdi»7.

 

1 Buharynyň kitabyndaky başga bir rowaýatda: «Kim şeýle iş etse, onuň sünnetimize laýyk iş etdigi bolar», şonuň ýaly-da, Buharynyň kitabynda beýan edilip, Şagbynyň Beranyň adyndan gürrüň beren rowaýatlarynyň birinde: «Kimde kim namazdan soňra damak çalsa, nüsüki, ýagny gurban kesmek ybadaty tamam bolan we musulmanlaryň sünnetine laýyk iş eden adam bolar» diýlipdir. Ýene şol kitapda Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda-da: «Kimde kim namazdan öňürti gurban kesse, özi üçin damak çaldygy bolar. Kimde kim namazdan soňra gurban kesse, ol gurban kesen adam we musulmanlaryň adatyna laýyk gelýän iş eden adam bolar...» diýilse, onuň adyndan beýan edilen başga bir rowaýatda: «Kimde kim namazdan öňürti gurban kesen bolsa, ony gaýtadan kessin» diýlipdir.

2 Buharynyň kitabynda Bera ibn Azybyň (r.a.) adyndan beýan edilen başga bir rowaýatda: «Kimde kim biziň okaýan namazymyzy okaýan bolsa, ýüzümizi öwürýän kyblamyza tarap dönýän bolsa, ýagny,kimde kim yslam dininde bolsa, namaz okamazdan öňürti gurban kesmesin»diýlipdir.

            Ýene Buharynyň kitabynda Beranyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatlarda: «Kimde kim gurbanyny namazdan öňürti kesse, damagy çalnan o dowar eti iýilmek üçin kesilen dowar hökmünde bolar»; «Kimde kim namazdan öňürti damak çalsa,bu onuň öz maşgalasynaet hödür etdigi bolup, gurban ybadaty bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur»; «Kimde kim ondan öňürti damak çalsa, ol öz maşgalasyna howlukmaç beren bir zady bolar, gurban ybadaty bilen hiç bir baglanyşygy bolmaz» diýlip, olaryň hemmesinde-de gurbanlyk malyňdamagynyň namazdan soňraçalynmagynyň sünnetdigi we malyň damagy ondan öň çalnan bolsa, gurbanlyk edýän adamyň namazdan soňragaýtadan damak çalmagynyň zerurdygy aňlanylýar.

Buharynyň Jündüpibn Sufýan Bejeliniň (r.a.) adyndan beýan eden hadysy-da şu pikiriň dogrudygyny tassyklaýar. Bu rowaýatda Jündüp(r.a.): «Gurban baýramy güni Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyndadym. Ol: «Kimde kim namaz okamazyndan öňürti gurban kesen bolsa, onuň ýerine ýene bir gezek damak çalsyn.Kimde kim heniz gurban kesmedik bolsa, onda Allahyň ady bilen doga okap kessin» diýdi» diýýär.

3 Bu ýerde Bera ibn Azybyň (r.a.): «DaýymEbu Bürde ibn Niýar» diýmän: «Beranyň daýysy Ebu Bürde ibn Niýar» diýmegi,gürrüňiniň dogrulygyna hiç hili şekdir şübhesiniň ýokdugy üçin,oňa has hem ygtybarlylyk äheňini çaýmak islemegi bilen baglanyşyklydyr. Ebu Bürdäniň bu sözleri oturan ýerinden däl-de, aýak üstüne galyp aýdandygy bu nusgada aňladylmasa-da, bu rowaýatyň Buharynyň kitabyndaky başga bir nusgasynda munuň hakykatdanhem şeýle bolandygy aýdylýar. Şonuň üçinhem Ebu Bürdäniň aýak üstüne galandygy hakdaky habar bu nusga girizildi.

4 Ebu Bürde ibn Niýaryň (r.a.) bu sözi onuň «SüneniEbu Dawut» kitabynda Nübeýşäniň (r.a.) adyndan beýan edilen: «Bu günler (ýagny gurban baýramy günleri) iýilýän, içilýän we Allatalanyň ýatlanýan günlerdir» hadysy-şeribinden habardar bolandygyny görkezýär. Ýöne namazaçykmazdan öňürtibir zat iýmek hem mustahap bolmaz. Ýöne iýilse-de,zyýany ýokdur. Mysal üçin, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) nahar iýeni üçin däl-de, gurbany wagtyndan ir keseni üçin Ebu Bürdäni (r.a.) ýazgaryp, diňe garyp goňşularyny naharlamak niýetiniň bolandygyny bileninden soň, onuň üzürini (bahanasyny) kabul edipdir.

5 Buharynyň kitabyndaky başga bir rowaýatda: «Ebu Bürde(r.a.):«Howlukmaçlyk etdim-de, özüm iýdim we maşgalamdyr goňşularyma iýdirdim» diýýär. Şol bir wakany gürrüň beren Enes (r.a.) hem Ebu Bürdäniň (r.a.): «Bu et iýmek arzuw edilen bir gündür» diýendigini we goňşularynyň garyp ýaşaýandyklaryny aýdanyny habar berýär. Onuň gürrüň beren başga bir rowaýatynda-da: «Şondan soňraAllahyň Resuly (s.a.w.) ony bagyşlan ýaly etdi» diýilýär.

6 Bu hadysy-şeribiň arapça metinindäki «anaak» sözi urkaçy owlagy aňladýar. Onuň bu ýerde «çebiş» diýlip terjime edilmeginiň öz sebäbi bar. Beýle edilmegi bu ýerde «ýaşyny doldurmadyk» söz düzümi arkaly aňladylan «jeza’» sözi bilen baglanyşyklydyr. «Kamus» atlykitapda bu sözüň manysy şeýle düşündirilýär: «El-jeza’» diýip, ýaşy seniýý derejesinden bärde bolan haýwana aýdylýar. Tefsirçiniň beýanyna görä, «seniýý» öň dişleri düşen haýwanlara berilýän umumy atdyr. Şahalaýyn toýnakly we bitin toýnakly haýwanlaryň ol dişleri üçünji ýylda düşýär. Düýe ol dişlerini altynjy ýylda taşlaýar. Gepiň gysgasy «jeza’» «diýip, ýaşy seniýý çäginden aňry geçmedik haýwanlara aýdylýar»

Mysbagyň beýan etmegine görä, guzy we owlak iki ýaşynyň içinde, göle we taýçanak üç ýaşynyň içinde, düýe bolsa bäş ýaşynyň içinde «jeza’» adyny alýar.

Ibn Arabynyň aýtmagyna görä, «jeza» sözi belli bir wagtyň ady bolup, onuň çykýan we düşýän dişler bilen baglanyşygy ýokdur. Owlak bir ýaşynda jeza’ bolar. Synasy sagdyn owlak käte bir ýaşyndan öňürti hem jeza’ bolup bilýär. Türki dilinde bu çäkden geçen owlaga çebiş diýilýär. Ene-atasy ýaş guzy ýedi aýda jeza’ bolýar we oňa tokly diýilýär. Ene-atasy garry guzy sekiz ýa-da on aýda jeza’ çägine ýetýär. Bu hadysy-şerifde gürrüňi edilýän owlagyň, gep salgyndan, jeza’ çäginden geçendigini, ýagny synasynyň örän sagdyn bolandygyny aňmak mümkin bolany üçin «anaak» sözüni «owlak» diýip däl-de, «çebiş» diýip terjime etmek ýerlikli hasaplandy.

Buharynyň kitabyndaky başga bir rowaýatda-da bu hadysy-şerifdäkiden tapawutlylykda: «Mende ýaşyna giren geçiden has gowy bir çebiş bar» diýlipdir. Çebişiň gurbanlyk üçin kesilmeginiň dogry däldigi bu hadysy-şeribiň äheňinden aňlanylýar. Mysal üçin, alymlaryň esasy köplüginiň pikirine görä, süýt dişleri düşmedik, ýaşyna barmadyk bir geçiniň gurban edilmegi dogry däldir. Diňe Ata bilen Ewzaýy çebişiňhem gurban edilip bilinjegi bilen ylalaşypdyrlar. Ýöne olaryň aýdanlary kadadan çykmak hasap edilip, beýle diýmek bilen olaryň ýaşynaýeten geçini tapmadyklar üçin beýle etmäge rugsat berilýändigini aýtmak isländikleri çaklanylýar. Şeýle bolmadyk ýagdaýynda,olaryň bu düşünjeleri bu hadysy-şerifdäki höküme örän ters gelerdi.

Tokly babatda aýdylanda bolsa, ir döwürden bäri sahabalaryň we tabygynlaryň alym kişileriniň ony gurbanlyk üçin kesmäge rugsat berendiklerini Tirmizi«Sünen» atly kitabynda beýan edipdir. Diňe Ibn Omar (r.a.) bilen Zühri çebişiňhem, toklynyňhem jeza’ ýaşyndakalar gurbanlyk üçin kesmäge ýaraýandyklary bilen ylalaşypdyrlar. Ýöne alymlaryň bu pikiri ondan uly ýaşly malyň tapylmazlygy bilen baglanyşykly bolsa gerek. Mysal üçin, Müslimiň, Ebu Dawudyň we Nesaýynyň kitaplarynda Jabyryň (r.a.) adyndan beýan edilen merfuw hadysda: «Dowaryň diňe bir ýaşyny dolduranyny gurban kesiň. Eger şonuň ýaly bir dowary tapmak size kyn düşmejek bolsa, hökman şeýle ediň. Beýle etmek kyn düşjek bolsa, toklyny gurban kesip bilersiňiz»diýlipdir. Alymlaryň esasy köplüginiň pikirine görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) beýle diýmek bilen has gowy dowar barka, ondan ýaramazyny gurban kesmeli däldigini, ýöne bir ýaşyny dolduran dowar kesilse, onuň mustahap boljakdygyny nygtamak isläpdir. Bu alymlaryň pikirini tassyklaýan başga hadyslarhem bar. Mysal üçin, Ibn Maje öz kitabynda Hylal ibn Ebu Hylal Esleminiň (r.a.) adyndan: «Goýnuň toklusyny gurbanlyk üçin kesmäge rugsat berilýär» hadysyny beýan etse, ýene Ibn Maje, şonuň ýaly-da, Ebu Dawut Müjäşiniň adyndan: «Tokly dişi düşen dowaryň ýerine tutup biler» hadysyny beýan edipdirler. Nesaýynyň hem öz kitabynda Ukbaibn Amyryň (r.a.) adyndan ýerleşdiren bir ygtybarly hadysynda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde guzularyň tokly çykanlaryny gurban etdik» diýilýär.

Gurbanlyk üçin damagy çalynýan goýnuň ýaşy babatda alymlaryň öňe süren pikirlerini bir ýere jemläp, şeýle diýmek mümkin:

1) Dowar bir ýaşyny dolduryp, iki ýaşynyň içinde bolmaly. Bu ymam Şapygynyň pikiridir.

2) Azyndan ýarym ýaşan bolmaly. Bu hanefi we hanbaly mezhepleriniň alymlarynyň pikiridir.

3) «Hydaýa» atly kitapda Zagferanynyň adyndan beýan edilmegine görä, ýedi aýlyk bolmalydyr.

4) Tirmiziniň öz kitabynda Wekiginiň adyndan beýan etmegine görä, alty ýa-da ýedi aýlyk bolmalydyr.

5) Guzynyň ene-atasy ýaş bolsa, alty aýlyk, garry bolsa hem sekiz aýlyk bolmagy gerekdir.

6) On aýlyk bolmalydyr.

7) Näçe aýlykdygyna bakylmaz. Göwresi iri bolsa ýeterlikdir. Mysal üçin, «Hydaýa» atly kitapda guzynyň ýaşy kiçi bolsa-da, dişi düşen dowarlaryň arasynda durka daşdan synlaňda, olardan tapawutlanmaýan bolsa, gurbanlyga ýarajakdygy aýdylypdyr.

Gurban kesmegiň özüniň hökümi babatda aýdylanda bolsa, kimler onuň wajypdygy, kimlerhem sünneti-müýekgededigi bilen ylalaşypdyrlar. Onuň wajypdygy bilen ylalaşanlaryň arasynda Ebu Hanife, şonuň ýaly-da,yrakly ymamlar Muhammet, Züfer, Hasan ibn Zyýat we bir söze görä, Ebu Ýusup, beýleki ymamlardan Mälik, Leýs ibn Sagt, Rabyga Reý, Sufýan Söwri, Ewzaýy ýaly alymlar bar. Ymam Şapygy bilen ymam Ahmet bolsa onuň sünnetdigini aýdypdyrlar. Ymam Ebu Ýusubyňhem ony sünnet hasaplandygy barada bir maglumat bar.

7 Buharynyň kitabyndaky başga bir rowaýatda: «Gürrüňini edýän çebişiňi oňa derek gurban et. Ýöne senden soňra munuň ýalysy hiç bir kişi üçin ýeterlik bolmaz»diýilse, başga bir rowaýatda-da: «Ony kes. Ýöne senden başgasyna beýle etmek bolmaz» diýlipdir. Ebu Bürde ibn Niýar (r.a.) şol çebişi gurban kesipdir. Bu rowaýatyň rawy Şagbynyň gürrüň beren nusgasynyň ahyrynda-da: «Bu soňky kesen gurbanykesenleriniň iň haýyrlysy boldy» goşmaçasy bar. Bu aýdylanlardan çebişi gurbanlyk üçin kesmegiň Ebu Bürdä (r.a.) degişli bir aýratynlykdygyny aňyp bolýar. Mysal üçin, şaýatlygy iki şaýatlygyň ýerine geçmek aýratynlygy diňe Huzaýmaibn Sabyta(r.a.) mahsusdy. Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda: «Bu rugsadyň başgalaryna-da degişli edilendiginiýa-da edilmändigini bilmeýärin» diýen goşmaça bar. Ýöne Buharynyň kitabynda Ukbaibn Amyr Jüheniniň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýata görä, bu rugsat diňe Ebu Bürdä (r.a.) mahsus bolup galaýmandyr. Ukbanyň (r.a.) gürrüň bermegine görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) gurbanlyk üçin kesmek üçin sahabalaryň arasynda bir süri dowary paýladypdyr. Dowarlar bölüşilende,Ukba(r.a.) bir çebiş düşüpdir. Ol muny Allahyň Resulyna (s.a.w.) habar berende: «Ony sen gurban et» diýen emri eşidipdir.

Enes (r.a.) bu wakany gürrüň bereninden soň, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazgähde iki goçy gurbanlyk üçin kesendigini habar berýär. Buharynyň kitabynda Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda bolsa: «Allahyň Resuly (s.a.w.) namazgähde gurbanlyk üçin dowarynyň ýa-da düýesiniň damagyny çaldy» diýlip, bu ybadaty ymamyň jemagatdan öňürti ýerine ýetirmeginiň mustahapdygy aňladylýar. Jemagatyň ymamdan öňürti gurban kesmeginiň mekruwh bolmagynyň hikmeti gurban kesmek bilen meşgul bolunmagynyň baýram namazyny okamaga päsgel bermezligi bilen baglanyşyklydyr. Namaz okalyp, käbirleriniň pikirine görä, hutba-da okalyp bolnandan soň, gurbanlyk üçin niýetlenen mallaryň damagy çalynýan döwür başlanýar. Şondansoňraymam gurban kesmäýende-de, gurbanlyk berjek kişileriň ony kesmekleri gerek. Bu ybadaty ýerine ýetirmek üçin,diňe bir dowar kesmek ýeterlikdir. Ýöne iň gowusy Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sünnetine eýerip, iki goçy gurban bermekdir. Mysal üçin, Buhary onuň şahly we akly-garaly ala iki sany goçuň damagyny namazgähde öz eli bilen çalandygyny beýan edip, özüniň bu ybadaty başga hili malyň damagyny çalmak arkaly ýerine ýetirmek islemändigini hem sözüniň üstüne goşýar.

Haj mahalynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) musulmanlaryň eneleri üçin sygyr gurban edendigi barada 202-nji hadysda aýdylypdy. Müslimiň kitabynda hezreti Äşäniň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýata görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) gözleriniň töweregi, aýaklary we döşi garaly-akly bir goçy getirip, ýatyranyndan soň: «Bismilläh Allahümme takabbel min Muhammed we äli Muhammed we min ymmati Muhammed»diýipdir we goçuň damagyny çalypdyr. Gurbanlyk üçin kesilýän malyň damagyny çaljak bolaňda: «Bismilläh» diýeniňden soň, Allahü tagalanyň Rahman we Rahym sypatlaryny hem agzamak, ýagny: «Rahmänyrrahiým» diýmek laýyk gelmez. «Bismilläh» diýmek wajyp, damak çalnanda: «Allahü ekber» diýmek we haýwany çep tarapyna ýatyryp, sag böwrüne basmak mustahapdyr. Buharynyň kitabynda Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen bir hadysy-şerifde: «Allahyň Resuly (s.a.w.) iki sany ala goçy gurban etdi. Onuň mübärek aýagy bilen goçlaryň böwürlerine basyp, «Bismilläh» diýendigini we tekbir alandygyny gördüm. Soňra ol mübärek eli bilen olaryň damagyny çaldy» diýilýär.